Habarlar
Ykdysadyýetimiziň döwrebap depginleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň döwrebap depginini güýçlendirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagy adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä-de, döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Döwlet edaralarynda resmi web saýtlarynyň döredilmegi, adamlaryň internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşde ýüz tutup bilmegi sanly ulgamy ösdürmek Konsepsiýasynyň batly depginlerde durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary sanly ulgamyň hukuk binýadyny düzýär.  

                                                                   

Elbetde, sanly ulgamyň ösüşi internet bilen berk baglanyşyklydyr. Internet — bu maglumat kommunikasiýa ulgamy we maglumatlary saklamak we geçirmek üçin kompýuter ulgamlarynyň bütindünýä ulgamyna birikmegi bolup durýar. Öýjükli telefonlardan internete birikmek mümkinçiligi internetiň güýçli depginler bilen ýaýramagyna badalga berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzda internet ulgamy dünýä derejesi bilen aýakdaş barýar. Häzir teleýaýlymlar we radioýaýlymlaryň   gepleşiklerini, hyzmatlar hem-de metbugat ulgamynyň mümkinçilikleriniň  hemmesini internet arkaly peýdalanmak we ulanmak mümkin. Islendik raýatyň howa we demir ýollardaky gatnawlaryň ýol peteklerini onlaýn görnüşde almaga, degişli tölegleri we ýygymlary bank plastik kartyndan, öýjükli el telefonlaryndan geçirmäge, şeýle-de dürli hyzmatlary öýünden çykmazdan amala aşyrmaga mümkinçiligi bar.  

                                                                   

Internetiň taryhy barada aýdanymyzda, onuň başdaky görnüşi häzirki ýaly atlandyrylmandyr. Ol ABŞ-da 1969-njy ýylda «Arpanet» ady bilen döredilýär. Ol diňe belli edaralaryň arasynda maglumat alyşmak üçin niýetlenilipdir. Wagtyň geçmegi bilen internetiň bu ulgamy kem-kemden kämilleşipdir. 1984-nji ýylda Amerikanyň Milli ylmy fondy «Arpanetiň» esasynda «Nsfnet» ulgamyny döredýär. Bu ulgam Amerikanyň hemme uniwersitetlerini we ylmy merkezlerini özüne birikdirýär. 1992-nji ýylda bolsa «Nsfnet» ulgamyna 7500 sany kiçi ulgam birikdirilýär. Şol ulgamlaryň 2500 sanysynyň ABŞ-nyň çäginden daşarda bolmagy bu ulgamyň ösüşini has hem çaltlandyrýar.  

                                                                   

Häzirki döwürde örän güýçli depginlerdäki ösüşleri we özgerişleri başyndan geçiren internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly dürli hyzmatlar ýerine ýetirilýär. Şol hyzmatlaryň biri hem domen atlarydyr. «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynyň 3-nji bendinde «domen ady (domen) — tor salgylanmasy üçin bellige alnan nyşan belgisi» diýlip, domen atlaryna kesgitleme berilýär. Şeýle-de Kanunda domen atlarynyň birinji, ikinji we üçünji derejeleri barada hem düşünje berilýär. Domen ulgamy boýunça ýurdumyzda «Türkmendomen» hojalyk jemgyýeti hereket edýär.  

                                                                   

Internet hyzmatlarynyň içinde köpçülik tarapyndan giňden ulanylýanlary elektron poçta (E-mail) ulgamy, IRC gullugy, World Wide Web hyzmatlarydyr. Elektron poçta ulgamy bir ýa-da birnäçe adamlaryň salgysyna hat, maglumat ugradyp, olar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. IRC gullugy bu internete hakyky wagtda gürleşmäge ýardam berýär (chat). World Wide Web (Bütindünýä kerebi) — gipertekst (gipermedia) ulgamy bolup, ol dürli set ulgamlarynyň ýeke-täk giňişlikde ýerleşmegi üçin niýetlenendir.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli Diýarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzy bedew batly täze ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.  

                                                                                                           

Ýakup AŞYROW,

                       

Daşoguz welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.

28.10.2022
Döwrebap ykdysadyýetiň kuwwaty

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberiniň artmagy ýurdumyzyň ýokary ösüş kuwwatyny hem kesgitleýär. Ykdysady netijeliligiň ýokary derejesi döwlet tarapyndan ileri tutulýan ugurlara maýa goýumlaryň maksatlaýyn esasda gönükdirilmegi, önümçiligiň döwrebap hilde guralmagy önümleriň hili we olara hyrydarlaryň köplügi bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Berkarar ýurdumyzda ähli ugurlary öz içine alýan, hil taýdan täze, okgunly ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine kybap bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlara badalga berildi. 

