Habarlar
Bedew batly beýik işler

2022-nji ýylyň bäş aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri 

                                                                       

  •  Milli Geňeşiň Mejlisiniň iki maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 15-si kabul edildi. Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, duşuşyklaryň 14-si, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň 2-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen duşuşyklaryň 56-syna gatnaşdylar. Şolaryň 39-sy sanly ulgam arkaly geçirildi. Daşary ýurtlara iş saparlarynyň 2-si guraldy. Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we RF-nyň Parlamentara forumy hem-de Zenanlaryň dialogy geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli jemgyýetçilik birleşmeleri hem-de degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerini wagyz etmek we tejribe alyşmak maksady bilen, ylmy-amaly maslahat hem-de dürli çäreler geçirildi.  

                                                                       

  •  Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda döredilen iş toparlary sebitleri ösdürmäge, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, notarial we salgyt düzümleriniň işini kämilleşdirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny seljerýärler hem-de ara alyp maslahatlaşýarlar. Halk Maslahatynyň iki mejlisinde kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan makullanyldy we kabul edildi. Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, halkara maslahatlar, forumlar we sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Halk Maslahatynyň agzalary GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň düzüminde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» atly XIII halkara ykdysady sammitiň mejlisine gatnaşdylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan işler bilen tanyşdy. Ata Watanymyzyň rowaçlygyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen taryhy özgertmeleri giňden wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary dürli çärelere yzygiderli gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.  

                                                                       

  •  Bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 40,8 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.  

                                                                       

  •  Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 110,6 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnama 127,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 115,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnama 141,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 107,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnama 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 111,5 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 121,9 göterim ýerine ýetirildi.  

                                                                       

  •  Obasenagat toplumy boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň möçberiniň ösüşi 112,3 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,3 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime barabar boldy. Gök önümleri ösdürip ýetişdirmek boýunça meýilnama 125,3 göterim, miwe we ir-iýmiş önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmek meýilnamasy 104,9 göterim, et önümleri boýunça meýilnama 101,5 göterime, süýt we süýt önümlerini öndürmek baradaky meýilnama 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 183,7 göterim berjaý edildi.  

                                                                       

  •  Ulag we kommunikasiýalar toplumynda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 112,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamak baradaky meýilnama 111,3 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar-maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 115,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 134,1 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 101,8 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 108 göterime deň boldy.  

                                                                       

  •  Geçen bäş aýda önüm öndürmek we gurluşyk-senagat ulgamynda işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 148,8 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda meýilnamany 112,7 göterim berjaý etdi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi önüm öndürmek hem-de işleri amala aşyrmak baradaky meýilnamany 169 göterim ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 128,1 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýanyň öndürilişiniň ösüşi 116,8 göterime, onuň eksport edilişiniň ösüşi bolsa 150,3 göterime deň boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 169,7 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar baradaky meýilnama 118,3 göterim berjaý edildi. 

                                                                       

  •  Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar-maý aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 111,3 göterime, önüm öndürilişiniň ösüşi 106,4 göterime deň boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň mukdary, şol sanda nah ýüplüginiň we matalaryň önümçiligi, degişlilikde, 134,1 göterime hem-de 127,8 göterime, tikin we örme önümleriň önümçiligi 115,9 göterime, gön önümleriň önümçiligi 107,3 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümlerini öndürmek baradaky meýilnama 116,1 göterim berjaý edildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 122-si geçirilip, şolarda 14 müň 830 şertnama hasaba alyndy. Ýanwar-maý aýlarynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işler boýunça ösüş 104 göterime deň boldy. Sergileriň 8-si we maslahatlaryň 19-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça bäş aýda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 166,5 göterime, senagat önümçiliginiň ösüşi 106,4 göterime ýetdi.  

                                                                       

  •  Medeniýet ulgamynda 2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen hem-de milli senenamamyzdaky baýramçylyklar mynasybetli, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, maslahatlar, söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary we sergiler, wagyz-nesihat çäreleri hem-de täze desgalaryň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, türkmen hünärmenleri sanly ulgam arkaly halkara duşuşyklara, okuw maslahatlaryna hem-de halkara sergilerine gatnaşdy. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleri, medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini beýan etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri netijeli işleri alyp bardylar.  

                                                                       

  •  Ýanwar-maý aýlarynda bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça işler dowam etdi. Ýokary okuw mekdepleriň talyplary, ýurdumyzyň okuwçylary halkara ders we internet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Onlaýn görnüşde halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar we daşary ýurtlardaky hyzmatdaş ýokary okuw mekdepler bilen okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň geçirilmegi utgaşdyryldy, aspirantura hem-de doktorantura kabul edişlikler amala aşyryldy. Diýarymyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine üns berildi, şolarda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi hem-de Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň hem-de Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Türgenlerimiz sport ýaryşlarynyň 12-sine gatnaşdylar hem-de 22 medal – 10 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medal gazandylar. 

                                                                       

  •  Şu döwürde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek maksadynda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar babatda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şunda ýokary derejeli saparlar we gepleşikler hem-de iri sebit hem-de ählumumy forumlaryň çäklerindäki duşuşyklar esasy orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz IV Aziýa-Ýuwaş ummany suw Sammitine sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary, RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bolsa iş sapary bilen geldi. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we RF-nyň Parlamentara forumy geçirildi. Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça daşary ýurt wekiliýetleriniň 38-si ýurdumyza geldi. Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 30-sy daşary ýurtlara iberildi. Sanly ulgam arkaly dürli duşuşyklaryň 427-si geçirildi. Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň ençemesi guraldy. Halkara resminamalarynyň 25-sine gol çekildi. Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Döwletimiziň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem yzygiderli çäreler görülýär. Ženewa şäherinde geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan BSG-ä goşulyşýan döwlet derejesine eýe boldy. Türkmenistan BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin hem saýlanyldy.  

                                                                       

  •  Şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezdi. Ýurdumyzyň daşary syýasaty BMG, beýleki halkara guramalary bolan ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA, YHG bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirildi. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi bäş aýda 6,2 göterim boldy. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar ulanylmaga berildi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl üçin wezipeleriň kesgitlenilendigini belläp, indi olaryň ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Biziň esasy wezipämiz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.  

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan bilelikdäki giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Maslahatlaryň barşynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.  

17.06.2022
“Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len” mil­li ny­şa­ny ha­ryt­la­ryň hi­li­niň we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň gör­ke­zi­ji­si­dir

 Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len» mil­li ny­şa­ny­ny iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­myz bi­len bag­ly­lyk­da, bu me­se­lä­niň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­tap, ha­ryt ny­şa­ny­ny dö­ret­mek­de tä­ze çe­me­leş­me­le­ri göz­le­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di we türk­men di­zaý­ner­le­ri­niň bu ul­gam­da­ky dün­ýä öl­çeg­le­rin­den, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­den ugur al­ma­ly­dyk­la­ry­ny, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ly­dyk­la­ry­ny bel­le­di. 

                                                                   

Mil­li ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­mi­ziň önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li­niň hem-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­nyň öz­bo­luş­ly ala­ma­ty bo­lan “Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len” ha­ryt ny­şa­ny­nyň döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da dö­re­di­len­di­gi hä­zir­ki wagt­da me­se-mä­lim ýag­daý­dyr. Dür­li ul­gam­lar­da, şol san­da da­şa­ry söw­da işin­de ýe­ti­len be­lent sep­git­ler mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu ha­ryt ny­şa­ny­nyň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­ny Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ös­dür­me­giň mak­sat­la­ry­na hem-de gel­jek 30 ýyl üçin ni­ýet­le­nen Mil­li mak­sat­na­ma­da we «Türk­me­nis­ta­nyň 2021 — 2030-njy ýyl­lar üçin da­şa­ry söw­da Stra­te­gi­ýa­syn­da» kes­git­le­nen we­zi­pe­le­re ky­bap gel­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­lar bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, eks­por­ty art­dyr­mak, mil­li söw­da ny­şan­ly tä­ze ha­ryt­la­ry ön­dür­mek we ola­ry da­şa­ry ýurt­lar­da giň­den ta­nat­mak şol we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da­dyr. 

                                                                   

 “Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len” mil­li ny­şa­ny­nyň dö­re­dil­me­gi, oňa eýe bol­ma­gyň öl­çeg­le­ri­niň kes­git­le­nil­me­gi ýur­du­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň jo­gap­kär­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dy­ryp, ata Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm ön­dü­ri­ji hök­mün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer hem-de eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ma­gy­na, ýur­du­my­za ma­ýa go­ýum­la­ryň çe­kil­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Bu ny­şan da­şa­ry ýurt­ly aly­jy­lar­da Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len ha­ryt­la­ra uly is­leg dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ol önüm­le­riň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň we eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy­nyň ke­pi­li bo­lar. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä­de ha­ryt ön­dür­mek ul­ga­myn­da uly müm­kin­çi­li­gi bo­lan döw­let hök­mün­de ta­nal­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bu ugur­da anyk çä­re­ler gö­rül­di. Bu gün eko­lo­gik taý­dan aras­sa dok­ma önüm­le­ri­miz, aja­ýyp ha­ly­la­ry­myz, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­lar­da giň­den meş­hur­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy, giň möç­ber­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Bu gün Türk­me­nis­tan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­la­nyp, çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän döw­let hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Ýur­du­myz­da ägirt uly tas­la­ma­lar­dyr baş­lan­gyç­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­ga we onuň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän bin­ýat­la­ýyn esas­la­ryň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­niň ne­ti­je­si­dir. Da­şa­ry ýurt­lar­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­ýän döw­re­bap se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy we ulan­ma­ga be­ril­me­gi, döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki kär­ha­na­la­ryň hu­su­sy­laş­dy­ryl­ma­gy, ola­ryň paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne öw­rül­me­gi bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Bu iş­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ba­zar gat­na­şyk­la­ryn­dan ugur al­ma­gy hem-de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ni gol­da­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­riň gö­rül­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Te­le­ke­çi­ler üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi hu­su­sy işe­wür­li­giň we­kil­le­ri­ne da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ga we da­şar­ky ba­zar­la­ra çyk­ma­ga müm­kin­çi­lik aç­dy. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si dün­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak hem-de giň hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak, da­şa­ry ýurt­lar­da söw­da we­kil­ha­na­la­ry­ny we söw­da öý­le­ri­ni aç­mak ar­ka­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy anyk iş­ler bi­len pug­ta­lan­dyr­ýar. Bu bir­leş­mä­niň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de, Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­syn­da we­kil­ha­na­la­ry­nyň, Hy­ta­ýyň Si­nin şä­he­rin­de, Gyr­gy­zys­tan­da Türk­me­nis­ta­nyň söw­da mer­kez­le­ri­niň, Gru­zi­ýa­da dü­ka­nyň iş­le­dil­me­gi bir­leş­mä­niň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Me­se­lem, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gyn­da he­re­ket ed­ýän “Ber­ka­rar” dü­ka­nyn­da türk­men el ha­ly­la­ry sa­tyl­ýar. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň söw­da, yl­my-teh­no­lo­gi­ýa we koo­pe­ra­si­ýa gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy, Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na go­şul­ýan ýurt (iş­jeň syn­çy) de­re­je­si­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga we çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň işi Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň hem-de halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­giň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, mil­li ha­ryt­la­ry­my­zyň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da­ky bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän bir­nä­çe äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ry bel­le­mek ge­rek. 

                                                                   

Il­kin­ji no­bat­da, bu 2014-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň çy­zyk­ly şert­li bel­gi­ler bo­ýun­ça mil­li gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu ul­gam 2 müň­den gow­rak önüm ön­dü­ri­ji­ni özün­de jem­le­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän 61 müň­den gow­rak ha­ry­da bu ny­şan be­ril­di. Şo­lar­dan 20 müň­den gow­rak ştrih-kod döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki dü­züm­le­re, 40 müň­den gow­rak ştrih-kod bol­sa hu­su­sy­ýet­çi­le­re be­ril­di. Mu­nuň özi bu ha­ryt­la­ryň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da iler­le­dil­me­gi­niň ke­pi­li­dir. 

                                                                   

2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň çy­zyk­ly şert­li bel­gi­ler bo­ýun­ça mil­li gu­ra­ma­sy GS1 hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­na (Glo­bal Stan­dart One) ag­za bol­dy we şun­luk­da, stan­dart­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça döw­le­ta­ra hem-de se­bi­ta­ra bir­leş­me­le­riň işi­ne gi­riş­di. Mu­nuň özi mil­li stan­dart­la­ry hal­ka­ra res­mi­na­ma­lar bi­len saz­laş­dyr­mak bo­ýun­ça me­se­le­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge, hal­ka­ra stan­dart­la­ry iş tej­ri­be­si­ne or­naş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

2017-nji ýyl­da çy­zyk­ly şert­li bel­gi­le­riň hal­ka­ra stan­dart­la­ra la­ýyk gel­me­gi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän we­ri­fi­ka­si­ýa bar­lag­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy bu ugur­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň bi­ri­dir. Mu­nuň özi ha­ryt­la­ryň Türk­me­nis­tan­dan da­şa­ry ýurt­la­ra bök­denç­siz ibe­ril­me­gi­ne, ola­ryň dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Ýur­du­my­zyň köp gu­ra­ma­la­ry­na we kär­ha­na­la­ry­na, şol san­da hu­su­sy kär­ha­na­la­ra söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lan döw­re­bap iden­ti­fi­ka­si­ýa ul­ga­my el­ýe­ter­li bol­dy. 

