26-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan forumyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň batly depginlerdäki ösüşinde ähmiýeti örän ýokarydyr.
Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahat we sergi milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagy bolan nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açyp görkezmekde, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde netijeli meýdança öwrüldi. Sergide ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary, ýeten belent derejeleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkara nebitgaz maslahaty bilen ugurdaşlykda guralýan sergä energetika ugurly kompaniýalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Forum energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebitleýin dialogy berkitmäge, Türkmenistanyň nebitgaz senagaty pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we işjeňleşdirmäge uly ýardam eder.