Habarlar
«Döwletli — Döwranyň» döwrebap gadamlary

Her bir ýurduň ösüşi, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi onuň ykdysady kuwwaty bilen kesgitlenilýär. Watanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, sarp edilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmakda we görnüşini köpeltmekde döwlet eýeçiligindäki kärhanalar bilen bir hatarda hususy kärhanalaryň hem orny örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzy ösdürmekdäki baý tejribesinden netijeli peýdalanyp, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bu günki gün ýurdumyzyň telekeçileriniň we senagatçylarynyň işleri barha ilerleýär. Ine, şeýle kärhanalaryň hatarynda «Döwletli — Döwran» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan bezeg-keramiki önümlerini öndürýän, Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanasyny bellemek ýerlikli bolar. 

                                                                   

Işe girizilenine entek kän wagt hem geçmedik bu kärhananyň önümleri eýýäm dünýä bazarlaryna çykarylýar. Has takygy, bu kärhananyň önümleriniň ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen «KazBuild — 2022» halkara gurluşyk we interýer sergisine hödürlenilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Ispaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan bu kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriň hem aglabasynyň bu ugurdan ýokary bilimleriniňdir baý tejribeleriniň bolmagy önümleriň hil derejesiniň barha ýokarlanmagyna getirýär. 

                                                                   

Her günde 550 tonna, ýagny, 200 müň bişen kerpiç öndürmäge ukyply bolan bu kärhananyň esasy çig maly öz döwletimizden alynýar. Geljekde önümçiligiň gerimini has-da giňeltmegi, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýän «Döwletli — Döwranyň» agzybir işgärleri döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Atanyýaz HANGELDIÝEW

07.10.2022
Halkyň baky hakydasy bilen nesilleriň ruhy gymmatlyklarynyň ähmiýeti artýar

Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 

                                                                   

Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. 

                                                                   

Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýadygärlikler toplumynyň öňünde ýertitremede gurban bolan aşgabatlylaryň hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň hakydasyna ýatlama çäreleri geçirilýär. 

                                                                   

Biz şu gün — pajygaly Aşgabat ýertitremesiniň 74 ýyllygynda 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. Tebigy betbagtçylyk 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesdi, türkmen paýtagtyny weýran etdi. Şol pajygaly wakadan bäri näçe ýyl geçse-de, mähribanlary hem-de ýakynlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar, ýitgileriň yzasy hiç haçan aýrylmaýar. 

                                                                   

Ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän hem-de gaýduwsyz gahrymanlara uly sarpa, türkmen halkynyň öz geçmişine hormat goýmagynyň özboluşly nyşany bolup durýan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler. 

 Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança gelýär. Döwlet Baştutanymyz Milli goşunymyzyň merdana pederlerimiziň asylly däplerini dowam etdirijileri bolan edermen Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen ýodadan ýöräp geçýär. Döwletimiz esgerlerimize arassa asmanymyzy, parahatçylygymyzy we Garaşsyzlygymyzy goramagy ynandy. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. 


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy. 

                                                                   

Şu pursatlarda pajygaly gijede 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan garry atasy Berdimuhamet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk gurşap aldy. Bu ýere gelenler hasratly dymmak bilen, ýadygärlige tarap ýöräp ugraýarlar. 

                                                                   

Tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar. 

                                                                   

Bu gün türkmenistanlylar ýene-de bir gezek bilelikde ýitgileriň yzasyny çekýärler we dünýäniň hoşniýetlilik, parahatçylyk üçin döredilendigine ynanýandyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň häzirki güni nuranadyr, Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň häzirki keşbi ajaýypdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýan möhüm wezipeleriniň biri hem Aşgabady milli däpleriň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy ýörelgeleri esasynda ösdürmekden ybaratdyr. Giň gerimli taslamalar şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu taslamalar bolsa sebitiň hem-de dünýäniň iri işewürlik, ylmy, medeni, sport merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň täze eýýamynyň alamatlarydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, ilatymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine güýz gülleriniň çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde “baky ot” ýanyp dur. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertlik, harby borja wepalylyk, eziz Watanymyza çäksiz söýgini görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr. 

                                                                   

Soňra Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýýarlar. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşulýarlar. Sanlyja wagtyň içinde köp sanly gül desseleri ýadygärligiň öňüni örtýär. 

                                                                   

Eziz Watanymyz azatlyk, mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden ogullaryny we gyzlaryny hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Milletler Bileleşiginde öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada beýan edilen teklibi bellemek ýerlikli bolar. Bu resminama gurama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň gapma-garşylykly ýagdaýlary gepleşikler arkaly çözmäge ygrarlydygyny tassyklamaga gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistan 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürdi. 

                                                                   

Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwerlik däplerini aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka jaýyna gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralamaga «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gelenleriň ählisi bilen mähirli salamlaşýar. 

                                                                   

“Biz olaryň ruhlaryna bagyşlap, sadaka berýäris, aýat-töwir edýäris, Hatyra gününde öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berýän sadakalaryňyz, doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

 Soňra Türkmenistanyň müftüsi gurban bolanlaryň hatyrasyna tebärek çykdy. 

                                                                   

Asylly däplere laýyklykda, naharlar çekilýär. Bularyň ählisi häzirki nesillere ýol-ýörelge görkezýän parasatly ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Nahardan soň aýat-töwir okaldy hem-de Hatyra gününde öten-geçenlerimizi ýatlap berlen sadakalaryň, edilen doga-dilegleriň, aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy üçin dileg edildi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!” diýip, arzuw etdi we sadaka gatnaşýanlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady. Şu gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresi hem-de berlen sadaka parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Biz öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys, Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.