                                                                   

Türk­men işe­wür­li­gi­niň hal­ka­ra de­re­je­de or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň türk­men kär­ha­na­la­ry­na yna­my­ny art­dyr­ýan gu­ral­lar­dyr usul­lar ýar­dam et­me­li­dir. Aw­to­ma­tik ýag­daý­da, şol san­da ştrih-kod bo­ýun­ça iden­ti­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gy ulan­mak­dan baş­ga-da, do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny ISO stan­dart­la­ry bo­ýun­ça gü­wä­na­ma­lan­dyr­mak hem-de mil­li bar­lag­ha­na­la­ry, şol san­da azyk önüm­le­ri­niň bar­lag­ha­na­la­ry­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk ge­tir­mek ha­ryt­la­ryň we önüm­le­riň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. 

                                                                   

2019-njy ýy­lyň mart aýyn­da Aş­ga­bat­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça azyk önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­ny bar­la­mak bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji Bar­lag­ha­na mer­ke­zi açyl­dy. Bar­lag­ha­na dü­zü­mi öz esa­sy işin­den baş­ga-da, sarp edi­ji­lik we te­le­ke­çi­lik so­wat­ly­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­ýär. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, önüm ön­dü­ri­ji bi­len sarp edi­ji­niň ara­syn­da, şeý­le hem eks­port­çy bi­len onuň da­şa­ry ýurt­da­ky hyz­mat­da­şy­nyň ara­syn­da yg­ty­bar­ly gat­na­şy­gy üp­jün ed­ýär. 

                                                                   

Soň­ky ýyl­lar­da eks­por­tyň möç­be­ri bi­len bir ha­tar­da, onuň gör­nüş­le­ri­niň sa­na­wy hem art­dy. Hä­zir­ki gün­de Türk­me­nis­tan­da hu­su­sy­ýet­çi­le­riň önüm­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur bo­lan gym­mat­ly tej­ri­be top­lan­ýar. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň bü­tin­dün­ýä we hal­ka­ra ser­gi­le­re, şol san­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän ser­gi­le­re iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Me­se­lem, şu ýyl Türk­me­nis­tan Du­baý şä­he­rin­dä­ki “EKS­PO — 2020” ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de bir­nä­çe uly çä­re­le­ri ge­çir­di. Bu çä­re­ler äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­ler we kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ry da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da ma­ha­bat­lan­dyr­ma­ga hem-de iler­let­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Du­baý­da­ky mil­li pa­wil­ýo­ny mun­dan beý­läk-de ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len önüm­le­ri iler­let­mek we ýer­le­mek, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­mek üçin ula­ny­lar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 11-nji iýun­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de bel­leý­şi ýa­ly, dün­ýä­de epi­de­mio­lo­gik ýag­da­ýyň go­wu­lan­ma­gy ýur­du­myz­da hal­ka­ra ser­gi­le­ri ge­çir­me­gi hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň söw­da mer­kez­le­ri­ni aç­ma­gy do­wam et­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­ny, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni şert­len­di­rer. 

                                                                   

Ha­ryt­la­ry ny­şan­laş­dyr­ma­gyň mil­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, ony hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk ge­tir­mek il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da­dyr. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň ýurt­la­ry bi­len yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge hyz­mat eder. Bu ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy söw­da­da teh­ni­ki päs­gel­çi­lik­le­ri ara­dan aýyr­ma­ga hem-de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­mak ýag­da­ýy­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Hal­ka­ra söw­da­da­ky hä­zir­ki za­man me­ýil­le­ri­niň bi­ri hem elekt­ron söw­da­dyr. Onuň esa­syn­da söw­da­nyň sub­ýekt­le­ri­ni we ob­ýekt­le­ri­ni aw­to­ma­tik usul­da iden­ti­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, mag­lu­mat­la­ryň elekt­ron alyş-çal­şy­gy­ny hem-de mil­li önüm­çi­li­giň bar­ha art­ýan möç­ber­le­ri­ni we ýo­ka­ry hil­li türk­men ha­ryt­la­ry­na bo­lan is­le­gi na­za­ra al­mak bi­len, söw­da iş­le­ri­ni aw­to­mat­laş­dyr­mak teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bar. “Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len” mil­li ny­şa­ny­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu ugur­da­ky iş­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň anyk tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ry iş­jeň iler­let­mek hem-de ama­la aşyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da iş­le­ri kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. 

                                                                   

Mil­li ha­ryt ny­şa­ny ba­ra­da­ky Ter­tip­na­ma­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy işiň bi­rin­ji tap­gy­ry­dyr. Ol mil­li ha­ryt ny­şa­ny­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýü­ze çyk­ýan we­zi­pe­le­riň tu­tuş top­lu­my­ny göz öňün­de tut­ýar. Hu­su­san-da, bu we­zi­pe­le­ri çöz­mek ýur­du­my­zyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­na tab­şy­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu me­se­le çö­zül­di, bäs­le­şik yg­lan edil­di. 

                                                                   

Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ber­ýän ha­ba­ry­na gö­rä, bu bäs­le­şi­ge döw­let we hu­su­sy dü­züm­ler, IT kom­pa­ni­ýa­lar, di­zaý­ner­ler, su­rat­keş­ler, Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň, ýö­ri­te or­ta okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry gat­na­şyp bi­ler­ler. Şeý­le hem äh­li is­leg bil­dir­ýän­le­riň iş­le­ri­ne-de ga­ra­lar. 

                                                                   

Mil­li ny­şan owa­dan şe­ki­li hem-de gys­ga­ly­gy, şol bir wag­tyň özün­de çuň­ňur ma­ny­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan we özün­de wa­tan­sö­ýü­ji­lik pi­ki­ri­ni jem­le­ýän türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­dä­ki şy­ga­ryň dö­re­dil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar. Bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça iň go­wy tas­la­ma­lar saý­la­nyp al­nyp, de­giş­li tas­la­ma tas­syk­la­nar. Ha­ýyş­na­ma­la­ra we tas­la­ma­la­ra bel­le­ni­len gör­nüş­ler­de ga­ra­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň saý­tyn­da ha­ýyş­na­ma­la­ryň gör­nüş­le­ri we bäs­le­şi­giň şert­le­ri ýer­leş­di­ril­di. 

                                                                   

Ikin­ji tap­gyr mil­li ny­şa­ny ber­mek ba­ra­da­ky Düz­gün­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Ny­şa­ny al­mak üçin ha­ry­dyň hil we eko­lo­gik howp­suz­ly­gy ba­bat­da ýo­ka­ry stan­dart­la­ra la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni su­but et­mek ge­rek bo­lar. Bu Düz­gün­na­ma­da ny­şa­ny içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da ulan­mak ba­ra­da­ky mad­da­lar hem göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy köp ba­bat­da söw­da­ny ka­da­laş­dyr­ma­gyň mil­li gu­ral­la­ry­nyň hal­ka­ra stan­dart­la­ra hem-de ha­ryt alyş-ça­lyş teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi­niň uzak möh­let­le­ýin me­ýil­le­ri­ne esas­lan­ýan mas­la­hat­la­ra la­ýyk gel­me­gi­ne bag­ly­dyr. 

                                                                   

“Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len” mil­li ny­şa­ny­nyň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, eks­por­ty di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge we onuň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri açyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny baş mak­sat edin­ýän dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­ga ýar­dam be­rer. 

                                                                                                           

(TDH)

17.06.2022
Döwrebap dokma toplumynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Ýeňil senagatyň ösüşinde eziz Diýarymyzda hereket edýän häzirki zaman dokma toplumlarynda alnyp barylýan guwandyryjy işler aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Şeýle kärhanalaryň biri-de Babadaýhan dokma toplumydyr. 

                                                                   

Babadaýhan dokma toplumy dokma senagatynyň iň ýaş önümçilikleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen ýylyň noýabr aýynda toý ruhunda açylyp, ulanylmaga berlen innowasion tehnologiýaly häzirki zaman dokma toplumynyň işi bu gün barha ilerleýär. Ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata bölümlerini öz içine alýan toplumda ýaşlaryň ýüzlerçesi netijeli zähmet çekýär. Olar önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan dünýäniň iri kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlaryny ezberlik bilen dolandyrmakda we işleri sazlaşykly alyp barmakda yhlaslylyk görkezýärler. Munuň özi toplumda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagyna we olaryň ýokary ekologiýa talaplaryna, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyna şert döredýär. 

Etrabyň pagtaçy daýhanlarynyň yhlas-azaby bilen kemala getirilýän ýokary hilli «ak altyn» önümçilik işinde gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Ýokary görnüşli pagta gaýtadan işlenilip, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýüplükler taýýarlanylýar we ondan matalaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Toplumda öndürilýän matalaryň gysga wagtda uly islege eýe bolmagy önümiň hili bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Ýeri gelende, gürrüňi edilýän häzirki zaman dokma toplumynda ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçiligiň bardygyny bellemegimiz gerek.

  Toplumyň işçi-hünärmenleri bar bolan mümkinçiliklerden ýerlikli we netijeli peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna saldamly goşandyny goşmaga çalyşýarlar. Olar ýokary hilli matalardan başga-da, brend nyşanly taýýar tikin önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini alyp barmaga uly ähmiýet berýärler.  

                                                                   

Toplumda ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň döredilmegi we olaryň işiniň ýola goýulmagy ol ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň arasynda dürli wagyz-nesihat işlerini, höweslendiriş çärelerini, döredijilik bäsleşikleridir sport ýaryşlaryny hem geçirmäge ýardam berýär. Bu bolsa, zähmetkeşleriň iş bilen dynç alşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna, boş wagtynyň netijeli geçmegine täsirini ýetirýär.  

                                                                                                           

Ýörite habarçymyz.

                       

SURATLARDA: dokma toplumynyň işinden görnüşler.

17.06.2022
Bagta rowan beýik işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alnyp amal edilýän beýik işlere buýsanyp ýaşaýar. 

                                                                   

Halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýip belleýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän buýsandyryjy beýik işler hem bu nurana sözleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek syýasatynyň oňyn netijelere beslenýän döwründe Watanymyzyň ähli künjeklerini gyradeň özgertmek işlerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen birlikde welaýatlarymyzda hem halkymyzyň bähbidine gönükdirilen ençeme işler üstünlikli amala aşyrylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak işlerine uly üns berilýär. Muňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň   hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrýan iş saparlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan welaýatyň täze edara ediş merkeziniň işleriniň gidişi bilen tanyşdy. Ählimiziň bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyz halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda amal edilýän netijeli işler bilen ýakyndan yzygiderli gyzyklanýar. 

                                                                   

Golaýda bolsa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde ilatyň, aýratyn hem, çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler bilen gyzyklandy. Mälim bolşy, ýaly ýaş nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň öňündäki örän möhüm we jogapkärçilikli wezipe bolup durýar. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň batly depginler bilen ösýän künjekdigini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz bu ýere iş saparynyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynyň durmuşa geçirýän işleriniň barşy bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen içgin gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi. 

                                                                   

Ýurdumyzda şu ýylyň fewral aýynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk hem mynasyp dowam etdirmekde ençeme anyk wezipeler kesgitlenendir. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, şol belent maksatlary, aýdyň wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. 

                                                                   

Goý, ata Watanymyzyň şöhratly geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Nurmämmet ALTYÝEW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

16.06.2022
Türk­me­nis­tan — Eý­ran: uzak möh­let­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di

Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedowyň we Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler 

                                                                   

 Täh­ran — Aş­ga­bat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­tyn­da bu ýur­da res­mi sa­par bi­len ge­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň goň­şy döw­le­tiň ýol­baş­çy dü­züm­le­ri bi­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. Ola­ryň gün ter­ti­bi­ne ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry, se­bi­ta­ra we hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň mö­hüm me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de ýa­kyn goň­şy ýurt bi­len hyz­mat­daş­lyk di­ňe bir öza­ra bäh­bit­li esas­da däl, eý­sem, tu­tuş se­bit­de aba­dan­çy­ly­gyň, ro­waç­ly­gyň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gin­e güýç­li iter­gi bo­lup, bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça top­la­nan tej­ri­be­le­ri, bar bo­lan se­riş­de hem-de yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri na­za­ra alyp, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge bo­lan çe­me­leş­me­le­ri kes­git­le­mek­de oňyn şert­le­ri üp­jün et­di. 

                                                                   

...Ir bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aw­tou­lag ker­we­ni sa­par ma­ha­lyn­da bol­ýan “Ser­wes­tan” bi­na­syn­dan “Saa­da­bad” top­lu­my­nyň “Jum­hu­ri” köş­gü­ne ta­rap ug­ra­dy. Köş­güň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny res­mi gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si bi­rek-bi­rek bi­len do­gan­lar­ça gö­rüş­di­ler. 

                                                                   

Iki ýur­duň Li­der­le­ri mä­hir­li sa­lam­la­şan­la­ryn­dan soň, ha­ly dü­şe­len ýo­da bi­len meý­dan­ça­nyň mer­ke­zi­ne geç­di­ler. Bu ýer­de Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri da­ba­ra­ly ny­za­ma dü­zül­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let se­na­la­ry ýaň­lan­dy. Be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­na har­by­lar uly hor­mat bil­dir­ýär­ler. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň ser­ker­de­si­niň ha­sa­ba­ty­ny ka­bul edip, Eý­ra­nyň Döw­let baý­da­gy­na hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de tag­zym ed­ýär­ler hem-de ha­ta­ra dü­zü­len es­ger­le­riň öňün­den geç­ýär­ler. 

 Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny köş­ge ça­gyr­ýar. Bu ýer­de Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy öz ýur­du­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, öz ge­ze­gin­de, eý­ran­ly kär­de­şi­ni Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. 

                                                                   

 Soň­ra iki ýur­duň Li­der­le­ri­niň iki­çäk gör­nüş­dä­ki du­şu­şy­gy bol­dy. 

                                                                   

Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny Täh­ran­da gör­ýän­di­gi­ne şat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Eý­ra­nyň hal­ky dost­luk­ly türk­men hal­ky­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne gu­wan­ýar. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň aý­dy­şy ýa­ly, onuň ýur­dun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu sa­pa­ry­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ge­zek­ki gep­le­şik­ler ne­ti­je­li döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýän ga­dy­my dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň üýt­gew­siz­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi we eý­ran top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin do­gan­lyk ýur­duň Baş­tu­ta­ny­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, şu ýyl Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 30 ýy­lyň dol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu ýyl­la­ryň için­de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ri­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­ni bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri dün­ýä döw­let­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, ýa­kyn goň­şu­lar bi­len bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Şun­da Türk­me­nis­tan Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge we ber­kit­mä­ge uly üns ber­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­dirdi. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk edil­ýär. Bu gat­na­şyk­lar hä­zir­ki wag­ta çen­li iki döw­le­tiň ara­syn­da gol çe­ki­len bir­nä­çe döw­le­ta­ra, hö­kü­me­ta­ra we pu­da­ga­ra res­mi­na­ma­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.  

                                                                   

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň öň­den gel­ýän iri söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy ýa­ly pu­dak­lar­da oňyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-eý­ran hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir, onuň çäk­le­rin­de äh­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet gün­le­ri, iki goň­şy ýur­duň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fes­ti­wal­lar­dyr ser­gi­ler mu­nuň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Iki dost­luk­ly ýur­duň iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di. 

                                                                   

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Eý­ran bi­len gat­na­şyk­la­ry dür­li ugur­lar bo­ýun­ça gel­jek­de-de ne­ti­je­li ös­dür­mek üçin bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri do­wam et­dir­mä­ge he­mi­şe taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy we dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek ba­bat­da ed­ýän şah­sy ta­gal­la­sy, aý­ra­tyn ün­si üçin Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­sä min­net­dar­lyk bil­dir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eý­ran­ly kär­de­şi­ni özi üçin amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy. 

                                                                   

Şeý­le-de iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň giň ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­jeň pi­kir al­şyl­dy. Öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bi­ta­ra we hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň wa­jyp me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Soň­ra gep­le­şik­ler Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de do­wam et­di. 

                                                                   

Türk­men myh­man­la­ry bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si Eý­ra­nyň özü­niň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy we hoş­ni­ýet­li dos­ty ha­sap­la­ýan goň­şu­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowy hem-de we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­ny ka­bul et­mä­ge he­mi­şe şat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Eý­ran Li­de­ri no­bat­da­ky sa­pa­ryň goň­şy ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň iň ýo­ka­ry we­zi­pe­de Täh­ra­na gu­ran il­kin­ji sa­pa­ry­dy­gy­ny nyg­tap, bu ge­zek­ki gep­le­şik­le­riň hä­zir­ki dö­wür­de hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ry­lan iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Eý­ran-türk­men hyz­mat­daş­ly­gy­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ryň köp­ ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýan­ýan yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp, Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny onuň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry ba­ra­da aý­dyp, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň sy­ýa­sy er­ke esas­lan­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu mak­sat­lar de­giş­li Yla­la­şyk­lar we Äht­na­ma­lar bi­len ber­ki­di­len şert­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer. 

                                                                   

Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gy we ener­ge­ti­ka ul­ga­my iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de gör­ke­zil­di. Soň­ky ýyl­lar­da eme­le ge­len dü­züm­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. Bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy ýa­kyn wagt­da söw­da-yk­dy­sa­dy ugur­da­ky eý­ran-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­ny üp­jün eder we öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň muk­da­ry­ny art­dy­rar, pu­dak­la­ryň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi­ne giň ýol açar. 

                                                                   

Yn­san­per­wer ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne ägirt uly go­şant go­şan eý­ran we türk­men halk­la­ry­nyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bu ba­bat­da oňyn müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýär. 

                                                                   

Hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne bo­lan ga­ra­ýyş­la­ryň we çe­me­leş­me­le­riň ýa­kyn­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si ta­rap­la­ryň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, öza­ra yna­nyş­mak we dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­ny eme­le ge­tir­mä­ge bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gy­zyk­lan­ma­la­rynyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Täh­ran­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň iki goň­şy döw­le­tiň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny çy­kyş et­mek üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze söz ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow mä­hir­li gar­şy­lap, gör­ke­zen myh­man­sö­ýer­li­gi hem-de bi­le­lik­de iş­le­mä­ge dö­re­den oňaý­ly şert­le­ri üçin Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­sä Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, il­ki bi­len, bu sa­pa­ryň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny hök­mün­de Eý­ra­na ama­la aşy­ran il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­dy­gy­ny bel­läp, onuň şu gün­ki du­şu­şy­ga aý­ra­tyn ma­ny ber­jek­di­gi­ne ün­si çek­di. 

                                                                   

Iki hal­kyň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost-do­gan­lyk we öza­ra dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­ýän­di­gi we ös­dü­ril­ýän­di­gi ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­nil­di. Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga hil taý­dan tä­ze iter­gi be­ril­ýär, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ös­me­gi­ne ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Döw­le­ta­ra, hö­kü­me­ta­ra we pu­da­ga­ra res­mi­na­ma­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýär. 

                                                                   

Da­şa­ry sy­ýa­sy ugur­da, il­kin­ji no­bat­da, hal­ka­ra we se­bit howp­suz­ly­gy­ny, dur­nuk­ly­ly­gy­ny ber­kit­mek bi­len bag­ly ga­ra­ýyş­lar ne­ti­je­li öza­ra he­re­ket­le­riň esa­sy bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki şert­ler­de ýurt­la­ry­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, beý­le­ki hal­ka­ra we se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek mö­hüm bo­lup dur­ýar. Bi­ziň ýur­du­my­zyň bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len öňe sür­len Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gin­de aw­tor­daş bo­lup çy­kyş eden­di­gi üçin Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­dir­mek is­le­ýä­rin di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. 

                                                                   

Bi­ziň sy­ýa­sy we dip­lo­ma­tik ugur­da­ky öza­ra he­re­ket­le­ri­miz­de hä­zir­ki za­ma­nyň howp­la­ry­na — hal­ka­ra ter­ror­çy­ly­ga, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na we gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mä­ge esa­sy orun be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da­ky döw­let ser­he­di dost­lu­gyň we hoş­ni­ýet­li­li­giň ser­he­di­dir. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky ser­het we beý­le­ki de­giş­li ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek bi­len bag­ly äh­li me­se­le­le­ri düýp­li ara alyp mas­la­hat­laş­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat bi­len, şu ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da Kon­sul­lyk, ser­het we güm­rük me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi tek­lip edil­di. 

                                                                   

Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­myz­da Ha­zar deň­zi­ni pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, yla­laş­dy­ry­jy­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gi­ňiş­li­gi­ne öwür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Do­ly kuw­wa­tyn­da iş­le­ýän Ha­zar ulag ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­giniň bi­ziň ýurt­la­ry­myz­dan bir­nä­çe ýö­ri­te­le­şen we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi gür­rüň­siz­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bel­le­di we Türk­me­nis­ta­nyň hyz­mat­daş­lar bi­len nyrh ýe­ňil­lik­le­ri­ni hö­dür­le­mek, güm­rük amal­la­ry­ny ýe­ňil­leş­dir­mek, mil­li ope­ra­tor­la­ryň ara­syn­da ne­ti­je­li öza­ra gat­na­şyk­la­ry ýola goý­mak ýa­ly, mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça işe baş­la­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na, ser­he­tüs­ti je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek, eko­lo­gi­ýa, in­no­wa­si­ýa­lar we yn­san­per­wer ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­bat­da aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu we­zi­pe­le­riň äh­li­si­niň şu ýyl Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­niň do­wa­myn­da ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Ow­ga­nys­ta­na ýar­dam et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry iş­jeň gol­da­mak bi­len, goň­şy ýurt­lar bo­lup, ow­gan me­se­le­si bo­ýun­ça iş­jeň gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­mek is­le­ýä­rin. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­kyn wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň Ow­ga­nys­tan bo­ýun­ça ýö­ri­te we­kil­le­ri­niň du­şu­şy­gy­ny ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi­ne se­re­dil­me­gi­ni tek­lip ed­ýä­rin di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. 

                                                                   

Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün­ki gep­le­şik­le­re iki ýur­duň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­ýän wa­ka hök­mün­de do­ly esas bi­len ga­ral­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ulag ul­ga­my­ny uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýet­li ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­mek bi­len, bi­ziň ýur­du­my­zyň Eý­ra­ny De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta de­mir ýo­ly bo­ýun­ça Pars aý­la­gy­nyň port­la­ry­na çen­li iň gys­ga ýol hök­mün­de esa­sy hyz­mat­da­şy ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni göz öňün­de tu­tup, iki ýur­duň ara­syn­da Ulag bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç öňe sü­rül­di. 

                                                                   

Öz­be­gis­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran — Oman — Ka­tar ulag ge­çel­ge­si­niň tas­la­ma­sy­ny gys­ga wagt­da dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­gal­la­la­ryň güýç­len­di­ril­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu tas­la­ma Hin­dis­tan we Ga­za­gys­tan hem res­mi taý­dan go­şul­dy. Bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da ga­zy «swop» gör­nü­şin­de iber­mek bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­lip, iki ýur­duň de­giş­li eda­ra­la­ry­na ga­zyň «swop» bo­ýun­ça üçün­ji ýurt­la­ra ibe­ril­me­gi­niň öw­re­nil­me­gi tek­lip edil­di. 

                                                                   

Elekt­rik ener­gi­ýa­sy pu­da­gyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky Ma­ry — Ma­şat ýo­ka­ry wolt­ly elekt­rik ul­ga­my­nyň eý­ran bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny hem-de ulan­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, hä­zir­ki wagt­da bu ul­ga­myň türk­men bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­na ýa­kyn wagt­da baş­la­mak me­se­le­si­ne se­re­dil­ýär. Türk­me­nis­tan şu ýyl Eý­ra­nyň ener­goul­ga­my ar­ka­ly türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny üçün­ji ýurt­la­ra iber­mä­ge baş­la­ma­gy tek­lip ed­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­ly­gy we suw pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk üçin uly gel­je­giň bar­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­bat­da “Dost­luk” suw how­da­ny­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di hem-de Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da Suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ut­gaş­dy­ry­jy to­pa­ryň dö­re­dil­me­gi­ni tek­lip et­di. Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi we hil taý­dan ös­dü­ril­me­gi üçin, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-eý­ran hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň işi­ne aý­ra­tyn jo­gap­kär­çi­lik düş­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň güý­zün­de bu to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi tek­lip edil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow çy­ky­şy­ny jem­läp, ne­ti­je­li iş­le­mek üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik we öza­ra gat­na­şyk­la­ryň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­lar, şeý­le-de Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi üçin, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­sä we EYR-nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­dir­di. Eý­ra­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk hem-de ro­waç­lyk ar­zuw edil­di. 

                                                                   

Gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň­ra, iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedow we Se­ýed Eb­ra­him Rai­si da­ba­ra gat­naş­ýan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da res­mi sa­pa­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma gol çek­di­ler. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ulag we üs­ta­şyr hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Ma­ýa go­ýum­lar bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­ti dö­ret­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ma­ýa go­ýum­lar, yk­dy­sa­dy we teh­ni­ki kö­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da 2022 — 2025-nji ýyl­lar­da yl­my, me­de­ni, dö­re­di­ji­lik we bi­lim taý­dan alyş­ma­gyň Mak­sat­na­ma­sy; Hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler ba­ra­da­ky gu­ra­ma­sy­nyň (IRIB) ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Daş­ky gur­şaw de­par­ta­men­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­ra­san-Re­za­wi we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­ra­san-Şo­ma­li we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. 

                                                                   

Şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry düýn Täh­ran­da eý­ran kär­deş­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­le­ri ge­çir­di­ler. Şo­la­ryň do­wa­myn­da dür­li ugur­lar­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na gol çe­kil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da güm­rük eda­ra­la­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly yla­la­şyk­lar bar. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Güm­rük mü­dir­li­gi­niň ara­syn­da güm­rük mag­lu­mat­la­ry­ny elekt­ron gör­nüş­de alyş­ma­gyň teh­ni­ki şert­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Dur­muş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça de­giş­li yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy. Şun­da Zäh­met, iş bi­len üp­jün­çi­lik we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Koo­pe­ra­tiw­ler, zäh­met we dur­muş aba­dan­çy­ly­gy mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. 

                                                                   

Iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de iki ýur­duň öň­de­ba­ry­jy ha­bar­lar agent­lik­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ha­bar be­riş agent­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. Me­de­ni-yn­san­per­wer, hu­su­san-da, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ar­hiw­ler we mil­li ki­tap­ha­na gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. 

