Habarlar
Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiden hat geldi. Onda: «Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim» diýlip bellenilýär.
* * *
16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesine bellenildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20989

18.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Dostlukly döwletiň DIM-niň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Özbegistanda biziň halklarymyzyň doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine türkmen Lideriniň goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler, ýokary döwlet derejesinde ýola goýulýan ynanyşmak, açyk we netijeli syýasy gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň özenini düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, goňşy döwletler, şol sanda Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli daşary syýasy ýörelgäniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz özara düşünişmek ýagdaýyna esaslanýan oňyn türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi hem-de sebitiň bähbidine hyzmat edýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň ýokary derejesi nygtaldy hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine abraýly halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de beýlekileriň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebitiň umumy meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Şol möhüm meseleleriň hatarynda Araly halas etmek hem-de suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak meseleleri durýar.

Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk hem-de şunuň bilen baglylykda, goňşy Owganystana kömek bermek baradaky meselelerde hyzmatdaşlyk etmek aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny dikeltmek boýunça halkara tagallalara Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň işjeň gatnaşýandyklary umumy ykrar edilendir we söhbetdeşleriň belleýşi ýaly, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn we halkara derejede hem dowam etdiriler.

Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, şol sanda Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibiniň öz wagtynda öňe sürlen wajyp başlangyçdygyny belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren strategik başlangyçlaryny Özbegistan doly goldaýar.

Duşuşygyň dowamynda syýasy, diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda, obasenagat hem-de beýleki ulgamlarda bilelikde işlemekden ybaratdyr.

2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 8,6 göterim ýokarlanandygyny bellemek ýerliklidir.

Bu babatda dürli ugurlarda gazanylýan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň, şeýle hem geçen ýylyň 7-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen Türkmenistan — Özbegistan işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisiniň işine oňyn baha berildi.

Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ilkinji nobatda, täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdiler.

DIM-niň ýolbaşçysy A.Kamilowyň nygtaýşy ýaly, Özbegistan türkmen Lideriniň öňe süren Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Şol başlangyçlar halkara üstaşyr ýük akymlaryny köpeltmäge, durnukly ösüşe, Merkezi Aziýa we serhetdeş sebitleriň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Myhman öz ýurdunda geçen ýyl COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan dünýäniň umumy ykdysady çökgünligine garamazdan, Türkmenistanyň gazanan ykdysady üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de bellenilen umumy meýilnamalaryň we taslamalaryň geljekde hem üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi.

Şeýle hem iki ýurduň halklaryny asyrlaryň dowamyndan bäri birleşdirýän medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan ýola goýlan umumylygy binýadynda duran ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Daşoguz welaýatynda özbekleriň uly kowçum bolup, türkmenler bilen dostlukda we doganlykda agzybir ýaşaýandyklaryny belledi. Olar öz zähmeti bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Munuň bir mysaly hökmünde 2020-nji ýylyň iň oňat etrabynyň sylaglanylmagyny görkezmek bolar. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýörite bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi.

Daşkent şäherinde türkmen halkynyň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçäniň we akyldar şahyryň heýkeliniň hem-de “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy baky dostlugyň, agzybirligiň hem-de halklaryň medeni taýdan ýakynlygynyň aýdyň nyşanydyr. Öz nobatynda, türkmen paýtagtynda Alyşir Nowaýy köçesi bolup, “Ylham” seýilgähinde onuň ýadygärligi oturdyldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça birnäçe tekliplerini aýtdylar. Hususan-da, milli Liderimiz Aşgabatda “Daşkent” diýen at bilen seýilgähiň guruljakdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz we myhman döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli duşuşyklaryny, Medeniýet günlerini, sergileri, konsertleri, festiwallary geçirmegiň üstünlikli tejribesini dowam etmek babatda bilelikdäki pikirlerini aýtdylar. Munuň özi umumy mirasyň goralyp saklanylmagyna hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä taryhynda we medeniýetinde uly yz goýan ajaýyp şahsyýetleriň, şol sanda Özbegistanyň beýik döwlet işgäri, ýazyjy Zahiriddin Muhammad Baburyň hormatyna şanly dabaralary bilelikde geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, şol sanda iri halkara we sebit guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň yzygiderli ösüş depginine kanagatlanma bildirip, häzirki döwürde isleg bildirilýän ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklary arkaly berkidilen ýörelgeler esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21106?type=feed

18.02.2021
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

DAŞOGUZ WELAÝATY, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Türkmenistany 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär.

Medeniýet öýünde geçirilen dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň örän möhümdigini belledi.

“Halal zähmetimiz bilen eziz Diýarymyzy gülläp ösýän, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýan gözel mekanyna öwürmelidiris. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyryp, dünýädäki ornuny has-da berkitmelidiris” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.

