Ykdysady kuwwatyň nyşany

Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýär.

Amala aşyrylan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 54-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Geljek ýylda hem düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlardaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde: «Ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny depginli alyp barmak wajypdyr» diýip belledi hem-de «Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakynda» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, seýilgähi hem-de ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollaryny, daşarky eltiji, içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary gurmak meýilleşdirilýär. Gurluşyk işleri 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlanyp, binalar, desgalar we awtomobil ýollary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar. Şeýle toplumlaýyn gurluşyklar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň nyşanydyr. 14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşmagy hem bu ugurdaky tagallalaryň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklady.

Ildeşlerimizi guwandyran ýene bir hoş habar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda» Permana gol çekmegidir. Oňa laýyklykda, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi her ýylyň 3-nji noýabrynda baýram etmegiň bellenmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we ilata edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal, tutanýerli zähmetini dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maral ATAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.