                                                                   

Şeý­le-de ýurt­la­ry­myz ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Täh­ran­da de­giş­li dü­züm­le­riň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we «Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ra­san Ra­il Pars Co.» hem-de «Wa­gon Bar Cas­pian» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da hal­ka­ra ýük da­şa­ma­lar ba­ba­tyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Ýur­du­my­zyň işe­wür dü­züm­le­ri­niň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ki­çi kär­ha­na­lar we se­na­gat şä­her­çe­leri gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­ki­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. 

                                                                   

Res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­tan­la­ry met­bu­ga­t üçin gys­ga­ça ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler. 

                                                                   

Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da aý­dyp, Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny Se­ýed Eb­ra­him Rai­si Täh­ra­na res­mi sa­par bi­len gel­mä­ge ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa we ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­na ho­şal­lyk bil­dir­di. Bu sa­pa­ryň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi bel­le­nil­di. Eý­ra­nyň Li­de­ri­niň nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­lar di­ňe bir goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry bol­man, eý­sem, do­gan­lyk, me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta bin­ýa­dy­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň döwlet Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­sin­de iş­län döw­rün­de eý­ran-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ren­di­gi aý­ra­tyn nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti 2021-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy­ny aý­ra­tyn mä­hir bi­len ýat­la­dy. Onuň çäk­le­rin­de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar ulag, ara­gat­na­şyk, söw­da-yk­dy­sa­dy, suw we gaz ul­gam­la­ry, elekt­roe­ner­ge­ti­ka ugurlary bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­di. 

                                                                   

Iş­jeň we dost­luk­ly ýag­daý­da ge­çi­ri­len şu ge­zek­ki gep­le­şik­ler, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni gör­kez­di. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hyn­da tä­ze tap­gy­ry eme­le ge­tir­di di­ýip, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si nyg­ta­dy hem-de gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň eý­ran-türk­men gat­na­şyk­la­ry­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu ge­zek­ki ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len res­mi­na­ma­lar gel­jek 20 ýyl üçin döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gin­de Täh­ra­nyň we Aş­ga­ba­dyň mö­hüm orun eýe­le­ýän­dik­le­ri­ni gör­kez­di. Mu­nuň özi ta­rap­la­ryň eý­ran-türk­men gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di. 

                                                                   

Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da ga­ra­lan me­se­le­le­riň bi­ri bol­dy. Mu­nuň özi Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir di­ýip, eý­ran Li­de­ri Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­niň äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­di. 

                                                                   

Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti sö­zü­niň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da, ony ösü­şiň se­bit we dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da tä­ze, anyk ädim­le­riň ädil­jek­di­gi­ne pug­ta ynam bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ow­gan me­se­le­si bo­ýun­ça iki ýur­duň ga­ra­ýyş­la­ry ýa­kyn­dyr hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek üçin bu goň­şy ýurt­da­ky ýag­da­ýyň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len ka­da­laş­dy­ryl­ma­gy ze­rur­dyr. 

                                                                   

Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na res­mi sa­par bi­len gel­mä­ge ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­ne ýe­ne bir ge­zek ho­şal­lyk bil­di­rip, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si äh­lu­mu­my gy­zyk­lan­ma­la­ra, iki goň­şy ýur­duň we ola­ryň halk­la­ry­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň mö­hüm ugur­la­ry­na ky­bap gel­ýän ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. 

                                                                   

Soň­ra çy­kyş eden hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ga­dy­my eý­ran top­ra­gyn­da mä­hir­li gar­şy­lan­dy­gy hem-de ne­ti­je­li gep­le­şik­ler ba­bat­da ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi üçin eý­ran­ly kär­de­şi­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk iki do­gan­lyk döw­le­tiň gat­na­şyk­la­ry­na mah­sus bo­lan açyk­lyk, yna­nyş­mak we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ge­çi­ril­di di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. 

                                                                   

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ugur­la­ry we gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Ener­ge­ti­ka we ulag pu­dak­la­ry bi­ziň hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň esa­sy ugur­la­ry bol­mak bi­len, bu ugur­da bar bo­lan kuw­wat­lyk­la­ry has-da ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dyk di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge-de uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­mek ze­rur­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow nyg­ta­dy we Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­ly­gy üçin Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­sä min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Ha­zar deň­zin­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eý­ran­ly kär­de­şi­ni şu ýyl Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­ne gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy. 

                                                                   

Ow­ga­nys­tan me­se­le­si­niň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň Ow­ga­nys­ta­na gül­läp ös­ýän, se­bit we hal­ka­ra tas­la­ma­la­ra iş­jeň gat­naş­ýan döw­let hök­mün­de ga­ra­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, ola­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň giň top­lu­my­na gol çe­ki­len­di­gi­ni bel­le­di we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni özi üçin amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy. 

                                                                   

Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Eý­ra­na no­bat­da­ky sa­pa­ryň mak­sa­dalaýyk derejede ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny bel­läp, bu ýur­duň dost­luk­ly hal­ky­na bag­ty­ýar­lyk, aba­dan­çy­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Saa­da­bad” top­lu­my­nyň “Jum­hu­ri” köş­gün­den Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Be­ýik ru­hy li­de­ri Aýa­tol­la Ali Ha­me­ne­ýi­niň ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de Aýa­tol­la Ali Ha­me­ne­ýi bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di, oňa Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si hem gat­naş­dy. 

 Eý­ra­nyň Be­ýik ru­hy li­de­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, hä­zir­ki dö­wür­de dost-do­gan­lyk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň kö­pa­syr­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň iş­jeň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan res­mi sa­pa­ryň do­wa­myn­da ga­dy­my eý­ran top­ra­gyn­da mä­hir­li gar­şy­la­nan­dy­gy hem-de myh­man­sö­ýer­lik üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz goň­şy ýur­duň Be­ýik ru­hy li­de­ri­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny, Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ber­ýän şah­sy gol­da­wy üçin aý­dan min­net­dar­lyk söz­le­ri­ni ýe­tir­di. 

                                                                   

Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry kö­pu­gur­lylygy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Goň­şy Eý­ran bi­len do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hök­mün­de da­şa­ry ýurt­la­ra ama­la aşyr­ýan sa­par­la­ry­nyň il­kin­ji­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Täh­ra­na res­mi sa­par bi­len gel­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň Eý­ran bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Öza­ra gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dyp, söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň di­ňe bir iki goň­şy döw­let bol­man, eý­sem, doganlyk gat­na­şyk­la­ry bi­len bag­ly döw­let­ler­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we Aýa­tol­la Ali Ha­me­ne­ýi se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm or­nu­ny bel­le­di­ler. Söh­bet­deş­ler ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re we oňyn gel­je­ge eýe bo­lan öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge me­ýil­li­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz do­gan­lyk eý­ran top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ýe­ne bir ýo­la min­net­dar­lyk bil­di­rip, Aýa­tol­la Ali Ha­me­ne­ýi­ni özi üçin is­len­dik amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we EYR-nyň Be­ýik ru­hy li­de­ri hoş­la­şan­la­ryn­da, türk­men we eý­ran halk­la­ry­na tüýs ýü­rek­den mä­hir­li ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy­lar. 

                                                                   

Soň­ra “Hafe­zi­ýe” köş­gün­de döw­let Baş­tu­tan­la­ry eý­ran hal­ky­nyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na we goň­şy ýur­duň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­na de­giş­li ser­gi­ni syn­la­dy­lar. Ser­gi­de Eý­ra­nyň mil­li önüm­le­ri, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­na de­giş­li eser­ler, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri gör­ke­zil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ser­gi­niň goň­şy ýur­duň mil­li gym­mat­lyk­la­ry, öz­bo­luş­ly ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. 

 Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ys­lam Şu­ra­sy Mej­li­si­niň Baş­ly­gy Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf bi­len du­şu­şy­gy bol­dy. EYR-nyň Ys­lam Şu­ra­sy Mej­li­si­niň Baş­ly­gy döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi bi­na­nyň içi­ne gir­mä­ge ça­gyr­ýar. 

                                                                   

Bi­na­nyň eý­wa­nyn­da Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny şu gün­ki du­şu­şy­ga gat­naş­ýan Eý­ra­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow, öz no­ba­tyn­da, Ys­lam ge­ňe­şi­niň ýol­baş­çy­sy­ny Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Iki dost­luk­ly ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny we Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf bi­na­nyň “Aý­na” za­ly­na geç­ýär­ler. 

                                                                   

Bu ýer­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, oza­ly bi­len, EYR-nyň Ys­lam Şu­ra­sy Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di we ony ýa­kyn­da Eý­ra­nyň par­la­men­ti­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy bi­len gut­lap, alyp bar­ýan işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf hoş­ni­ýet­li söz­ler we gut­lag­lar üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti bi­len du­şuş­ýan­dy­gy­na örän şat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ge­zek­ki sa­par ta­rap­la­ryň uzak möh­let­le­ýin­lik, öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Dost­luk we bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da ge­çen du­şu­şyk­da iki ýur­duň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­gi, hu­su­san-da, türk­men-eý­ran par­la­men­ta­ra du­şu­şyk­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­ni we öza­ra tej­ri­be al­şyl­ma­gy­ny ýo­la goý­ma­gy tek­lip et­di. 

                                                                   

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­man­sö­ýer eý­ran top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ys­lam Şu­ra­sy­nyň Baş­ly­gy­ny we EYR-nyň par­la­men­ti­niň ag­za­la­ry­ny öz­le­ri­ne amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aw­tou­lag ker­we­ni “Meh­ra­bad” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di we bu ýer­den Wa­ta­ny­my­za ug­ra­dy. 

                                                                   

Bi­rnäçe wagt­dan soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň uça­ry paý­tag­ty­myzyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de gon­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. 

                                                                   

Tu­tuş­ly­gy­na al­nan­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň no­bat­da­ky res­mi sa­pa­ry uzak möh­le­ti na­zar­la­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­ öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny hem-de iki döw­le­tiň mil­li bäh­bit­le­ri­ne ky­bap gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, dur­nuk­ly ösü­şiň ro­waç­lan­ma­gy­na, iki ýur­duň we se­bi­tiň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hyz­mat ed­ýär. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len no­bat­da­ky du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar ile­ri tu­tul­ýan ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açar.

16.06.2022
Gözelligiň nusgasy

Eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýar. Ýurdumyzdaky il-ýurt bähbitli alnyp barylýan ösüş-özgertmeler akylyňy haýran edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, adyl syýasatyny üstünlikli dowam etdirip, ýurdumyzyň mundan bu ýana ösmegi, gözelleşmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy geljek 30 ýylda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar ýanynda alnyp barylýan gurluşyk, binagärlik işleri, gazanylýan beýik ösüşler maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin döredilýän her bir binalardyr desgalar bolsa asuda ýaşaýşymyzy üpjün etmek bilen çäklenmän, paýtagtymyzyň we onuň daş-töwereginiň gözelligini, ajaýyplygyny üpjün edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda her bir maşgalanyň aýratyn jaýynyň ýa-da öýüniň bolmagyny üpjün etjekdigini aýdyp geçdi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen 30 ýyllyk maksatnamanyň doly derejede durmuşa geçiriljegine halkymyz berk ynanýar. Ata-baba ýoluny dowam etdirip, gurmak we döretmek ýörelgeleri ösdürmek bilen, eziz Diýarymyz, şol sanda, paýtagtymyz Aşgabat gözelligiň nusgasyna öwrülýär. Eýýäm ençeme gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alan ak şäherimiz Aşgabat owadanlykda, arassalykda dünýäni haýrana goýmak bilen, ýaşamak we işlemek üçin iň amatly şäher hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan binalaryň sanynyň barha köpelmegi   halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, iş orunlarynyň amatly şertlerini döretmegiň baş şerti bolup durýar. Elbetde, şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykyp, ykdysady hyzmatdaşlygyň barha ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!  

                                                                                                           

Bazargeldi TÖRÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.

16.06.2022
Kuwwatly desga üçin gaz geçiriji

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň gurluşykçylary Üçajy — Zergär aralygynda gaz geçirijini gurmak işlerini üstünlikli tamamladylar. Uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçiriji Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny ýangyç bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda bu iň iri elektrik stansiýasy geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda işe girizilipdi. Tebigy gazda işleýän häzirkizaman desgasy ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaklyga hem giň mümkinçilik döredýär.  

                                                                   

Kämil desganyň sazlaşykly we netijeli işlemegini üpjün etmekde täze gaz geçirijiniň ähmiýeti uludyr. Bu möhüm buýurmanyň baş potratçysy wezipesini ýokarda ady agzalan trestiň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirligi ýerine ýetirdi. Müdirligiň ussat binaçylary ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň möhüm desgalaryny gurmak işiniň öň hatarlarynda bolýarlar. Ezber gurluşykçylar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek işinde hem özleriniň başarnyklaryny görkezýärler. Toplanan baý tejribe, ýokary guramaçylyk täze gaz geçirijini çekmek işini bellenilen möhletinde, ýokary hil derejesinde tamamlamaga hem oňyn şert döretdi. Bu işde Görkimyrat Atamyradow tarapyndan baştutanlyk edilýän gurluşykçylar toparynyň agzalary aýratyn tapawutlandylar. Gurluşyk meýdançasynyň baştutany möhüm işlerde ussa Nurmyrat Aýtmyradowyň, kebşirleýji Merdan Orunowyň, agregatçy Ýoldaş Urkunowyň, slesar gurnaýjy Maksat Kemalowyň, turbanyň daşyny örtüji Altymyrat Ýollyýewiň has tutanýerlilik görkezendiklerini nygtaýar. Ýeri gelende, möhüm taslamany durmuşa geçirmäge «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki gurluşyk guramalarynyň birnäçesiniň kömekçi potratçy hökmünde gatnaşandyklaryny, bu uly üstünlikde olaryň hem uly zähmet paýynyň bardygyny bellemek artykmaçlyk etmez.  

