Goranyş maksatly Harby doktrina — Watanymyzyň abadançylygynyň kepili

Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi 

                                                                   

 Balkan welaýaty, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady. 

                                                                   

Ýörite meýilnama laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen, söweşjeň taýýarlyga getirilip, bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigi geçirildi. Öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin guryýer goşunlarynyň, harby-howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-deňiz güýçleriniň harby bölümlerini bellenen tertipde söweşjeň taýýarlyga getirmek barada nobatçy güýçlere habar berildi. Dessine harby dolandyryş ulgamy ýaýbaňlandyryldy, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly hereketler ýola goýuldy. 

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagyny baş maksat edinýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri döwletimiziň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini ygtybarly üpjün edýär. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Milli goşunyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de harby okuw-türgenleşikleriniň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde goýlan harby tehnikalary, harby söweşjeň uçarlary, dikuçarlary we goşun bölümlerinde üpjünçilik maksady bilen ulanylýan dürli görnüşdäki harby uçarlary, täze gelip gowşan häzirki zaman harby uçarlary synlady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilýän harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belläp, harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. 

                                                                   

 Soňra Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda howa menzilinden harby okuw-türgenleşigiň geçirilýän ýerine bardy. 

                                                                   

Bu ýerde goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzümleriniň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigini geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. 

                                                                   

Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilmegi bilen, gury ýerlerde bolşy ýaly, deňiz çäkleriniň hem ygtybarly goragy üpjün edilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu bolsa harby gullukçylaryň häzirki zaman tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmeklerini we olaryň hünär taýdan kämilleşmeklerini şertlendirýär. 

                                                                   

 Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde belent ruha beslenen watançylyk aýdymy ýaňlanýar. 

                                                                   

Soňra Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak we harby gullukçylaryň hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigini geçirmek üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň şahsy düzümi söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirildi. Bu türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot açyş urgulary hem-de goşunlaryň taktiki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite ekranlarda görkezilýär. 

Asmana atyjylar toparynyň raketasy kesgitlenen ugra gönükdirildi. Uçar-nyşan toplumy sesden pes tizliklerde uçýan köp maksatly uçuş enjamy bolup, ol garşydaşyň uçaryny, howa nyşanasyny döretmek bilen, harby gullukçylary türgenleşdirmek hem-de olaryň söweş ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. 

                                                                   

Deňizýaka söweşleriň aýratynlyklaryna laýyklykda, 120 mm-lik minomýot toplumy bilen ýaraglandyrylan bölümçe kenarýakasynda ot açyş sepgitlerini eýeleýärler. Deňiz çäginiň howa giňişliginde ýagtylandyryjy minalar peýda boldy. 

                                                                   

Sowutlanan harby awtoulaglarda asmana atyjylar howa nyşanlaryna raketa toplumyndan raketa atyşlaryny ýerine ýetirýärler we howa nyşanasyny ýok edýärler. Göçme asmana atyjy raketa toplumy bilen ýaraglandyrylan bölünmeler motoatyjy, tankçylyk we beýleki goşunlary ýörişde we söweşiň ähli görnüşlerinde ýakyn aralykdaky duýdansyz peýda bolýan howa hüjüminden penalamak hem-de ygtybarly goramak boýunça söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirýärler. 

                                                                   

Şeýle hem şu günki harby-okuw meýdan türgenleşigine «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň ilkinji gezek gatnaşdyrylýandygyny bellemeli. Türgenleşigiň dowamynda bu uçarmansyz uçaryň söweşjeň mümkinçilikleri, onuň howa giňişligindäki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» aragatnaşyk hemrasy arkaly ekrana çykarylýar. Täze söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň kömegi bilen radiolokasiýa bekedini aňladýan nyşanany ýok etmek ugruna girýär we raketasyny gönükdirýär. Radiolokasiýa beket nyşany 5 müň metr beýiklikden we 8 müň metr uzaklykdan takyklyk bilen ýok edilýär. 