Dabaranyň dowamynda etrabyň ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli görnüşli senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Watanymyzyň ähli künjeklerine täze durmuş ymykly aralaşýar. Olar gün-günden gözel keşbe eýe bolýar. S.A.Nyýazow adyndaky etrap hem munuň aýdyň subutnamasydyr, ol demirgazyk welaýatyň iri obasenagat merkezleriniň biridir. Geçen ýyl bu ýerde pagtanyň 41,5 müň tonnadan gowragy, bugdaýyň 32 müň tonna golaýy öndürilip, ýeralmanyň we beýleki ekinleriň bereketli hasyllary ýygnaldy.

Şu ýyl gowaça ekmek üçin 21 müň gektar ýer, güýzlük bugdaý üçin 16 müň gektar ýer bölünip berildi. Şeýle hem beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler. Etrabyň daýhançylyk ussatlygyna eýe bolan zähmetkeşleri her ýyl gök-miwe önümlerini taýýarlap, bagbançylygy we maldarçylygy ösdürýärler. Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti bolsa, üstünlikli işleri bilen welaýatyň çäklerinden alyslarda hem tanalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumyny ösdürmegiň meselelerini çözmek işi oba ilatynyň oňat ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen durmuş ugurly wezipeler bilen gös-göni baglydyr.

Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, etrapda döwrebap umumybilim berýän mekdepler hem-de çagalar baglary, stadionlar we sport mekdepleri, medeniýet öýleri, saglygy goraýyş edaralary açylyp, awtomobil ýollarynyň, elektrik hem-de suw geçiriji ulgamlaryň ençeme kilometri çekildi we durky täzelenildi. Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäginde ösen düzümli, durmuş amatlylyk derejesi boýunça şäheriň şertlerine ýakyn bolan Bagtyýar zaman atly täze oba guruldy.

Etrabyň ykdysadyýetinde hususy düzümler uly orun eýeleýär. Onuň çäginde telekeçiler tarapyndan ýyladyşhana hojalyklary gurlup, olaryň bir bölegi öz önümlerini daşary ýurtlara ugradýarlar. Bu ýerde tohum mallaryň 500 baş sanyny saklamak hem-de et-süýt önümlerini öndürmek üçin niýetlenen iri maldarçylyk toplumy hereket edýär. Telekeçileriň tagallalary bilen, guşçulyk toplumlary gurulýar, balyk ösdürilip ýetişdirilýär, oba hojalyk önümlerini saklamak üçin sebitde ilkinji hususy ammar bina edilýär.

Dabarada çykyş edenler etrabyň ilatyny abraýly bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada eýe bolmagy bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşýan goşantlaryna berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagy we şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra dabara oba geňeşliginiň hem-de Medeniýet öýüniň binalarynyň öňündäki türkmen halylary bilen bezelen meýdançada dowam edip, bu ýerde dürli öwüşginli diwarlyklar we pannolar oturdyldy, ak öýler dikildi.

Dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar, onda türkmen suratkeşleriniň — nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň işleri, halk senetçileriniň önümleri, obasenagat toplumynyň öndürýän önümleri görkezildi.

Daşoguz welaýatynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylygyň öwüşginini has-da artdyrdy. Milli Liderimize hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda abadançylygyň nurana ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyza bagyşlanan joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanyp, dürli öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi.

Bu ajaýyp waka mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň häkimliginde dabaraly ýygnak we baýramçylyk konserti geçirildi.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21098

18.02.2021
Önüm­ler­de iş­çi yh­la­sy bar

Dok­ma se­na­ga­ty ýur­du­my­zyň se­na­gat top­lu­my­nyň wa­jyp pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da döw­re­bap en­jam­laş­dy­ry­lan, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýän kär­ha­na­la­ryň birnäçesi we­la­ýat­la­ryň çäk­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şo­la­ryň bi­ri hem Türk­me­na­bat­da ýer­leş­ýän pa­myk eg­ri­ji fab­rik­dir.

Dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň gi­den bir ha­ta­ry bu gün­ki gün we­la­ýa­tyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­ne uly go­şant goş­ýar. Pu­dak­da­ky hä­zir­ki ösüş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da we­la­ýat­la­ryň äh­li­si­ni gy­ra­deň ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň ro­waç­ly­gy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lup dur­ýar. Bäs­le­şi­ge ukyp­ly döw­re­bap önüm­çi­lik dü­zü­mi­niň eme­le gel­me­giniň ne­ti­je­sin­de dok­ma önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi soň­ky ýyl­lar­da on­lar­ça es­se art­dy. Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­re dün­ýä ba­zar­la­ryn­da hem uly is­leg bil­dir­ýär­ler.

