Habarlar
Energetika ulgamynyň kuwwaty artýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Golaýda berkarar Diýarymyzyň gündogar sebitinde elektrik stansiýasy açylyp ulanylmaga berildi. Kuwwatlylygy 432 MWt-a deň bolan bu möhüm desga şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Bu elektrik stansiýasy tutuş Merkezi Aziýada iň iri gazturbinaly elektrik stansiýalaryň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda öňden hereket edýän elektrik energetiki desgalary barada gürrüň etmek aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, Garaşsyz Türkmenistanda ilkinji gurlan elektrik stansiýasy hem Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bu desga Seýdi ýylylyk elektrik merkezi bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda bolsa 2-nji energoblogy bilen güýçlendirilen ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 MWt-a deň boldy. Lebap welaýatynda henize çenli iň kuwwatly elektrik desgasy hökmünde tanalýan Döwletli etrabyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýanyň kuwwaty 254 MWt-a deňdir. 2014-nji ýylda Çärjew etrabynda açylan «Lebap» Döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa, 149,2 MWt-a deňdir. Görşümiz ýaly, diňe Lebap welaýatynda gurlan elektrik desgalaryndan mysal alanymyzda hem ýurdumyzyň energetika kuwwatlylygynyň ýylyň-ýylyna giň gerimler bilen artýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerim bilen ösdürilýän hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýan döwri bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen dürli maksatly ulanyşa girizilýän onlarça döwrebap desgalaryň biri bolan, Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda badalga berlipdi. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanyşa girizilen bu desga «Mitsubishi Power Ltd.» ýapon kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan 3 sany gazturbinaly enjamlary we beýleki döwrebap enjamlar oturdyldy.

Çünki bu elektrik stansiýa hil, önümçilik we beýleki aýratynlyklary boýunça güwänamalaryň üçüsine, ýagny «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen M701DA kysymly gazturbinalaryň ulanylandygy baradaky Sylag şahadatnamasyna, «Max Planck» instituty tarapyndan Ekologiýa taýdan durnuklylyk we netijelilik sertifikatyna hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologiýalar instituty tarapyndan desganyň öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýadygy baradaky laýyklyk güwänamasyna mynasyp boldy we bu stansiýadaky kuwwatlylyk tutuş ýurdumyzyň umumy energokuwwatyna güýçli goşant bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik döretdi, şeýle-de, goňşy ýurtlara elektrik energiýasyny eksport etmek arkaly ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda hem ähmiýeti juda uludyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagy ýokary depginler bilen ösýär, özgerýär, döwrebaplaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan bu pudagyň köpugurly mümkinçiliginiň mähriban halkymyzyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Goý, berkarar Diýarymyzy energetika taýdan kuwwatly ýurda öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Maral AGAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44297

23.10.2021
Ýokary hilli önümler

Daşoguz «Çeper» tikin fabriginde öndürilýän önümler sarp edijileriň yzygiderli artýan isleglerinden peýdalanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 9 aýynyň jemleri boýunça fabrikde öndürilen önümler 11 million 397 müň 920 manada barabar boldy. Munuň özi fabrikde meýilnamanyň 141 göterim ýerine ýetirilendigini, şeýle-de, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşiň 108 göterim bolandygyny aňladýar.

Pudakda şeýle ösüşlere eýe bolunmagynda fabrigiň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalary, tikin enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylandygy aýratyn orun eýeleýär. Fabrigiň çeper elli tikinçileri öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy üçin ähli yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Buýurmalar esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite harby lybaslar, hassahana geýimleri, aşpezler üçin geýimler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk we olaryň daşlyklary, halatlar, işçi geýimleri tikilýär.

Tikilýän önümler üçin matalar, esasan, Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlaryndan alynýar. Bu matalar hil taýdan ýokary talaplara laýyk gelýär.

Fabrigiň işgärleri işlemäge, medeniýetli dynç almaga döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw edip, ýyly ýokary netijeler bilen jemlemek üçin depginlerini gowşatman, yhlasly zähmet çekýärler.

Haltäç BÄŞIMOWA,

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44313

23.10.2021
Ösüşleriň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Taryhy özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli manadymyzyň hümmetiniň bellenilen derejelerde saklanmagy döwletimiziň ösüşlerine gönüden-göni täsir edýär.

Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen milli manady dolanyşyga girizildi. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny aňlatmak bilen, ol ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini gazanmak, onuň goraglylygyny üpjün etmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň denominasiýasy geçirilip, milli puluň täze nusgasy dolanyşyga girizildi. Bu bolsa onuň hümmetiniň artmagyna getirdi. Denominasiýa diýlende, ykdysadyýet ylmynda — bahalaryň ýagdaýynyň üýtgemegine we köne pul belgileriniň täze görnüşlerine çalşyrylmagy arkaly milli walýutany berkitmek üçin görülýän çärelere düşünilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan girizilen kartly töleg ulgamy nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça netijeli iş alyp barmaga, bank ulgamy üçin nagt pullary sanamak, daşamak ýaly işlerde ýörite amatlyklary döredýär.

