Ýokary hilli önümler

Welaýatymyzyň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz «Çeper» tikin fabriginde tikilýän önümlere islegler barha artýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 9 aýynyň jemi boýunça fabrikde tikilýän önümler 13 million 604 müň manatlyk bolup, meýilnama 168,7 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 119,4 göterime barabardyr.  

                                                                   

Fabrigiň eli çeper tikinçileri öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy ugrunda uly alada edýärler. Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite eşikler tikilýär. Şeýle hem hassahana geýimleri, aşpezler üçin eşikler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk, olaryň daşlyklary, halatlar işçi geýimleri öndürilýär. Fabrigi çig mal bilen esasan, Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlary üpjün edýärler. Bu dokma toplumlary tarapyndan öndürilýän matalar özleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Olar ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylynyň önümi bolup, hil taýdan ähli talaplara laýyk gelýär. Fabrigiň işgärleri işlemäge, medeniýetli dynç almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize rowaçlyk arzuw edip, ýyly ýokary netijeler bilen jemlemek üçin yhlasly zähmet çekýärler. 

                                                                                                           

Haltäç BÄŞIMOWA,

                       

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.