Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary

AŞGABAT — MARY, 3-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Milli Liderimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Mary welaýatyna tarap ugur aldy.
Döwlet Baştutanymyz uçuş wagtynda ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň mazmuny bilen tanyşdy. Gündogar senenamasy boýunça bars ýyly bolan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde täze ýylyň her bir pursadynyň ähli ulgamlarda täze, uly üstünliklere beslenmegi üçin milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet öndürijiligi artýar.
Döwürleýin neşirleriň sahypalarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň beýik maksatlary nazarlaýan tagallalaryny giňişleýin gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Metbugat makalalarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ilaty “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen özboluşly, çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän ýylda wajyp ýeňişleri gazanmak ugrunda öndürijilikli zähmet çekýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda telefon arkaly jaň edip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini kämilleşdirmek, onuň işine dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek üçin hemme tagallalar edilýär. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.
Şu pursatda ýagyp başlan ýagyş gowulygyň nyşanyna öwrülip, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň hem-de şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli başlangyçlarynyň üstünlige beslenjekdigini alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, ol sebitleri we tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde örän möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz guşuçar belentlikden gözýetime çenli uzap gidýän sähra giňişligini synlady. Gyş paslynyň tenekar ygaly düşen Garagum sährasynda, onuň ösümlik dünýäsinde ynsan kalbyna oňyn täsiri bolan ýakymly görnüşler emele geldi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra ekerançylyk meýdanlaryny synlady. Täze ýylyň ilkinji günlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýän meýdanlarda eýýäm halkymyzyň rysgal-berekedi bolan ýaşyl maýsalar peýda boldy. Ýagan ýagyş ösümlikleriň ösmegine ýardam berip, bereketli hasylyň girewi bolup durýar.
Şonuň bilen birlikde, sähranyň giňişligindäki belent başly wyşkalar türkmen topragynyň her bir künjeginiň tebigy baýlyklara eýedigine şaýatlyk edýär. Ýerasty känleriň özleşdirilmegi hem-de onuň gaýtadan işlenilip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine gönükdirilmegi milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Şunda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär.
Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär.
Bu strategik ulgamda giň möçberli taslamalaryň başyny başlap, olary yzygiderli amala aşyrmak arkaly, ýurdumyz sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýyna we talaplaryna kybap gelýän energiýa howpsuzlygynyň bitewi, ählumumy binýadynyň döredilmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar milli Liderimiziň bu ugurdaky netijeli başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň wajypdygyny we şolara islegleriň uludygyny tassyklaýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary iri “Galkynyş” gaz käniniň ýanyndaky meýdança gondy.
Häzirki döwürde ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, oňa täzeçil usullary, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, aýratyn-da, nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmäge giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny tehniki we tehnologik taýdan kämilleşdirmek üçin hemme çäreler görülýär. Bu bolsa “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, ýygnamak, gaýtadan işlemek hem-de tebigy gazy ugratmak ýaly işleriň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň dowamynda edara binasyna bardy. Onuň ikinji gatynda bu sebitde hünärmenleriň hasaplamalaryna görä ýüze çykarylan, ägirt uly gorlara eýe bolan tebigy känler, olary özleşdirmegiň ugurlary barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar, birnäçe taslamalaryň görnüşleri goýlupdyr.
Çyzgylardan görnüşi ýaly, dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda iň baý uglewodorod gorlaryny netijeli ulanmaga degişli wezipeleri çözmekde, bu pudakda daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa energiýany işlemekde iň öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek, onuň gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak boýunça häzirki zaman ylmynyň ösen tejribelerini özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Aýratyn-da, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň ylmy-barlag işleriniň döwrüň talabyna laýyk gelmegini ýola goýmak meseleleri barada habar berildi.
Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri, bu ugurda ulanylýan ylmy tejribeleriň aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý känleri ýüze çykarmak işi ylmy çemeleşmäni talap edýär.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy pudagy ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri, ony netijeli özleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de iberilýän ugurlaryny köpeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, toplumyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem täze nebitgaz guýularyny burawlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen çyzgylar, täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz senagatda ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ulanylmagy Garaşsyz döwletimiziň rowaçlanmagynyň bähbidi ugrundaky işlere, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagyna hem-de halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip belledi. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljegi uly hasaplanylýan “Günorta Mary” meýdançasyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, bu sebitde gaz guýularynyň buraw işlerine täzeçil usullar arkaly çemeleşilmelidir. Munuň özi tebigy gazyň gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň baş şerti bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kub metr hasaplanan “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda, uzak geljegi nazarlaýan anyk taslamalar arkaly özleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň beýleki gaz känleri hem düýpli özleşdirilýär.
