Sanly gurşaw we durmuş goraglylygy

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksatlarynyň biri hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işinde iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň barha işjeň ulanylmagynyň möhümdigini örän çalt depginlerde ösýän döwür görkezýär. Durmuşyň ösüş depginleri ýylsaýyn ýokarlanýar, şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda maglumatlaryň möçberi artýar. Bu bolsa degişli düzümleriň iş guraýyşlarynyň özgerdilmegini şertlendirýär.

Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işine sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hyzmatlary amala aşyrýanlara we olary sarp edijilere ykdysady taýdan hem peýda getirýär. Sebäbi sanlylaşdyrma hadysasynyň hasaplaýyş kuwwaty netijesinde maglumatlary toplamak, saklamak, seljermek, gaýtadan işlemek we hödürlemek üçin sarp edilýän hyzmatlaryň gymmaty ep-esli pese düşýär, tor ulgamlary arkaly durmuş çygrynyň awtomatik häsiýetdäki işine gatnaşýanlaryň ählisinde ykdysady taýdan işjeňlik ýokarlanýar.

Barha giň gerim alýan innowasion tehnologiýalar durmuş-ykdysady işiň köp görnüşlerini özgerdýär. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrylýan özgertmelerde döwletiň jemgyýetçilik birleşikleri bilen hyzmatdaşlygy elektron hyzmatlary ulgama ornaşdyrmagyň we olary dolandyrmagyň kämil çemeleşmelerini bilelikde işläp taýýarlamaga, şeýle hem iň gowy tejribeleriň ykdysady seljermesini geçirmäge, ylaýta-da, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, jemgyýetçilik birleşiklerine öz işleri bilen döwlet häkimiýet edaralaryna durmuş taýdan ähmiýetli we jemgyýete peýdaly maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmakda ýardam edip bilmekleri babatda ygtyýarlyklar berlendir.

Sanly gurşawa ynam hem-de amatly guramaçylyk we kadalaşdyryjy hukuk şertlerini döretmek arkaly milli işewürlik bileleşiklerini, şol sanda hususy bölegi we raýatlary sanly ykdysadyýeti emele getirmäge işjeň çekmek üçin şertleri döretmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde intellektual tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk guralynyň hereket etmegi üçin amatly hukuk binýadyny emele getirmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlarynyň we wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Bu we beýleki işlerde bäsdeşlige ukyplylyk barha uly ähmiýete eýedir.

Bäsdeşlige ukyplylyk uzak möhletleýin döwürde bäsdeşlere garşy durmagy we amatly çykdajylar bilen, sarp edijileri özüňe çekmegi aňladýar. Ol diňe harytlara, hyzmatlara degişli bolman, kärhana, sebite, milli ykdysadyýete, şeýle-de hünärmene hem degişli bolup bilýär. Sanly ykdysadyýetiň hünärmen üpjünçiligini nazara alyp, intellektual tehnologiýalar ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamak, ilata sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlary guramak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ol adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda hem möhüm orny eýeleýär. Çünki täzeçil intellektual tehnologiýalary ulanyp bilmegi başarmak maglumat jemgyýetini döretmegiň esasy şertidir.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işleri ylmy esasda ösdürmek, häzirki zaman ylmyndan, täzeçil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak ylmy-tehniki ösüşiň wajyp ugrudyr. Ylmy we innowasion işleriň çygrynda hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny, olaryň hünärleriniň ýokarlandyrylmagyny guramak döwlet derejesindäki wezipe hökmünde kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça esasy çäreleri şu meseläni çözmezden amala aşyrmak mümkin däldir, sebäbi sanly ykdysadyýetiň hünärmen üpjünçiligi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde, hünärmenlerden innowasion tehnologiýalary ulanmak babatda zerur bolan bilimleri we tejribe ähmiýetli endikleri ele almagy talap edýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralary tarapyndan guramalar we adamlar üçin dürli ugurlar boýunça elektron görnüşdäki hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, durmuş goraglylygy ulgamynyň işgärleriniň bu ugur boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak köpmaksatlylygy bilen tapawutlanýar, dolandyryşyň ähli derejesini (ýurt, welaýat, şäher, etrap) öz içine alýar.

Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda hem uly ähmiýete eýedir, ol durmuş-ykdysady taýdan ösüş üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly onuň işiniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, köne iş usullaryny yzygiderli aradan aýryp, sanly tehnologiýaly durmuş pudaklaryny ösdürip, elektron hyzmatlary döretmegiň hasabyna, durmuş goraglylygyna gatnaşyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly bolmagyna, durmuş hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegine, ilkinji nobatda, adamlaryň wagtynyň tygşytlanmagy netijesinde olaryň durmuşynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işiniň çalt depginlerde sanlylaşdyrylmagy hem-de häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň zerur şertidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we ilatyň sanly intellektual tehnologiýalardan has netijeli peýdalanmaklary üçin şertleri döretmek bellenildi we bu ugurda yzygiderli tagalla edilýär.

Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň esasy maksady zähmet işini täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryny emele getirip, hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmekden, olary aňrybaş derejede amatly ýagdaýda ýola goýmagyň hasabyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek döwletimizde alnyp barylýan durmuş syýasatynyň baş ýörelgesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edaralarynyň işiniň ylmy-usulyýet binýadyny döretmegiň hem-de durmuş hyzmatlaryny ylmy esasda sanlylaşdyrmagyň zerurlygy artýar.

Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edaralarynyň işinde ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion usullaryň we döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň ulanylmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda esasy orny eýeleýär. Degişli edaralaryň işine maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde pensiýalary we kömek pullaryny hasaplamak hem-de bermek işi ep-esli kämilleşdirildi. Şol tölegler degişli bank kartlaryna geçirilýär. Indi kartlaryň eýeleri pul serişdelerini bankomatlardan nagt görnüşde bökdençsiz alyp bilýär ýa-da islendik töleg amallaryny kartlaryň üsti bilen ýerine ýetirýär. Kartyň eýeleri üçin goşmaça hyzmatlaryň girizilmegi bilen, ýaşulularda uzak aralykdan durmuş meseleleriniň köpüsini çözmek mümkinçilikleri peýda bolýar. Saglyk ýagdaýy we beýleki sebäplere görä, bank kartlaryndan peýdalanyp bilmeýän pensionerlere pul serişdeleri nagt görnüşde öýlerine eltilip berilýär.

Jemgyýetiň ähli ugurlarynda innowasion serişdeleriň giňden peýdalanylmagy durmuş goraglylygy çygrynyň edaralarynyň işini sanlylaşdyrylan ulgamlara geçirmekde ähmiýetlidir. Şunda onlaýn serişdeler arkaly elektron hyzmatlaryň ýola goýulmagy häzirki döwürde möhüm zerurlykdyr hem-de ähli işleri oňat guramaga, utgaşdyrmaga we olaryň netijeliligine, hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän döwrebap guraldyr.

BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibiniň wajyp ugry we adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ýurduň ilatynyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny sanlylaşdyrmak wezipesine möhüm ornuň degişlidigini görkezýär.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44233