                                                                   

Häzirki zaman dünýä ýagdaýlaryny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň bütindünýä ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça wezipeleri öňde goýdy. Bu edaralaryň kompýuterler, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, IT meýdançalarynyň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly sapaklaryň geçilmegi talyplarymyzyň başarnyklaryny has-da artdyrýar. Internede elýeterliligiň üpjün edilmegi bolsa milli bilimiň ýokarlanmagyny hem-de hünärmenleriň ussatlygyny artdyrýar. Döwrüň talabyna laýyk gelýän maglumat bazarynyň netijeli işlemegi beýleki pudaklaryň ösüşine, umuman, makroykdysady ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirer.  

                                                                   

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüşiniň ýagdaýynyň maglumat tehnologiýalarynyň we bilimleriň jemgyýetiň durmuşyndaky ornunyň artmagy bilen pugta baglanyşyklydygy aýratyn bellärliklidir. Ykdysadyýet özgerýär, innowasion ösüşlere eýe bolýar, şu özgerişlikleriň esasynda bolsa ýokary tizlikli,  giň zolakly aragatnaşyk we internet ulgamlary kemala gelýär. 

                                                                   

Goý, milli ykdysadyýetimizi täze tehnologiýalar esasynda beýik ösüşlere eýe edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Aýlar PENAÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

27.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

 Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berýär hem-de däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gruziýanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de dostlukly döwletiň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Gruziýa bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de hormat goýmak, ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda pugtalandyrylýandygyny, onuň özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de diplomat ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň ygtybarly binýadyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň maksat edinilýändigi bellenildi. Şunda söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamda mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir. 

                                                                   

Türkmen-gruzin döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýan ulag ulgamy hem ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň bähbitleriniň umumylygy Hazar we Gara deňzi sebitleriniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Energetika pudagy hem Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Özara gatnaşyklary we mümkinçilikleri pugtalandyrmak üçin köpýyllyk tejribä eýe bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy däp bolan dostlukly gatnaşyklary depginli ösdürmäge hem-de iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýardam berjekdigine ynandyrdy.

27.10.2022
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bank ulgamynda giň gerimli maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu babatda bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, töleg ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, banklaryň bäsdeşligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Eziz Diýarymyzda raýatlarymyza döwrebap derejede hyzmat etmek, sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwlet tarapyndan dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak, ýurdumyzyň ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny hem-de sanly bank hyzmatlarynyň ornaşdyrmak babatdaky işlere yzygiderli ýagdaýda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge we onuň täze görnüşlerini bank önümçiligine ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.  

                                                                   

Bu babatda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem öz müşderilerine «Daýhan», «Kiçi möçberli karzlar», «Talyp karzy», «Owerdraft» ýaly bank karzlaryny, «Meleguş» pul geçirimini, «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bank nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we bar bolan hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak babatda hem uly işleri alyp barýar.  

                                                                   

Şeýle-de Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek maksadynda nagt däl görnüşinde kiçi möçberli karzlary bermek doly ýola goýlandyr. Olaryň hatarynda esasy we dolanyşyk serişdelerini almak, iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin karzlar hem bardyr. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, pudaklarda önümçiligi döwrebap ýola goýmak babatynda zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kanunçylygyň berkidilmegi, maksatnamalaryň kabul edilmegi geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde netijeliligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde amala aşyrylýan işler ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. 

                                                                                                           

Leýli BAÝAROWA

27.10.2022
Abadan ýaşaýşyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda edýän  taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli sebitlerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümçilikleri döredilýär. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler anyk işlerde özüniň aýdyň beýanyny hem tapýar. Munuň şeýledigini welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleriniň üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda gazanan netijelerinde hem görmek bolýar. 

                                                                   

Geçen hasabat döwründe welaýatymyzda gök önümleriň 181,2 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 126 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 42,6 müň tonnasy, ýeralmanyň 105,5 müň tonnasy, üzümiň 17,2 müň tonnasy öndürildi. Ýokarda beýan edilen görkezijileriň ählisiniň hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarydygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýer eýeleriniň azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda janypkeşlikli we maksada okgunly zähmet çekýändikleriniň subutnamasydyr.  

                                                                   

Welaýatymyzyň maldarlary şanly ýyly zähmet üstünliklerine besleýärler. Olaryň agzybirlik bilen çekýän zähmetleriniň netijesinde ýylyň geçen aýlarynda etiň 106,5 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 483,7 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 182,5 million sanysy öndürildi. Bu önümleriň agramly bölegi hususy hojalyklarda öndürildi. Maldarlaryň ýakyndan alada etmekleri netijesinde mallaryň baş sany yzygiderli artýar. Şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli gara mallaryň baş sany 538 müňe, dowarlaryňky 2 million 559,7 müňe, guşlaryňky 4 million 175,7 müňe, düýeleriňki 5,5 müňe, gylýallaryňky bolsa 2,8 müňe ýetdi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryna dowarlaryň ýazky we güýzki gyrkymlaryndan ýuwulmadyk ýüňüň 7,4 müň tonnasy alyndy.  

