Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barha giň gerime eýe bolýar. Geçirilýän ykdysady özgertmeler, täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň depginli ösüşinde esasy şertleriň birini emele getirýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, türkmen döwleti ösen senagatly we häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary bolan ýurda öwrülýär. Şeýle özgerişi, ilki bilen, Diýarymyzda ozaldan bar bolan senagat merkezleriniň durkunyň täzelenişinde we bu ugurda täze merkezleriň döredilýändiginde görýäris. Bularyň ählisi döwletimiziň geljekki ösüşlerinde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň senagat pudagynyň has-da pugtalanmagyna getirýär.
Mälim bolşy ýaly, senagat pudagynyň, aýratyn hem gaýtadan işleýän senagatyň ösüşi iş orunlarynyň artmagynyň esasy şertleriniň biridir. Ol bazaryň ösüşine, ýurduň eksport mümkinçiliginiň artmagyna-da ýardam berýär. Ýurduň ykdysady ösüşi bolsa onuň pudaklaryna goýberilýän maýa goýumlary bilen berk baglanyşyklydyr. Islendik pudaga goýberilýän maýa goýumyň başdaky maksadynyň dogry kesgitlenilmegi, onuň özleşdirilişinde ulanylýan usullaryň takyk saýlanylmagy hem-de soňky netijäniň garaşylýan derejede gazanylmagy oňyn ösüşe getirýär. Diýmek, maýa goýumyň düzüminiň hem kämilleşmesi bolup geçýär. Maýa goýumlaryň möçberidir düzümi ykdysady ösüşiň durnukly we sazlaşykly bolmagyny, esasy gorlaryň yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda täzelenip durulmagyny, ýurduň ykdysadyýetiniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär. Maýa goýumlaryň öz wagtynda we ýerlikli ýerleşdirilmegi hem ulanyşa tabşyrylýan gurluşyk desgalarynyň hili, ilkinji nobatda, maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň anyk saýlanyp alynmagyna we bellenilmegine bagly bolup durýar. Şu ýagdaýda döwlet ýurduň içinde maýa goýmak üçin amatly şertleri döretmek we hojalygy ýöretmegiň şertlerini yzygiderli kämilleşdirmek arkaly iri maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň durnukly çeşmelerini döretmäge ýardam bermek bilen, ykdysady gatnaşyklary rejeleýän we kadalaşdyrýan esasy güýç bolup çykyş edýär. Ilatyň pul girdejileriniň artdyrylmagy, iş üpjünçiligi, iş şertleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, zähmet öndürijiliginiň düýpli ýokarlandyrylmagy, öndürilýän önümleriň hil taýdan halkara ülňülere laýyk getirilmegi, taýýar önümleriň eksportynyň köpugurlylygy oňaýly senagat we maýa goýum syýasaty netijesinde emele gelýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň netijeliligini ýokarlandyrmakda senagatlaşdyrmak işine uly ähmiýet berilýär, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär, täze gözýetimler açylýar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň ýurduň ösüşi, halkyň bagtyýar, abadan durmuşy baradaky tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gurbansoltan KAIROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44230