Arkadagyň döwletli sapary

Döwlet Baştutanymyz Täze ýylyň ilkinji iş saparyny tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki hatarda durýan «Galkynyş» gaz käninden başlady. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde bolmak bilen, gazçylaryň, geologlaryň, burawlaýjylaryň alyp barýan döwletli işleri bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň öri meýdanynda-da bolup, çopanlaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Milli Liderimiziň nobatdaky iş saparyndan göwünleri galkynan ildeşlerimiz döwlet tarapyndan edilýän aladalar üçin öz hoşallyk sözlerini şeýle beýan etdiler:

Döwran ÝAZLYÝEW,
Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çopany:

— Özümi dünýädäki iň bagtly adamlaryň biri hasaplaýaryn. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen täze ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň mübärek Şa gadamy çopan goşumyza düşdi. Bu ajaýyp pursat meniň we maşgala agzalarymyň hem-de kärdeşlerimiň hiç haçan ýadyndan çykmaz. Hydyr gören bereketli çölde — Garagum sährasynda milli Liderimize duşaryn, onuň bilen bir supranyň başynda oturyp, duz-emek bolaryn diýip, ýatsam-tursam pikirem etmändim. Gahryman Arkadag bilen ýüzbe-ýüz oturyp didarlaşmagyň özi uly bagt.

Biz hormatly Prezidentimiz biziň bilen ýürekdeş gürrüň etdi, hal-ahwal soraşdy. Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary barada sorady. Alyp barýan işim, çopançylyk kärim, gün-güzeranym bilen gyzyklandy. Men dowar bakýaryn, iri şahly mallarym hem bar. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmek, halal zähmet çekip baýamak üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredilen.

Pederlerimiziň «Myhman öz rysgy bilen geler» diýip aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz hem öz rysgy, döwleti bilen geldi. Milli Liderimiziň mübärek gadamynyň düşen güni Garagum sährasyna ýagmyr ýagdy. Siňňin ýagan ýagyş — döwletlilikden, rysgallylykdan nyşan. Ygalyň düşmegi bilen sähranyň ot-çöpi ýumşap, mallary has-da oňat gyşlatmaga mümkinçilik döretdi.

Hormatly Prezidentimiz bilen didarlaşmak bizi täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Bu ajaýyp duşuşygy men hiç wagt ýadymdan çykarman. Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw edýärin.

Muhammet SAPARMYRADOW,
«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň baş geology:

— Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy «Galkynyş» gaz känine düşdi. Täze ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz bilen iş üstünde didarlaşmak biz — gazçylar, geologlar, burawlaýjylar üçin uly bagt. Milli Liderimiz bu ýerde gurlan kuwwatly kärhanalaryň, şeýle-de geologlaryň, burawlaýjylaryň amal edýän işlerini ýakyndan synlady. Gaz käninde durmuşa geçirilýän asylly işleri öňe ilerletmek barada edilen gürrüňler, berlen tabşyryklar, görkezilen çyzgylardyr taslamalar zähmete höwesimizi artdyrdy. Biz hem «Galkynyş» gaz käniniň meýdanlarynda bar bolan ulanyş gaz guýularyny burawlamakda we olardan täze gaz akymyny almakda öndürijilikli zähmet çekýäris. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň bosagasynda hem müdirligimiziň zähmetsöýer burawlaýjylary bu ýerdäki 289 belgili ulanyş gaz guýusynda döwrebap işleri durmuşa geçirdiler. Olar guýuda 4 müň 471 metr çuňlugy burawlamak bilen, tebigy gazyň täze akymyny aldylar. Bu guýy her gije-gündiziň dowamynda 2 million 122 müň kub metr gaz berýär.

Döwlet Baştutanymyz «Galkynyş» gaz käninde iş sapary bilen bolanda geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeň alyp barmagyň, täze nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginlerde dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuwlady. Biz geljekde-de gözlegli we döredijilikli işlemek bilen, hormatly Prezidentimiziň gazçylar, geologlar, burawlaýjylar barada edýän atalyk aladasyna öndürijilikli zähmetimiz bilen jogap bereris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Taýýarlan Welmuhammet GALANDAROW. «Türkmenistan».