                                                                   

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynyň işgärleri önüm bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu hojalyklarda häzirki wagtda gara mallaryň 1,1 müň başa golaýy, dowarlaryň 185,5 müňden gowragy, guşlaryň 19 müňüsi, düýeleriň hem 2295-si idedilýär. Olar boýunça hasabat döwründe öndürilen et 3 müň tonna golaý, süýt 63,4 tonna, ýumurtga bolsa 2 million 577 müň sany boldy.  

                                                                   

Maldarlar gyş möwsümi üçin ot-iým taýýarlamak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Şu döwre çenli welaýatyň ähli hojalyklary boýunça bedäniň 5620,7 tonnasy, gaty baldakly otlaryň hem 7720,5 tonnasy taýýar edildi. Dowardarlar taýýarlanylan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaýarlar, kaşarlary, ýyly agyllary abatlaýarlar. Olar özleriniň ýokary netijeli zähmet çekmekleri, halal we bol girdejileriň eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, ilatyň saçaklarynyň bezegi boljak önümleri bol öndürmek ugrundaky hereketiň öň hatarlarynda boljakdyklaryna ynandyrýarlar. 

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.

27.10.2022
Kuwwatly ykdysadyýet — durnukly ösüş

Ýene-de sanlyja günlerden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli pul birligimiz — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllylygy bellenilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda öz milli pulumyzyň dolanyşyga girizilen gününden bäri geçen döwürde onuň durnuklylygyny saklamak boýunça uly işler bitirildi. Manat Watanymyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolmak bilen, soňky ýyllarda öz hümmetini has-da berkitdi. Pul islendik ýagdaýda ykdysadyýetiň ösmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesine gönüden-göni täsir edýär.  

                                                                   

Şuňa laýyklykda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginde ösdürilýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bank ulgamynyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygynyň gazanylmagy hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulmagy üçin möhüm bolup durýar. Bu ulgamyň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzakmöhletleýin işleriň alnyp barylmagy netijesinde milli manadymyzyň hümmeti durnukly ýagdaýda saklanylýar, bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda badalga beren düzümleýin, sebitleýin hem-de pudagara özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň ykdysady taýdan bähbitlidigini iş ýüzünde doly subut etdi. Häzirki döwürde güneşli Diýarymyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durnukly ösüşi maksatlaryna ýetirmek ugrunda ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe taýdan goldaw bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, ulgamyň işine iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, halkyň hal-ýagdaýynyň günsaýyn gowulanmagy ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Atanyýaz HANGELDIÝEW

27.10.2022
Nebitgaz pudagy: beýik ösüşleri nazarlap

26-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan forumyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň batly depginlerdäki ösüşinde ähmiýeti örän ýokarydyr. 

                                                                   

Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.  

                                                                   

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahat we sergi milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagy bolan nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açyp görkezmekde, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde netijeli meýdança öwrüldi. Sergide ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary, ýeten belent derejeleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkara nebitgaz maslahaty bilen ugurdaşlykda guralýan sergä energetika ugurly kompaniýalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Forum energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebitleýin dialogy berkitmäge, Türkmenistanyň nebitgaz senagaty pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we işjeňleşdirmäge uly ýardam eder.  

27.10.2022
Milli ykdysadyýetiň rowaç gadamlary

Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler şu günümiziň ösüşlerini, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetimiz döwrebap derejede ösdürilýär. Häzirki ösen döwürde milli ykdysadyýeti ösdürmegiň döwrebap şertleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakdyr we şu ugurdan işlejek kämil hünärmenleri kemala getirmekdir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ylmy esaslarda ösdürmekde sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi döwrebap mümkinçilikler bilen ösdürmek, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler işjeň durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda ýokary öndürijilikli zähmeti üpjün etmäge we uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga itergi berýän netijeli ulgamlaryň biri hökmünde öňe çykyp, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter özgertmäge ýardam berýän ulgamlaryň biridir. 

                                                                   

Häzirki zaman dünýäsiniň jemgyýetçilik durmuşy ykdysady özgertmeler esasynda çalt depginler bilen ösýär, kämilleşýär we şonuň bilen bir hatarda bütin adamzadyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Şeýle möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri hem ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak bolup durýar. Sanly özgertmeleriň ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek baş wezipe bolup durýar.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýet wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga, şeýle hem sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň global bazarlara çalt çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder». Şunda ösen tehnologiýalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak işiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Şeýle hem hünärmenleriň taýýarlanylyşy, olaryň döredijilik işi hem esasy ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Adam maýasyny kämilleşdirmek ugrundaky maksatlaýyn gönükdirmelere ýetmek üçin çözülmegi göz öňünde tutulýan wezipeleriň hatarynda ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlarynyň ösüşiniň netijesinde, tehnologik ösüşi üpjün etmek, milli innowasion ulgamy kemala getirmek, ylym hem-de bilim edaralarynyň dürli görnüşliligini giňeltmek, degişli ugurdaky bar bolan potensialy çekmek arkaly tehnologiýalary, ylmy-barlag merkezlerini, barlaghanalary döretmek wezipeleri bellenilýär.  

