Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler şu günümiziň ösüşlerini, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetimiz döwrebap derejede ösdürilýär. Häzirki ösen döwürde milli ykdysadyýeti ösdürmegiň döwrebap şertleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakdyr we şu ugurdan işlejek kämil hünärmenleri kemala getirmekdir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ylmy esaslarda ösdürmekde sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi döwrebap mümkinçilikler bilen ösdürmek, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler işjeň durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda ýokary öndürijilikli zähmeti üpjün etmäge we uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga itergi berýän netijeli ulgamlaryň biri hökmünde öňe çykyp, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter özgertmäge ýardam berýän ulgamlaryň biridir.
Häzirki zaman dünýäsiniň jemgyýetçilik durmuşy ykdysady özgertmeler esasynda çalt depginler bilen ösýär, kämilleşýär we şonuň bilen bir hatarda bütin adamzadyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Şeýle möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri hem ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak bolup durýar. Sanly özgertmeleriň ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek baş wezipe bolup durýar.
Sanly ykdysadyýet wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga, şeýle hem sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň global bazarlara çalt çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder». Şunda ösen tehnologiýalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak işiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Şeýle hem hünärmenleriň taýýarlanylyşy, olaryň döredijilik işi hem esasy ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Adam maýasyny kämilleşdirmek ugrundaky maksatlaýyn gönükdirmelere ýetmek üçin çözülmegi göz öňünde tutulýan wezipeleriň hatarynda ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlarynyň ösüşiniň netijesinde, tehnologik ösüşi üpjün etmek, milli innowasion ulgamy kemala getirmek, ylym hem-de bilim edaralarynyň dürli görnüşliligini giňeltmek, degişli ugurdaky bar bolan potensialy çekmek arkaly tehnologiýalary, ylmy-barlag merkezlerini, barlaghanalary döretmek wezipeleri bellenilýär.
Innowasiýalar, ylym we bilim, maliýe, hyzmatlar we kommunikasiýalar ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ugurlaryny giňeltmek, ylmyň we tehnologiýanyň ösdürilmegi, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna maglumatlar sektorynyň aralaşmagy ýaly wezipeleri esasy ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet ähmiýetli beýik işleriniň halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapýandygyny buýsanç bilen aýtmak bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň belent derejelere çykmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Aýgül GURTGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.