07.10.2022
Islegli harytlar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur almak bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça bellenilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralardyr kärhanalara optiki-süýümli kabeli çekilip, dokma pudagynda resminama dolanyşygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde elektron görnüşde alyp barmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Müşderileriň önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dokma önümleriniň görnüşleri has-da artdyrylýar, ýokary hilliligi üpjün edilýär. Mälim bolşy ýaly, şol kärhanalaryň birnäçesi öz önümleriniň söwda-satuwyny sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly ýörite döredilen web saýtlary we ykjam enjamlar üçin niýetlenen mobil programmalary arkaly ýola goýýarlar. Şeýlelikde, türkmenistanly we daşary ýurtly müşderiler üçin ähli türkmen brendleriniň harytlary barada web saýtlardan maglumat almak we önüm satyn almak mümkinçiligi döreýär. 

                                                                   

 Goý, ýurdumyzyň dokma pudagyny beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Jeren ATAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň esasy hünärmeni.

07.10.2022
Strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň binýadydyr

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky söhbetdeşligi 

                                                                   

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi. 

 — Salam, hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy! Ilki bilen, söhbetdeş bolmaga wagt tapandygyňyz üçin Size hoşallygymyzy bildirýäris. Ýakynda Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Pursatdan peýdalanyp, Sizi bu baýramçylyk mynasybetli ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Indi bolsa Size birnäçe sowal bilen ýüz tutmaga rugsat ediň! Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. 30 ýylyň dowamynda syýasy hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär, ýokary derejedäki özara saparlar ýygy-ýygydan guralýar. 2013-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 2021-nji ýylyň noýabrynda iki tarap hem «Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna» gol çekdi. Siz hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşine nähili baha berýärsiňiz? 

                                                                   

— Ilki bilen, bu söhbetdeşligi guramak baradaky başlangyjy üçin Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin. Hytaýyň özünde-de, onuň çäklerinden has uzakda-da millionlarça muşdaklary bolan şeýle abraýly we meşhur neşirler bilen aragatnaşyk, gürrüňsiz, iki ýurda has oňat düşünişmäge ýardam eder. Türkmenistanyň we Hytaýyň özara hyzmatdaşlygynyň esasy mazmunyna we häsiýetine, onuň ileri tutulýan ugurlaryna, mümkinçiliklerine has gowy düşünmäge şert döreder. 

                                                                   

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryna baha berşim barada aýdanymda, olara nusga alarlyk diýerdim. Bu ýerde hiç hili söz ulaltma ýok. Biziň döwletlerimiz özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýetilen derejesine guwanyp bilerler. Dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýuldy, düýpli hukuk binýady döredildi, Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda, partiýa we parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar has-da giňeldilýär. Iki döwletiňdir halkyň ýakynlaşmagy, onýyllyklary nazarlaýan dostlugyň, hyzmatdaşlygyň binýadyny berkitmek babatda hakyky, döredijilikli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri we mümkinçilikleri babatda hem, ählumumy ösüşiň ugurlary babatda hem garaýyşlarda doly özara düşünişmek bilen kesgitlenendir. Ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, syýasy, milli, dini ekstremizme, terrorçylykly wehimlere garşy göreşmegiň meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi munuň örän möhüm şerti bolup durýar. Hytaý bilen bilelikde biz halkara işlerde deňhukuklylyk, adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýäris. Ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň görýän çärelerini goldaýarys. 

                                                                   

Biz 2013-nji ýylyň sentýabrynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekip, hyzmatdaşlygyň täze, has ýokary derejesine çykdyk. Bu resminama Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň esasy binýadyny emele getirýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häsiýetini, ugruny we mazmunyny kesgitleýär. Şu ýerde men Hytaý Halk Respublikasynyň halkara giňişlikde Türkmenistana, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryna berýän goldawyny aýratyn bellemek isleýärin. 

                                                                   

Öz nobatynda, Türkmenistan hem biziň hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin derwaýys meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň bitewüligine we bölünmezligine degişli meselelere öz garaýyşlaryny hemişe anyk, aýdyň beýan edýär. Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris, arabozarlygyň dürli ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris. Şeýle-de köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmazlyk, Birleşen Milletler Guramasyny we onuň Howpsuzlyk geňeşini özgertmek, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek, energetika we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça netijeli çäreleri görmek ýaly möhüm meseleler boýunça biziň garaýyşlarymyzyň umumydygyny tassyklamak zerur diýip hasap edýärin. 

                                                                   

Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Bu meselede-de biziň ýurtlarymyzyň esasy garaýyşlary ýakyndyr: Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem sebitde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine we ýüze çykýan meseleleri çözmegiň syýasy-diplomatik usullaryna eýermäge esaslanan pugta howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Bu meselelerde Türkmenistan we Hytaý dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edýärler. Özara hyzmatdaşlyk etmegiň sebit usullaryny döretmäge iş ýüzünde uly goşant goşýarlar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki ýagdaýlarda — syýasy we ykdysady işlerde Hytaýyň netijeli ornuny, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meselelerine oýlanyşykly we deňagramly çemeleşmelerini aýratyn bellemek isleýärin. 

                                                                   

 — Soňky 30 ýylyň dowamynda işewür hyzmatdaşlyk ulgamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda uly üstünlikler gazanyldy. Häzirki döwürde Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen düýpli utgaşdyrmak işjeň alnyp barylýar. Siz energetika, ulag we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hem-de mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz? 

                                                                   

— Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhy bar. Onuň bütin dowamynda biziň halklarymyzyň arasynda özara düşünişmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň özara baýlaşmagy babatda örän oňaýly şertler döredi. Biziň ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygynyň köprüsi bolman, eýsem, giň gerimli medeni gatnaşyklaryň hem köprüsi bolupdyr. Biz bu örän özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri we ony dowam etdirijiler bolmak bilen, häzirki şertlerde öz gatnaşyklarymyzy ýola goýýarys, hyzmatdaşlygy ösdürýäris, gatnaşyklarymyzyň dowamatlylygyny üpjün edýäris. 