Häzirki wagtda bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemek, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemek, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemek mümkinçilikleri döredildi. Söwda nokatlarynda we banklaryň pulhanalarynda nagt puly sanamak üçin nagt däl hasaplaşyklar arkaly wagtyň tygşytlanmagy karz edaralarynyň we ykdysadyýetiň beýleki subýektleri üçin geçirilýän amallar bilen baglanyşykly çykdajylary peseltmäge oňaýly şertleri döredýär.

Milli Liderimiziň ykdysady özgertmelerine laýyklykda, halkara maýa goýum işjeňligini artdyrmak ugrunda hem tutumly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan bu babatda barha özüneçekiji döwlete öwrülýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, milli walýutamyzyň hümmetiniň durnuklylygy, döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň hereket etmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hukuk taýdan goraglylygy, maýadarlary höweslendirmek üçin döredilýän salgyt, gümrük boýunça ýeňillikler netijeli daşary ýurt maýa goýum syýasatynyň rowaçlanmagyna ähli zerur mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň halkara maliýe guramalarynyň işine işjeň gatnaşmagy, milli ykdysadyýetiň halkara hyzmatdaşlyk üçin açyklygy ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň täze häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşinde bu abraýly gurama tarapyndan ýurdumyza synçy derejesiniň berilmegi bolsa döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan söwda diplomatiýasynyň dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygyny tassyklaýar.

2013-nji ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda bu abraýly halkara guramasynyň agza ýurtlarynyň tejribeleri, oňa girmek üçin talap edilýän köptaraply söwda ylalaşyklary we beýleki meseleler içgin öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa we köptaraply söwda ulgamy» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemek zerur. Şeýle hem, Bütindünýä söwda guramasynyň wekilleri bilen 2019-njy ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde netijeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Dünýäniň abraýly maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ösen döwletleriň ykdysady tejribesini öwrenmäge we olary milli ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, maliýe-bank ulgamyna girizmäge giň ýol açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ähli amatly şertleri döredýär.

Goý, ýurdumyzyň beýik ösüşleri, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşy babatda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gurban MYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44303

23.10.2021
Döwrebap kärhanada işler ileri

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, demir ýol ulgamyny kämilleşdirmekde hem düýpli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykdysady jähetden bähbitli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, ýolagçy we halk hojalyk ýüklerini gatnatmak boýunça täze ugurlary üpjün edýän halkara polat ýollary gurmak bilen baglanyşykly iri möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň bütindünýä bähbitli tutumly başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkara üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzümleriniň täze ugurlarynyň kemala gelmeginde, sebitiň döwletleriniň arasynda özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda, täze ykdysady giňişligiň we iri möçberli halkara hyzmatdaşlygyň döremeginde, sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde «Demirgazyk — Günorta» halkara polat ýoluna uly orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň demir ýol ulgamyna berýän ünsi netijesinde halkara demir ýoluň ugrundaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demir-ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Bereket şäherindäki 17-nji demir ýol şahamçasynda döwrebaplaşdyryş işleriniň amala aşyrylmagy bu ýerde işleriň ilerlemegine ýardam etdi. Döwrebap kärhanada ýük we ýolagçy wagonlaryny daşaýan teplowozlaryň abatlaýyş işleri häzirki zaman kompýuterleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

— Hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň Bereket şäherini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek hakynda» gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda demir ýol şahamçamyzyň önümçilik düzümleri doly döwrebaplaşdyryldy. Tehniki hyzmat ediş bölümlerinde ornaşdyrylan enjamlar teplowozlaryň tehniki ýagdaýyny gözden geçirmäge hem-de olara zerur hyzmatlary ýokary hilli we tiz wagtda ýerine ýetirmäge giň mümkinçilikleri berýär. Öňler teplowozlaryň tigirlerinde sazlaýyş işlerini geçirmek üçin ýörite ýük göterijiler hem-de köp adam güýji gerek bolardy. Geçirilen döwrebaplaşdyryş işlerinden soň, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlar bu işleri has ýeňilleşdirdi.

