Her bir ýurduň ösüşi, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi onuň ykdysady kuwwaty bilen kesgitlenilýär. Watanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, sarp edilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmakda we görnüşini köpeltmekde döwlet eýeçiligindäki kärhanalar bilen bir hatarda hususy kärhanalaryň hem orny örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzy ösdürmekdäki baý tejribesinden netijeli peýdalanyp, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bu günki gün ýurdumyzyň telekeçileriniň we senagatçylarynyň işleri barha ilerleýär. Ine, şeýle kärhanalaryň hatarynda «Döwletli — Döwran» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan bezeg-keramiki önümlerini öndürýän, Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanasyny bellemek ýerlikli bolar.
Işe girizilenine entek kän wagt hem geçmedik bu kärhananyň önümleri eýýäm dünýä bazarlaryna çykarylýar. Has takygy, bu kärhananyň önümleriniň ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen «KazBuild — 2022» halkara gurluşyk we interýer sergisine hödürlenilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Ispaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan bu kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriň hem aglabasynyň bu ugurdan ýokary bilimleriniňdir baý tejribeleriniň bolmagy önümleriň hil derejesiniň barha ýokarlanmagyna getirýär.
Her günde 550 tonna, ýagny, 200 müň bişen kerpiç öndürmäge ukyply bolan bu kärhananyň esasy çig maly öz döwletimizden alynýar. Geljekde önümçiligiň gerimini has-da giňeltmegi, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýän «Döwletli — Döwranyň» agzybir işgärleri döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarlar.
Atanyýaz HANGELDIÝEW