                                                                   

Häzirki zaman şertlerinde hakyky özara gyzyklanmalaryň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bellenip geçilen strategiýalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge niýetlenendir. Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlikleri döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat zolaklaryny emele getirmäge, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýşynyň hilini, abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň biziň yklymymyzda geoykdysadyýetiň täze keşbini döretmegiň esasy ugruna öwrüljekdigine ynanýaryn. Bu hakyky ýagdaýdyr we onda bähbitleriň we uzak möhletleýin maksatlaryň utgaşmagy esasynda islendik netijeli pikirler, strategiýalar, başlangyçlar biri-biriniň üstüni ýetirmäge niýetlenendir. Şunuň bilen baglylykda, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy öz filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» ählumumy başlangyjy bilen baglydyr diýip hasap edýärin. 

                                                                   

Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Bu, elbetde, düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi uly bolan ugurlary we mümkinçilikleri giň möçberde görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boldy. Bu gaz geçiriji energiýa taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir. 

                                                                   

Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini nazara alyp, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. 

                                                                   

Iki tarap hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biz bu ugurda Hytaýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde örän möhüm hyzmatdaşymyz hökmünde garaýarys. Häzirki döwürde hut ulag ulgamynyň biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň strategik ugry bolup durýandygy nazara alnanda, Hytaý köp derejede örän möhüm hyzmatdaşymyz bolup durýar. Türkmenistan häzir öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça birleşdirilen görnüşli köpugurly üstaşyr ulag hem-de logistik üpjünçilik ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Ol Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna amatly guryýer ýoluny açýar. 

                                                                   

Bu ugurda Türkmenistan we Hytaý üçin hyzmatdaşlyk etmäge ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn. Munuň özi Türkmenistanda ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňzinde kenarýaka üpjünçilik ulgamlarynyň durkunyň täzelenilmegi bilen baglylykda aýratyn möhümdir. Biziň tagallalarymyz hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen göz öňünde tutýan maksatlarymyza ýetmäge gönükdirilmelidir. Hususan-da, ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollar, howa gatnawlary, beýleki üpjünçilik ulgamlary arkaly Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara gatnawlaryň mümkinçiliklerini doly açmaga niýetlenmelidir. Şeýle-de bu ulgamlar esasy merkezlerde logistik terminallary öz içine almalydyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňzinde şeýle merkezleriň birine öwrülip biler. 

                                                                   

Bu meseleleriň ählisi Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde netijeli ara alnyp maslahatlaşylýar. Komitetiň 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen mejlisinde bäş sany resminama, şol sanda siziň belläp geçen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamaňyza hem bäş ýyl möhlete gol çekildi. Biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly Si Szinpiniň başlangyjy boýunça kabul edilen bu Maksatnama mundan beýläk-de öňe gitmek üçin pugta esas hökmünde garaýarys. 

                                                                   

Şoňa görä-de, men geljege ynam bilen garaýaryn, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýärin. Onuň mümkinçilikleri ägirt uludyr. Hyzmatdaşlygyň saýlanyp alnan nusgasy bolsa bilelikdäki meýilnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin şertleri doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

 — Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň «Adam hemme zatdan ýokarydyr», «Halkyň bähbidine dolandyrmak» atly konsepsiýalary biri-birine gabat gelýär. Siz Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň konsepsiýalaryna we döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine nähili baha berýärsiňiz? 

                                                                   

— Bu üstünlikler örän özboluşlydyr we olarda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň aýgytlaýjy hyzmaty gürrüňsizdir. Taryhy taýdan örän gysga möhletde Hytaý dünýä ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň öňdebaryjysyna öwrüldi. Senagat önümçiliginiň durnukly ösüşini, giň gerimli durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etdi. Hytaýa ägirt uly netijeleri gazanmak — garyplygy ýeňip geçmek başartdy. Häzirki döwürde hem siziň ýurduňyz ählumumy abadan döwleti döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şeýle ägirt uly üstünlikleriň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň syýasy erk-isleginiň, aýgytly hereketleriniň, onuň işläp taýýarlan oýlanyşykly strategik ugrunyň, hytaý halky tarapyndan goldawyň we düşünmegiň netijesinde mümkin bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur. 

                                                                   

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylarynyň parasatlylygy we öňdengörüjiligi ýurda durnuklylyk, öz güýjüňe ynanmak ýagdaýynda milli galkynyş, gülläp ösüş ýoluna düşmäge, şol ýol bilen yzygiderli, gyşarnyksyz öňe gitmäge mümkinçilik berdi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýäde siziň ýurduňyza ägirt uly at-abraý, hormat getirmegi ýöne ýere däldir. Bu syýasaty Ýer ýüzüniň döwletleriniň köpüsi, şol sanda Türkmenistan hem goldaýar. 

                                                                   

 — Siz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine nähili baha berýärsiňiz? Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasyna Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal Bileleşigi goşuldy. Bu konsepsiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine nähili täsirini ýetirdi? 

                                                                   

— Siziň sowalyňyzyň birinji bölegi barada aýdylanda, men oňa şeýle jogap berýärin: Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, gürrüňsiz, häzirki döwrüň iň görnükli, giň gözýetimli döwlet işgärleriniň we syýasatçylarynyň biri bolup durýar. Hytaý halkynyň taryhynda tutuş bir döwür onuň ady bilen baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Bu eýýam häzirki wagtda Hytaýyň syýasy, ykdysady we tehnologik kuwwatyny, ýurduň halkara giňişlikde milli bähbitlerini goramakda tutanýerliligini we berkligini, beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligini, öňdengörüjiligini alamatlandyrýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, men Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy, biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda hemişe alada edýändigi we üns berýändigi üçin uly hormat bilen minnetdarlyk bildirýärin. 

