Abadan ýaşaýşyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda edýän  taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli sebitlerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümçilikleri döredilýär. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler anyk işlerde özüniň aýdyň beýanyny hem tapýar. Munuň şeýledigini welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleriniň üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda gazanan netijelerinde hem görmek bolýar. 

                                                                   

Geçen hasabat döwründe welaýatymyzda gök önümleriň 181,2 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 126 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 42,6 müň tonnasy, ýeralmanyň 105,5 müň tonnasy, üzümiň 17,2 müň tonnasy öndürildi. Ýokarda beýan edilen görkezijileriň ählisiniň hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarydygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýer eýeleriniň azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda janypkeşlikli we maksada okgunly zähmet çekýändikleriniň subutnamasydyr.  

                                                                   

Welaýatymyzyň maldarlary şanly ýyly zähmet üstünliklerine besleýärler. Olaryň agzybirlik bilen çekýän zähmetleriniň netijesinde ýylyň geçen aýlarynda etiň 106,5 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 483,7 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 182,5 million sanysy öndürildi. Bu önümleriň agramly bölegi hususy hojalyklarda öndürildi. Maldarlaryň ýakyndan alada etmekleri netijesinde mallaryň baş sany yzygiderli artýar. Şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli gara mallaryň baş sany 538 müňe, dowarlaryňky 2 million 559,7 müňe, guşlaryňky 4 million 175,7 müňe, düýeleriňki 5,5 müňe, gylýallaryňky bolsa 2,8 müňe ýetdi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryna dowarlaryň ýazky we güýzki gyrkymlaryndan ýuwulmadyk ýüňüň 7,4 müň tonnasy alyndy.  

                                                                   

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynyň işgärleri önüm bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu hojalyklarda häzirki wagtda gara mallaryň 1,1 müň başa golaýy, dowarlaryň 185,5 müňden gowragy, guşlaryň 19 müňüsi, düýeleriň hem 2295-si idedilýär. Olar boýunça hasabat döwründe öndürilen et 3 müň tonna golaý, süýt 63,4 tonna, ýumurtga bolsa 2 million 577 müň sany boldy.  

                                                                   

Maldarlar gyş möwsümi üçin ot-iým taýýarlamak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Şu döwre çenli welaýatyň ähli hojalyklary boýunça bedäniň 5620,7 tonnasy, gaty baldakly otlaryň hem 7720,5 tonnasy taýýar edildi. Dowardarlar taýýarlanylan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaýarlar, kaşarlary, ýyly agyllary abatlaýarlar. Olar özleriniň ýokary netijeli zähmet çekmekleri, halal we bol girdejileriň eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, ilatyň saçaklarynyň bezegi boljak önümleri bol öndürmek ugrundaky hereketiň öň hatarlarynda boljakdyklaryna ynandyrýarlar. 

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.