                                                                   

Häzirki okuw türgenleşiginde Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň düzümleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türgenleşik meýdanynyň çep tarapynda “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlar ýokary geçijilikli ulaglarda dessin hereket edip, kesgitlenen sepgitde söweş ýerlerini eýeleýärler. Mergenler topary nyşanalary dürs urmagy başarýarlar hem-de kämil söweşjeň ýaraglara erk etmekde söweşjeň ussatlyk görkezýärler. Topar öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirip, awtoulaglaryna münüp, türgenleşik meýdanynyň çäginden çykýar. 

                                                                   

Harby okuw-meýdan türgenleşiginiň maksadyna laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň söweşjeň uçarmansyz uçuş enjamyndan kenarýaka raketa toplumyny aňladýan nyşanany ýok etmek meýilleşdirilýär. Toplumyň dolandyryş enjamynyň kömegi bilen urgy ediji uçarmansyz enjam söweş ugruna hüjüm etmek üçin gönükdirilýär we ýokary takyklyk bilen nyşana gönükdirilýär. Bu uçarmansyz uçuş enjamy garşydaşa sessiz we gizlin hüjüm edip, barmasy kyn bolan dürli görnüşli desgalary, ýerüsti we suwüsti nyşanalary, garşydaşyň janly güýjüni ýok etmek üçin niýetlenendir. 

                                                                   

Gözden geçirilişiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryndaky asmana atyjy raketa toplumynyň häzirki zaman görnüşleriniň biriniň mümkinçilikleri görkezildi. Ol güýçli elektron päsgelçilik şertlerinde toparlaýyn hüjümleriň garşysyna uçarmansyz uçarlary, reaktiw uçarlary, dikuçarlary, şeýle hem howa-ýer we ganatly raketalary, takyk dolandyrylýan bombalary ýok etmek üçin niýetlenendir. 

                                                                   

Goranmak ministrliginiň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary söweşjeň awtoulaglarda böwet goýujy ot açyşlary ýerine ýetirmek üçin kesgitlenen sepgitde ýerleşdiler. Söweşjeň hasaplar pulemýotlardan janly güýçleri aňladýan toparlaýyn nyşanalar boýunça ýokary depginde ot açýarlar. Zabt ediji toparlar pulemýotçylaryň täsirli ot açmaklary esasynda hüjüme geçip, ýörite taktiki hereketleri ýerine ýetirýärler. Pulemýotlaryň ot bilen penalamagynda granatamýotçylar topary sowutlanan nyşanalary hatardan çykarýarlar. 

                                                                   

Ýaragly Güýçleriň tehniki taýdan üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilmegi netijesinde ýurdumyzyň harby-howa güýçleri Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň we guryýer serhediniň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün edýärler. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň iýul aýynda “M-346” kysymly harby uçaryň şturwalynyň başyna geçip, ony synagdan geçirmek bilen, sesden çalt uçýan harby uçara ussatlyk bilen erk etdi hem-de ony sanlyja sekuntlardan zerur belentlige çykaryp, asman giňişliginde birnäçe öwrüm edipdi. 

                                                                   

Ine, bu gün bolsa “M-346” kysymly söweşjeň uçarlaryň ikisi okuw-türgenleşik meýdanynyň asman giňişliginde peýda bolup, ýörite taktiki uçuş tälimlerini ýerine ýetirmek bilen, garşydaşyň harby tehnikalaryny, uçarlaryny we dikuçarlaryny hatardan çykarmagyň, strategik maksatlaryny ýok etmegiň usullaryny görkezýärler. Şu türgenleşige ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna ýakynda gelip gowşan uçarlar hem gatnaşdy. Olaryň ilkinji nobatdaky wezipesi nyşanalary kesgitlemek boýunça howa giňişliginde aňtaw uçuşlaryny alyp barmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Soňra uçarlar bellenen wagtda türgenleşik meýdanynyň sag tarapynda uçardan artilleriýa toparyny aňladýan nyşan meýdany boýunça, ýörite dolandyrylýan ýokary takyk awiasion bombalaryň kömegi bilen urgular amala aşyrylýar. Hüjüm ediji uçarlar guryýer goşunlaryny goldamak boýunça söweş hereketini dowam edip, raketa urgularyny ýerine ýetirmek bilen, sowutlanan tehnikalar kerwenini aňladýan nyşanalar toparyny hatardan çykarýarlar. 