                                                                   

Başlyk Si Szinpiniň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasyna Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal Bileleşiginiň goşulmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu örän giň möçberli we çuňňur kesgitlemedir. Ol biziň döwletlerimiziň öz ösüşiniň strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryny, her bir ýurduň bütin adamzadyň ykbaly üçin jogapkärçiligine esaslanan deňhukuklylyga, hormat goýmaga, gatyşmazlyga, düşnükli we üýtgewsiz kadalary tassyklamaga daýanýan adalatly dünýä gurluşyny gurmakda çemeleşmeleriniň, maksatlarynyň umumylygyny görkezýär. Ugurlary bölmezden, emeli siwilizasion kemçiliklerden, milli ýa-da toparlaýyn bähbitleriň dar düşünjesinden azat dünýä tertibini gurmagyň zerurdygyny beýan edýär. 

                                                                   

«Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasy şu manyda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Durnukly ösüşiň, täze howplary we wehimleri üstünlikli ýeňip geçmegiň gün tertibi boýunça halkara giňişlikde bilelikde netijeli işlemek üçin binýatlyk şertleri döredýär. 

                                                                   

 — Häzir dünýäde ýagdaý dartgynly we çylşyrymly bolmagynda galýar. Siz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly möhüm başlangyjy öňe sürdüňiz. Başlyk Si Szinpin «Ählumumy ösüş başlangyjyny» we «Ählumumy howpsuzlyk başlangyjyny» öňe sürdi. Bu başlangyçlaryň dünýä hem-de sebit üçin wajyplygy barada gürrüň beräýseňiz! 

                                                                   

— Türkmenistanyň başlangyjy we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň başlangyçlary hakykatda umumy dünýägaraýşa we syýasy esaslara eýedir. Olarda ähli ýurtlara, ýolbaşçylara häzirki dünýäniň ýagdaýlaryny anyk we jogapkärli seljermäge, mundan beýläk-de çaknyşyklaryň dowam etdirilmeginiň, harby-syýasy bäsdeşligiň nämelere getirip biljekdigi barada oýlanmaga, adamzadyň howply çäge ýetendigine, şondan aňyrda garaşylmadyk netijeler bilen ählumumy howpsuzlygyň tutuş gurluşynyň ýykyljakdygyna anyk göz ýetirmäge çagyryş beýan edilendir. 

                                                                   

Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, syýasatdan uzakdaky ýönekeý adamlaryň millionlarçasy barada aladanyň netijesinde öňe sürlendir. Bu adamlara parahatçylyk, durnuklylyk, işlemek mümkinçiligi, asuda, parahat geljegiň kepillikleri zerur bolup durýar. Biziň öňe süren başlangyçlarymyzyň derwaýyslygy, meniň pikirimçe, eýýäm aýdyňdyr. 

                                                                   

Şoňa görä-de, Türkmenistan häzirki wagtda Hytaý bilen bilelikde bu düşünjeleriň halkara we sebit syýasatynyň kesgitleýji şertlerine öwrülmegi, bellenip geçilen howply çäkden yza çekilmek üçin şertleri döretmek, dawalary, gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly düzgünleşdirmek boýunça jogapkärli çözgütleri kabul etmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýär. Bu tagallalar, elbetde, deňhukuklylyk kadalary hem-de taraplaryň kanuny bähbitlerine hormat goýmak esasynda amala aşyrylmalydyr. 

                                                                   

 — Ýakyn günlerde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýy geçiriler. Siz bu partiýanyň geljekki ösüşi babatda garaşýan netijeleriňiz baradaky pikiriňizi beýan edip bilmezmisiňiz?! 

                                                                   

— Men Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň öňde duran gurultaýynyň möhüm waka öwrüljekdigine ynanýaryn. Bu gurultaýda Hytaý Halk Respublikasyny ähli ugurlarda mundan beýläk-de depginli ösdürmek boýunça örän möhüm çözgütler kabul ediler. Gurultaýyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hytaý halkynyň ýolbaşçy güýji hökmünde ornuny has-da berkitjekdigine ynanýaryn. 

                                                                   

Ol partiýanyň Hytaýyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen strategik ugrunyň yzygiderliligini hem-de dowam etdirilmegini üpjün eder. Adamlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam berer. Ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek işinde ykrar edilen liderleriň biri hökmünde Ýer ýüzünde ähli parahatçylyk söýüji güýçleriň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy, halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, adalatlylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerini öňe sürýän ýurt hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny berkitmäge itergi berer. 

                                                                   

Men Hytaýyň Kommunistik partiýasyna, onuň ýolbaşçylaryna öňde duran gurultaýy geçirmekde üstünlikleri arzuw edýärin. Onuň döredijilikli netijeleriniň diňe bir Hytaýyň öz ösüşine däl, eýsem, bütin dünýädäki ýagdaýa hem ägirt uly oňaýly täsirini ýetirjekdigine pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 — Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, wagt tapyp biziň sowallarymyza jogap berendigiňiz üçin Size sagbolsun aýdýarys! 

                                                                   

 — Menem öz gezegimde şu günki guran duşuşygyňyza minnetdarlyk bildirýärin. Sag boluň!

05.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda geçen 30 ýylyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginler bilen ösdürilendigini we hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda pugtalandyrylandygyny belledi. Häzirki döwre çenli Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we köp sanly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda 140-dan gowrak ikitaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hatynda: «Bilelikdäki tagallalar esasynda köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, gazanylan ylalaşyklary biziň doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine amala aşyrmagy yzygiderli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn» diýip belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň ähli doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

   

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň açyklyk, hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, işjeň ösdürilýändigini belledi hem-de soňky ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň halkara guramalaryň çäklerinde özara üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy, öňegidişligi we ykdysady ösüşi üpjün etmäge ägirt uly goşant goşýandyklaryny belläp, wagtyň synagyndan geçen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyz Respublikasynyň ähli doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

   

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Maýa Sanduwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, ýurduň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi. 

