Düýn Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe toplumynda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag-kommunikasiýalar agentliginde, nebitgaz, söwda, gurluşyk we senagat toplumynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahatlar geçirildi.
Täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza laýyk bolup, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumynda geçirilen maslahatda halkymyzyň täze, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklibiniň giň goldawa eýe bolmagynyň agzybirligiň hem bitewüligiň nyşanydygy bellenip geçildi. Watanymyzyň gülläp ösüşleri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Çykyş edenler halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşi ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag-kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahat hem 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlanyldy. Çykyş edenler pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy baradaky meseleleriň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny, munuň bolsa toplumyň işgärlerini beýik işlere ruhlandyrýandygyny bellediler.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýliň atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen maslahatda çykyş edenler toplumda netijeli işleriň amala aşyrylmagynda milli Liderimiziň beýik işleriniň görelde mekdebidigini nygtap geçdiler. Munuň özi döredijilikli zähmet çekmek, pudaga dünýäniň kämil enjamlaryny ornaşdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek ýaly giň möçberli çärelerdir.
Ýurdumyzyň söwda toplumynda geçirilen maslahatda çykyş edenler 2022-nji ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň tassyklanmasy halk bilen hormatly Prezidentimiziň bir jan, bir tendigini görkezýär diýip bellediler.
Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda geçirilen maslahatda çykyş edenler hem ýylyň şygaryny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakdaky teklibiň giň goldawa eýe bolmagynyň halkyň bitewüliginiň we agzybirliginiň aýdyň nyşanydygyny buýsanç bilen bellediler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösdürilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Milli ykdysadyýetimiziň toplumlarynda geçirilen maslahatlarda sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary bu dabaralara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.