                                                                   

Innowasiýalar, ylym we bilim, maliýe, hyzmatlar we kommunikasiýalar ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ugurlaryny giňeltmek, ylmyň we tehnologiýanyň ösdürilmegi, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna maglumatlar sektorynyň aralaşmagy ýaly wezipeleri esasy ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet ähmiýetli beýik işleriniň halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapýandygyny buýsanç bilen aýtmak bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň belent derejelere çykmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.  

                                                                                                           

Aýgül GURTGELDIÝEWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

26.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymynyň depgini hem-de pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, sebitiň gowaça meýdanlarynda hereket edýän oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy öz wagtynda, talabalaýyk tutulýar, netijede, meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. 

                                                                   

Şeýle hem häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur bolan ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça ähli zerur çäreleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Bulardan başga-da, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada aýdyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagyň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurdaky işleriň welaýatyň Kaka, Sarahs, Tejen etraplarynda haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi hem-de pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişi baradaky meselä ünsi çekip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk hojalyklarynda hem gyş paslyna taýýarlyk işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk alnyp barylmagyny talap etdi. Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, sebitde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “ak altyn” hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygym möwsümini üstünlikli geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Ýygnalan hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalar, pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar bökdençsiz işledilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, gögeriş suwuny tutmak we kadaly gögeriş almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şu ýyl günbatar sebitde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça öňde durýan işleriň welaýatyň Etrek etrabynda haýal alnyp barylýandygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişinde agrotehnikanyň talaplarynyň pugta berjaý edilmelidigini, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleriniň öz wagtynda we degişli derejede geçirilmelidigini, gant şugundyry ekilen meýdanlarda ýokary hasyl almak üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, maldarçylyk hojalyklarynda bu jogapkärli möwsüm üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini aýtdy. Sebitde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, şunda kombaýnlaryň, hasyl daşaýan tehnikalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli, öz wagtynda geçirmek, ekişde ulanylýan tehnikalaryň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň talabalaýyk işini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. 

                                                                   

Şeýle hem häkim welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda obasenagat pudagynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigine, häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymynyň güýçli depginlerde alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, welaýatyň Ruhubelent, Akdepe, Boldumsaz etraplarynda pagta ýygymynyň derejesiniň pesdigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmelidigini, ýetişdirilen şaly hasylynyň ýitgisiz ýygnalmalydygyny aýtdy we bu ugurdaky işleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda jogapkärli möwsüme — gyş paslyna taýýarlyk görülmelidir, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler öz wagtynda geçirilmelidir. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şu ýyl demirgazyk sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk derejede alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur bolan ähli işler sazlaşykly alnyp barylýar. Şunda pagta ýygýan kombaýnlaryň, pagta hasylyny daşaýan tehnikalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Häkim bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we ekiş enjamlaryny doly güýjünde işletmek, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmek, zerur möçberde ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. Şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada-da aýdyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli işleriň öz wagtynda, ýokary hil derejesinde, agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Pagta ýygym möwsümini bellenilen möhletlerde geçirmek we hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de welaýatyň Döwletli, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şalydan bol hasyl almak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna ykjam taýýarlyk görmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleri berk gözegçilikde saklanmalydyr. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda pagta ýygymyny, bugdaý ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işi üpjün edilýär, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalary we ekiş enjamlary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda, talabalaýyk geçirilýär hem-de kadaly gögeriş alynýar. 

                                                                   

Şeýle hem häkim welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýän ideg işleri, ýetişdirilen hasyly ýygnamak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi, hususan-da, welaýatyň Oguzhan, Wekilbazar, Murgap etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi häkimden talap etdi. 

                                                                   

Bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir, ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz degişli tehnikalary doly kuwwatynda işletmegiň hasabyna bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda hem-de bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady we munuň häzirki döwrüň talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmek boýunça meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidir, ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda bugdaý ekilen meýdanlary suwarmak boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Lebap welaýatyna iş sapary boýunça, bu sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we bugdaý ekişini geçirmek, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler barada aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini degişli derejede hem-de agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere pagta ýygymy, bugdaý ekişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar bökdençsiz işledilmelidir. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin anyk çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.10.2022
Islegli önümler

Häzirki döwürde ýurdumyzda hususyýetçiler tarapyndan ýokary netijeler gazanylýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine uly ynam bildirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär.  