                                                                                                           

(TDH)

05.10.2022
Kuwwatly pudagyň şöhratly ýoly

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň elimize gowuşmagy halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Owadan fotosuratlar bilen bezelip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşirde Garaşsyz ösüşimiz döwründe bu pudagyň kuwwatly ösüşi beýan edilýär. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşyp, elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän milli maksatnamalary, iri taslamalary amala aşyrmagyň maksatlary we wezipeleri, olary çözmegiň ýollary barada çykyş etdi. Täze kitapda bu pudakda amala aşyrylýan başlangyçlaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna edýän oňyn täsirini açyp görkezýän şol taryhy çykyşy ýerleşdirilipdir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, eziz Watanymyzyň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda, pudaga iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmakda, täze elektrik stansiýalaryny, beketlerini gurmakda maksatnamalaýyn wezipeler durmuşa geçirildi. Kitapda häzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edilýändigi, şu ýylda onuň möçberini 9 milliard kilowat-sagada ýetirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenilýär. Bu görkeziji 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr. Häzirki wagtda ýurtda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 turbina desgasy — 39 gaz turbinalar, 12 bug turbinalar bardyr. Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp, ulanmaga berlen Büzmeýin etrabyndaky Elektrik enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi öz ugry boýunça Merkezi Aziýada ýeke-täk desgalar toplumydyr.  

                                                                   

Ine, kitapda şeýle buýsandyryjy maglumatlaryň beýan edilmegi ösüşlerimize aýdyň göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň mundan-da beýläk pugtalanmagy, milli ykdysadyýetiň kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagy ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigine diňe bir pudagyň ösüşine nazar aýlanyňda-da doly göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň we özgerişlikleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan jemgyýetimiziň durmuşynda şeýle neşirleriň möhüm ähmiýeti bardyr. «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitap biz — bilim işgärleri üçin uly gollanmadyr. 

                                                                                                           

Magtym NYÝAZGELDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

05.10.2022
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösüş­le­ri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da be­ýik ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň kün­jek­le­rin­de tä­ze bi­na­lar, des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Mu­nuň özi «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­my­zyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni, ösüş­le­riň aý­dyň ýo­lun­dan ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär.  

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak bo­ýun­ça mak­sat­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Esa­san hem «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yn­ha, 23-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len Döw­let Mas­la­ha­tyn­da hem ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri, be­lent üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ba­ra­da şeý­le bel­le­ýär: «Il­kin­ji no­bat­da, ösüş ýo­ly ar­ka­ly ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan dur­nuk­ly ösü­şi­ni ber­kit­mek, dün­ýä­dä­ki or­nu­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak hem-de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýä­ris. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da», şeý­le-de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» kes­git­le­nen we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýan iş­ler, gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr». Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler, il­kin­ji no­bat­da, hal­kyň bäh­bi­di­ni, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni na­za­ra al­ýar. Şun­da san­ly ul­ga­my ös­dür­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­my­na müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek we hä­zir­ki za­ma­nyň ba­zar ul­ga­my­ny giň­den or­naş­dyr­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

Hu­su­sy ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri has-da giň­dir we şun­da se­na­gat­da, san­ly ul­ga­my ös­dür­mek­de mö­hüm ugur­la­ra üns ber­mek bol­ýar. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ry ön­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek hu­su­sy ul­ga­myň pa­ýy­na düş­ýär. Şo­nuň üçin hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de te­le­ke­çi­li­ge uly üns be­ril­ýär. Oba ho­ja­ly­gyn­da hem te­le­ke­çi­ler mi­we­çi­lik, üzüm­çi­lik ýa­ly ugur­la­ry yzy­gi­der ös­dür­ýär­ler. Umu­man aý­da­nyň­da, hu­su­sy ul­ga­myň uly müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.  

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi hem-de san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy döw­re­bap üs­tün­lik­le­re ge­tir­ýär. Bu ba­bat­da hem hu­su­sy ul­gam ta­ra­pyn­dan se­na­gat teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ös­dü­ril­ýän­di­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri ýo­kar­lan­ýar, iň döw­re­bap usul­lar ýo­la go­ýul­ýar. Bu bol­sa işiň kä­mil­li­gi­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ýar. Şeý­le döw­re­bap iş­le­ri ösdürmek hü­när­men­le­riň us­sat­ly­gy­ny ta­lap ed­ýär. Şun­da ýaş ne­sil­le­riň döw­re­bap bi­lim­li bol­mak­la­ry, teh­no­lo­gi­ýa­la­ra oňat dü­şün­ýän hü­när­men­le­riň taý­ýar­lan­ýan­dy­gy hem bel­lär­lik­li­dir. Hor­mat­ly  

                                                                   

Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýo­ka­ry yl­my müm­kin­çi­li­gi bo­lan giň göz­ýe­tim­li, mak­sa­da ok­gun­ly, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly, ýo­ka­ry hü­när­li, taý­ýar­lyk­ly ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça äh­li ta­gal­la­lar edi­ler». Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, kä­mil hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­mek­de, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti saz­la­şyk­ly, döw­re­bap ös­dür­mek­de äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.  

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­ler hem­me ug­ry öz içi­ne alyp, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gyn­da, hu­su­sy ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gin­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da ös­dür­mek­de we döw­re­bap­laş­dyr­mak­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet äh­li pu­dak­la­ryň ösü­şi­ni, mö­hüm ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär, çün­ki ösü­şiň ýo­ka­ry­ly­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wat­ly­ly­gy bi­len berk bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Şo­nuň üçin hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­me­giň äh­li ugur­la­ry yl­my esas­da öw­re­nil­ýär we giň­den dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! 

