Dostlary birleşdirýän ýollar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän iri möçberli işler bu günki gün sebit, dünýä möçberinde giň goldaw-hormata eýe bolýar. Ajaýyp zamanamyzyň bagyş eden ösüş-özgerişlerine dünýä jemgyýetçiligi, iri halkara guramalary tarapyndan berilýän ýokary bahalar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleriniň Liderleri bilen geçirýän duşuşyklary, telefon arkaly gepleşikleri hem şol gatnaşyklaryň barha pajarlaýandygynyň, ýurdumyzyň halkara derejesindäki şowly gadamlarynyň geljeginiň uludygynyň subutnamasyna öwrülýär. Muňa milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň dowamynda dünýä jemgyýetçiligi ýene bir ýola göz ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy. GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirmek däbe öwrülen resmi däl duşuşyklary geçilen menzillere nazar aýlamaga, geljekki maksatlary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

GDA döwletlerini taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Hut şonuň üçinem ýylyň dowamynda GDA gatnaşyjy ýurtlar bilen aýry-aýrylykda dowam edip duran dürli derejedäki gatnaşyklar bu jebisligiň mäkämleşmegine ýardam berýär. Gatnaşyklaryň şeýle jebis häsiýete eýe bolmagyny goňşy döwlet hökmünde emele gelýän umumy meseleler, ykdysady baglanyşyklar hem şertlendirýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň islendik mesele babatda çözgüt salgy berýän başlangyçlary öňe sürmegi indi döwletara gatnaşyklarda adaty ýagdaýa öwrüldi.

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl duşuşygynda-da Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklipleri gönüden-göni Arkalaşygyň işine täze itergi bermek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýy nazara alanyňda, ylmy lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary bilen baglanyşykly başlangyçlaryň ähmiýeti öz-özünden düşnüklidir. Munuň özi diňe bir aýratyn alnan ýurduň ýa sebitiň däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen tekliplerdir.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwletleriniň arasynda ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleri ugry boýunça umumy çemeleşmeleri we usullary işläp taýýarlamak üçin özara gatnaşyklaryň has netijeli gurallaryny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Arkalaşygyň içinde hem-de beýleki döwletler we halkara ykdysady birleşikler bilen özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap ugurlarynyň hem nusgalarynyň zerurdygy barada yzygiderli nygtamagy her bir başlangyjynda tutuş adamzadyň bähbidini nazarlaýan Lideriň ýoludyr. Şeýle teklibi milli Liderimiz şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde eden çykyşynda hem öňe sürüp, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekipdi. Bu pikiriň aňyrsynda bolsa ähli ynsanlaryň bähbidine gönükdirilen işlerde tagallalaryň birikmegi baradaky pelsepewi garaýyşlar dur.

Sammite gatnaşan döwlet ýolbaşçylary milli Liderimiziň teklipleriniň durmuşa geçirilmeginiň sebitde, umuman, Arkalaşygyň çäklerinde oňyn netije berjekdigini bellediler.

Bähbitler bir bolanda garaýyşlar hem birigýär. GDA gatnaşyjy ýurtlar umumy bähbidi — halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, medeni-ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegi nazarlaýar. Bu bolsa maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyny şertlendirýär. Geljekde dostlukly gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşjakdygyna biziň ählimizem ynanýarys.

Goý, Garaşsyz Diýarymyzy dost-doganlyk ýollary bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş-syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.