Bu baýlyklary türkmen halkynyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak üçin biz köp işleri amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeň alyp barmagyň, täze nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginlerde dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Mary welaýatynyň çägindäki öri meýdanlary bilen tanyşdy hem-de bu ýerdäki çopan goşuna geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe aýratynlyklardan durýan bitewi ekoulgamy emele getirýän Garagumuň ajaýyplyklaryna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal hem birnäçe gezek belleýşi ýaly, türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi baýdyr hem-de köpdürlüdir. Özboluşly gözelligi bolan Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi onuň aýrylmaz bölegidir. Garagumuň giňişliklerinde gözel tebigatymyzyň baýlaşmagynda bejerijilik häsiýetli ösümlikleriň köp sanlysy ösüp ýetişýär. Ösümlikler ýurdumyzyň maldarçylygynyň ösdürilmeginde hem möhüm orny eýeleýär.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň dermanlyk ösümlikler bilen bejermek babatda köpasyrlyk däpleri giňişleýin öwrenilýär we iş ýüzünde işjeň peýdalanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň diňe bir türkmen lukmanlary üçin gymmatly gollanma öwrülmän, eýsem, halkara ylmy jemgyýetçilikde hem örän uly gyzyklanma döredendigi tötänleýin däldir.
Hormatly Prezidentimiz Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gaýtalanmajak hem-de özboluşly häsiýete eýedigini, sähranyň howa aýratynlyklaryny belläp, mähriban Diýarymyzyň tebigatyna aýawly garamagyň, ekologik medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Daşky gurşawy goramak döwletimiziň we jemgyýetimiziň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tebigy gurşaw milli mirasymyzyň möhüm bölegidir, çünki ilatyň saglygy, durmuş we ekologiýa abadançylygy özara ýakyn baglanyşyklydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşapdyr, ondan döredijilik ylhamyny alypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Dowar sürüsiniň ýanynda milli Liderimizi Ýolöten etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýew mähirli garşylady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopany täze ýyl bilen gutlady hem-de onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, netijeli iş alyp barmak üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.
Çopan Arkadag Prezidentimizi garşylamagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, milli Liderimiziň Şa gadamynyň bu ýaýlalara nur-bereket getirendigini — sähra giňişliklerine siňňin ýagyn ýagyp, meýdan ösümliklerine oňyn täsir edendigini, munuň bolsa dowarlaryň göwnejaý gyşladylmagynda aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.
Soňra ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşlikde çopan hemmetaraplaýyn edýän aladalary üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol aladalara maldarlar yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşmak bilen jogap berýärler.
Çopan oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, netijeli işlemek, döwrebap ýaşamak we oňaýly dynç almak üçin çopanlara hemme zerur şertleriň döredilýändigini belledi.
Çopanyň aýdyşy ýaly, süriniň önüminiň 50 göterimi özüne berilýär, şunlukda, döwlet derejesinde döredilýän şertler bagtyýar we abadan durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, onuň hojalygynda iri şahly mallar saklanýar, çagalar ekerançylyk bilen meşgullanýarlar, umuman, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarys diýip, çopan gürrüň berdi hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Türkmen halkynyň bu pudagyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köpasyrlyk däpleri bar. Maldarçylygyň pugtalandyrylmagy, onuň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň oba hojalyk toplumuny düýpli özgertmek strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda onuň köpugurly esasda ösdürilmegine, ylmy çemeleşmelere, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullarynyň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Soňky ýyllarda welaýatlarda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulýar, bu ugurda alnyp barylýan işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe belleýşi ýaly, döwletimiz mundan beýläk-de maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine we onuň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, içerki bazaryň ýokary hilli, dürli görnüşli et-süýt önümleri bilen doldurylmagyna mynasyp goşant goşýan zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berer.
Çopana döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat gowşuryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopana işinde üstünlik, maşgala abadançylygyny arzuw edip, bu ýerden dikuçarda Mary şäherine tarap ugur aldy.