                                                                   

Ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşy, olara gözegçilik işleri we goşun bölümleriniň arasynda aragatnaşygyň häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň sanly ulgam arkaly amala aşyrylmagy türgenleşigiň netijeli häsiýete eýe bolmagyna we onuň geçişine doly baha bermäge mümkinçilik döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Soňra türgenleşik meýdanynyň sag tarapyndaky meýdan ok-däri we ýarag ammarlar toplumyny aňladýan nyşana garşy bomba oklanylýar. Hüjüm ediji uçarlar zabt ediji awiasiýanyň söweş taktikasyna laýyklykda, söweşjeň jübütlere bölünip, artilleriýa toparyny aňladýan nyşanalary hatardan çykarmak boýunça wezipäni ýerine ýetirýärler. 

                                                                   

Söweşjeň wezipäni ýerine ýetirmek üçin harby-howa güýçleriniň dikuçarlary çagyrylýar. Olar türgenleşik meýdanynyň sag tarapyndaky awtoulag kerwenine netijeli urgy urmak üçin hüjüm edýärler. 

                                                                   

Türgenleşik meýdanynyň çep tarapyndan atyjylar toparynyň penalamagynda ognemýotçylar ýokary geçijilikli awtoulaglarda hereket edýärler. Olar bellenen söweş sepgidine gelip, söweş ýerlerini dessin eýeläp, uzak wagtlaýyn goranyş nokadyny aňladýan nyşana boýunça ot açyp, ony hatardan çykarýarlar. 

                                                                   

Harby okuw-meýdan türgenleşigini ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby-deňiz güýçleriniň söweşjeň gämileri dowam edýär. Olar Hazar deňzinde parahatçylygy we howpsuzlygy ygtybarly goraýarlar. «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri hem-de beýleki gämi urgy toparlary deňiz giňişliginde söweşjeň gämi nyşanalaryny hatardan çykarmak üçin okgunly hüjüm edýärler. Bellenen wagtda ýokary takyklykdaky raketa goýberilip, aýratyn wajyp suwüsti nyşana gönükdirilýär. 

                                                                   

Türgenleşik meýdanynyň çep tarapynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary şäher şertlerinde binalary we desgalary zabt edip, bikanun ýaragly toparlary zyýansyzlandyrmak boýunça ýörite taktiki hereketlere girişýärler. Şu pursatda ýörite söweşjeň tertibe düzülen gämiler topary deňiz söweşini alyp barmagyň taktiki usullaryny ýerine ýetirýärler. Kämil derejede enjamlaşdyrylan “Deňiz han” korwet gämisi uly çuňlukda suwasty torpedasyny goýberýär hem-de ýüze çykarylan suwasty gämini aňladýan nyşanany urýar. 

                                                                   

Deňiz söweşi gämi ýaraglanyşyndaky artilleriýa toplary bilen suwüsti nyşanalara jemlenen we aýratynlykdaky ot açyşlar bilen dowam edýär. Deňiz giňişliginde hereket edýän Ýaragly Güýçleriň harby-deňiz güýçleriniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň gämileri suwüsti nyşanalara garşy netijeli ot açýarlar. Howa hüjüminden goranyş goşunlary deňiz çäginiň howa giňişliginde nyşanany ýüze çykarýarlar. 

                                                                   

Häzirki zaman söweşinde uçarmansyz uçuş enjamlary arkaly söweşi alyp barmagyň täze görnüşleri peýda boldy. Uçarmansyz uçýan enjam dürli belentlikde hereket edip, onuň kömegi bilen zerur aňtaw maglumatlaryny alyp bolýar. Şu pursatda howa hüjüminiň nobatdaky tapgyryny aňladýan kiçi göwrümli howa nyşany peýda boldy. Bu nyşan howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň asmana atyjy raketa toplumy bilen ýok edildi. 

