Halkyň ýürek sesi

Hoş niýet, ýagşy umyt ynsany durmuş ýolunyň geljekki menzillerine ruhlandyrýar, göwnüni ganatlandyrýar. Ine, şonuň üçinem biz her ýyly uly arzuwlar, päk niýetler bilen garşylaýarys. Bir-birege, tutuş adamzada, dünýä ýüzüne iň gowy zatlary arzuwlaýarys. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň soňlanyp barýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş» atly şygry-da tutuş ynsanyýete, bu owadan barlyga hoş niýetleriň çemeni bolup ýüreklere doldy.

Bir-birege dünýädäki iň gowy zatlary arzuw etjek bolsaň, Gahryman Arkadagymyzyň ylham akabasynyň üsti bilen dünýä dolan bu şygry okap beräýmeli. Ol sözler ynsanyň kalbynda dünýä döräp orun alan iň bir ýagşy dilegleriň beýany. Bu sözüň üsti bilen döredilen sungatyň — parahatçylyk aýdymynyň hut täze ýylyň bosagasynda halkymyza ýetirilmegi bolsa her birimizde geljegiň röwşenligine bolan ynamy goşalandyrýar.

Halkyň ýüreginden orun almak — egsilmez söýginiň eýesi bolmak diýmegi aňladýar. Sebäbi ol söýgi eneleriň, çagalaryň, ulularyň, kiçileriň... iň bir arassa duýgusyndan kemala gelýär. Hut şol söýginiň beýany hökmünde hem halkymyz geljek ýylymyzyň şygarynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy baradaky islegini äşgär etdi. Halkymyzyň bu islegini kanagatlandyrylandygy hakyndaky habar her bir türkmenistanly üçin Täze ýyl sowgady boldy. Munuň özi ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän özgerişlikleriň ylhamdary, bizi ýeňişlerden-ýeňişlere sary ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyza uly söýginiň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň adynyň halkyň ýüreginde iň ajaýyp aýdym bolup orun alandygyna bu günki gün Diýarymyzyň çar künjeginde 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşykly geçirilýän dabaralarda hem ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Şeýle bagtyýar pursatlarda bir zat barada pikir edýärsiň: geljek ýylyň ady tutuş zamanamyzyň ynsanlarynyň ýürek beýany. Sebäbi biziň her bir ýylymyz halkyň Arkadagly zamanasynyň joşgunynyň güýji netijesinde ýeňişlere beslenýär. Bizi üstünliklere alyp barýanam Arkadagly zamanamyzyň gudratly güýji. Şonuň üçinem täze ýylymyzyň öňkülerden has belent bada eýe boljakdygyna biziň her birimiz ýürekden ynanýarys.

Aslyýetinde bars — ýyndam jandar. Diýmek, hut bars ýylynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda-da döwrümiziň belent bady dur. Ol belent bat bosagada duran ýylymyzy görkana pursatlara beslär.

Biz — mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň her bir amala aşyrýan täzeçilligini, zamanamyzyň özgerişlerini ýaş nesliň kalbyna many şireliligi bilen ýetirmegi özümiziň iň mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Munuň özi ýaşlarda watançylyk ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Sebäbi zamanamyzyň joşguny ýaşlarymyzyň kalbyna siňip, olary geljekde uly-uly sepgitlere atarýar. Şu hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp durmuş mekdebidir. Her birimiziň kalbymyzy joşguna besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda her bir öý şatlykdan, hoş habardan dolup dursun!

Jeren ÝOLLYÝEWA,

Serdar şäherindäki 7-nji orta mekdebiň mugallymy.