Kärhanamyzda teplowozlara gerek bolan şaýlary ýasamak hem-de gurallary abatlamak işleri hem ýokary derejede amala aşyrylýar. Ussalar Baýramberdi Çäkliýew, Güýçmämmet Garaýew, abatlaýjylar Şahymerdan Baýramalyýew, Nurmuhammet Allanurow, Wepa Musaýew, maşinist-instruktorlar Mekan Araşew, Nazar Esenow dagy nusga alarlyk zähmet çekýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besleýän kärhanamyzyň zähmetsöýer işgärleri Gahryman Arkadagymyza hemişe alkyş sözlerini aýdýarlar — diýip, şahamçanyň başlygynyň abatlaýyş işleri boýunça orunbasary Hangeldi Amandurdyýew gürrüň berdi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,

«Balkan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44267

23.10.2021
Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

  • Halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgat boldy. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar boýunça öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 16,7 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 12,3 göterim ýokary boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haklary 10,5 göterim köpeldi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 17,9 milliard manada ýetdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmäge meýilleşdirilen 275 desgadan 37-siniň gurluşygy tamamlandy, 165-siniň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,1 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamada» kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Şu döwürde düýpli maýa goýumlarynyň 1 milliard 764 million 389 müň manatlygy özleşdirildi. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat pudagynda önümleriň köp görnüşiniň öndürilýän mukdary artdy. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda we obasenagat toplumynda oňat makroykdysady görkezijiler gazanyldy. Döwlete degişli bolmadyk ulgamda hem oňyn netijelere ýetildi.
  • Nebiti gaz kondensaty çykarmak hem-de nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada maglumat berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 108,4 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 123,5 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 136,2 göterim ýerine ýetirildi.
  • Gurluşyk we senagat toplumynda önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 126,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda önüm öndürmek boýunça işler 112,2 göterim ýerine ýetirildi. Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna 124,9 göterim amal edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 111,6 göterime deň boldy, ony eksporta ibermegiň ösüş depgini bolsa 134,5 göterime ýetirilip, meýilnama degişlilikde 113,3 göterim we 178,1 göterim berjaý edildi.
  • Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 119,3 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 116,9 göterime deň boldy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,1 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-sentýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 131,7 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 144,3 göterime barabar boldy.
  • Hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesli milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemek işleri dowam etdirildi. Umumybilim edaralarynda okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Talyplar, şeýle-de mekdep okuwçylary halkara olimpiadalaryna gatnaşdylar we altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara eýe boldular. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtly alymlaryň, halkara guramalaryň we dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuw maslahatlary hem-de halkara ylmy maslahatlar guraldy. Hormatly Prezidentimiziň Bilimler güni mynasybetli 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagy mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar üçin nusgalyk watançylyk dersine öwrüldi. Şol gün ähli bilim edaralarynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dabaraly nyzamlar we ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Milli Liderimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylarynyň 161 müň 739-syna «Bilimli» atly kompýuterler gowşuryldy.
  • «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň hasabat döwründe dürli medeni çäreler, media forumlar, onlaýn duşuşyklary, konsertler hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna we ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanylan dabaralar geçirildi. Şeýle hem şanly seneler mynasybetli medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.
  • Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime deň boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,5 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 133,1 göterim berjaý edildi. Düýpli maýa goýumlary esasan döwlet maksatnamalarynda gurluşygy meýilleşdirilen oba we suw hojalygy desgalarynyň bina edilmegine gönükdirildi. Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,2 göterim berjaý edildi.
  • Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýanwar-sentýabr aýlarynda degişli işler geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar, duşuşyklar we gepleşikler aýratyn orun eýeleýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary we Täjigistanyň Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolup, hormatly myhman hökmünde ŞHG-ä agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Onlaýn tertibinde Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen YHG-niň 14-nji sammitine, Türki dili döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna hormatly myhman hökmünde BMG tarapyndan guralan maslahata, YHG-niň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. 22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine wideo arkaly ýüzlendi. Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 54 wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 30-sy daşary ýurtlara iberildi.
  • Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 40-sy, dürli ulgamlarda işleri kadalaşdyrýan Mejlisiň kararlarynyň 47-si kabul edildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, käbir hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzir Mejlisiň iş toparlarynda birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. BMG we onuň düzümleri, beýleki iri halkara guramalary bilen parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri sanly ulgam arkaly guralan birnäçe iri halkara çärelerine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşdylar.
  • Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny üstünlikli garşylamak ugrundaky zähmet joşguny ykdysadyýetimizde ýokary görkezijileriň gazanylmagyny kesgitledi. Şeýle tutanýerli işleriň netijesinde, jemi içerki önümiň 6,2 göterim möçberde ýokary ösüşi saklakdy. Daşary söwda dolanyşygy 12,3 göterim artdy we 9 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Eksportyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim artdy we 6 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Iň esasysy bolsa, eksportyň möçberi, ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda, 50 göterime golaý artdy.
  • Iri halkara hem-de içerki taslamalary amala aşyrmak dowam edýär. Şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi. Häzir ýurdumyzda bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2500 sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we abadanlaşdyrmagy, esasy gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, ýollaryňdyr uly köprüleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny görkezmek bolar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44126

22.10.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi.

Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesi hem barha ýokarlanýar.

Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Raýatlaryň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň barşynda bu ýerde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň guruljak ýerine geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazowyň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu maksatlardan hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, halkara ölçeglere kybap gelýän, iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr sagaldyş merkezleri, orta mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda ýörite haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileni bäri ençeme haýyrly işler ýerine ýetirildi. Şol işleriň hatarynda bu gaznadan welaýatlaryň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berlendigini, mätäç çagalara lukmançylyk operasiýasyny geçirmekde kömek edilendigini we beýlekileri ýatlamak bolar.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde üpjün edilýän mümkinçilikler häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir. Bu ýerde çagalaryň dynç almaklary bilen bir hatarda, olaryň höwes edýän hünärleriniň endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologiýa we halkymyzyň milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryňdyr desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda onuň häzirki zaman üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow milli Liderimizi bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary, şol sanda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň toplumynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şekil taslamalarynda merkeziň dolandyryş binasy, saglyk nokady, onuň otaglarynyň içki görnüşleri, 2 gatly 20 orunlyk awtoduralga we onuň ýerleşjek ýeri görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Taslamany düzüjiler ony şu ýerden uzak bolmadyk ýerde ýerleşen, halkymyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Paryzdepäniň mysalynda taýýarlapdyrlar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna beýikligi 115 metr boljak Baýdak sütüniniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda guruljak duralgalaryň, olaryň içinde oturdyljak oturgyçlaryň, yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalary makullap, olar durmuşa geçirilende, ýokary hiliň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerler, şol sanda olaryň ekologik ýagdaýy, seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki hem bina ediler. Şekil taslamalarynda bu desganyň eýwanynyň, içki bezeginiň dürli görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew bu ýerde bina edilmegi meýilleşdirilen dürli täze gurluşyklaryň şekil taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, käbir belliklerini we düzedişlerini girizdi. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtamak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, hususy ulgamy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň täze merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar. Şu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Şeýlelikde, munuň özi smart siti — adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly “akylly” şäher bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Akylly” şäheriň konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny bellemek gerek. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologik ulgam döredilýär. Bu konsepsiýa tutuş ulgamlary özüne birleşdirýär. Mysal üçin, “akylly” jaýlar, bitewi maglumatlar binýady hem-de köpugurly şäher goşundysy ýaly ulgamlary öz içine alýar. Şolar ýaşaýjylara tölegleri amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýat merkeziniň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýolbaşçylara degişli teklipleriň üstünde işlemek tabşyryldy.

Şeýlelikde, nesip bolsa, ýakyn wagtda gözel Köpetdagyň eteginde ähli şertleri bolan, lowurdap duran täze, döwrebap ajaýyp şäher dörär. Ol bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ösüşiniň nobatdaky aýdyň nyşany bolup, ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44239

22.10.2021
Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak baradaky maksatdan ugur alýar. Banklar tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň netijesinde oba hojalyk, senagat önümlerini öndürijiler we hususy telekeçiler önümçiliklerini giňeldýärler.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň telekeçileri, hususy önüm öndürijileri döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldanylýar, olara ýeňillikler we netijeli işlemekleri üçin amatly mümkinçilikler döredilýär. Telekeçileri, hususy önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamagyň esasy maksady önümçilige innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmekden, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakdan ybarat bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Kararyna laýyklykda, karz edaralary tarapyndan hususy kärhanalara, telekeçilere, daýhan hojalyklaryna, kärendeçi-oba hojalyk önüm öndürijilerine maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini satyn almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterimli ýeňillikli bank karzlaryny bermek ýola goýuldy. Bu karzlar senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek, bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary satyn almak we beýleki maksatlar üçin niýetlenilendir.