Türk­me­na­ba­dyň pa­myk eg­ri­ji fab­ri­gin­de bo­lan ma­ha­lyň­da hem, dün­ýä­ni özü­ne im­rin­dir­ýän nah ýüp­lük­le­riň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan usul­da ön­dü­ri­li­şi­ni gu­wanç bi­len syn­la­ýar­syň. Seh­le­riň aras­sa­ly­gy, iş­le­ri bi­len güm­ra yk­jam we gö­ze ge­lüw­li iş­çi ge­ýim­le­rin­dä­ki hü­när­men­le­riň saz­la­şyk­ly he­re­ket­le­ri kär­ha­na bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­ýän tä­sir­le­ri baý­laş­dyr­ýar. Kär­ha­na­nyň owa­dan keş­bi­ni hem göw­nüýe­ti­ji­lik bi­len syn­la­maz­lyk müm­kin däl. Giň we ýag­ty, dok­ma­çy­lyk bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan bö­lüm­le­riň ýer­leş­ýän bi­na­la­ry dok­ma se­na­ga­tyn­da bo­lup ge­çen oňyn öz­ge­riş­lik­le­riň ýa­kym­ly be­ýa­ny bo­lup gö­rün­ýär. Şeý­le dü­şün­je in­no­wa­si­ýa­laryň esa­syn­da iş­le­ýän kär­ha­na­da her ädim­de dö­re­ýär. Esa­sy bi­na­da ýo­ka­ry hil­li nah ýüp­lük­le­riň önüm­çi­li­gi ýer­leş­ýär. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­lar­da dür­li öl­çeg­ler­dä­ki ýüp­lük­ler bi­re­na­ýy ter­tip­de eme­le gel­ýär, haý­ran gal­dy­ry­jy yzy­gi­der­li­lik­de taý­ýar önüm de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­ýär. Her ha­tar­da bu işe ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­lar komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýar. Pi­kir edi­şi­miz ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gur­du­ran döw­re­bap kär­ha­na­syn­da iş­le­me­giň uly bagt­dy­gy­ny zäh­met adam­la­ry­nyň şa­dy­ýan we buý­sanç­ly bak­ýan ga­ra­ýyş­la­ry-da aý­dyp dur. Lez­zet ber­ýän iş ýer­le­ri­ne hö­wes bi­len gel­ýän hü­när­men­ler gün­de­lik iş paý­la­ry­ny-da ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Çig ma­lyň ýe­ter­li bol­ma­gy işi bök­de­me­ýär.

Hä­zir­ki döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän dok­ma se­na­ga­ty dü­züm­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Türk­me­na­ba­dyň pa­myk eg­ri­ji fab­ri­gi­niň ady hor­mat bi­len tu­tul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry esa­syn­da dur­ky tä­ze­le­ni­lip, 2014-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da işe gi­ri­zi­len kär­ha­na tä­ze­çe iş­läp baş­la­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­ bermegi bilen işe gi­ri­zilen şol gü­n döw­re­bap fab­ri­giň ta­ry­hyn­da ýat­dan çyk­ma­jak se­nä öw­rül­di. Şol gün­den bä­ri kär­ha­na we­la­ýa­tyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na öz my­na­syp go­şan­dy­ny go­şup gel­ýär. Bu kär­ha­na­nyň şu gün­ler­dä­ki saz­la­şyk­ly iş­le­ri hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da se­na­gat top­lu­my­nyň pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan öz­ge­riş­lik­le­riň aja­ýyp mi­we­si­ni ber­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.

Kä­mil til­si­mat­lar or­naş­dy­ry­lan döw­re­bap önüm­çi­lik bäs­le­şi­ge ukyp­ly, ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň buý­ru­jy­la­ryň is­leg­le­ri­ni bir­kem­siz ka­na­gat­lan­dyr­ma­gy üp­jün ed­ýär. Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny ýy­lyn­da pa­myk eg­ri­ji fab­ri­giň iş­çi­le­ri dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän önüm­le­riň has köp möç­ber­de ön­dü­ril­me­gi­ni ga­zan­ýar­lar. Iş­çi­le­riň yh­la­sy si­ňen önüm­ler ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li me­ýil­le­ri­ni alys­lar­da­ky halk­la­ryň hem kal­by­na ýe­tir­ýär. Se­bä­bi fab­ri­giň önüm­le­ri­niň 80 gö­te­rim­den gow­ra­gy da­şa­ry ýurt­la­ra eks­por­ta ug­ra­dyl­ýar.

Kär­ha­na bo­ýun­ça ge­çen ýyl­da me­ýil­leş­di­ri­len 27 mil­lion 609 müň 630 ma­nat­ly­gyň ýe­ri­ne 31 mil­lion 740 müň 394 ma­nat­lyk önüm ön­dü­ri­len­di­gi­ni göz öňün­de tut­saň, eks­por­ta ibe­ri­len önüm­ler­den gel­ýän gir­de­ji­niň hem az däl­di­gi ba­ra­da pi­kir­len­ýär­siň.

Kär­ha­na­da Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny ýy­ly­nyň il­kin­ji aýy hem ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­re bes­len­di. Ýan­war aýyn­da 272 ton­na nah ýüp­lük ön­dü­ril­di. Mu­nuň özi me­ýil­leş­di­ri­lenin­den ep-es­li köp­dür. Baş­ga­ça aý­da­nyň­da, 1 mil­lion 894 müň 200 ma­nat­ly­gyň ýe­ri­ne 3 mil­lion 230 müň 200 ma­nat­lyk önüm ön­dü­ril­di.

