Halal zähmetiň miwesi

Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususyýetçiler hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyny toý sowgatlary bilen garşyladylar. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Mj1iwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bereketli güýzde ýetişdirilen boldumly hasyly ýygnap, halkymyzyň baýramçylyk saçagyna hödürledi. Paýdarlar jemgyýeti şu ýyl dag eteginde ekilen miweli baglardan ilkinji hasyly ýygnady. Häzirki günlerde bolsa hususyýetçi daýhanlar alma, armyt, hurma ýaly miweleriň bol hasylyny ýygnaýar. 

                                                                   

Ekologiýa taýdan arassa, ter hem-de datly miweler öz işinde innowasion tehnologiýalardan, döwrebap tehnikalardan peýdalanýan oba hojalykçylaryň yhlasynyň myrat tapýandygyny görkezýär. Miweleriň bereketli harmany daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylda esaslandyryldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde paýdarlar jemgyýetine 1200 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýer böleginde alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglar bilen birlikde, käşir, sogan, ýeralma ýaly bakja ekinlerini hem ösdürip ýetişdirýän paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Olaryň her biri 300 gektar meýdanda iş alyp barýar. 

                                                                   

Paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny özleşdirmek üçin döredilen durmuş düzümleri — suw, elektrik geçiriji ulgamlar, beketlerdir howdanlar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ekinleri suwarmak üçin gerek bolan suw bu ýere Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden çekilen suw geçiriji ulgam arkaly getirilýär. Ekin meýdanlaryny suwarmakda diňe damjalaýyn suwaryş ulgamy, awtomatlaşdyrylan tehnikalar peýdalanylyp, işleriň gidişine sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.  

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň miweli baglaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilip, baglary gurplandyrmak we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar. Bu bolsa baglaryň bol hasyl getirmegine mümkinçilik berýär. Her bir işe ylmy taýdan çemeleşmek bu paýdarlar jemgyýetiniň esasy ýörelgeleriniň biridir. Hususy pudagyň wekilleriniň eýýäm hasylyň ilkinji ýylynda oňyn netijeleri gazanmaklary bolsa olaryň edýän yhlasynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ylmyň gazanan öňdebaryjy tejribesinden ýerlikli peýdalanýan paýdarlar jemgyýetinde amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň birbada birnäçesini özünde jemlemek bilen, ulanylman ýatan ýerleri özleşdirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek, importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmek, oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly maksatlardan ugur alýar.  

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işiniň mysalynda Arkadagly Serdarymyzyň goldawyndan göwünleri galkynýan türkmen telekeçileriniň köpugurly mümkinçilikleri we gazanýan üstünlikleri aýdyň görünýär. Paýdarlar jemgyýetiniň agzybir işgärleri mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşlerine hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tutumly işlere mynasyp goşant goşmak ugrunda tagallalaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtap, munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Çary ÇARYÝEW.