Kuwwatly pudagyň şöhratly ýoly

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň elimize gowuşmagy halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Owadan fotosuratlar bilen bezelip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşirde Garaşsyz ösüşimiz döwründe bu pudagyň kuwwatly ösüşi beýan edilýär. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşyp, elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän milli maksatnamalary, iri taslamalary amala aşyrmagyň maksatlary we wezipeleri, olary çözmegiň ýollary barada çykyş etdi. Täze kitapda bu pudakda amala aşyrylýan başlangyçlaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna edýän oňyn täsirini açyp görkezýän şol taryhy çykyşy ýerleşdirilipdir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, eziz Watanymyzyň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda, pudaga iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmakda, täze elektrik stansiýalaryny, beketlerini gurmakda maksatnamalaýyn wezipeler durmuşa geçirildi. Kitapda häzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edilýändigi, şu ýylda onuň möçberini 9 milliard kilowat-sagada ýetirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenilýär. Bu görkeziji 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr. Häzirki wagtda ýurtda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 turbina desgasy — 39 gaz turbinalar, 12 bug turbinalar bardyr. Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp, ulanmaga berlen Büzmeýin etrabyndaky Elektrik enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi öz ugry boýunça Merkezi Aziýada ýeke-täk desgalar toplumydyr.  

                                                                   

Ine, kitapda şeýle buýsandyryjy maglumatlaryň beýan edilmegi ösüşlerimize aýdyň göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň mundan-da beýläk pugtalanmagy, milli ykdysadyýetiň kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagy ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigine diňe bir pudagyň ösüşine nazar aýlanyňda-da doly göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň we özgerişlikleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan jemgyýetimiziň durmuşynda şeýle neşirleriň möhüm ähmiýeti bardyr. «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitap biz — bilim işgärleri üçin uly gollanmadyr. 

                                                                                                           

Magtym NYÝAZGELDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.