Kär­ha­na se­na­gat pu­da­gyn­da uly iş tej­ri­be­si bo­lan ba­şar­jaň ze­nan Nar­gül Ab­dy­ýe­wa ýol­baş­çy­lyk edip ug­ra­nyn­dan bä­ri zäh­met gör­ke­zi­ji­le­ri has ýo­kar­la­nyp ug­ra­dy. Hü­när­men­ler bi­len işi saz­la­şyk­ly gu­ra­ma­gyň höt­de­sin­den gel­ýän gu­ra­ma­çy ze­nan on­dan öňin­çä Türk­me­na­ba­dyň ti­kin fab­ri­gi­ne ýol­baş­çy­lyk edip, kär­ha­na­ny öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ry­na ýe­tir­di. My­la­ýym we ta­lap­kär ýol­baş­çy zäh­met adam­la­ry­ny üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýan iş usul­la­ry­ny öňe sür­ýär. Iş­çi­le­riň zäh­met şert­le­ri­niň ka­da­ly bol­ma­gy­ny üns­den dü­şür­me­ýär. Is­len­dik me­se­le bi­len ýa­ny­na ge­le­ni diň­läp, göw­ne la­ýyk çöz­güt­le­ri hem ka­bul ed­ýär. Bu bol­sa zäh­met adam­la­ry­nyň ara­syn­da oňa bo­lan hor­mat-sy­la­gy beý­geld­ýär. Ge­çen ýy­ly şow­ly jem­län kär­ha­na­nyň zäh­met adam­la­ry­nyň tä­ze ýy­ly hem ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re bes­le­jek­dik­le­ri­ni ynam bi­len aýt­sa bo­lar. Ola­ryň şu gün­ler­de çek­ýän yh­las­ly zäh­met­le­ri mu­nuň şeý­le bol­jak­dy­gy­na gü­wä geç­ýär.

Il­my­rat AL­LA­BER­DI­ÝEW,

ýö­ri­te ha­bar­çy­myz.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20987

18.02.2021
Sanly ulgamyň kanuny esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly amal edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagynyň degişlidigi barada görkezilendir.

Söwda işiniň onlaýn tertipde alnyp barylmagy hem-de alyjylar üçin internet-dükanlarynyň döredilmegi haryt dolanyşygynyň sazlaşyklylygyny we üznüksizligini üpjün etmäge, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin hyrydarlygy öwrenmäge, hyzmatlaryň edilişini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Soňky wagtda internet-dükanlaryň we olardan peýdalanyjylaryň sany barha artýar. Muny internet tory elýeterli bolan islendik ýerde we islendik wagtda harytlary deňeşdirip, erkin saýlamak we sargyt etmek mümkinçiligi bilen düşündirmek bolar. Elektron söwda satyjynyň we alyjynyň arasynda göni aragatnaşygyň bolmagyny üpjün edýär, wagt we nyrh taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ulanyjylaryň internet toruna birikdirilmegi satyjylara öz harytlaryny mahabatlandyrmagy we ýaýratmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ulanyjylaryň internet toruna birikdirilmegi elektron usulda mahabat maglumatlaryny dessine ýaýratmak, satyjylaryň mahabatlandyrýan harydyna bolan gyzyklanmany artdyrmak hem-de ony bazarlarda öňe ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanda mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny we mahabaty öndürmegiň we ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar bolsa 2016-njy ýylyň martynda kabul edilen «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirýär.

Tehnologiýalardan we internetden peýdalanmak arkaly döreýän şeýle amatlyklar milli ykdysadyýetiň özüne çekijiliginiň we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda hasaplaşyklaryň dürli görnüşleri, şol sanda telefon, internet ulgamlarynyň üsti bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Görkezilen usullar milli kanunçylykda söwdanyň amala aşyrylýan görnüşi hökmünde kesgitlenip, «uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwda» ýa-da «harydy uzaklykdan satmagyň (distansion) usulyna» degişli edilýär. Bu usulyň esasy aýratynlygy, sarp edijiniň haryt ýa-da onuň nusgasy bilen gönüden-göni tanyşmagyna mümkinçiliginiň ýokdugyndan, ýagny kataloglar, kitapçalar, fotosuratlar, aragatnaşyk serişdeleri ýa-da başga usullar arkaly saýlanylýandygyndan ybarat. Şoňa görä-de, jemgyýetiň sanly gurşawa bolan ynamynyň artmagyny gazanmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek wajyp wezipeleriň biri hökmünde öňe çykýar.