Daýhanlaryň, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň zähmeti bilen önüm bolçulygy döreýär. Daýhan yhlasyndan ýerden zer önýär, saçaklarymyz bereketli we rysgally bolýar. Şunuň bilen baglylykda oba hojalyk önümlerini öndürijileri ählitaraplaýyn goldamak baradaky aladalar birjik-de ünsden düşürilmeýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Kararyna laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, enjamlaryny we abzallaryny, oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, gaýtadan işlemek, hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterimli 10 ýyla çenli möhlete berilýän ýeňillikli bank karzlary muňa mysal bolup biler.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlara mysal hökmünde durmuş guran ýaş maşgalalara olaryň ýüztutmalaryna laýyklykda, zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterimli 3 ýyl möhlete, umumy möçberi 6 müň manada çenli bolan ýeňillikli «Ýaş çatynjalar karzyny», täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryny, jaýlardaky öýleri doly bahasyna satyn almak üçin ýyllyk 1 göterimli, 5 ýyl ýeňillikli döwür bilen otuz ýyl möhlete berilýän gozgalmaýan emläk karzlaryny, raýatlara gurlup, ulanylmaga taýýar edilen jaýlary we öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewine goýup, satyn almak üçin jaýlaryň, öýleriň bahasynyň 90 göterimine çenli ýyllyk 1 göterimli, 5 ýyl ýeňillikli döwri bilen otuz ýyl möhlete berilýän gozgalmaýan emläk karzlaryny görkezmek bolar.

Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Goý, halkymyzy bagtyýar durmuşda bolçulykly ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Guwançmyrat ÖWEZMYRADOW,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasynyň Buhgalter hasaby we hasabaty böliiminiň baş buhgalteriniň orunbasary.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44215

22.10.2021
Sanly gurşaw we durmuş goraglylygy

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksatlarynyň biri hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işinde iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň barha işjeň ulanylmagynyň möhümdigini örän çalt depginlerde ösýän döwür görkezýär. Durmuşyň ösüş depginleri ýylsaýyn ýokarlanýar, şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda maglumatlaryň möçberi artýar. Bu bolsa degişli düzümleriň iş guraýyşlarynyň özgerdilmegini şertlendirýär.

Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işine sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hyzmatlary amala aşyrýanlara we olary sarp edijilere ykdysady taýdan hem peýda getirýär. Sebäbi sanlylaşdyrma hadysasynyň hasaplaýyş kuwwaty netijesinde maglumatlary toplamak, saklamak, seljermek, gaýtadan işlemek we hödürlemek üçin sarp edilýän hyzmatlaryň gymmaty ep-esli pese düşýär, tor ulgamlary arkaly durmuş çygrynyň awtomatik häsiýetdäki işine gatnaşýanlaryň ählisinde ykdysady taýdan işjeňlik ýokarlanýar.

Barha giň gerim alýan innowasion tehnologiýalar durmuş-ykdysady işiň köp görnüşlerini özgerdýär. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrylýan özgertmelerde döwletiň jemgyýetçilik birleşikleri bilen hyzmatdaşlygy elektron hyzmatlary ulgama ornaşdyrmagyň we olary dolandyrmagyň kämil çemeleşmelerini bilelikde işläp taýýarlamaga, şeýle hem iň gowy tejribeleriň ykdysady seljermesini geçirmäge, ylaýta-da, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, jemgyýetçilik birleşiklerine öz işleri bilen döwlet häkimiýet edaralaryna durmuş taýdan ähmiýetli we jemgyýete peýdaly maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmakda ýardam edip bilmekleri babatda ygtyýarlyklar berlendir.

Sanly gurşawa ynam hem-de amatly guramaçylyk we kadalaşdyryjy hukuk şertlerini döretmek arkaly milli işewürlik bileleşiklerini, şol sanda hususy bölegi we raýatlary sanly ykdysadyýeti emele getirmäge işjeň çekmek üçin şertleri döretmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde intellektual tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk guralynyň hereket etmegi üçin amatly hukuk binýadyny emele getirmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlarynyň we wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Bu we beýleki işlerde bäsdeşlige ukyplylyk barha uly ähmiýete eýedir.

Bäsdeşlige ukyplylyk uzak möhletleýin döwürde bäsdeşlere garşy durmagy we amatly çykdajylar bilen, sarp edijileri özüňe çekmegi aňladýar. Ol diňe harytlara, hyzmatlara degişli bolman, kärhana, sebite, milli ykdysadyýete, şeýle-de hünärmene hem degişli bolup bilýär. Sanly ykdysadyýetiň hünärmen üpjünçiligini nazara alyp, intellektual tehnologiýalar ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamak, ilata sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlary guramak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ol adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda hem möhüm orny eýeleýär. Çünki täzeçil intellektual tehnologiýalary ulanyp bilmegi başarmak maglumat jemgyýetini döretmegiň esasy şertidir.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işleri ylmy esasda ösdürmek, häzirki zaman ylmyndan, täzeçil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak ylmy-tehniki ösüşiň wajyp ugrudyr. Ylmy we innowasion işleriň çygrynda hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny, olaryň hünärleriniň ýokarlandyrylmagyny guramak döwlet derejesindäki wezipe hökmünde kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça esasy çäreleri şu meseläni çözmezden amala aşyrmak mümkin däldir, sebäbi sanly ykdysadyýetiň hünärmen üpjünçiligi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde, hünärmenlerden innowasion tehnologiýalary ulanmak babatda zerur bolan bilimleri we tejribe ähmiýetli endikleri ele almagy talap edýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralary tarapyndan guramalar we adamlar üçin dürli ugurlar boýunça elektron görnüşdäki hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, durmuş goraglylygy ulgamynyň işgärleriniň bu ugur boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak köpmaksatlylygy bilen tapawutlanýar, dolandyryşyň ähli derejesini (ýurt, welaýat, şäher, etrap) öz içine alýar.

Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda hem uly ähmiýete eýedir, ol durmuş-ykdysady taýdan ösüş üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly onuň işiniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, köne iş usullaryny yzygiderli aradan aýryp, sanly tehnologiýaly durmuş pudaklaryny ösdürip, elektron hyzmatlary döretmegiň hasabyna, durmuş goraglylygyna gatnaşyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly bolmagyna, durmuş hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegine, ilkinji nobatda, adamlaryň wagtynyň tygşytlanmagy netijesinde olaryň durmuşynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işiniň çalt depginlerde sanlylaşdyrylmagy hem-de häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň zerur şertidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we ilatyň sanly intellektual tehnologiýalardan has netijeli peýdalanmaklary üçin şertleri döretmek bellenildi we bu ugurda yzygiderli tagalla edilýär.

Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň esasy maksady zähmet işini täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryny emele getirip, hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmekden, olary aňrybaş derejede amatly ýagdaýda ýola goýmagyň hasabyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek döwletimizde alnyp barylýan durmuş syýasatynyň baş ýörelgesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edaralarynyň işiniň ylmy-usulyýet binýadyny döretmegiň hem-de durmuş hyzmatlaryny ylmy esasda sanlylaşdyrmagyň zerurlygy artýar.

Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edaralarynyň işinde ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion usullaryň we döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň ulanylmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda esasy orny eýeleýär. Degişli edaralaryň işine maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde pensiýalary we kömek pullaryny hasaplamak hem-de bermek işi ep-esli kämilleşdirildi. Şol tölegler degişli bank kartlaryna geçirilýär. Indi kartlaryň eýeleri pul serişdelerini bankomatlardan nagt görnüşde bökdençsiz alyp bilýär ýa-da islendik töleg amallaryny kartlaryň üsti bilen ýerine ýetirýär. Kartyň eýeleri üçin goşmaça hyzmatlaryň girizilmegi bilen, ýaşulularda uzak aralykdan durmuş meseleleriniň köpüsini çözmek mümkinçilikleri peýda bolýar. Saglyk ýagdaýy we beýleki sebäplere görä, bank kartlaryndan peýdalanyp bilmeýän pensionerlere pul serişdeleri nagt görnüşde öýlerine eltilip berilýär.

Jemgyýetiň ähli ugurlarynda innowasion serişdeleriň giňden peýdalanylmagy durmuş goraglylygy çygrynyň edaralarynyň işini sanlylaşdyrylan ulgamlara geçirmekde ähmiýetlidir. Şunda onlaýn serişdeler arkaly elektron hyzmatlaryň ýola goýulmagy häzirki döwürde möhüm zerurlykdyr hem-de ähli işleri oňat guramaga, utgaşdyrmaga we olaryň netijeliligine, hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän döwrebap guraldyr.

BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibiniň wajyp ugry we adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ýurduň ilatynyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny sanlylaşdyrmak wezipesine möhüm ornuň degişlidigini görkezýär.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44233

22.10.2021
Senagatlaşmak — ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barha giň gerime eýe bolýar. Geçirilýän ykdysady özgertmeler, täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň depginli ösüşinde esasy şertleriň birini emele getirýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, türkmen döwleti ösen senagatly we häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary bolan ýurda öwrülýär. Şeýle özgerişi, ilki bilen, Diýarymyzda ozaldan bar bolan senagat merkezleriniň durkunyň täzelenişinde we bu ugurda täze merkezleriň döredilýändiginde görýäris. Bularyň ählisi döwletimiziň geljekki ösüşlerinde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň senagat pudagynyň has-da pugtalanmagyna getirýär.