                                                                   

Agzybirlik, başarjaňlyk, maksada okgunlylyk ýaly sypatlary özünde jemleýän gaýratly adamlar döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan möhüm wezipeleri berjaý etmäge ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň gujur-gaýraty bilen ýene bir möhüm iş üstünlikli tamamlandy. Çekilýän yhlasly zähmetiň netijesinde peýda bolan kuwwatly we kämil desgalar uzak ýyllaryň dowamynda diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, sebitdäki döwletleriň abadançylygyna, halklaryň eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat eder.  

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.

16.06.2022
Çyn-Maçynda türkmen gazy alawlaýar

Hawa, indi on üç ýyla golaý wagtdan bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen «mawy ýangyjy» üznüksiz ugradylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde mümkin boldy. «Asyryň gurluşygy» diýen ada eýe bolan ägirt uly desganyň hut Lebap topragyndan — «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkden gözbaş alýandygy bellärliklidir.  

                                                                   

Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen, özüni ynamdar hyzmatdaş hökmünde görkezip gelýär. Geçen ýyllarda alysdaky ýurda baglaşylan şertnama laýyklykda tebigy gazyň uly möçberi akdyryldy. Bu işiň gerimi soňky ýyllarda has-da giňeldilýär. Oňa geçen ýylyň başynda «Malaý» gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi uly itergi berdi. Kämil desganyň kömegi bilen bu kändäki gaz guýularyndan uzynlygy 188 kilometre barabar bolan Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly harytlyk önüm üznüksiz akdyrylýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu görkeziji 3,5 milliard kub metrden hem gowrak boldy. Dostana ýurda häzirki döwürde her gije-gündizde «mawy ýangyjyň» 20 million kub metrden gowragy ugradylýar. Munuň özi meýilnamada bellenileninden 5 million kub metrden hem artykdyr. Täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi, guýularyň önüm berijiligini artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ösüşleriň täze belentliklerini ynam bilen eýelemäge giň mümkinçilikleri açýar.  

                                                                   

Türkmeniň «mawy ýangyjy» Çyn-Maçynda alawlap, gülläp ösüşe, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ählumumy parahatçylyga hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan nurana ýoly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan has-da ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi geljegimiziň has-da röwşen boljakdygynyň aýdyň kepilidir.  

                                                                                                           

Baýram MÄMMEDOW.

16.06.2022
Sanly ykdysadyýet täze şertlerde

Häzirki wagtda dünýäde «sanly tehnologiýalar», «sanly ykdysadyýet», «sanly şäher», «sanly ulgam», «sanly aň», «sanly bilim» ýaly täze düşünjeleriň peýda bolmagy bilen, internete esaslanýan işewürligiň ähli ugurlarynda sanly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen gününden ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňişleýin ornaşdyrmak arkaly makroykdysady görkezijiler boýunça ýokary netijeleri üpjün etmäge gönükdirilen tagallalary amala aşyrmagy esasy maksatlarynyň biri edip goýdy. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, adamzat durmuşynda bankomatlar, «internet-bank», «mobil-bank», «çat-botlar» ýaly düşünjeler hem peýda boldy. Maliýe-bank ulgamynda hil taýdan tapawutly «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Cash back» ýaly täze hyzmatlar bank işjeňliginiň kämilleşýändigini alamatlandyrýar. Bu, esasan hem, bank işewürliginde sanly özgertmeleriň ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Mundan başga-da öňdebaryjy, döwrebap programma üpjünçiliginiň kömegi bilen, şeýle hem internet arkaly onlaýn okuw sapaklarynyň geçirilişi bilim ulgamynda-da sanly özgertmeleriň başlanandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullary durmuşymyzyň ähli ugurlarynda giňden ulanylýar. Bu bolsa ykdysady özgertmelere bolan täzeçil talaby gün-günden güýçlendirýär. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalara, elektron söwda esaslanýan sanly ykdysadyýeti giňişleýin ornaşdyrmagyň zerurlygy öň hatara çykýar. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet önümçilik gatnaşyklarynda maglumat-aragatnaşyk serişdelerini peýdalanmak bilen sanly özgertmeleri amala aşyrýan ykdysadyýetiň bölegidir. Munuň esasy maksady raýatlara, şeýle hem edara-kärhanalara döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmekdir. Sanly ykdysadyýetiň giňişleýin ornaşdyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda hem dürli amatlyklary döredýär. Şeýle-de önümçilik bilen ylmyň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň özi halkymyza ähli babatda amatlyklary döretjek uly wezipeleriň biridir. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýeti kemala getirmek öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini halkara standartlara laýyk getirmekde möhüm şert bolup durýar. Ozaly bilen ol ýurdumyzyň milli innowasion ulgamynyň kemala getirilmegini, döwrebap, bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarylmagyny şertlendirýär. 

                                                                                                           

Bibigül NAZAROWA,

                       

welaýat Statistika müdirliginiň hünärmeni.

16.06.2022
Ýaş­lar sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri üns mer­ke­zin­de

Aş­ga­bat, 14-nji iýun (TDH). Şu gün Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Mas­la­hatlar mer­ke­zin­de ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da döw­let ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň, bu ul­gam­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çir­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, şu gün örän mö­hüm äh­mi­ýet­li, ýaş­lar ha­kyn­da Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­na se­ret­mek üçin ýyg­na­ny­şy­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­myz al­tyn sa­hy­pa­lar bi­len ta­ry­ha gir­jek «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň her gü­nü­ni şan­ly wa­ka­la­ra hem-de zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­ýär. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» ki­ta­byn­da bel­leý­şi ýa­ly, iň gym­mat­ly mi­ras ter­bi­ýe­dir, ter­bi­ýä­niň öze­ni bol­sa ylym-bi­lim­dir. Biz top­la­nan ylym-bi­lim tej­ri­bä­mi­ziň esa­syn­da XXI asyr­da dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün ed­ýä­ris. 

                                                                   

Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk bi­ziň äh­li ösüş­le­ri­mi­ziň, şöh­rat­ly üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň bin­ýa­dy­dyr. Ýur­du­my­zyň de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­let gur­lu­şy­nyň bin­ýat­la­ry yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä bi­le­le­şi­gin­dä­ki or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy. Türk­me­nis­ta­nyň iň tä­ze ta­ry­hy­na şöh­rat­ly sa­hy­pa­lar ýa­zyl­dy. 

                                                                   

Wa­tan üçin ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri ýaş­la­ryň dur­mu­şy­na aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­ýar. Hä­zir­ki bag­ty­ýar döw­rü­mi­ziň ýaş­la­ry er­tir ýur­dy beý­gelt­jek, türk­men döw­le­ti­ni gül­let­jek og­lan-gyz­lar­dyr. Ýaş­la­ryň joş­gun­ly hy­ju­wy, Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si, ha­lal zäh­me­te yh­la­sy, şu gü­ne buý­san­jy, röw­şen gel­je­ge yna­my, dost­lu­ga, söý­gä sar­pa­sy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­ly­gy tä­ze ta­ry­hy döw­rüň my­sa­lyn­da öz syn­maz or­nu­ny tap­ýar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri üp­jün ed­ýän mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Düýp­li öz­gert­me­ler yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýar. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Türk­me­nis­tan­da tä­ze oba­lar, şä­her­dir et­rap­lar, ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry, mek­dep­ler­dir ça­ga­lar bag­la­ry, ýol­lar­dyr köp­rü­ler gu­rul­ýar, döw­let do­lan­dy­ry­şy kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan şu gün­ki aja­ýyp iş­ler Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na, ýaş­la­ry­my­zyň sag­dyn, bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy. Ýur­du­myz­da ýaş ne­sil ba­ra­da döw­let de­re­je­sin­de edil­ýän ala­da­lar özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. 

                                                                   

Ýaş­la­ra mah­sus bo­lan we ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bin­ýa­da esas­lan­ýan ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, aja­ýyp mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za we­pa­ly, bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­ga, sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga, hü­när öw­ren­mä­ge, zäh­met çek­mä­ge hö­wes­li, ru­hu­be­lent ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Türk­men ýaş­la­ry — Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň gel­je­gi. Ýaş­la­ryň ru­hy we be­den taý­dan sag­dyn­ly­gy, hü­när taý­ýar­ly­gy esa­syn­da kä­mil şah­sy­ýet bol­ma­gy, dö­re­di­ji­lik uky­by we pi­kir­len­mek ba­şar­ny­gy jem­gy­ýe­ti­mi­ziň kä­mil­leş­me­gi­ne hem-de döw­le­ti­mi­ziň ösü­şi­ne uly iter­gi ber­ýän güýç­dür. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy jem­gy­ýe­ti­miz­de şeý­le mö­hüm orun eýe­le­ýän ýaş­la­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy hu­kuk­la­ry­ny do­ly go­ra­ýar. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­mi­ziň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­ni­len ýy­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň pa­la­ta­la­ry­nyň bi­rin­ji bi­le­lik­dä­ki mej­li­si ge­çi­ril­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Ýur­du­my­zyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň gur­lu­şyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň, Halk Mas­la­ha­ty­nyň dü­zü­min­de dö­re­di­len ko­mi­tet­le­riň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da döw­le­ti­mi­ziň kuw­wa­ty ha­sap­lan­ýan ýaş­la­ry­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi ha­kyn­da­ky ala­da­lar hem bar. 

                                                                   

Is­len­dik döw­le­tiň kuw­wa­ty di­ňe bir te­bi­gy baý­lyk­la­ry bi­len däl-de, eý­sem, ýe­tiş­di­rip bil­ýän kä­mil ne­sil­le­ri bi­len kes­git­le­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry, hü­när­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Bäs­deş­li­ge ukyp­ly, ösü­şiň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni ga­zan­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de önüm­çi­li­ge san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Bu ugur­dan ýaş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Se­bä­bi in­no­wa­si­ýa­lar, hä­zir­ki za­man ylym­la­ry, na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, san­ly ul­gam adam­zat jem­gy­ýe­ti­ni öňe alyp bar­ýar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy. 

                                                                   

Bu «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň 1-nji mad­da­syn­da aý­ra­tyn ka­da­lar bi­len ber­ki­di­len­dir. «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da» bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň nus­ga­lyk mek­de­bi­ne eýe­rip, ýaş­lar­da Wa­ta­na, mer­da­na hal­ky­my­za we şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za buý­san­jy, ylym-bi­li­me hö­we­si art­dyr­mak, ola­ryň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, yl­myň soň­ky ga­za­nan in­no­wa­sion san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ma­gy­ny ga­zan­mak, döw­re­bap bi­lim al­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ýaş­la­ra “Wa­tan” di­ýen be­ýik dü­şün­jä­niň mu­kad­des­di­gi­ni dü­şün­dir­mek, ony gö­züň gö­re­ji ýa­ly go­ra­ma­gy we ýü­rek­den söý­me­gi ter­bi­ýe­le­mek Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni bo­lup dur­ýar. Kä­mil şah­sy­ýet bo­lup ýe­tiş­mek­de adam­za­da mah­sus bo­lan duý­gy­nyň il­kin­ji­si ata Wa­ta­na, ene top­ra­ga bo­lan söý­gü­dir di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy. Wa­tan­sö­ýü­ji­lik dog­duk me­ka­nyň ösüş­li ýol­la­ryn­da öz adyň tu­tul­ma­gy we ha­lal zäh­me­tiň bi­len Wa­ta­nyň şan-şöh­ra­ty­na my­na­syp go­şant goş­mak­dyr. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, ýaş­lar ha­kyn­da Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­nyň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, ki­miň nä­hi­li tek­li­bi­niň bar­dy­gy bi­len gy­zyk­lan­dy we mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di. 

                                                                   

Il­ki bi­len, çy­kyş eden Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da ed­ýän ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şeý­le-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len, ýur­du­myz­da giň ge­rim­li de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň ýaý­baň­lan­dy­ry­lan­dy­gy, mil­li par­la­men­tiň işi­niň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ry­lan­dy­gy bel­le­nil­di. 

                                                                   

Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ka­bul edil­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ma­gy ýur­du­my­zyň no­bat­da­ky sy­ýa­sy üs­tün­li­gi­dir. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de dur­nuk­ly hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek­de ýaş­la­ryň ägirt uly or­nu­ny na­za­ra al­mak bi­len, ýaş­lar me­se­le­si­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­na öw­rü­len­di­gi nyg­tal­dy. Mu­ňa döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ber­ýän tab­şy­ryk­la­ry hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na res­mi sa­pa­ry wagtynda Aş­ga­bat­da bi­le­lik­dä­ki türk­men-rus uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de yl­myň we teh­ni­ka­nyň tä­ze ga­za­nan­la­ry we san­ly ul­gam döw­let dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­na or­naş­dy­ryl­ýar. Hut şu­nuň özi-de giň göz­ýe­tim­li, bi­lim­li ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­me­giň, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni şert­len­dir­ýär. Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň pa­la­ta­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­niň gün ter­ti­bin­de “Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­nyň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len döw­rüň ru­hu­na we ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň dür­li ul­gam­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy kä­mil­leş­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­na iş sa­par­la­ry­ny ama­la aşyr­dy­lar we ola­ryň do­wa­myn­da mu­gal­lym­la­ryň, ta­lyp­la­ryň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da­ky ýaş hü­när­men­le­riň tek­lip­le­ri­ni öw­ren­di­ler. Ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­sin­de “Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­ýar. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ka­bul edi­len “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy” mil­li ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­nyň öňün­de tä­ze we­zi­pe­le­ri goý­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek­de, mil­li ka­nun­çy­ly­ga döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk sel­je­riş iş­le­ri­ni ge­çi­rip, ony kä­mil­leş­dir­mek­de, de­mok­ra­tik döw­le­ti­mi­ziň, ada­lat­ly ra­ýat jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hu­kuk bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek­de Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň ak ýü­rek­den zäh­met çek­jek­dik­le­ri nyg­tal­dy. 