Ýurdumyzda bölek söwdany elektron görnüşde alyp barmagyň çäklerinde bu günki günde internet ulgamynda dürli görnüşli harytlar onlaýn görnüşde, eltip bermek hyzmaty bilen birlikde hödürlenilýär, hyzmatlaryň elektron bazary giňeýär. Milli söwda we hyzmatlar ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalarynyň we innowasiýa çözgütleriniň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde, söwda kärhanalarynyň esasy iş ugurlary awtomatlaşdyrylýar, harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligi ýokarlanýar. Şunda esasy maksat bolsa, elektron söwda ulgamynyň jemi içerki önümdäki paýyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» söwda we hyzmatlar ulgamyny sanlylaşdyrmak işiniň esasy ugurlary görkezilýär. Oňa laýyklykda, ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan öndürilen önümleriň (harytlaryň, hyzmatlaryň, işleriň) hili, bahasy, ýokumlylygy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterliligini döwrebap ýola goýmak, şeýle hem söwda işiniň subýektiniň ählumumy internet torunda harytlary saýlamaga we satyn almaga mümkinçilik berýän maglumatlar goruny (internet-dükanlary) döretmek wezipe edip goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň ösüşlerine laýyk gelýän, kämil kanunlar bilen berkidilen milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan strategik işler, kesgitlenen meýilnamalaýyn wezipeler elektron söwda ulgamynyň döwrebap geljegini üpjün etmäge ýardam eder.

Jennet ARAZOWA,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20992

18.02.2021
Telekeçiligiň bähbitli ýoly
18.02.2021
Möhüm wezipelere bagyşlanan maslahat

2021-nji «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 17-nji fewralynda ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynda geçen 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine we Hormatly Prezidentimiziň ýakynda has takygy şu ýylyň 10-njy fewralynda wideo aragatnaşyk arkaly toplumyň ýolbaşçylary bilen geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçiren duşuşygynda we şu ýylyň 12-nji fewralynda hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen tabşyryklaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary çykyş etdi we hormatly Prezidentimiziň toplumyň öňünde goýan wezipeleri we olary amala aşyrmagyň ýollary barada birin-birin durup geçdi.

Soňra maslahatda ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ýolbaşçylary degişli döwürde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.

Maslahatyň dowamynda ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmek sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowamly alyp barmak barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp häzirki döwürde bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň ýollary hem-de ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak we bu ugurda bar bolan dünýä tejribesini özleşdirmegiň meseleleri maslahatyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Zähmeti guramagyň has netijeli, dünýä derejeli iň kämil usullaryny ulanmak barada maslahatyň dowamynda durlup geçildi.

Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmekde bimöçber işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize işlemäge, okamaga, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

17.02.2021
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Bu şanly ýylymyzyň her bir güni täze ösüşlere badalga bolýar, köňüllerde, ýüreklerde buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, parasatly syýasatynyň netijesinde gazanylýan şeýle üstünlikler ýürekleri joşa getirýär.Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly taglymaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Biz muny hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalarynyň kabul edilendiginde hem aýdyň göz ýetirýäris. Iň esasy şeýle parasatly başlangyçlar umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýar, dünýäniň parahatçylygyny, ösüşini üpjün edýär. Munuň özi täze eýýamyň parahatçylyk taglymatydyr, dünýäniň ösüşini has-da tizleşdirýän, halklary dostlaşdyrýan asylly ýörelgedir. Şeýle taglymaty ýola goýan hormatly Prezidentimiziň beýik işleri halkymyzyň we adamzadyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen parahatçylyk ýörelgesi bu günki gün dünýä tarapyndan belent ykrarnama eýe bolýar. Muňa aýdyň nusga hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň iki gezek ykrar edilendigini aýratyn bellemek bolar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan edilmegi hem dünýä jemgyýetçiligiň halkymyzyň parahatçylyk ýörelgesine belent sarpasydygyny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Kararnamasy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu beýik taglymatyň aýdyň beýanydyr, oňyn netijeleridir we dünýä içre dabaralanmagydyr. Munuň özi ilkinji nobatda parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň dabaralanmagy bolup durýar. Dünýäniň ösüşi hem parahatçylyk bilen pugta baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde abraý-mertebesi has-da belende göterilýär. Türkmenistan ýurdumyzyň halkara daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetlilige, deňhukukly gatnaşyklara esaslanýar. Şunda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyklar, söwda-ykdysady gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe süren «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem sebitiň we dünýäniň ösüşini, parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm orna degişli bolup durýar. Bularyň hemmesi bolsa Türkmenistan ýurdumyzyň dünýäde abraýynyň barha ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ösüşlerimiz diňe bir ýurduň çäginde däl-de, eýsem dünýä ähmiýetli bolup durýar. Biz muny halkara ähmiýetli desgalarda hem aýdyň göz ýetirýäris. Has takygy şu ýylyň başynda halkara ähmiýetli wakalar hem muny dolulygyna subut edýär. Şu ýylymyzyň başynda Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Şonuň ýaly-da, Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu taryhy wakalar öňi bilen sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýetli bolup, dünýäniň ösüşini, halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny nazarlaýar. Munuň özi halklaryň ynanyşmagyndan, parahatçylykdan nyşandyr. Şonuň bilen bir hatarda halklaryň hoşniýetli gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle beýik işleri halklaryň parahatçylykly ösüşini üpjün edýär. Şeýle asylly ýörelgelere, parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetlilige eýerýän Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan ösüşli ýollary dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekýär. Sebäbi aýdanyňda bu beýik işler halkara jemgyýetçiliginde umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen diýip ykrar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda hem beýik taglymatlary, taryhy başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şeýle taglymatlaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” taglymatydyr.