Mälim bolşy ýaly, senagat pudagynyň, aýratyn hem gaýtadan işleýän senagatyň ösüşi iş orunlarynyň artmagynyň esasy şertleriniň biridir. Ol bazaryň ösüşine, ýurduň eksport mümkinçiliginiň artmagyna-da ýardam berýär. Ýurduň ykdysady ösüşi bolsa onuň pudaklaryna goýberilýän maýa goýumlary bilen berk baglanyşyklydyr. Islendik pudaga goýberilýän maýa goýumyň başdaky maksadynyň dogry kesgitlenilmegi, onuň özleşdirilişinde ulanylýan usullaryň takyk saýlanylmagy hem-de soňky netijäniň garaşylýan derejede gazanylmagy oňyn ösüşe getirýär. Diýmek, maýa goýumyň düzüminiň hem kämilleşmesi bolup geçýär. Maýa goýumlaryň möçberidir düzümi ykdysady ösüşiň durnukly we sazlaşykly bolmagyny, esasy gorlaryň yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda täzelenip durulmagyny, ýurduň ykdysadyýetiniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär. Maýa goýumlaryň öz wagtynda we ýerlikli ýerleşdirilmegi hem ulanyşa tabşyrylýan gurluşyk desgalarynyň hili, ilkinji nobatda, maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň anyk saýlanyp alynmagyna we bellenilmegine bagly bolup durýar. Şu ýagdaýda döwlet ýurduň içinde maýa goýmak üçin amatly şertleri döretmek we hojalygy ýöretmegiň şertlerini yzygiderli kämilleşdirmek arkaly iri maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň durnukly çeşmelerini döretmäge ýardam bermek bilen, ykdysady gatnaşyklary rejeleýän we kadalaşdyrýan esasy güýç bolup çykyş edýär. Ilatyň pul girdejileriniň artdyrylmagy, iş üpjünçiligi, iş şertleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, zähmet öndürijiliginiň düýpli ýokarlandyrylmagy, öndürilýän önümleriň hil taýdan halkara ülňülere laýyk getirilmegi, taýýar önümleriň eksportynyň köpugurlylygy oňaýly senagat we maýa goýum syýasaty netijesinde emele gelýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň netijeliligini ýokarlandyrmakda senagatlaşdyrmak işine uly ähmiýet berilýär, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär, täze gözýetimler açylýar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň ýurduň ösüşi, halkyň bagtyýar, abadan durmuşy baradaky tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gurbansoltan KAIROWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44230

22.10.2021
Eksport mümkinçilikleri giňeldilýär

Türkmen halky «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde uly öňegidişlikler gazanylýar.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen dörän pudaklaryň biri hem dokma senagatydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda dokma senagatynyň binýady tutulyp, dokma kärhanalarynyň onlarçasy işe girizildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu pudaga berilýän üns has hem ýokarlandy. Häzirki döwürde iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragy bolup, olarda 24 müňden hem köp adam zähmet çekýär. Şol kärhanalarda öndürilýän önümler dünýä ýurtlarynyň ençemesine eksport edilýär.

Türkmen dokma önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy barha ýokarlanýar. Munuň sebäpleriniň biri-de ýurdumyzda öndürilýän orta we inçe süýümli pagtanyň hil görkezijileriniň ýokary derejeliligidir. Bu bolsa dürli görnüşli dokma önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekde dokma önümleriniň täze görnüşlerini, ýagny dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän çyzykly mahmal, şeýle-de spanbond, spanleýs, sintepon ýaly mata däl önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň dokma kärhanalarynda ulanylýan esasy çig mal pagta süýümidir. 2020-nji ýylda ýurdumyzda türkmeniň çogly güneşiniň, mes topragynyň, suwunyň täsirinde ýetişen pagta süýüminiň 1 million 200 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta süýüminiň beýleki tebigy süýümlerden has tapawutly tarapy, ondan dürli görnüşli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini taýýarlap bolýanlygydyr.

Soňky döwürde dokma kärhanalarynda pagta süýümi we beýleki himiki süýümler, mysal üçin, wiskoza, poliester süýümi bilen garyşdyrylyp, düýbünden täze önümler öndürilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, öndürilýän taýýar önümleriň hemmetaraplaýyn isleg ödeýiş häsiýetlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Arassa tebigy süýüm taýýar önümli gigiýeniki (çyglylygy kabul edip bilijilik, howa geçirijilik we ş.m.), himiki süýümler bolsa mehaniki häsiýetlerini (berkligini, sürtülmä çydamlylygyny, berlen şekili saklap galmak ukybyny we ş.m.) ýokarlandyrmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Bu günki günde Türkmenbaşy, Gökdepe we Aşgabat dokma toplumlarynda eksporta niýetlenen ýokary hilli harytlar öndürilip başlandy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Diýarymyzda täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berildi. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 25-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açylyp, ulanmaga berlen dokma toplumyny görkezmek bolar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dokma toplumlarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de olaryň çig mal serişdeleriniň golaýynda gurulmagy kärhanada ugurdaş önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär, harytlaryň düşewüntliligine hem-de ahyrky bahasyna täsir edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, dünýä tejribesinde ulanylýan «klaster» syýasatynyň milli Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Kaka etrabynda ulanmaga berlen täze dokma toplumynyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda inçe süýümli pagtadan 3 müň 650 tonna ýokary hilli, kompakt penýe görnüşli nah ýüplügini, 12 million inedördül metr ýokary hilli egin-eşiklik matalary, şol sanda 10 million inedördül metr boýalan matany hem-de 1, 2 million sany taýyn tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Toplumda ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önüme çenli tehnologik işleriň birnäçesini öz içine almak bilen, egriji, dokma, boýag we tikin bölümlerini özünde jemleýär.