                                                                                                           

Ke­rim MU­HAM­ME­DOW,

                       

Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

04.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 3-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de “ak altyn” hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda geçirilýän çäreler, bu möhüm möwsümde pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehniki möhletlere laýyklykda gögeriş suwy tutulýar, ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki ekinlere ideg etmek hem-de ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnap almak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsüminiň oba hojalygyndaky möhüm ähmiýetini belläp, ýygymyň depginini güýçlendirmegiň, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar we beýleki tehnikalar bökdençsiz işledilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlere laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmek maksady bilen, ähli degişli işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi. Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň bol hasylynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň kepili bolup durýandygyny belledi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin görülýän çäreler hem-de beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, ýygym möwsüminde pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar we beýleki tehnikalar bökdençsiz işledilýär, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, bugdaý ekilen meýdanlara gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar. Şeýle hem häkim günbatar sebitiň meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň dowam edýändigi, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almak üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berdi. Bulardan başga-da, welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleriniň geçirilýändigi hakynda aýdyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň, şol sanda pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almagyň hem-de bugdaý ekişiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň, welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýdyp, häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň möhüm ähmiýetini nygtap, ýetişdirilen hasyly wagtynda ýygnamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň demirgazyk sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, pagta ýygymynyň depgininiň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň ýygym möwsüminde doly güýjünde, bökdençsiz işledilýändigi barada habar berildi. 

                                                                   

Şeýle-de häkim bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde, netijeli işledilýändigi, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýandygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, ýetişdirilen bereketli hasyly wagtynda ýygnamak üçin ähli zerur tagallalar edilýär. Mundan başga-da, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, bugdaý ekişi möwsümini bellenilen möhletlerde tamamlamak üçin onuň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini, ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylynyň ýitgisiz ýygnalmagynyň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew pagta ýygymynyň barşy we pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar, ekişde tehnikalar netijeli ulanylýar, bugdaý ekilen meýdanlara gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, şonuň ýaly-da, şaly oragyny guramaçylykly geçirmek üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň ekerançylaryň durmuşynda möhüm möwsümiň biridigini belledi we pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmelidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň bol hasylynyň kepili bolan bugdaý ekişiniň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmelidigini aýdyp, bu jogapkärli möwsümiň depginini ýokarlandyrmagy häkimden talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, şaly oragyny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtap, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, “ak altyn” hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda zerur işler geçirilýär. Şunda pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar hem-de degişli tehnikalar bökdençsiz işledilýär. 

                                                                   

Şeýle-de häkim bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirilýändigi, ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilýändigi, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwunyň öz wagtynda tutulýandygy barada hasabat berdi. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, ýetişdirilen hasyly wagtynda ýygnamak üçin zerur çäreler görülýär, welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de pagta hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň, bu işleri bellenilen möhletde tamamlamagyň wajypdygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň gözegçilikde saklanmagyny tabşyrdy.  

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ekişi güýçli depginlerde dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we beýleki ekiş gurallary doly güýjünde işledilýär. Şol bir wagtyň özünde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ak ekinlere gögeriş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň welaýatlarynda pagtaçy daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle hem içerki bazarlary ýurdumyzda öndürilýän gök, bakja, miwe we beýleki azyklyk önümler bilen üpjün etmek ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar. Şunda güýzlük ýeralma, gök we beýleki ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, şunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny, täzeçil usullary pudaga işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk derejede geçirmek, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmek babatda anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Iş maslahatyna gatnaşanlar şu ýylyň 23-nji sentýabrynda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak hakynda Karara gol çekendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ähli daýhanlarynyň we önüm öndürijileriniň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.10.2022
Halal zähmetiň miwesi

Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususyýetçiler hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyny toý sowgatlary bilen garşyladylar. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Mj1iwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bereketli güýzde ýetişdirilen boldumly hasyly ýygnap, halkymyzyň baýramçylyk saçagyna hödürledi. Paýdarlar jemgyýeti şu ýyl dag eteginde ekilen miweli baglardan ilkinji hasyly ýygnady. Häzirki günlerde bolsa hususyýetçi daýhanlar alma, armyt, hurma ýaly miweleriň bol hasylyny ýygnaýar. 

                                                                   

Ekologiýa taýdan arassa, ter hem-de datly miweler öz işinde innowasion tehnologiýalardan, döwrebap tehnikalardan peýdalanýan oba hojalykçylaryň yhlasynyň myrat tapýandygyny görkezýär. Miweleriň bereketli harmany daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylda esaslandyryldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde paýdarlar jemgyýetine 1200 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýer böleginde alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglar bilen birlikde, käşir, sogan, ýeralma ýaly bakja ekinlerini hem ösdürip ýetişdirýän paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Olaryň her biri 300 gektar meýdanda iş alyp barýar. 

                                                                   

Paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny özleşdirmek üçin döredilen durmuş düzümleri — suw, elektrik geçiriji ulgamlar, beketlerdir howdanlar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ekinleri suwarmak üçin gerek bolan suw bu ýere Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden çekilen suw geçiriji ulgam arkaly getirilýär. Ekin meýdanlaryny suwarmakda diňe damjalaýyn suwaryş ulgamy, awtomatlaşdyrylan tehnikalar peýdalanylyp, işleriň gidişine sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.  

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň miweli baglaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilip, baglary gurplandyrmak we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar. Bu bolsa baglaryň bol hasyl getirmegine mümkinçilik berýär. Her bir işe ylmy taýdan çemeleşmek bu paýdarlar jemgyýetiniň esasy ýörelgeleriniň biridir. Hususy pudagyň wekilleriniň eýýäm hasylyň ilkinji ýylynda oňyn netijeleri gazanmaklary bolsa olaryň edýän yhlasynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ylmyň gazanan öňdebaryjy tejribesinden ýerlikli peýdalanýan paýdarlar jemgyýetinde amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň birbada birnäçesini özünde jemlemek bilen, ulanylman ýatan ýerleri özleşdirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek, importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmek, oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly maksatlardan ugur alýar.  