                                                                   

Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Mej­li­siň Baş­ly­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýe­we söz be­ril­di. Ol Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yg­lan eden «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen ýö­rel­ge­si­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da adam ba­ra­da­ky ala­da­nyň kä­mil nus­ga­sy­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da bu ýö­rel­ge üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hal­ky­myz ýaş­lar bi­len bi­le­lik­de ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik gel­je­gi­ni gur­ýar. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan öz­gert­me­le­ri esa­syn­da ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň kä­mil ylym-bi­lim al­ma­gy, aras­sa ah­lak­ly we giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ýe­tiş­me­kleri ug­run­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ry ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk, hal­ky­my­zyň be­lent yn­san­per­wer­lik we ah­lak gym­mat­lyk­la­ry ru­hun­da, eder­men pe­der­le­ri­mi­ziň my­sa­lyn­da ter­bi­ýe­le­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Şu ba­bat­da wa­jyp ugur ýaş­lar sy­ýa­sa­ty bo­lup dur­ýar. Ýaş­la­ryň bi­lim al­ma­gy, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy, ze­hi­ni­ni ös­dür­me­gi, eziz Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za we­pa­ly şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li şert­le­riň mil­li ka­nun­çy­lyk­da göz öňün­de tu­tul­ma­gy we de­giş­li mak­sat­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bu ugur­da mö­hüm esas­la­ry dö­red­ýär. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu gün ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­ny tä­ze döw­rüň ru­hu­na la­ýyk­lyk­da dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­se­le­le­ri ba­ra­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gy­nyň bu me­se­lä döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu gün­ki ta­ry­hy du­şu­şyk­da be­ýan eden we­zi­pe­le­ri, mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na, hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na hem-de mil­li tej­ri­bä la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­jak iş­ler üçin esas bo­lar. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Bu iş­de hem Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ýaş il­deş­le­ri­mi­ze nus­ga­lyk gö­rel­de bol­ýar. Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da K.Ba­ba­ýew Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ata Wa­ta­ny­my­zyň hem-de hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne giň ge­rim­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri­niň 4-nji ýyl ta­ly­by Ogul­bagt Ko­çi­ýe­wa söz be­ril­di. 

                                                                   

Çy­kyş ede­niň nyg­taý­şy ýa­ly, ýaş­lar Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len du­şuş­ýan­dyk­la­ry­na hem-de du­şu­şyk­da «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça pi­kir al­şyp bil­ýän­dik­le­ri­ne buý­san­ýar­lar. Ta­ry­hy baş­lan­gyç­la­ry do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ter­bi­ýe­li, ýo­ka­ry bi­lim­li, ru­hy taý­dan kä­mil ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

«Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, kä­mil öw­ren­me­gi­ne uly iter­gi ber­di. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri hä­zir­ki za­man bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, mul­ti­me­dia we lin­ga­fon en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. Bu bol­sa ta­lyp­la­ryň hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re, ders olim­pia­da­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. 

                                                                   

O.Ko­çi­ýe­wa çy­ky­şy­ny do­wam edip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ry­na ama­la aşy­ran iş sa­par­la­ry­na ün­si çek­di. Hu­su­san-da, Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry bi­len du­şu­şyk­da alym Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bi­li­miň we yl­myň ter­bi­ýä­niň sü­tü­ni­di­gi­ni nyg­tap, ýaş­la­ra bi­lim­le­ri­ni yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­mak­la­ry­ny, düýp­li bi­lim al­ma­ga, aň-bi­lim de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ma­gy ne­si­hat et­di. Bu ba­bat­da O.Ko­çi­ýe­wa Ar­ka­da­gy­my­zyň nus­ga­lyk ýo­lu­na eýe­rip, ro­waç­ly­gyň hem-de gül­läp ösü­şiň ýo­ly bi­len öňe git­me­giň ýaş­la­ryň mu­kad­des bor­ju­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my­na gat­naş­ma­gy ba­ra­da aý­dyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ta­ry­hy çy­ky­şy­nyň ýaş­la­ryň yl­ma, bi­li­me bo­lan hö­we­si­ni has-da art­dy­ran­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň ta­lyp­la­ry ýaş­lar ba­ra­da­ky sy­ýa­sa­ty kä­mil­leş­dir­mek, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za be­ýik söý­gi­ni ter­bi­ýe­le­ýän wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­niň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek we döw­le­ti­mi­ziň şu gü­ni hem-de gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ra dur­muş, yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, gu­ra­ma­çy­lyk, hu­kuk gol­daw­la­ry­ny ber­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri gol­da­ýar­lar di­ýip, O.Ko­çi­ýe­wa çy­ky­şy­ny ta­mam­lap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür, bag­ty­ýar dur­muş ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ag­ro­nom­çy­lyk hü­nä­ri­niň 4-nji ýyl ta­ly­by Gur­ban­my­rat Bä­şi­mow çy­ky­şyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň her bir gü­nü­niň şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni, ýaş­lar bi­len şu gün­ki du­şu­şy­gyň hem hem­me­ler üçin çuň­ňur ma­na eýe bo­lup, ýa­kym­ly pur­sat­la­ry paý­la­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Çy­kyş­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ol mö­hüm ta­ry­hy wa­ka­nyň şa­ýa­dy bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ne, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da güýç­len­dir­mek, bu ugur­da­ky ka­nun­çy­ly­gy sel­jer­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ta­ry­hy tek­lip­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gat­naş­ýan­dy­gy­na buý­san­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, azyk howp­suz­ly­gy­ny we ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny esa­syn­da uly möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri hem-de goş­ma­ça ýer bö­lek­le­ri bö­lü­nip be­ril­di. Bu­la­ryň äh­li­si daý­han­la­ryň, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te, bol ha­syl ön­dür­mä­ge bo­lan hö­we­si­ni has-da art­dyr­ýar di­ýip, G.Bä­şi­mow aýt­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­tyn­da ge­çi­ren ta­ry­hy du­şu­şy­gy ba­ra­da dur­lup ge­çi­lip, oba­se­na­gat top­lu­myn­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek, ýer ka­dast­ry­ny dö­ret­mek ug­run­da­ky iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­re mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ne üns çe­ki­len­di­gi nyg­tal­dy. Şeý­le hem ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den daý­han­çy­lyk tej­ri­be­le­ri­ni hä­zir­ki za­man ag­ro­teh­ni­ka yl­my­nyň nuk­daý­na­za­ryn­dan döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­me­gi do­wam et­mek, ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne uý­gun­laş­dy­ry­lan to­hum­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mek, dü­ýe­dar­çy­ly­gy, mal­dar­çy­ly­gy, mi­we­çi­li­gi we üzüm­çi­li­gi ös­dür­me­gi do­wam et­dir­mek ba­ra­da ne­si­hat­lar be­ril­di. 

                                                                   

Ol ýaş­lar te­le­ke­çi­li­gi­ni ös­dür­mek, ýaş nes­liň ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­mak­la­ry üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da be­ýan edi­len baş­lan­gyç­la­ryň ýaş­la­ry tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Çy­ky­şynyň ahy­ryn­da G.Bä­şi­mow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan sag­lyk, uzak ömür, ýur­du­my­zyň hem-de hal­ky­my­zyň bäh­bi­di ug­run­da alyp bar­ýan ýa­daw­syz iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne gel­jek­de-de my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň yk­dy­sa­dy ki­ber­ne­ti­ka taý­ýar­lyk ug­ru­nyň 2-nji ýyl ta­ly­by Ys­lam Aman­gu­ly­ýew çy­kyş edip, äh­li ýaş­la­ryň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­na Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bag­ty­ýar dur­muş üçin tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aýt­dy. Ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hem-de yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mil­li nus­ga­sy­nyň dö­re­di­len­di­gi nyg­tal­dy. “Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy” hem-de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Olar­da ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Çy­kyş eden Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki be­lent ab­ra­ýy­na ün­si çe­kip, 2022-nji ýy­lyň 12-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ka­bul edil­me­gi­niň, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ma­gy­nyň uly äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu gün bag­ty­ýar ýaş­lar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy äh­li­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp, yl­my-bar­lag eda­ra­la­ryn­da we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de zäh­met çek­ýär­ler, düýp­li na­za­ry we ama­ly bar­lag­la­ry ge­çir­ýär­ler, san­ly ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant go­şup, in­no­wa­sion se­na­gat nus­ga­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar­lar. 

                                                                   

Bu gün hü­när bi­li­mi eda­ra­sy­ny ta­mam­lan ýaş­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy bi­len bag­ly ýe­ňil­lik­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ke­pil­lik­le­ri üp­jün et­mek, or­ta mek­dep­le­ri ta­mam­lan uçu­rym­la­ryň zäh­met tej­ri­be­si­ni top­la­mak­la­ry üçin ola­ryň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, ýaş­la­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly tek­lip­ler be­ýan edil­di. Y.Aman­gu­ly­ýew ýaş­la­ryň bu baş­lan­gyç­la­ry do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mas­la­hat­la­ryn­dan hem-de öwüt-ün­dew­le­rin­den ugur alyp, ýaş nes­liň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň se­na­gat des­ga­la­ry­nyň we teh­no­lo­gik top­lum­la­ryň elekt­ro­he­re­ket­len­di­ri­li­şi hem-de aw­to­ma­ti­ka­sy hü­nä­ri­niň 4-nji ýyl ta­ly­by Ho­ja­dur­dy Ho­ja­dur­dy­ýew çy­kyş edip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan gur­lu­şyk, bi­na­gär­lik tag­ly­ma­ty esa­syn­da ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň öňe çyk­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­lent mak­sat­la­ry bi­len ýur­du­myz giň ge­rim­li gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ama­la aşy­ran şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da ak mer­me­re bes­le­nen Aş­ga­bat dün­ýä­niň iň aja­ýyp, ýa­şa­mak üçin amat­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. 

                                                                   

H.Ho­ja­dur­dy­ýew sö­zü­ni do­wam edip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň iri şä­her­gur­lu­şyk baş­lan­gyç­la­ry­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yl­ma esas­la­nyp, dö­re­di­ji­lik­li hem-de saz­la­şyk­ly iş­le­ri bi­len do­wam et­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň ýa­kyn­da Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry wag­tyn­da tä­ze­çil usul­da gur­lu­şyk me­ýil­na­ma­la­ry dü­zü­len­de, oňa ýur­du­my­zyň ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, aý­ra­tyn-da, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­me­gi ýaş­la­ra bil­di­ril­ýän uly ynam­dyr di­ýip, bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň ta­ly­by aýt­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da düý­bi tu­tu­lan «Aş­ga­bat-si­ti», ne­sip bol­sa, ýa­kyn ýyl­lar­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len dün­ýä­niň «akyl­ly» şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­ler. Bu be­ýik hem-de gel­je­gi na­zar­la­ýan iş­ler gur­lu­şyk­çy, bi­na­gär, di­zaý­ner ýaş­la­ry, bu ugur­dan iş­le­jek hü­när­men­le­ri örän buý­san­dyr­ýar. Şeý­le hem çy­kyş eden ta­lyp Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu gün eko­lo­gik tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň dur­ku­ny tä­ze­le­mä­ge ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gy­ny gol­da­mak, içer­ki sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek ar­ka­ly ýaş­lar­da ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sa, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny hö­wes­len­dir­mek bi­len bag­ly öňe sü­ren tek­lip­le­ri­ni ýaş­la­ryň do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da H.Ho­ja­dur­dy­ýew tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de bat­ly ga­dam­lar bi­len öňe bar­ýan eziz Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de, Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň her bir gü­nü­ni şöh­rat­ly üs­tün­lik­le­re bes­le­mek­de ýaş­la­ryň hem my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­jak­dy­gy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy tüýs ýü­rek­den ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra çy­kyş et­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Har­by ins­ti­tu­ty­nyň ha­las ediş bö­lün­me­le­ri­ni do­lan­dyr­mak hü­nä­ri­niň 2-nji ýyl har­by ta­ly­by Bag­ty­ýar Al­lo­wo­wa söz be­ril­di. Ol har­by ta­lyp­la­ryň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu gün­ki çuň ma­ny­ly çy­ky­şy­ny, paý­has­ly pi­kir­le­ri­ni, bi­lim-ylym ul­gam­la­ry­ny hil taý­dan ös­dür­mek­de berk bin­ýa­da öw­rül­jek ne­si­hat­la­ry­ny we eziz Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly gul­luk et­mek ba­ra­da­ky pa­ra­sat­ly sar­gyt­la­ry­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­län­dik­le­ri­ni aýt­dy. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň mil­li bi­lim ul­ga­my­ny dün­ýä de­re­je­sin­de döw­re­bap­laş­dyr­mak, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, san­ly ul­ga­my dur­mu­şa or­naş­dyr­mak, şeý­le-de dö­wür bi­len aýak­daş git­mek ba­ra­da­ky gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry, köp­ta­rap­la­ýyn us­sat­ly­gy, baý dur­muş tej­ri­be­si ýaş­lar­da uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän gün­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ba­dal­ga ber­len ta­ry­hy öz­gert­me­ler ýaş­lar­da bag­ty­ýar we aba­dan gel­je­ge bo­lan yna­my ber­kid­ýär. Çy­kyş eden har­by ta­lyp şu ýat­da ga­ly­jy gün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­ry­hy çy­ky­şyn­dan ruh­la­nan Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gel­jek­de-de döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän äh­li müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, döw­re­bap bi­lim alyp, har­by hü­när us­sat­ly­gy­ny art­dyr­jak­dy­gy­na, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şy­na has-da je­bis­le­şip, ka­bul eden har­by ka­sam­la­ry­na yg­rar­ly, eziz Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly ýurt go­rag­çy­la­ry bo­lup ýe­tiş­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­myz­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­rip, döw­le­ti­mi­ziň go­ra­gyn­da sars­maz ga­la bo­lup du­ra­rys. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mer­da­na pe­der­le­ri­niň — us­sat mu­gal­lym, eder­men es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň, Wa­ta­nyň we­pa­ly og­ly Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň nus­ga­lyk öm­rü­ni mu­kad­des har­by gul­lu­gy­myz­da ýol-ýö­rel­ge edi­ne­ris. Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy we bäh­bit­le­ri­mi­zi, il aba­dan­çy­ly­gy­ny, ýurt asu­da­ly­gy­ny gö­zü­mi­ziň gö­re­ji de­ýin go­ra­rys di­ýip, çy­kyş eden har­by ta­lyp aýt­dy. 