                                                                   

Ýörite maksatly toparlar sagdyn, beden we ýörite taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly goşun görnüşleriniň öňdebaryjylary hasaplanýar we olar strategik wajyp wezipeleri ýerine ýetirýärler. Dolandyryş nokadynyň öň tarapynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary üçin ýörite ot açyş meýdançasy enjamlaşdyryldy. Ygtyýarlaryna gelip gowşan ýörite awtoulaglarda, şeýle hem “Kirpi” kysymly söweşjeň tehnikalarda hüjüme başlap, harby gullukçylar kesgitlenen aralyklarda ýörite nyşanalar boýunça ot açýarlar hem-de söweşjeň ussatlyklaryny görkezýärler. 

                                                                   

Olar türgenleşik meýdançasynyň çep tarapyndan hereket etmek bilen, dürli nyşanalar boýunça dürs urgulary amala aşyrýarlar. Bu bölümleriň harby gullukçylary ygtyýarlaryndaky döwrebap harby awtoulaglary ulanýarlar. Şol tehnikalar aýratyn çylşyrymly şertlerde — çöllük, daglyk ýerlerde, tokaý zolaklarynda hem-de ilatly ýerlerde wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge niýetlenendir we ygtybarlylygy, ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýarlar. 

                                                                   

Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary deňizde girewine alnan gämini halas etmek boýunça ýörite hereketleri ýerine ýetirýärler. Içeri işler ministrliginiň “Türkmen edermen” ýörite maksatly topary dikuçarlarda gämini düzgün bozujylardan arassalamak boýunça ýörite hereketleri geçirýär. Bellenen wagtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary dikuçardan 1500 metr beýiklikden bellenilen nokada paraşýutdan üstünlikli böküş geçirýärler. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini hem-de ussatlygyny aýdyň beýan etdiler. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň üstünlikli geçmegi mynasybetli guralan dabaraly ýörişi synlady. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän harby özgertmeler Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygynyň, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň has-da ýokarlanmagyny şertlendirdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, iň kämil harby tehnikalaryň gelip gowuşmagy, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň netijeli amala aşyrylmagy Watanymyzyň asuda durmuşyny üpjün etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly topary sowutlanan awtoulaglarda, Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparlary bolsa tälim berlen türkmen alabaýlary bilen geçýärler. Ýaragly Güýçleriň harby-deňiz güýçleriniň “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri hem harby ýörişe bezeg berdi. Şol bir wagtyň özünde harby dikuçarlar deňiz çäginiň howa giňişliginde dabaraly uçuşyny dowam edýärler. 

                                                                   

Watan goragçylary netijeli gulluklary we döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, parahatçylygy saklamak hem-de Watanymyzyň mukaddes serhetlerini, şol sanda deňiz serhetlerini goramak boýunça wezipeleri üstünlikli çözýärler. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň guralyşynyň ýokary derejesini belledi. 

                                                                   

Serkerdeler Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän döwlet Baştutanymyza harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we asyrlar aşyp gelýän milli watansöýüjilik ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilýän harby söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda iň täze nusgadaky uçarlar, uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler netijesinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyryldy, onuň kuwwaty pugtalandyryldy, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertler döredildi. Ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär, okuw işine öňdebaryjy tejribeler, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ugurda döwletimiz mundan beýläk-de toplumlaýyn işleri alyp barar. Munuň özi mukaddes topragymyzda asudalygyň berkarar bolmagyna, ýurdumyzyň çäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülmegine ýardam berer. 

                                                                   

Watan goragçylary Milli goşuny ösdürmek baradaky meselelere örän uly üns berýändigi üçin Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de harby kasama wepaly boljakdyklaryna, ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hemmelere Watan goragy ýaly mukaddes gulluklarynda üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.