Islegli harytlar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur almak bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça bellenilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralardyr kärhanalara optiki-süýümli kabeli çekilip, dokma pudagynda resminama dolanyşygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde elektron görnüşde alyp barmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Müşderileriň önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dokma önümleriniň görnüşleri has-da artdyrylýar, ýokary hilliligi üpjün edilýär. Mälim bolşy ýaly, şol kärhanalaryň birnäçesi öz önümleriniň söwda-satuwyny sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly ýörite döredilen web saýtlary we ykjam enjamlar üçin niýetlenen mobil programmalary arkaly ýola goýýarlar. Şeýlelikde, türkmenistanly we daşary ýurtly müşderiler üçin ähli türkmen brendleriniň harytlary barada web saýtlardan maglumat almak we önüm satyn almak mümkinçiligi döreýär. 

                                                                   

 Goý, ýurdumyzyň dokma pudagyny beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Jeren ATAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň esasy hünärmeni.