Kaka etrabyndaky dokma toplumy üçin ulanyljak esasy çig mal «kompakt penýe» diýlip atlandyrylýar. Onuň aýratynlygy inçe süýümli pagtany egirmegiň daraklamak usulynda taýýarlanmagydyr. Olardan öndürilen matalar, trikotaž önümler ýokary tekizlikde bolup, iň ýokary hil häsiýetlerine, şeýle-de ýüpek matalar ýaly ýumşak, berlen şekili saklap galmak ukybyna eýedir. Sürtülmä çydamly, ýygyrt atmak häsiýeti ýok, ýuwlanda girmeýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, uly isleg bildirilýän, dürli görnüşdäki eksporta niýetlenen batist, markizet, perkal, tafta, gipýur we beýleki matalar bolup, olardan sanly ulgamyň ýardamynda taýýar önümleri öndürmek mümkinçiligi bar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty hem-de innowasion esasda ýerine ýetirilýän işler netijesinde bar bolan önümçilik kärhanalarynyň durkunyň täzelenmegi, täze, döwrebap kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, işine ezber hünärmenleriň taýýarlanmagy, häzirki zaman marketinginiň inçe syrlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy dünýä bazarlarynda türkmen dokmasynyň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga we onuň abraýly ornuny tapmagyna mümkinçilik döredýär.

Çerkez ATAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing kafedrasynyň müdiri, professor.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44228

22.10.2021
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, energetika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

ÝB-niň tarapyndan duşuşyga Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça müdirliginiň direktory Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Özara hereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik gepleşikleriň hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda söwda-ykdysady özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Taraplar şeýle-de ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny hem aýratyn belläp geçdiler.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasly, hususan-da Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky maslahatlaşma duşuşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň aýratyn alnan ugurlary boýunça gatnaşyklaryň, şol sanda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky sebitara özara hereketleriň yzygiderli häsiýete eýedigi beýan edildi.

Söwda, energetika, ulag, kommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, haryt dolanşygyny artdyrmagyň, şeýle-de Türkmenistanyň we ÝB-niň ýurtlarynyň işewürlik-düzümleriniň arasyndaky özara hereketleri has hem ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.

Şeýle-de, ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş we oba hojalygy ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilişine seredilip geçildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi



21.10.2021
Türkmen-russiýa ykdysady forumy

Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi.

Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işi, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň, işewür düzümleriniň derejesindäki gatnaşyklar bu gezekki ykdysady forumy geçirmäge itergi berdi.

Şu gün geçirilen türkmen-russiýa ykdysady forumy netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň has amatly geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

Foruma Russiýa tarapyndan birnäçe ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, söwda, senagat, dokma önümçiligi, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyngurluşyk, logistika we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, eksport ugurly önümleri öndürýän kärhanalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Bu foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, dürli ugurlardaky bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek, Russiýanyň işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýän birnäçe iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak, ykdysady ulgamda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat merkezleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Bu gezekki foruma Russiýanyň 50-den gowrak sebitleriniň we şäherleriniň söwda-senagat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň işiniň dowamynda eksport hem-de maýa goýum kuwwatlyklaryny giňeltmegiň şertleri we onuň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň täze şertlerde maýa goýum taslamalaryna, ykdysady gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryna seljerme berildi.

Işewür duşuşygyň maksatnamasyna senagat we gurluşyk önümçiligi, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, obasenagat, enjamlaryň önümçiligi, dokma önümçiligi ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Iki ýurduň iri kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleri ýokarda agzalan pudaklar boýunça özleriniň eksport kuwwatyny we import boýunça bildirýän gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň eksport-import çärelerini kadalaşdyryjy işi bilen tanyşdyryldy.

Işewür duşuşygyň dowamynda Hazar sebitinde logistik merkez hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.

Telekeçilik düzümleriniň derejesinde gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekki russiýaly hyzmatdaşlar hususy işewürligi ösdürmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri guramak üçin, Türkmenistanda döredilen şertler bilen tanyşdyryldy.

Onlaýn-foruma gatnaşyjylar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, şu gezekki duşuşygyň ykdysady hem-de aň-paýhas kuwwaty has doly peýdalanmak maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolandygyny nygtadylar.

VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44022

21.10.2021