                                                                   

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, işjanly telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradowyň hususy kärhanasynda hem ilatyň sarp edýän, importyň ornuny tutýan önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. 2017-nji ýylda işe girizilen kärhana bir gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde ilkibaşda «Rowaç» haryt nyşanly gury süpürgiçler, çygly süpürgiçler, aşhana kagyzy ýaly önümleriň 6 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Olar Türkiýe Respublikasynyň tehnologiýalary esasynda öndürilýär. Kärhanada süpürgiçleriň sagatda 100 gabyny öndürmäge mümkinçilik bar. 

                                                                   

2020-nji ýylda kärhanada «Aýs» haryt nyşanly gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň dürli görnüşleri öndürilip başlandy. Bu ýerde olaryň 330, 500 millilitrlik we 1,5 litrlik gaplara gaplanan jemi 21 görnüşi öndürilýär. Önümçilikde Ýanbaş çeşmesiniň ekologik taýdan arassa agyz suwy, dürli görnüşli reňk we tagam berijiler peýdalanylýar. Önümçilik Polşa döwletiniň döwrebap tehnologiýalarynyň kömegi bilen alnyp barylýar. Kärhanada gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň sagatda 10 müň şertli gabyny öndürmäge mümkinçilik bar. 

                                                                   

Öndürilýän önümler degişli hünärmenleriň gözegçiliginde hil barlaglaryndan geçirilýär. Taýýar önümler ýörite ammarlarda saklanyp, söwda nokatlaryna ugradylýar.  

                                                                   

Ýakynda bu ýerde täze önümçilik ýola goýuldy. Kärhananyň hünärmenleri suwuklyklary we içgileri saklamak üçin ulanylýan polietilentereftalat (PET) gaplary öndürip başladylar. Munuň üçin Lýuksemburgyň degişli kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Bu önümçiligiň ýola goýulmagy ugurdaş kärhanalaryň üpjünçiligine hem täsirini ýetirer. 

                                                                   

Häzirki wagtda önümçilik kärhanasynda 50-ä golaý adam zähmet çekýär. Bu ýerde olaryň zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Kärhanada arassaçylyk kadalarynyň we tehniki howpsuzlygyň düzgünleriniň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.  

                                                                   

Telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradow geljekde öndürýän önümleriniň görnüşlerini hem-de olaryň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmagy, täze iş orunlaryny döretmegi, şeýle hem eksporty ýola goýmagy maksat edinýär.  

                                                                                                           

Çary ÇARYÝEW.

26.10.2022
Ýokary hilli önümler

Welaýatymyzyň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz «Çeper» tikin fabriginde tikilýän önümlere islegler barha artýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 9 aýynyň jemi boýunça fabrikde tikilýän önümler 13 million 604 müň manatlyk bolup, meýilnama 168,7 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 119,4 göterime barabardyr.  

                                                                   

Fabrigiň eli çeper tikinçileri öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy ugrunda uly alada edýärler. Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite eşikler tikilýär. Şeýle hem hassahana geýimleri, aşpezler üçin eşikler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk, olaryň daşlyklary, halatlar işçi geýimleri öndürilýär. Fabrigi çig mal bilen esasan, Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlary üpjün edýärler. Bu dokma toplumlary tarapyndan öndürilýän matalar özleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Olar ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylynyň önümi bolup, hil taýdan ähli talaplara laýyk gelýär. Fabrigiň işgärleri işlemäge, medeniýetli dynç almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize rowaçlyk arzuw edip, ýyly ýokary netijeler bilen jemlemek üçin yhlasly zähmet çekýärler. 

                                                                                                           

Haltäç BÄŞIMOWA,

                       

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

25.10.2022
Goranyş maksatly Harby doktrina — Watanymyzyň abadançylygynyň kepili

Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi 

                                                                   

 Balkan welaýaty, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady. 

                                                                   

Ýörite meýilnama laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen, söweşjeň taýýarlyga getirilip, bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigi geçirildi. Öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin guryýer goşunlarynyň, harby-howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-deňiz güýçleriniň harby bölümlerini bellenen tertipde söweşjeň taýýarlyga getirmek barada nobatçy güýçlere habar berildi. Dessine harby dolandyryş ulgamy ýaýbaňlandyryldy, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly hereketler ýola goýuldy. 

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagyny baş maksat edinýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri döwletimiziň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini ygtybarly üpjün edýär. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Milli goşunyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de harby okuw-türgenleşikleriniň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde goýlan harby tehnikalary, harby söweşjeň uçarlary, dikuçarlary we goşun bölümlerinde üpjünçilik maksady bilen ulanylýan dürli görnüşdäki harby uçarlary, täze gelip gowşan häzirki zaman harby uçarlary synlady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilýän harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belläp, harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. 

                                                                   

 Soňra Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda howa menzilinden harby okuw-türgenleşigiň geçirilýän ýerine bardy. 

                                                                   

Bu ýerde goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzümleriniň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigini geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. 