Ösüşiň bar ýerinde abadançylyk bar.
Ösüşiň bar ýerinde parahatçylyk bar.
Ösüşiň bar ýerinde bagtyýar durmuş bar.

Ine, şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna we dünýä halklaryna ösüşi peşgeş edýär.

Häzirki zaman dünýäsiniň ösüşi parahatçylyk bilen berk baglanyşyklydyr. Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlyk, ynanyşmak ösüşiň esasy ugrudyr. Bu gymmatlyklar umumadamzadyň asylly ýörelgesine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly-doganlykly gatnaşyklary ýola goýup, dünýäniň halkara giňişliginde binýady berkden tutulan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulandygyny guwanç bilen aýtmak ýakymlydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar» diýip parasatly belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly hem, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň halkara abraý-mertebesiniň ýokarlanmagynda we şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda alyp barýan beýik işleriniň uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek möhümdir. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň soňky ýyllarda has-da belent derejelere çykandygyny we işjeň häsiýete eýe bolandygyny aýtmak gerek. Munuň şeýledigine soňky birnäçe ýylyň dowamynda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasatdaky gazanan ýokary üstünlikleri bilen Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni baştutanlygynda amala aşyrylan möhüm taryhy wakalar arkaly aýdyň göz ýetirmek mümkindir.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli syýasaty halklaryň arasyndaky ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ugur bolup hyzmat edýär. Bu ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar. Şunda Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýär. Şeýle ynsanperwer we hoşniýetli syýasatyň dünýä döwletleri tarapyndan we halkara guramalary tarapyndan doly ykrar edilýändigini aýratyn bellemek gerek.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlykly gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda örän uly many-mazmuna eýedir. Muny biz dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýan her bir beýik başlangyçlarda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belentde tutulýar. Munuň özi biziň her birimiziň kalbymyzda belent buýsanç döredýär, ýüreklerimizi joşdurýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Söhbet NURBERDIÝEW,

«Mugallymlar gazeti».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20890

17.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Jenap Irfan Ahmediň belent şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegi hem-de Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan aýtjak sözlerine, aýratyn hem, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym, hakyky dostluk baradaky ynandyrmalarymy hem-de Türkmenistana abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dostlukly arzuwlar bilen,

Arif ALWI,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Aşgabat, 16-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy maksatlara hem-de bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn daşary we içeri syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiziň yklymara energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygy bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salam aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Hökümetine Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny halkara giňişlikde goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz mizemez dostluga, çuňňur taryhy köklere, medeniýetleriň umumylygyna daýanýan hem-de özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilip, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gaz geçiriji Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilçi Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işini çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara derejede ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Şol gaz geçirijisi arkaly tebigy gaz Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletli iberiler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň özara gyzyklanmalaryny hem-de uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösýändigini nazara almak bilen, uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň has işjeň we netijeli işlemelidigini belledi.

Umumy pikire görä, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry boldy we şeýle bolmagynda galýar. Medeniýet we sungat ulgamynda dürli derejedäki yzygiderli gatnaşyklar, özara Medeniýet günleri, ylmy we döredijilik forumlary köp babatda şol hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20918?type=feed

17.02.2021
Bagtyýarlyga beslenýän eziz Diýar

Ynsanyň kalbyny, göwünleri gülledýän döwürdir. Şu bagtyýar döwür hakynda, parahatçylykda gülläp ösýän Arkadagly Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada oýlananymda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Döwrüň bilen, bagtyýar biz Arkadag!» diýen setirleri şol bada serime doldy. Biz şahyryň nygtaýşy ýaly, sözüň doly manysyndaky Arkadagly döwrüň bagtyýar ýaşaýjylarydyrys. Bu bagtyýarlygy duýup, görüp, wasp edip ýaşamak biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr.

Tereň derýalaryň joşup-joşup akyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bat beren özgertmeleri bilen ösüşlerden-ösüşlere sary galkynyp, bütin dünýä ýaň salan üstünlikleri gazandy. Ýurdumyzyň ähli pudaklary gülläp ösdi, Watana, milli Liderimize bolan söýgi bilen galkynan raýatlarymyzyň gaýnap joşan zähmetinden tanalmaz derejede özgeren şäherdir oba-kentlerimiz göreni haýrana goýdy. Elbetde, şeýle ösüşleri bagyş eden jebisligiň özeninde “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň bardygyny turuwbaşdan nygtamalydyrys. Bu ajaýyp taglymaty mertebesi belent Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde öňe sürüpdi. Halkymyzy eşretli durmuşa eýe edip, ýurdumyzy özgerden hormatly Prezidentimiziň bu taglymaty durmuşda giňden öz beýanyny tapdy.

Bu joşgunly zähmete galkynyşyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanjakdygyna berk ynanýarys. Şol üstünliklere ýetirjek zähmete ruhlandyrjak hormatly Prezidentimiziň halkymyzy has eşretli durmuşda ýaşatmak baradaky aladalara ýugrulan beýik işleridir. Halkymyzyň arzuwlap ýeten mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede geçirmäge bagyşlanyp guralýan bäsleşikler we çärelerdir. Şonuň bilen birlikde ýetilen belent sepgitleriň täze üstünliklere ruhlandyrýan badalgasydyr. Halkymyzyň hormatly Prezidentimize, eziz Watanymyza bolan joşgunly söýgüsidir, sarpasydyr, hormatydyr.

