Telekeçilige giň ýol
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysadyýetimiziň ösüşindäki mynasyp goşandy barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiligiň dürli pudaklarda eýeleýän ornuny has-da giňeltmek babatda öňde goýýan anyk wezipeleriniň oňyn netijesidir.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde üstünliklere beslenýän özgertmelere bolan çäksiz buýsanjyny döredijilikli zähmeti arkaly beýan etmegi başarýan hususy kärhanalaryň biri-de welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürýän kärhanasydyr. Iki ýyla golaý mundan öň işe girizilen hususy kärhanada öndürilýän önümleriň turuwbaşdan sarp edijileriň arasynda uly isleglere eýe bolandygy buýsançly hakykatdyr. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnyp, önümçilige ornaşdyrylan kämil enjamlar arkaly ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemekden alynýan gurluşyk serişdeleri ýokary hili bilen tapawutlanýar. Hususy kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri bolsa ymaratlaryň içki diwarlaryny tekizlemekde hem-de ýylmamakda giňden peýdalanylýan gurluşyk garyndy serişdeleriniň iki görnüşini öndürmäge şertleri üpjün edýär. Şeýle-de bu ýerde gurluşykda giňden peýdalanylýan gurluşyk gipsi hem öndürilýär. Kärhanada öndürilýän gurluşyk serişdesiniň ýene bir görnüşi, ýagny gips kartony bolsa binalardyr desgalaryň içki gurluşynyň üçegasty hem-de diwar örtüklerini gözel görke getirmekde islegli önümleriň biridir.
«Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürýän kärhanasynyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge saldamly goşant goşýandygyny nygtamak gerek. Bu ýerde öndürilýän gurluşyk serişdeleri diňe bir içerki bazarlara däl, eýsem, daşarky sarp edijilere-de dowamly ugradylýar. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri kärhana tarapyndan importyň ornuny tutýan gurluşyk garyndy serişdeleriniň diwarlary tekizlemekde ulanylýan görnüşiniň 6 müň 274 tonnasy, diwarlary ýylmamakda ulanylýan görnüşiniň bolsa 3 müň 800 tonnasy öndürildi. Gurluşyk gipsi babatda bu görkeziji 3 müň 320 tonna ýetdi. Gürrüňi edilýän döwürde gips kartonynyň 336 müň inedördül metrden gowragy taýýarlandy.
Gazanylýan zähmet netijeleri Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň hususy işewürlerine milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmekde hem-de pudagyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda bildirýän ýokary ynamyna abraý bilen hötde gelmekde hususy kärhananyň ähli tagallalary edýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Nury MÄMMEDOW.