Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän we özüniň öndürýän önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan önümçilikleriň biri-de «Bars» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanadyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasyna degişli bolan bu kärhanada öndürilýän konditer önümleri ak bazarlaryňdyr dükanlaryň, maşgala suprasynyň bezegidir.
Datlydan tagamly şokoladdyr kökeler we beýleki süýjülikler ilat arasynda hemişe uly islege eýe bolup gelýär. Muňa oňat düşünýän agzalan kärhananyň işçi-hünärmenleri hemişe täzeçilligiň gözleginde bolmak bilen, konditer önümleriniň täze-täze görnüşlerini öndürmek ugrunda tagalla edýärler. Olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň ýerine düşýändigine kärhanada önümçiligi ýola goýlan önümleriň görnüşiniň artýandygy hem şaýatlyk edýär. Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň özünde kärhanada täze önümiň, ýagny keksiň üç görnüşiniň we şokoladyň birnäçe görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýlelikde, kärhanada öndürilýän konditer önümleriniň görnüşleri onlarça ýetdi.
Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlangyjy esasynda agzalan kärhanada bolanymyzda işleriň gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýändigine şaýat bolduk. Kärhananyň işçi-hünärmenleriniň her biriniň ildeşlerimiziň toý saçagynyň berekedi ugrunda yhlasly işleýändigine guwandyk.
Kärhanada bize önümçilik işleriniň ýola goýluşy, öndürilýän önümleriň aýratynlygy barada gürrüň berildi. Şu günler kärhananyň önümçilik bölümlerinde, esasan-da, dürli tagamly keksler we şokoladlar öndürilip, göze gelüwli, owadan gaplara gaplanylýar.
Işler awtomatiki usulda alnyp barylýar we önümiň hiline ýörite enjamlar arkaly degişli hünärmenler tarapyndan gözegçilik edilýär. Bu bolsa, önümçilik işiniň döwrebap derejede alnyp barylmagynyň we hiliniň ýokary bolmagynyň esasy şertidir.
Ýörite habarçymyz.