29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançadaky Baş arçanyň töwereginde guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň bagtyýar çagalary üçin uly şatlyga öwrüldi. Bu pursatlar, aýratyn-da, Aşgabat şäherindäki 64-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ibraýym Rüstemow üçin has-da tolgundyryjy boldy.
Ol Täze ýyl arzuwlary hasyl bolan iň bagtly çagalaryň biridir. Çünki ýaşajyk Ibrahime öňňin ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde guralan Täze ýyl dabarasynda döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmak hem-de öz arzuwlaryny beýan etmek bagty miýesser etdi. Onuň Aýazbaba ugradan hatynda iki sany uly arzuwynyň bardygyny, olaryň biriniň bolsa özi bilen duşuşyp, bile surata düşmekdigini eşiden hormatly Prezidentimiz oglanjygyň bu arzuwyny uly höwes bilen ýerine ýetirdi we onuň ikinji arzuwy bolan welosipediň ertir Aýazbaba tarapyndan öýüne eltiljekdigini aýtdy.
Düýn Ibraýymyň ikinji arzuwyny hasyl etmek üçin bagtyýar maşgala ojagyna Aýazbaba bilen Garpamyk gelip, hormatly Prezidentimiziň sowgadyny — akja welosipedi gowşurdylar. Bu şatlykly waka Täze ýyl baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
— Ibraýym meniň ortanjy oglum. Ol häzir 5-nji synpda okaýar. Uly oglum Muhammetaly 8-nji synp, körpämiz Süleýman bolsa 1-nji synp okuwçylary. Olaryň ählisiniň hem okuwa ýetişigi gowy, Ibrahim hem 5-lik bahalar bilen okaýar. Okuwyndan daşary sporty gowy görýär. Birnäçe ýyl kikboks, suwda ýüzmek boýunça türgenleşiklere-de gatnaşdy.
Özüm telekeçilik bilen meşgullanýaryn. Maşgalam Maýagözel Rüstemowa öý hojalykçy. Ogullarymyz ene-atalaryna-da, 74 ýaşly kakam Amangeldi Artykowa-da el-aýak bolýarlar. Atalary hem olara hemişe öwüt-ündew berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýy Täze ýyl arzuwlarymyzy, baýramçylyk ruhumyzy ganatlandyrdy. Maşgalamyza garaşylmadyk serpaý eden milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun! — diýip, Ibraýymyň kakasy Döwlet Artykow ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Biz hem Ibraýymy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, durmuşynda şeýle bagtyýar pursatlaryň köp bolmagyny arzuw edýäris!
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.