                                                                   

Sö­zü­niň ahy­ryn­da B.Al­lo­wow Wa­tan per­zent­le­ri­niň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pe­der do­wa­ma­tyn­dan göz­baş alyp gaýd­ýan be­lent wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­ne, yn­san­per­wer­li­gi­ne hem-de bi­möç­ber sa­ha­wa­ty­na çuň­ňur sar­pa goý­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Ol şu gün­ki ta­ry­hy çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da ýaş­la­ra eden sar­gyt­la­ry, wes­ýet­le­ri, pent-ne­si­hat­la­ry, ýi­ti ze­hi­ni we um­man ýa­ly paý­ha­sy üçin Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­na ho­şal­lyk bil­dir­di. Har­by ta­lyp hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, be­lent ba­şy­nyň aman bol­ma­gy­ny, döw­let­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç al­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw et­di hem-de çy­ky­şy­ny wa­tan­çy­lyk ka­sa­my bi­len jem­le­di. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy hem­me­le­re çy­kyş­lar üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi ba­bat­da yzy­gi­der­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Ýaş­la­ry­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi maş­ga­la­nyň, döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de dur­ýar we gel­jek­de-de du­rar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu Ka­nu­nyň 7-nji mad­da­sy­nyň 6-njy ben­din­den soň, 7-nji ben­di dö­re­dip, oňa ýaş­la­ryň ylym­ly, bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry ah­lak­ly adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­mak­la­ry­ny, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi my­na­syp do­wam et­dir­mek­le­ri­ni ga­zan­mak, ýaş­la­ra hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän gol­daw ber­me­giň döw­let gu­ra­ly­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­bat­da­ky yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­na ge­çir­mek me­se­le­si­ni öw­ren­mek ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne tek­lip­le­ri hö­dür­le­mek mak­sa­da­la­ýyk bo­lar. 

                                                                   

Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra na­zar aý­lap, olar bi­len tan­şa­nyň­da, be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň nes­li­di­gi­ňe, ola­ryň gu­ran, go­ran döw­le­tin­de ýa­şa­ýan­dy­gy­ňa buý­san­ýar­syň. Bu buý­sanç yn­sa­ny ata-ba­ba­la­ry­my­za my­na­syp ne­sil bol­ma­ga borç­lan­dyr­ýar di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bel­le­di. Çün­ki ata-ba­ba­sy be­ýik mil­let ba­ky­dyr! Ata-ba­ba­la­ry nus­ga­lyk mil­let öl­mez-ýit­mez­dir! 

                                                                   

Ýur­du­myz­da ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň nus­ga­lyk şah­sy­ýet­le­ri­miz­den ha­bar­ly bol­mak­la­ry­ we ola­ryň eder­men­lik­le­ri bi­len ta­nyş bol­mak­la­ry üçin şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň heý­kel­le­ri otur­dy­lan se­ýil­gäh­le­riň gu­rul­ma­gy, teatr­lar­da şol dö­wür­le­re de­giş­li sah­na eser­le­ri­niň go­ýul­ma­gy, ki­no­film­le­riň su­ra­ta dü­şü­ril­me­gi, oba­dyr et­rap­la­ra, şä­her­le­re, or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne bel­li şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň at­la­ry­nyň da­ky­lyp ebe­di­leş­di­ril­me­gi, ta­ryh der­si­niň okuw me­ýil­na­ma­la­ry­na gi­ri­zil­me­gi ne­sil­le­ri­mi­ziň bu ba­bat­da giň mag­lu­mat­la­ra eýe bol­ma­gy­na dö­re­dil­ýän şert­ler­den ha­bar ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak, di­kelt­mek, öw­ren­mek we art­dyr­mak, mil­li gym­mat­lyk­la­ry, däp-des­sur­la­ry, maş­ga­la ede­bi­ni giň­den wa­gyz et­mek ar­ka­ly sag­dyn, bi­lim­li, ýo­ka­ry aň-dü­şün­je­li, wa­tan­sö­ýü­ji ýaş ne­sil­ler üçin mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy sö­zü­ni do­wam edip, «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň 5-nji mad­da­sy­nyň 16-njy ben­din­den soň, 17-nji ben­di goş­ma­gyň, ýag­ny Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za be­ýik söý­gi­ni, mil­li buý­san­jy ter­bi­ýe­le­ýän, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze la­ýyk gel­ýän, bi­lim be­ri­ji­lik hä­si­ýet­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­niň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le-de Ka­nu­nyň 23-nji mad­da­sy­nyň 2-nji bö­le­gin­den soň, 3-nji bö­le­gi goş­mak, ýag­ny eko­lo­gik tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň dur­ku­ny tä­ze­le­mä­ge ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gy­ny gol­da­mak, içer­ki sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek ar­ka­ly, ýaş­lar­da ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sa, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny hö­wes­len­dir­mek bi­len bag­ly goş­ma­ça­lar gi­ri­zil­se, ýer­lik­li bo­lar. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ba­ra­da­ky sö­zü­ni do­wam edip, döw­re my­na­syp ne­sil bol­mak üçin dö­wür bi­len aýak­daş git­me­li­di­gi­ni, mu­nuň her bir nes­liň öňün­de goý­ýan mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Dö­wür ös­ýär, şol bir wagt­da adam­zat jem­gy­ýe­tin­de dür­li üýt­geş­me­ler, öz­ge­riş­lik­ler bol­ýar. Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky ins­ti­tut­lar­da, Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zin­de, pu­dak­la­ýyn yl­my-bar­lag eda­ra­la­ryn­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de düýp­li, tä­ze­çe yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­mak üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Bu iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň yl­my­ny dün­ýä­de iň öň­de­ba­ry­jy, ab­raý­ly orun­la­ra çy­kar­jak ýaş alym­la­ryň, in­že­ner-teh­no­log­la­ryň tä­ze nes­li­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aý­dy­şy ýa­ly, «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» ki­ta­byn­da ol döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny, at-ab­ra­ýy­ny has-da beý­gelt­mä­ge go­şant goş­jak ýaş­la­ry­myz ba­ra­da ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýaş­la­ryň ru­hy-ah­lak taý­dan aras­sa, yn­san­per­wer, ada­lat­ly, ýur­du­my­za ge­rek­li we my­na­syp ne­sil bol­magyny gazanmak, ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­ka­ryp bil­ýän ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek, spor­ta, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za söý­gi­ni art­dyr­mak, in­ter­net ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek we baş­ga-da döw­rüň ta­lap ed­ýän ze­rur­lyk­la­ry­ny ýaş­la­ryň dur­mu­şy­na or­naş­dyr­mak ýa­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Mun­dan baş­ga-da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň 7-nji te­si­mi­niň 3-nji ben­din­den soň 4-nji ben­di goş­ma­gy we ýaş­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni dur­mu­şa iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, ýaş­la­ryň ara­syn­da te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­me­giň gu­ra­ly­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip et­di. Şun­da te­le­ke­çi­ler ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len kär­ha­na­lar­da iş­le­ýän iş­gär­le­riň 75 gö­te­ri­mi ýaş­lar bol­sa, ola­ry «ýaş­lar kär­ha­na­sy» di­ýip at­lan­dy­ryp, şeý­le kär­ha­na­la­ry döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak bo­ýun­ça ýe­ňil­lik­ler göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dyr. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­ma geç­mek işi üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. San­ly ul­gam ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler çalt­ly­gy, amat­ly­ly­gy we ar­tyk­maç zäh­me­ti ta­lap et­me­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. San­ly ul­ga­myň dur­mu­şy­my­za or­naş­ma­gy bi­len, hä­zir­ki wagt­da se­bit­le­ýin we hal­ka­ra gat­na­şyk­lar has-da pug­ta­lan­ýar. Ge­çi­ril­ýän on­laýn mas­la­hat­lar, du­şu­şyk­lar, bri­fing­ler ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi­ne we kä­mil­leş­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň bi­ziň ýur­du­my­zyň gel­je­gi­ni kes­git­le­ýän esa­sy şert­le­riň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Gel­jek­ki ne­sil ha­kyn­da ala­da — mu­nuň özi er­tir­ki gü­ne iň bir yg­ty­bar­ly, akyl­ly-baş­ly ma­ýa go­ýu­my­dyr. Bi­lim ul­ga­my, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­dyr, er­tir­ki gü­nüň ala­da­sy­dyr. «Mag­lu­mat­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar» asy­ry diý­lip at­lan­dyryl­ýan XXI asyr­da yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry bi­len aýak­daş git­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­lar bi­len üp­jün et­mek döw­rü­mi­ziň ta­la­by we güýç­li döw­let bol­ma­gyň esa­sy şer­ti­dir. 

                                                                   

Ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň teh­no­lo­gik ösüş­ler­den yza gal­maz­ly­gy üçin bi­lim eda­ra­la­ryn­da ýö­ri­te in­ter­net mer­kez­le­ri dö­re­di­lip, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy san­ly bi­li­miň se­riş­de­le­ri, elekt­ron ara­gat­na­şyk, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar we iş tej­ri­be­le­ri ar­ka­ly yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Bu ba­bat­da «Bi­lim ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, ýaş­la­ra bi­lim ber­mek işi bi­len bag­ly ka­da­lar hem aý­ra­tyn ber­ki­dil­ýär. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çalt ös­me­gi bi­len, bü­tin dün­ýä­ni öz içi­ne al­ýan ara­gat­na­şyk ul­ga­my dö­re­dil­ýär, tä­ze pu­dak­lar­dyr dü­şün­je­ler peý­da bol­ýar. Döw­rüň bu tä­ze­lik­le­ri bi­ziň jem­gy­ýe­ti­mi­ze hem giň­den or­naş­ýar. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň san­ly gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­ny, hal­ka­ra ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bel­le­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň teh­no­lo­gik ösüş­den yza gal­maz­ly­gy, döw­re­bap hü­när­le­ri ele al­mak­la­ry, na­za­ry bi­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­le­ri, ama­ly en­dik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­la­ry, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öz­leş­dir­mek­le­ri, tä­ze yl­my tag­ly­mat­la­ry, öň­de­ba­ry­jy bar­lag­la­ry we teh­no­lo­gik tej­ri­be­le­ri öw­ren­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň 35-nji mad­da­sy­nyň 6-njy ben­din­den soň, 7-nji ben­di goş­mak, ýag­ny bi­lim eda­ra­sy­ny ta­mam­lan, ýa­ňy işe ka­bul edi­len ýaş hü­när­men­le­riň gir­de­ji sal­gy­dy­ny zäh­met döw­rü­niň 1-nji ýy­lyn­da bel­le­ni­len ka­da­syn­dan 50 gö­te­rim, 2-nji we 3-nji ýy­lyn­da 25 gö­te­rim ýe­ňil­lik­li tö­le­me­gi­niň ter­ti­bi­ni kes­git­le­mek tek­lip edil­di. Şeý­le-de bu Ka­nu­nyň 20-nji mad­da­sy­nyň 13-nji ben­din­den soň 14-nji ben­di goş­mak, ýag­ny ýaş­lar­da oku­wyň üz­nük­siz­li­gi­ni ga­zan­mak we ola­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, or­ta mek­de­bi ta­mam­lan ýaş og­lan­la­ryň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň gi­riş sy­nag­la­ry­na gat­naş­ma­gy üçin bir ge­zek müm­kin­çi­lik dö­ret­mek şer­ti bi­len, har­by gul­lu­gyň möh­le­ti­ni wagt­la­ýyn yza süý­şür­mek me­se­le­si­niň öw­re­nil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy nyg­tal­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da sport we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­gyň yn­sa­nyň öm­rü­ni uzak, ja­ny­ny sag, şäh­di­ni açyk ed­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di. Dür­li ýaş­ly ra­ýat­la­ry­my­zyň, aý­ra­tyn-da, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň be­den­ter­bi­ýe he­re­ket­le­ri, sport gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­na äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Oba­lar­da, et­rap­lar­da, şä­her­ler­de gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän sport des­ga­la­ry­dyr bi­na­la­ry we ol ýer­lerde dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler esa­syn­da bu gün ag­zy­bir türk­men hal­ky sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni dur­muş ka­da­la­ry­nyň bi­ri­ne öwür­di. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň nyg­taý­şy ýa­ly, mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­bat hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Mun­dan baş­ga-da, türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik­le­riň ne­ti­je­sin­de se­bit we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, türk­men tu­gu­ny ýe­ňiş mün­be­rin­de be­lent­den par­la­dyp, Döw­let se­na­my­zy sport äle­min­de be­lent­den ýaň­lan­dyr­ýar­lar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny hal­ka­ra de­re­je­de şöh­rat­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan, ýur­du­myz­da berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly nes­li ke­ma­la ge­tir­mek, ýaş­la­ry­my­zyň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän bi­na­lar­da bi­lim al­mak­la­ry, mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­nip, ar­zuw ed­ýän kär­le­rin­de iş­läp, Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­li ýol­la­ry­na my­na­syp go­şant goş­mak­la­ry üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu we­zi­pe­ler ýur­du­myz­da ka­bul edi­len «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da hem anyk kes­git­le­nen­dir. 

