Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýik ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň künjeklerinde täze binalar, desgalar gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň uly üstünliklere beslenýändigini, ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýandygyny beýan edýär.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ynha, 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda hem ýurdumyzyň ösüşleri, belent üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: «Ilkinji nobatda, ösüş ýoly arkaly ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini berkitmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak üçin ähli tagallalary edýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işler, guwandyryjy netijeler munuň aýdyň subutnamasydyr». Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, halkyň bähbidini, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini nazara alýar. Şunda sanly ulgamy ösdürmek, milli ykdysadyýetiň hususy ulgamyna mümkinçilikleri döretmek we häzirki zamanyň bazar ulgamyny giňden ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Hususy ulgamyň mümkinçilikleri has-da giňdir we şunda senagatda, sanly ulgamy ösdürmekde möhüm ugurlara üns bermek bolýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek, elektron senagatyny ösdürmek hususy ulgamyň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizde telekeçilige uly üns berilýär. Oba hojalygynda hem telekeçiler miweçilik, üzümçilik ýaly ugurlary yzygider ösdürýärler. Umuman aýdanyňda, hususy ulgamyň uly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi hem-de sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy döwrebap üstünliklere getirýär. Bu babatda hem hususy ulgam tarapyndan senagat tehnologiýasynyň ösdürilýändigi aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar, iň döwrebap usullar ýola goýulýar. Bu bolsa işiň kämilligini has-da ýokarlandyrýar. Şeýle döwrebap işleri ösdürmek hünärmenleriň ussatlygyny talap edýär. Şunda ýaş nesilleriň döwrebap bilimli bolmaklary, tehnologiýalara oňat düşünýän hünärmenleriň taýýarlanýandygy hem bellärliklidir. Hormatly
Prezidentimiz şeýle belleýär: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde, sanly ykdysadyýeti sazlaşykly, döwrebap ösdürmekde ähli mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu işler hemme ugry öz içine alyp, innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagynda, hususy ulgamyň ösdürilmeginde aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýet ähli pudaklaryň ösüşini, möhüm ugurlaryny özünde jemleýär, çünki ösüşiň ýokarylygy ykdysadyýetiň kuwwatlylygy bilen berk baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ähli ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Kerim MUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.