Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bank ulgamynda giň gerimli maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu babatda bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, töleg ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, banklaryň bäsdeşligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Eziz Diýarymyzda raýatlarymyza döwrebap derejede hyzmat etmek, sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwlet tarapyndan dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak, ýurdumyzyň ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny hem-de sanly bank hyzmatlarynyň ornaşdyrmak babatdaky işlere yzygiderli ýagdaýda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge we onuň täze görnüşlerini bank önümçiligine ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Bu babatda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem öz müşderilerine «Daýhan», «Kiçi möçberli karzlar», «Talyp karzy», «Owerdraft» ýaly bank karzlaryny, «Meleguş» pul geçirimini, «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bank nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we bar bolan hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak babatda hem uly işleri alyp barýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek maksadynda nagt däl görnüşinde kiçi möçberli karzlary bermek doly ýola goýlandyr. Olaryň hatarynda esasy we dolanyşyk serişdelerini almak, iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin karzlar hem bardyr.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, pudaklarda önümçiligi döwrebap ýola goýmak babatynda zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kanunçylygyň berkidilmegi, maksatnamalaryň kabul edilmegi geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde netijeliligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde amala aşyrylýan işler ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Leýli BAÝAROWA