                                                                   

Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilmegi bilen, gury ýerlerde bolşy ýaly, deňiz çäkleriniň hem ygtybarly goragy üpjün edilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu bolsa harby gullukçylaryň häzirki zaman tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmeklerini we olaryň hünär taýdan kämilleşmeklerini şertlendirýär. 

                                                                   

 Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde belent ruha beslenen watançylyk aýdymy ýaňlanýar. 

                                                                   

Soňra Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak we harby gullukçylaryň hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigini geçirmek üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň şahsy düzümi söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirildi. Bu türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot açyş urgulary hem-de goşunlaryň taktiki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite ekranlarda görkezilýär. 

Asmana atyjylar toparynyň raketasy kesgitlenen ugra gönükdirildi. Uçar-nyşan toplumy sesden pes tizliklerde uçýan köp maksatly uçuş enjamy bolup, ol garşydaşyň uçaryny, howa nyşanasyny döretmek bilen, harby gullukçylary türgenleşdirmek hem-de olaryň söweş ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. 

                                                                   

Deňizýaka söweşleriň aýratynlyklaryna laýyklykda, 120 mm-lik minomýot toplumy bilen ýaraglandyrylan bölümçe kenarýakasynda ot açyş sepgitlerini eýeleýärler. Deňiz çäginiň howa giňişliginde ýagtylandyryjy minalar peýda boldy. 

                                                                   

Sowutlanan harby awtoulaglarda asmana atyjylar howa nyşanlaryna raketa toplumyndan raketa atyşlaryny ýerine ýetirýärler we howa nyşanasyny ýok edýärler. Göçme asmana atyjy raketa toplumy bilen ýaraglandyrylan bölünmeler motoatyjy, tankçylyk we beýleki goşunlary ýörişde we söweşiň ähli görnüşlerinde ýakyn aralykdaky duýdansyz peýda bolýan howa hüjüminden penalamak hem-de ygtybarly goramak boýunça söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirýärler. 

                                                                   

Şeýle hem şu günki harby-okuw meýdan türgenleşigine «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň ilkinji gezek gatnaşdyrylýandygyny bellemeli. Türgenleşigiň dowamynda bu uçarmansyz uçaryň söweşjeň mümkinçilikleri, onuň howa giňişligindäki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» aragatnaşyk hemrasy arkaly ekrana çykarylýar. Täze söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň kömegi bilen radiolokasiýa bekedini aňladýan nyşanany ýok etmek ugruna girýär we raketasyny gönükdirýär. Radiolokasiýa beket nyşany 5 müň metr beýiklikden we 8 müň metr uzaklykdan takyklyk bilen ýok edilýär. 

                                                                   

Häzirki okuw türgenleşiginde Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň düzümleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türgenleşik meýdanynyň çep tarapynda “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlar ýokary geçijilikli ulaglarda dessin hereket edip, kesgitlenen sepgitde söweş ýerlerini eýeleýärler. Mergenler topary nyşanalary dürs urmagy başarýarlar hem-de kämil söweşjeň ýaraglara erk etmekde söweşjeň ussatlyk görkezýärler. Topar öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirip, awtoulaglaryna münüp, türgenleşik meýdanynyň çäginden çykýar. 

                                                                   

Harby okuw-meýdan türgenleşiginiň maksadyna laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň söweşjeň uçarmansyz uçuş enjamyndan kenarýaka raketa toplumyny aňladýan nyşanany ýok etmek meýilleşdirilýär. Toplumyň dolandyryş enjamynyň kömegi bilen urgy ediji uçarmansyz enjam söweş ugruna hüjüm etmek üçin gönükdirilýär we ýokary takyklyk bilen nyşana gönükdirilýär. Bu uçarmansyz uçuş enjamy garşydaşa sessiz we gizlin hüjüm edip, barmasy kyn bolan dürli görnüşli desgalary, ýerüsti we suwüsti nyşanalary, garşydaşyň janly güýjüni ýok etmek üçin niýetlenendir. 

                                                                   

Gözden geçirilişiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryndaky asmana atyjy raketa toplumynyň häzirki zaman görnüşleriniň biriniň mümkinçilikleri görkezildi. Ol güýçli elektron päsgelçilik şertlerinde toparlaýyn hüjümleriň garşysyna uçarmansyz uçarlary, reaktiw uçarlary, dikuçarlary, şeýle hem howa-ýer we ganatly raketalary, takyk dolandyrylýan bombalary ýok etmek üçin niýetlenendir. 

                                                                   

Goranmak ministrliginiň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary söweşjeň awtoulaglarda böwet goýujy ot açyşlary ýerine ýetirmek üçin kesgitlenen sepgitde ýerleşdiler. Söweşjeň hasaplar pulemýotlardan janly güýçleri aňladýan toparlaýyn nyşanalar boýunça ýokary depginde ot açýarlar. Zabt ediji toparlar pulemýotçylaryň täsirli ot açmaklary esasynda hüjüme geçip, ýörite taktiki hereketleri ýerine ýetirýärler. Pulemýotlaryň ot bilen penalamagynda granatamýotçylar topary sowutlanan nyşanalary hatardan çykarýarlar. 

