Beýleki habarlar
Syýasat
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
20.11.2024
Syýasat
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.11.2024
Syýasat
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.11.2024
Syýasat
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
13.11.2024
Syýasat
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.11.2024
Bedew batly beýik işler
22.10.2021
2021-nji ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri
- Halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgat boldy. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar boýunça öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 16,7 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 12,3 göterim ýokary boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haklary 10,5 göterim köpeldi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 17,9 milliard manada ýetdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmäge meýilleşdirilen 275 desgadan 37-siniň gurluşygy tamamlandy, 165-siniň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,1 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamada» kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Şu döwürde düýpli maýa goýumlarynyň 1 milliard 764 million 389 müň manatlygy özleşdirildi. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat pudagynda önümleriň köp görnüşiniň öndürilýän mukdary artdy. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda we obasenagat toplumynda oňat makroykdysady görkezijiler gazanyldy. Döwlete degişli bolmadyk ulgamda hem oňyn netijelere ýetildi.
- Nebiti gaz kondensaty çykarmak hem-de nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada maglumat berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 108,4 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 123,5 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 136,2 göterim ýerine ýetirildi.
- Gurluşyk we senagat toplumynda önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 126,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda önüm öndürmek boýunça işler 112,2 göterim ýerine ýetirildi. Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna 124,9 göterim amal edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 111,6 göterime deň boldy, ony eksporta ibermegiň ösüş depgini bolsa 134,5 göterime ýetirilip, meýilnama degişlilikde 113,3 göterim we 178,1 göterim berjaý edildi.
- Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 119,3 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 116,9 göterime deň boldy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,1 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-sentýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 131,7 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 144,3 göterime barabar boldy.
- Hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesli milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemek işleri dowam etdirildi. Umumybilim edaralarynda okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Talyplar, şeýle-de mekdep okuwçylary halkara olimpiadalaryna gatnaşdylar we altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara eýe boldular. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtly alymlaryň, halkara guramalaryň we dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuw maslahatlary hem-de halkara ylmy maslahatlar guraldy. Hormatly Prezidentimiziň Bilimler güni mynasybetli 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagy mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar üçin nusgalyk watançylyk dersine öwrüldi. Şol gün ähli bilim edaralarynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dabaraly nyzamlar we ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Milli Liderimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylarynyň 161 müň 739-syna «Bilimli» atly kompýuterler gowşuryldy.
- «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň hasabat döwründe dürli medeni çäreler, media forumlar, onlaýn duşuşyklary, konsertler hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna we ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanylan dabaralar geçirildi. Şeýle hem şanly seneler mynasybetli medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.
- Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime deň boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,5 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 133,1 göterim berjaý edildi. Düýpli maýa goýumlary esasan döwlet maksatnamalarynda gurluşygy meýilleşdirilen oba we suw hojalygy desgalarynyň bina edilmegine gönükdirildi. Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,2 göterim berjaý edildi.
- Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýanwar-sentýabr aýlarynda degişli işler geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar, duşuşyklar we gepleşikler aýratyn orun eýeleýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary we Täjigistanyň Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolup, hormatly myhman hökmünde ŞHG-ä agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Onlaýn tertibinde Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen YHG-niň 14-nji sammitine, Türki dili döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna hormatly myhman hökmünde BMG tarapyndan guralan maslahata, YHG-niň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. 22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine wideo arkaly ýüzlendi. Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 54 wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 30-sy daşary ýurtlara iberildi.
- Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 40-sy, dürli ulgamlarda işleri kadalaşdyrýan Mejlisiň kararlarynyň 47-si kabul edildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, käbir hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzir Mejlisiň iş toparlarynda birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. BMG we onuň düzümleri, beýleki iri halkara guramalary bilen parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri sanly ulgam arkaly guralan birnäçe iri halkara çärelerine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşdylar.
- Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny üstünlikli garşylamak ugrundaky zähmet joşguny ykdysadyýetimizde ýokary görkezijileriň gazanylmagyny kesgitledi. Şeýle tutanýerli işleriň netijesinde, jemi içerki önümiň 6,2 göterim möçberde ýokary ösüşi saklakdy. Daşary söwda dolanyşygy 12,3 göterim artdy we 9 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Eksportyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim artdy we 6 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Iň esasysy bolsa, eksportyň möçberi, ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda, 50 göterime golaý artdy.
- Iri halkara hem-de içerki taslamalary amala aşyrmak dowam edýär. Şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi. Häzir ýurdumyzda bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2500 sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we abadanlaşdyrmagy, esasy gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, ýollaryňdyr uly köprüleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny görkezmek bolar.