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işiniň mysalynda Arkadagly Serdarymyzyň goldawyndan göwünleri galkynýan türkmen telekeçileriniň köpugurly mümkinçilikleri we gazanýan üstünlikleri aýdyň görünýär. Paýdarlar jemgyýetiniň agzybir işgärleri mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşlerine hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tutumly işlere mynasyp goşant goşmak ugrunda tagallalaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtap, munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Çary ÇARYÝEW.

04.10.2022
Gurluşykda ýerli önümler

Gubadag etrabyndaky «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň kerpiç zawodynda öndürilen kerpiçleriň täze tapgyry gurluşyk meýdançalaryna iberildi. Häzirki zaman tehnologiýasy esasynda işleýän zawodyň önümçilik ulgamy bir gektardan gowrak meýdany tutýar. Onuň kuwwaty bir gije-gündizde ýokary hilli kerpijiň 150 müň sanysyny öndürmäge niýetlenendir. Iň täze tehnologiýalar esasynda öndürilýän kerpiçler ulanylyş möhleti hem-de ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Kerpiçleriň esasy bölegi bu hususy kärhana tarapyndan Daşoguz şäherinde bina edilýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda ulanylýar.  

                                                                   

Kärhananyň gurluşykçylary welaýat merkeziniň Türkmenistan, Gurbansoltan eje, Aşgabat köçeleriniň ugrunda dört gatly, 16 öýli jaýlaryň birnäçesini gurup ulanmaga berdiler. Şu günler kärhananyň kerpiç zawodynda önümçiligiň möçberini has-da artdyrmak hem-de hil derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli tehnologik işler alnyp barylýar. Zawodda täze önümçilik ulgamynyň işe düşürilmegi ýokary islegli ýerli gurluşyk önüminiň öndürilişini has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda welaýatyň çäginde gurluşyk işleri bilen meşgul bolýan hususy kärhanalaryň buýurmasy esasynda her gün bişen kerpijiň 50 müň sanysy gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar.  

                                                                                                           

Amanmyrat SAPAROW.

04.10.2022
Il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm iş­ler

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz be­ýik ösüş­le­re eýe bol­ýar, mak­sat­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler şu gün­ki ösü­şi we röw­şen gel­je­gi­mi­ziň ro­waç­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän giň möç­ber­li oňyn öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň dur­muş-ýa­şa­ýyş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Ösü­şiň hä­zir­ki tap­gy­ry jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­na öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­ga­myň we in­no­wa­si­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň gur­luş dü­zü­mi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Jem­gy­ýe­ti­miz­de san­ly ul­ga­my has-da ös­dür­mek we bu ugur­da ga­za­ny­lan ne­ti­je­le­ri ber­kit­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ala­da­lar edil­ýär.  

                                                                   

Eziz Di­ýa­ry­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär, se­na­gat pu­dak­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Bu ba­bat­da uly iş­le­riň dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­me­gi­miz ge­rek. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow Döw­let Mas­la­ha­tyn­da­ky çy­ky­şyn­da şeý­le bel­le­di: «Dün­ýä­de fi­zi­ki, san­ly we bio­lo­gik hä­si­ýet­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ut­gaş­ma­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan «dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy» eý­ýa­my tä­ze pi­kir­le­ri, tä­ze in­no­wa­sion önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­me­gi ta­lap ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gy­jy esa­syn­da ýur­du­my­zyň elekt­ron se­na­ga­ty dö­re­di­lip, ol mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dep­gin­li ös­ýän tä­ze ug­ru­na öw­rül­di».  

                                                                   

Ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň hä­zir­ki tap­gy­ry mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry­na öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­ga­myň we in­no­wa­si­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, kä­mil hü­när­men­le­riň dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mek­le­ri ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Şo­nuň üçin yl­myň ga­za­nan­la­ryn­dan ugur alyp, gel­jek­de hem tä­ze kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri hök­mün­de kes­git­len­ýär. Bu ba­bat­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny be­ýan et­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns ber­ýär, çün­ki hä­zir­ki ösüş­li döw­rü­miz­de te­le­ke­çi­le­riň iş alyp bar­mak­la­ry­na äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Hä­zir­ki wagt­da ki­çi hem-de or­ta te­le­ke­çi­li­giň saz­la­şyk­ly we ne­ti­je­li ös­me­gi, hu­su­sy baş­lan­gyç­la­ryň gol­da­nyl­ma­gy üçin has amat­ly hu­kuk, yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe, dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di. Ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek, azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek, se­na­gat kär­ha­na­la­ry­ny, hä­zir­ki za­man söw­da mer­kez­le­ri­ni, döw­re­bap oba­la­ry gur­mak bo­ýun­ça öňü­miz­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­mi­zi ama­la aşyr­mak­da hu­su­sy pu­da­ga uly orun de­giş­li­dir». Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni giň­den peý­da­lan­mak, ony döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy ul­ga­my dur­nuk­ly ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len do­wam et­me­giň ze­rur­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň ok­gun­ly ösü­şi bi­len şert­len­di­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň bäs­deş­li­ge ukyp­ly, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan we eks­por­ta ni­ýet­le­nen ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da­ky iş­le­ri­ni do­wam et­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar.  

                                                                   

Döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ryn­da, döw­let eda­ra­la­ry­nyň, döw­le­tiň we ra­ýat­la­ryň ara­syn­da, te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da ýü­ze çyk­ýan gat­na­şyk­lar­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Dür­li jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň res­mi­leş­di­ri­len elekt­ron gör­nüş­de, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň kö­me­gi bi­len al­nyp ba­ryl­ma­gy döw­rüň ta­la­by bol­mak bi­len, ne­ti­je­li «elekt­ron hö­kü­met» ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­ly­gy­ny şert­len­dir­ýär. Döw­let do­lan­dy­ry­şyn­da «elekt­ron hö­kü­me­tiň» or­naş­dy­ry­lan­ly­gy we ne­ti­je­li­li­gi hä­zir­ki wagt­da ýur­duň ösü­şi­ni hä­si­ýet­len­dir­ýän esa­sy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir.  