                                                                   

Ýaragly Güýçleriň tehniki taýdan üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilmegi netijesinde ýurdumyzyň harby-howa güýçleri Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň we guryýer serhediniň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün edýärler. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň iýul aýynda “M-346” kysymly harby uçaryň şturwalynyň başyna geçip, ony synagdan geçirmek bilen, sesden çalt uçýan harby uçara ussatlyk bilen erk etdi hem-de ony sanlyja sekuntlardan zerur belentlige çykaryp, asman giňişliginde birnäçe öwrüm edipdi. 

                                                                   

Ine, bu gün bolsa “M-346” kysymly söweşjeň uçarlaryň ikisi okuw-türgenleşik meýdanynyň asman giňişliginde peýda bolup, ýörite taktiki uçuş tälimlerini ýerine ýetirmek bilen, garşydaşyň harby tehnikalaryny, uçarlaryny we dikuçarlaryny hatardan çykarmagyň, strategik maksatlaryny ýok etmegiň usullaryny görkezýärler. Şu türgenleşige ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna ýakynda gelip gowşan uçarlar hem gatnaşdy. Olaryň ilkinji nobatdaky wezipesi nyşanalary kesgitlemek boýunça howa giňişliginde aňtaw uçuşlaryny alyp barmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Soňra uçarlar bellenen wagtda türgenleşik meýdanynyň sag tarapynda uçardan artilleriýa toparyny aňladýan nyşan meýdany boýunça, ýörite dolandyrylýan ýokary takyk awiasion bombalaryň kömegi bilen urgular amala aşyrylýar. Hüjüm ediji uçarlar guryýer goşunlaryny goldamak boýunça söweş hereketini dowam edip, raketa urgularyny ýerine ýetirmek bilen, sowutlanan tehnikalar kerwenini aňladýan nyşanalar toparyny hatardan çykarýarlar. 

                                                                   

Ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşy, olara gözegçilik işleri we goşun bölümleriniň arasynda aragatnaşygyň häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň sanly ulgam arkaly amala aşyrylmagy türgenleşigiň netijeli häsiýete eýe bolmagyna we onuň geçişine doly baha bermäge mümkinçilik döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Soňra türgenleşik meýdanynyň sag tarapyndaky meýdan ok-däri we ýarag ammarlar toplumyny aňladýan nyşana garşy bomba oklanylýar. Hüjüm ediji uçarlar zabt ediji awiasiýanyň söweş taktikasyna laýyklykda, söweşjeň jübütlere bölünip, artilleriýa toparyny aňladýan nyşanalary hatardan çykarmak boýunça wezipäni ýerine ýetirýärler. 

                                                                   

Söweşjeň wezipäni ýerine ýetirmek üçin harby-howa güýçleriniň dikuçarlary çagyrylýar. Olar türgenleşik meýdanynyň sag tarapyndaky awtoulag kerwenine netijeli urgy urmak üçin hüjüm edýärler. 

                                                                   

Türgenleşik meýdanynyň çep tarapyndan atyjylar toparynyň penalamagynda ognemýotçylar ýokary geçijilikli awtoulaglarda hereket edýärler. Olar bellenen söweş sepgidine gelip, söweş ýerlerini dessin eýeläp, uzak wagtlaýyn goranyş nokadyny aňladýan nyşana boýunça ot açyp, ony hatardan çykarýarlar. 

                                                                   

Harby okuw-meýdan türgenleşigini ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby-deňiz güýçleriniň söweşjeň gämileri dowam edýär. Olar Hazar deňzinde parahatçylygy we howpsuzlygy ygtybarly goraýarlar. «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri hem-de beýleki gämi urgy toparlary deňiz giňişliginde söweşjeň gämi nyşanalaryny hatardan çykarmak üçin okgunly hüjüm edýärler. Bellenen wagtda ýokary takyklykdaky raketa goýberilip, aýratyn wajyp suwüsti nyşana gönükdirilýär. 

                                                                   

Türgenleşik meýdanynyň çep tarapynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary şäher şertlerinde binalary we desgalary zabt edip, bikanun ýaragly toparlary zyýansyzlandyrmak boýunça ýörite taktiki hereketlere girişýärler. Şu pursatda ýörite söweşjeň tertibe düzülen gämiler topary deňiz söweşini alyp barmagyň taktiki usullaryny ýerine ýetirýärler. Kämil derejede enjamlaşdyrylan “Deňiz han” korwet gämisi uly çuňlukda suwasty torpedasyny goýberýär hem-de ýüze çykarylan suwasty gämini aňladýan nyşanany urýar. 