                                                                   

Umu­man, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik baş­lan­gyç­la­ryň her bi­rin­de ýaş­la­ryň bäh­bit­le­ri, ola­ryň aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da­ky we­zi­pe­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýaş­la­ra äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­ny iş­läp ta­mam­la­ma­gy hem-de hal­ky­my­zyň «Ýe­di öl­çäp, bir kes!» di­ýen pä­hi­min­den ugur alyp, «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek me­se­le­si­ne tö­we­rek­le­ýin hem-de yl­my nuk­daý­na­zar­dan çe­me­le­şil­me­gi­ni ze­rur ha­sap ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Ge­lip go­wuş­ýan tek­lip­ler hal­ky­my­zyň ne­sil ter­bi­ýe­si ha­kyn­da asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­ri­lip, kä­mil de­re­jä ýe­ti­ri­len gym­mat­lyk­la­ryn­dan, şeý­le-de döw­rü­mi­ziň ta­lap­la­ryn­dan ugur alyp, gu­tar­nyk­ly sel­je­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­gär­le­ri­dir ag­za­la­ry bu Ka­nu­na ze­rur üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek ba­ra­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap­la­ry­nyň iň çet­ki oba­la­ry­na ba­ryp, ýaş­la­ryň, şol san­da il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, zäh­met­keş­ler köp­çü­li­gi­niň gat­naş­ma­gyn­da mas­la­hat­la­ry ge­çi­rip, ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da güýç­len­dir­mek, bu ugur­da­ky ka­nun­çy­ly­gy sel­jer­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ola­ryň pi­kir­le­ri­ni, tek­lip­le­ri­ni, is­leg-ar­zuw­la­ry­ny na­za­ra al­ma­ly­dyr­lar. Tek­lip­le­riň mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, ha­ly­pa pro­fes­sor­lar­dyr alym­lar ta­ra­pyn­dan öw­re­ni­lip, sel­je­ri­lip we umu­my­laş­dy­ry­lyp, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­me­gi mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ýaş­la­ra ýüz­le­nip, ýü­re­giň ada­myň ru­hy ýag­da­ýy­na we be­den sag­ly­gy­na ba­ha ber­mek­de iň esa­sy sy­na­dy­gy­ny aýt­dy. Her bir işe ýü­rek­den ýa­py­şyp, mer­da­na hal­ky­my­zyň ady­ny dün­ýä­de mun­dan beý­läk-de da­ba­ra­lan­dyr­mak, ba­şy­my­zyň tä­ji­ne de­ňe­ýän eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­ra­ty­na şöh­rat goş­mak, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy my­na­syp do­wam et­dir­mek ýaş­la­ryň esa­sy bor­ju­dyr. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýaş­la­ra berk jan sag­lyk, uzak ömür, bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş, okuw­da iň go­wy ne­ti­je­le­ri, eziz Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne go­şant goş­mak­da uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz ýaş­lar bi­len ge­çi­ren mas­la­ha­tyn­da­ky çy­ky­şy­ny şeý­le söz­ler bi­len jem­le­di: «Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny mun­dan-da be­len­de gö­ter­mek­de ag­zy­bir hal­ky­my­za ro­waç­lyk­lar ýar bol­sun! Ýa­şa­syn Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri! Ýa­şa­syn Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!». 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu söz­le­ri joş­gun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­nyp, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­bat­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ta­mam­lan­dy.

15.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na res­mi sa­pa­ry baş­lan­dy

Aş­ga­bat — Täh­ran, 14-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow res­mi sa­par bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ug­ra­dy. 

                                                                   

Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar. Bir sa­gat­dan gow­rak wagt­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň uça­ry iki dost­luk­ly ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Täh­ra­nyň “Meh­ra­bad” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň res­mi adam­la­ry hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. 

                                                                   

Iki ta­ra­pyn­da Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zü­len, ha­ly dü­şe­len ýo­da­jyk bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz res­mi we­ki­li­ýet­ler za­ly­na bar­dy. 

                                                                   

Ka­bul ed­ýän ta­ra­pyň we­ki­li bi­len bu ýer­de gys­ga söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da soň­ky wagt­da ýo­la goý­lan kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si we ne­ti­je­li­li­gi, şeý­le-de iki dost­luk­ly hal­kyň has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­na hem-de öza­ra dü­şü­niş­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň ys­ny­şyk­ly hä­si­ýe­ti ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­nil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aw­to­mo­bil ker­we­ni ho­wa men­zi­lin­den “Saa­da­bad” köşk­ler top­lu­my­nyň “Ser­wes­tan” bi­na­syn­da­ky sa­par wag­tyn­da özi üçin ni­ýet­le­nen ka­bul­ha­na ug­ra­dy. Dag ete­gin­de, Täh­ra­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky aja­ýyp kün­jek­le­riň bi­rin­de ýer­leş­ýän bu top­lum Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty­nyň iň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. 

                                                                   

Er­tir Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň res­mi du­şu­şy­gy ge­çi­ri­ler. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki bu gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da soň­ky ýyl­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şol san­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we ab­raý­ly se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­mek bo­ýun­ça ta­rap­la­ryň çe­me­leş­me­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak­la­ry­na ga­ra­şyl­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň döw­let Baş­tu­ta­ny hök­mün­de il­kin­ji res­mi sa­par­la­ry­nyň bi­ri­ni Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşyr­ma­gy ýa­kyn goň­şy döw­let­ler bi­len giň ge­rim­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ug­ry bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny hem-de döw­le­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my bäh­bit­le­re ky­bap gel­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da döw­let ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ryn­da Türk­me­nis­tan we Eý­ran däp bo­lan sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry iki ta­ra­pyň hem dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, mil­li bäh­bit­le­re ky­bap gel­ýän hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Gol çek­mä­ge taý­ýar­la­ny­lan hem-de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň giň ge­ri­mi bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy düz­gün­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                   

Täh­ran­da ge­çi­ril­jek iň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­nyň Eý­ra­nyň ugur­daş mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ren­dik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Eý­ra­na şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ga­za­nyl­jak yla­la­şyk­lar iki goň­şy döw­le­tiň hem-de ola­ryň do­gan­lyk halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne al­nyp ba­ryl­ýan deň­hu­kuk­ly, öza­ra hor­mat goý­ma­ga we yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne tä­ze iter­gi be­rer.

15.06.2022
Hususyýetçiler obasenagat toplumynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugruna öwrülýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususyýetçiler ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde oňyn netijeleri gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa, süýji tagamly gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirýärler. 

                                                                   

 «Gündogar akymy» täzeçillikleriň gözleginde 

 Halk hojalygynyň obasenagat toplumynda öňdebaryjy orunlary eýeleýän hususyýetçileriň biri bolan «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti ugurdaş daýhanlar we kärendeçiler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, ösümlik ýagy, mal iými, maýonez ýaly önümleri öndürýär. Hojalyk jemgyýetine oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginden 6 müň gektar ýer bölegi bölünip berildi. Hususyýetçi daýhanlar bu ýerde ekin dolanyşygy esasynda günebakar, soýa, raps, künji hem-de bugdaý ekýärler. Şu günler hojalyk jemgyýetiniň daýhanlary bugdaý oragyna girişdiler.  

                                                                   

Hojalyk jemgyýetiniň gaýtadan işleýän önümçilik kärhanasy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýär. 2019-njy ýylda kärhanada ösümlik ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şu ýyl bolsa bu ýerde täze önümleriň — ýaglylygy 40, 62,5, 72,5, 82,5 göterim bolan maýonezleriň önümçiligine girişildi. Şol maýonez önümleri «Günaý» haryt nyşany bilen 200, 400 we 800 gramlyk gaplara gaplanylyp, alyjylara hödürlenilýär. Olar hili we tagamy boýunça daşary ýurt önümleri bilen mynasyp bäsleşmäge ukyplydyr. 

                                                                   

«Günaý» haryt nyşanly maýonezleri öndürýän kärhananyň önümçilik kuwwaty sagatda 2 tonna maýonez öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhana Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýle hem kärhana ýylda 18 müň tonna günebakar çigidini gaýtadan işläp, 7 müň 200 tonna arassalanan ösümlik ýagyny öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde öndürilýän ösümlik ýagy «Günaý» haryt nyşany bilen 1 we 5 litrlik gaplara gaplanylyp, bazarlara çykarylýar we alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. 

                                                                   

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň ösdürip ýetişdiren ekinleriniň hasylynyň gaýtadan işlenilenden galýan bölegi mallar üçin iým taýýarlamakda peýdalanylýar. 

                                                                   

 Dag etegindäki miweli mekan 

 Diýarymyzda oba hojalygy bilen meşgullanýan iri hususy düzümleriň biri hem miwe we beýleki gök önümleri ösdürip ýetişdirýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» paýdarlar jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar.  

                                                                   

Paýdarlar jemgyýetiniň dag etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän ekin meýdanlarynda ösdürilýän nahallaryňdyr baglaryň ählisi damjalaýyn ulgam arkaly suwarylyp, ideg işleriniň aglaba bölegi awtomatlaşdyrylan döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Garagum derýasyndan çekilen umumy uzynlygy 27,5 kilometre barabar bolan suw geçiriji ulgam hem-de kuwwatly göteriji enjamlar arkaly getirilýän suw deňiz derejesinden 180 metr belentlikdäki howza çykarylýar we şol ýerden ekin meýdanlaryna paýlanylýar. Ekin meýdanlarynyň şeýle belentlikde ýerleşmegi bolsa miweleriň bol hasyl bermegine we süýji tagamly bolmagyna kömek edýär. 

                                                                   

2019-njy ýylyň ýazynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden bölünip berlen 1200 gektar meýdany özleşdirmäge girişen hususyýetçi daýhanlar şu ýyl bereketli toprakdan ilkinji hasyly ýygnamaga girişdiler. Bu ýerde ýetişdirilen garaly we şetdaly hasylynyň ilkinji tapgyry eýýäm bazarlara çykaryldy. Bulardan başga-da, ekin meýdanlarynda alma, armyt, hurma, hoz we badam ýaly miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär.  

                                                                   

Şeýle hem hojalyk jemgyýetleri ýakyn geljekde jemi 80 gektar meýdany eýeläp, gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus önümlerini ýetişdirmäge niýetlenilen, ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanalaryň birnäçesini gurmagy meýilleşdirýärler. Olaryň ilkinjileri şu ýylyň ahyryna çenli ulanyşa giriziler. 

                                                                   

 Köpugurly hususy daýhan hojalygy 

  «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygy hem indi ençeme ýyldan bäri gök-bakja ekinlerini, miweleri ösdürip ýetişdirmekde, et-süýt önümlerini we towuk ýumurtgasyny öndürmekde oňyn tejribe toplan hususyýetçi hökmünde tanalýar. Daýhan hojalygynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanalarynda ekologiýa taýdan arassa we ýokumly gök-bakja önümleri bolan pomidoryň, hyýaryň bol hasyly ýetişdirilýär. Şeýle hem şol ýerdäki ekin meýdanlarda alma, erik, garaly, şetdaly ýaly miweli baglara ideg edilip, ýokary hasyl alynýar.  

                                                                   

Daýhan hojalygynyň Kaka etrabyndaky ýer böleklerinden üzümiň bereketli hasylyny almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol ýerdäki ýyladyşhanalarda banan we pyrtykal ýaly tropiki miweleri ösdürip ýetişdirmegiň tejribesi öwrenilýär. 

                                                                   

Guşçulyk hojalygy hem «Daýhan sarpasynyň» alyp barýan işleriniň möhüm ugrudyr. Daýhan hojalygynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki guşçulyk toplumynda taýýarlanylýan guş eti we towuk ýumurtgasy ýokary hili bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çägindäki maldarçylyk toplumynda iri şahly mallar idedilip, bazarlarymyzda uly islegden peýdalanýan et-süýt önümleri öndürilýär. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikler, berilýän goldawlar ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanýan hususyýetçileriň sanynyň artmagyny we olaryň alyp barýan işleriniň geriminiň giňelmegini şertlendirýär. Innowasion tehnologiýalary we ylmy çemeleşmeleri hemra edinen telekeçiler ýerden, suwdan rejeli peýdalanyp, ekinlerden bol hasyl almagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmagy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini artdyrmagy, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýärler.  

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

14.06.2022