Gurluşykda ýerli önümler

Gubadag etrabyndaky «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň kerpiç zawodynda öndürilen kerpiçleriň täze tapgyry gurluşyk meýdançalaryna iberildi. Häzirki zaman tehnologiýasy esasynda işleýän zawodyň önümçilik ulgamy bir gektardan gowrak meýdany tutýar. Onuň kuwwaty bir gije-gündizde ýokary hilli kerpijiň 150 müň sanysyny öndürmäge niýetlenendir. Iň täze tehnologiýalar esasynda öndürilýän kerpiçler ulanylyş möhleti hem-de ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Kerpiçleriň esasy bölegi bu hususy kärhana tarapyndan Daşoguz şäherinde bina edilýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda ulanylýar.  

                                                                   

Kärhananyň gurluşykçylary welaýat merkeziniň Türkmenistan, Gurbansoltan eje, Aşgabat köçeleriniň ugrunda dört gatly, 16 öýli jaýlaryň birnäçesini gurup ulanmaga berdiler. Şu günler kärhananyň kerpiç zawodynda önümçiligiň möçberini has-da artdyrmak hem-de hil derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli tehnologik işler alnyp barylýar. Zawodda täze önümçilik ulgamynyň işe düşürilmegi ýokary islegli ýerli gurluşyk önüminiň öndürilişini has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda welaýatyň çäginde gurluşyk işleri bilen meşgul bolýan hususy kärhanalaryň buýurmasy esasynda her gün bişen kerpijiň 50 müň sanysy gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar.  

                                                                                                           

Amanmyrat SAPAROW.