                                                                   

Deňiz söweşi gämi ýaraglanyşyndaky artilleriýa toplary bilen suwüsti nyşanalara jemlenen we aýratynlykdaky ot açyşlar bilen dowam edýär. Deňiz giňişliginde hereket edýän Ýaragly Güýçleriň harby-deňiz güýçleriniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň gämileri suwüsti nyşanalara garşy netijeli ot açýarlar. Howa hüjüminden goranyş goşunlary deňiz çäginiň howa giňişliginde nyşanany ýüze çykarýarlar. 

                                                                   

Häzirki zaman söweşinde uçarmansyz uçuş enjamlary arkaly söweşi alyp barmagyň täze görnüşleri peýda boldy. Uçarmansyz uçýan enjam dürli belentlikde hereket edip, onuň kömegi bilen zerur aňtaw maglumatlaryny alyp bolýar. Şu pursatda howa hüjüminiň nobatdaky tapgyryny aňladýan kiçi göwrümli howa nyşany peýda boldy. Bu nyşan howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň asmana atyjy raketa toplumy bilen ýok edildi. 

                                                                   

Ýörite maksatly toparlar sagdyn, beden we ýörite taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly goşun görnüşleriniň öňdebaryjylary hasaplanýar we olar strategik wajyp wezipeleri ýerine ýetirýärler. Dolandyryş nokadynyň öň tarapynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary üçin ýörite ot açyş meýdançasy enjamlaşdyryldy. Ygtyýarlaryna gelip gowşan ýörite awtoulaglarda, şeýle hem “Kirpi” kysymly söweşjeň tehnikalarda hüjüme başlap, harby gullukçylar kesgitlenen aralyklarda ýörite nyşanalar boýunça ot açýarlar hem-de söweşjeň ussatlyklaryny görkezýärler. 

                                                                   

Olar türgenleşik meýdançasynyň çep tarapyndan hereket etmek bilen, dürli nyşanalar boýunça dürs urgulary amala aşyrýarlar. Bu bölümleriň harby gullukçylary ygtyýarlaryndaky döwrebap harby awtoulaglary ulanýarlar. Şol tehnikalar aýratyn çylşyrymly şertlerde — çöllük, daglyk ýerlerde, tokaý zolaklarynda hem-de ilatly ýerlerde wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge niýetlenendir we ygtybarlylygy, ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýarlar. 

                                                                   

Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary deňizde girewine alnan gämini halas etmek boýunça ýörite hereketleri ýerine ýetirýärler. Içeri işler ministrliginiň “Türkmen edermen” ýörite maksatly topary dikuçarlarda gämini düzgün bozujylardan arassalamak boýunça ýörite hereketleri geçirýär. Bellenen wagtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary dikuçardan 1500 metr beýiklikden bellenilen nokada paraşýutdan üstünlikli böküş geçirýärler. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini hem-de ussatlygyny aýdyň beýan etdiler. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň üstünlikli geçmegi mynasybetli guralan dabaraly ýörişi synlady. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän harby özgertmeler Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygynyň, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň has-da ýokarlanmagyny şertlendirdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, iň kämil harby tehnikalaryň gelip gowuşmagy, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň netijeli amala aşyrylmagy Watanymyzyň asuda durmuşyny üpjün etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly topary sowutlanan awtoulaglarda, Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparlary bolsa tälim berlen türkmen alabaýlary bilen geçýärler. Ýaragly Güýçleriň harby-deňiz güýçleriniň “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri hem harby ýörişe bezeg berdi. Şol bir wagtyň özünde harby dikuçarlar deňiz çäginiň howa giňişliginde dabaraly uçuşyny dowam edýärler. 

                                                                   

Watan goragçylary netijeli gulluklary we döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, parahatçylygy saklamak hem-de Watanymyzyň mukaddes serhetlerini, şol sanda deňiz serhetlerini goramak boýunça wezipeleri üstünlikli çözýärler. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň guralyşynyň ýokary derejesini belledi. 

                                                                   

Serkerdeler Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän döwlet Baştutanymyza harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we asyrlar aşyp gelýän milli watansöýüjilik ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilýän harby söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda iň täze nusgadaky uçarlar, uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler netijesinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyryldy, onuň kuwwaty pugtalandyryldy, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertler döredildi. Ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär, okuw işine öňdebaryjy tejribeler, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ugurda döwletimiz mundan beýläk-de toplumlaýyn işleri alyp barar. Munuň özi mukaddes topragymyzda asudalygyň berkarar bolmagyna, ýurdumyzyň çäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülmegine ýardam berer. 

                                                                   

Watan goragçylary Milli goşuny ösdürmek baradaky meselelere örän uly üns berýändigi üçin Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de harby kasama wepaly boljakdyklaryna, ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hemmelere Watan goragy ýaly mukaddes gulluklarynda üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

25.10.2022