                                                                   

Do­lan­dy­ryş, yk­dy­sa­dy­ýet, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş we beý­le­ki ul­gam­lar­da san­ly gi­ňiş­li­giň, şol san­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we in­ter­ne­tiň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly peý­da­lan­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni elekt­ron iş ýö­re­diş we res­mi­na­ma do­la­ny­şyk ul­ga­my­ny or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.  

                                                                   

Ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy, kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, be­ýik iş­le­ri ro­waç bol­sun!  

                                                                                                           

Aý­na­gül BAÝ­RA­MO­WA,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

04.10.2022
Täsinliklere baý täze şäherde

Döwlet Baştutanymyz 10-njy sentýabrda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Arkadagly Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň ol ýerde geçirilen göçme mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda gurluşygyna badalga berlen welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň şu ýylyň birinji dekabrynda ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmäge hem-de düzgünleşdirmäge ýardam etjek möhüm ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.  

                                                                   

«Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýleni. Dogrusy, Köpetdagyň eteginde gurulýan täze şäheri hem gözüň bilen görmeseň, aýdylana ynanar ýaly däl. Bary-ýogy üç ýylyň içinde tarp ýerde şäher döretmek! Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwesi, höziri! 31 ýyl mundan öň türkmende täze durmuş, täze eýýam başlandy. Garaşsyzlyk adamlaryň täzeçe ýaşamaga, işlemäge höwesini artdyrdy. Ýurdumyz ösüş-özgerişlere beslenip, täze etraplaryň döremegine, oba-kentlerimiziň gözel keşbe girmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ep-esli gowulanmagyna getirdi.  

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenen ýylynda gurlup ulanmaga berlen dürli maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň sanawy milli Garaşsyzlygyň bize beren bagtynyň näderejede gymmatlydygyny ýene-de bir gezek aýan etdi. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy toýlanan ýylynda ulanmaga berlen, berilýän täze desgalar bu sanawyň üstüni ýetirip, barha uzap barýar. Şolaryň birem «akylly» ýörelgeler, iň täze tehnologiýalar esasynda gurulýan, täsinliklere hem-de täzeliklere baý döwrebap welaýat merkezidir. 

                                                                   

Köpetdagyň eteginden günbatarlygyna uzaýan aýna ýaly tekiz ýol bu şäheriň üstünden alyp barýar. Golaýlanyňda, ýoluň belent ýerinden täze salynýan desgalar edil eliň aýasynda ýaly görünýär. Ilki bilen, bu düýpli gurluşygyň tamamlanyp barýan birinji tapgyryndaky ak binalaryň hataryna gözüň düşýär. Olar sanardan kän. Özi-de biri-birinden üýtgeşik. Onuň taslamasyny iň soňky dünýä tejribeleri we innowasion tehnologiýalar esasynda taýýarlamak üçin köp sanly tekliplerdir tejribeleriň öwrenilendigi düşnükli. Gözel ymaratlar türkmen binagärliginiň barha kämilleşýändiginiň, döwrebaplaşýandygynyň aýdyň nusgasy bolup kalbyňa ornaýar. Binalaryň her birine döwrümiziň beýik arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz zähmeti, yhlasy siňdi.  

  Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynyň gyrasyndan geçýän, ahalteke atymyz Akhanyň adyny göterýän ýoluň aýlawly ýerinde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alyp, milli buýsanjymyza hem guwanjymyza öwrülen meşhur Akhanyň heýkeli gurulýar. Bu işi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy alyp barýar. Oňa täze merkezde «Ahal» monumentiniň hem-de oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň gurluşyklary-da ynanyldy. Ýeri gelende, bu kärhananyň hünärmenleri tarapyndan paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky «Welosiped» binasynyň ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyklykda gurlandygyny bellemek gerek. Bu ugurdan baý tejribe toplan türkmen telekeçileri özlerine nobatdaky gezek bildirilen ynamy ödemek üçin gije-gündiz zähmet çekip, täze binalaryň öňkülerden-de üýtgeşik, owadan bolmagy ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar.  

                                                                   

Täze welaýat merkezinde töwerekleýin gurulýan 5, 7, 9 gatly belent ýaşaýyş jaýlarydyr 2 gatly kottejler toplumlary ünsüňi özüne çekýär. Bu pursat ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hormatly Prezidentimiziň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda» Karary esasynda ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlarymyza nesip etjekdigi baradaky hakykat kalbyňda uly buýsanç döredýär. Jaýlaryň birinji tapgyrdakylarynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, daş-töweregine dürli baglardyr güller ekilipdir. Bu zamanabap öýlerde nesibeli ildeşlerimiziň jaý toýlaryny toýlajak günleri indi daşda däl. 

                                                                   

Köpetdaga garap duran, binagärlik keşbiniň üýtgeşikligi bilen bada-bat gözüňe ilýän desgalaryň Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik müdirliginiň edara binalarydygyny soraman bilmek bolýar. Olary owadanlykda, ýyndamlykda dünýä meşhur behişdi bedewlerimize dakylýan nallaryň şekilleri bezeýär. Esasy girelgäniň, üçegiň nalyň şekilinde bolmagy binalara üýtgeşik görk berýär. Edil şonuň ýaly, ol ýerdäki dürli maksatly ymaratlaryň hem her birinde şol ugra degişli şekilleri, bezegleri görmek bolýar. Milli binagärligiň ajaýyp däpleriniň döwrebap öwüşginler bilen sazlaşygy desgalara aýratyn ýakym çaýýar. 

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

04.10.2022