Elbetde, adamlary ýaşaýan zamanasyna, zähmete ruhlandyrmakda medeniýete we sungata aýratyn orun degişlidir. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen paýhasly jümlesiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ruhlandyryjy güýç bolan medeniýetiň we sungatyň eziz ýurdumyzda gülläp ösmeginde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bardyr. Sungata aýratyn sarpa goýýan milli Liderimiz onuň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösmegine, halkymyzyň uly ruhubelentlige galkynmagyna ýokary derejede üns berýär. Ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli nygtaýar. Bu ulgamyň gülläp ösýän Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda hem aýratyn ornunyň bardygyny belleýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Şonda milli Liderimiz milli gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, ýaş zehinleri ýetişdirmekde medeniýet ulgamyna örän uly ornuň degişlidigini ýene bir ýola nygtady. Halkyň kalby bolan medeniýetiň adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, köpçüligi beýik işlere galkyndyrmakda uly güýje eýedigini aýtdy. Şonuň ýaly-da, ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjy sözleriniň, bagşy-sazandalaryň kalbyňa ornaýan şirin mukamlarynyň, suratkeşleriň täsirli şekilleriniň hiç kimi biparh goýmaýandygyny bellemek bilen, biziň millet derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetimiziň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ösüş-özgerişlerimiziň waspçysy, ony bütin dünýä ýaýmakda uly orny eýeleýän medeniýet ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda has-da uly borçlara beslenýär. Ýagny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyny we beýleki döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklary ýokary derejede geçirmekde hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny çeper dilde makalalaryň, goşgularyň, publisistik eserleriň, aýdym-sazlaryň, garaz, sungatyň ähli görnüşleriniň üsti bilen wasp etmekde netijeli işleriň durmuşda beýanyny tapjakdygyna ynanýarys. Muňa eýýämden bu ugurda yglan edilen bäsleşikler-de, meýilnamalaýyn çäreler-de şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kämil hünärmenleriň ýetişmegine hem aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hut şonuň netijesinde milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, geçen ýyl Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy.

Elbetde, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň bilim ulgamyny uly üstünliklere eýe edendigini-de aýratyn nygtamalydyrys. Şeýle-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň geljekde hem uly üstünliklere ýetjekdigine ynam döredýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň:

Watanyň ýetendir şöhrat-şanlyga,
Öz aýry däldigiň bir ten-janlyga.
Il-günüň söýgüsi mähribanlyga,
Ygraryňdyr, yhlasyňdyr, Arkadag 
—  diýip nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň ýeten ösüş-özgerişleri hormatly Prezidentimiziň ady bilen, eziz Watanymyza bolan beýik söýgüsi, yhlasy, ygrary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,

“Mugallymlar gazeti”.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20888

17.02.2021
Giň gerimli oňyn özgertmeler rowaçlyklaryň, üstünlikleriň binýadydyr

Täze taryhy eýýamymyzyň ýurt abadançylygynda, döwlet berkararlygynda, il agzybirliginde kerwen gurap geçýän aý-ýyllary halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň töwereginde mäkäm jebisleşip, milli Liderimiziň eziz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek boýunça taýsyz tagallalaryny goldaýandygyny aýan edýär. Şu maksat bilen, oýlanyşykly içeri we daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk arkaly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Şu syýasatyň, şeýle hem milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň abadançylygy üpjün edilýär, ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Her bir üstünlik täze zähmet ýeňşini gazanmaga höweslendirýär, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler munuň subutnamasydyr. Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň toplumlaryny ösdürmek boýunça golaýda geçiren iş maslahatlarynda, şonuň ýaly-da Hökümetiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar arkaly ýene-de bir gezek göz ýetirdik.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini saklanýar, jemi içerki önüm, jemi öndürilen önüm, haryt dolanyşygy yzygiderli artýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça ösüş gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha bermek bilen, «Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy» diýip belleýär.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin, Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän işleri, amala aşyrýan oňyn özgertmeleri rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Munuň aýdyň subutnamasy bolan we bu babatda buýsançly söhbede esas döredýän mysallar köp. Milli ykdysadyýetimiziň toplumlarynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, alnyp barylýan işler arkaly hem muňa göz ýetirmek bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň ýangyç gorlaryna baý döwletleriniň biridir. Şonuň üçin milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly işlere hemişe möhüm ähmiýet berýär, pudagyň öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmegini gazanmak baradaky wezipäni öňde goýýar. Şu maksat bilen, ýangyç-energetika toplumynyň işine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly “mawy ýangyjyň” we nebitiň çykarylýan möçberleri artdyrylýar. Olaryň gaýtadan işlenilmegi bilen öndürilýän önümleriň möçberleri hem, eksport edilişi hem artýar.

Nebitgaz pudagynda dünýäniň meşhur hem abraýly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy, iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, şeýle hem kuwwatly gazhimiýa senagatyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işine möhüm ähmiýet bermek bilen, bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmagy, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleriň döredilmegini, tebigy gazy gaýtadan işlemegi, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagy, geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmagy, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemegi, nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we beýleki zerur işleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitleýär.

Milli ykdysadyýetimizde oba hojalyk toplumynyň hem aýratyn orny bar. Hut şonuň üçin milli Liderimiz bu toplumy ösdürmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berýär, onuň düşewüntli pudaga öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýär. Döwletimiziň we döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda bu hakynda söz açyp, «Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler» diýip belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň okgunly ösüşinde ylym-bilim ulgamlaryna hem aýratyn orun degişlidir. Bu ulgamlaryň işini kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalyp, uly ähmiýet berilýär.

Şu ýerde şeýle bir maglumaty getirmegi makul bildik. 2020-nji ýylyň dowamynda kitap önümleriniň 367 görnüşi çykarylypdyr. Şolaryň 156-sy okuw kitaplarydyr. Ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň çäklerinde bilim ulgamynyň hukuk binýady kämilleşdirildi. Bu iş häzirki wagtda hem alnyp barylýar. Okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň, gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär, okatmagyň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe berlişiniň, ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň derejesi ýokarlanýar.

Gürrüň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň guwandyryjy netijeleri barada barýarka, ýene-de milli Liderimiziň Hökümetiň golaýda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşyna salgylanmagy makul bildik. Döwlet Baştutanymyz şonda “Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, biz gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlaryny goýduk. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik” diýip aýtdy.

Häzirki wagtda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köp sanly desgalarda gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ajap eýýamynda içeri we daşary syýasatyň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine gurluşyk-senagat, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, medeniýet ulgamynda, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň mysallarynda hem açyk-aýdyň göz ýetirmek bolýar. Giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy üpjün edilýär.

Elbetde, rowaçlyklara, üstünliklere beslenýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli bu işler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen hem-de gönüden-göni baştutanlygynda amala aşyrylýar. Şonuň üçin halkymyz milli Liderimize tüýs ýürekden buýsanýar.

Goý, ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe gitsin!

Tirkeş MÄMMEDOW,

«Mugallymlar gazeti».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20889

17.02.2021
Bäsdeşlige ukyply önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ösdürmek hem-de gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatdaky tagallalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda bu etrabyň Garagan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän gazbeton we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawodlar toplumynda bolanymyzda anyk göz ýetirdik.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasyna degişli bu zawodlar toplumynyň işe girizilenine sanlyja ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, gürrüňi edilýän innowasion tehnologiýaly zawodlar toplumy daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürmekde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde öndürilýän gazbeton önümleri we gury gurluşyk garyndylary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Zawodlar toplumy bilen tanyşlygymyzy çig mal saklanýan bölümden başladyk. Ýokary talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan bu bölümde degişli gurluşyk önümlerini öndürmek üçin gerek bolan sement, kwars çägesi, üwelen gips, ýakylmadyk hek saklanylýar hem-de önümçilik işinde ulanylmaga taýýarlanylýar. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, önümçilik işinde ýerli çig mal ulanylýar. Kwars çägesi, sement, hek we gips ýaly çig mal ýurdumyzyň çägindäki ýataklardyr kärhanalardan gelip gowuşýar.

Önümçilik bölümlerinde bolanymyzda, işleriň awtomatik usulda dolandyrylýandygyna we olara kompýuterde gözegçiligiň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmek örän ýakymly boldy. Germaniýa, Türkiýe döwletleriniň iň öňdebaryjy enjamlarynyň giň mümkinçilikleri we amatlyklary işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna şert döredýär.

Ýyllyk kuwwaty 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny, 180 müň kubmetre barabar gazbeton önümlerini öndürmäge niýetlenen bu zawodlar toplumynyň önümleri içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýar. Munuň şeýledigine diňe geçen ýylyň özünde bu ýerde öndürilen önümleriň aglaba böleginiň daşary ýurtlara eksport edilmegi hem şaýatlyk edýär. Zawodda öndürilýän dürli ölçegdäki gazbeton bloklaryna we keramiki plitalar üçin ýelimlere, daşky we içki gruntlama şpaklýowkasyna, sepleri doňdurýan garyndylaryna we beýleki gurluşyk önümlerine islegiň has-da uludygyny bellemek gerek. Bu önümleriň öndürilişiniň yzygiderli artmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Dünýä standartyna laýyk gelýän şol önümler ýörite gaplara gaplanyp, sarp edijilere ýetirilýär.

Täze taryhy döwrümiziň häzirki günlerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň çäginde giň gerim alan gurluşyk işlerinde gürrüňi edilýän zawodlar toplumynyň önümleri giňden ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän önümler bahasynyň elýeterliligi, hiliniň ýokary bolmagy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: zawodlar toplumynyň işinden görnüşler. Surata düşüren awtor.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20902

17.02.2021