Новости
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 4-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy. 

                                                                   

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede giň gerimli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär, halkara guramalar bilen netijeli dialogy pugtalandyrýar. Şunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzy ŞHG-ä agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Şunuň bilen birlikde, ŞHG bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasy işi giň geografik hem-de düzümleýin esasda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda ŞHG-ä agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň XX ýubileý mejlisine, 2022-nji ýylyň sentýabrynda bolsa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitine gatnaşandygyny bellemek gerek. Şol duşuşyklarda ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagyna hem-de ozal hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar öňe sürüldi. 

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu günki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hindistan Respublikasy başlyklyk edýär. Geňeşiň mejlisi başlanmazdan ozal, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekledi. 

                                                                   

Şu gezekki sammit “Howpsuz ŞHG ýolunda” (Towards a SECURE SCO) mowzugy boýunça geçýär. Iňlisçe “SECURE” diýen gysgaldylan adalgany ŞHG-niň 2018-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda Narendra Modi teklip edipdi. Şunda S harpy raýatlaryň howpsuzlygyny (security for citizens), E ykdysady ösüşi (economic development), C sebit gatnaşyklaryny (connectivity in the region), U agzybirligi (unity), R döwlet Garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmagy (respect of sovereignty and integrity), E harpy bolsa daşky gurşawy goramak (environment protection) diýmegi aňladýar. 

                                                                   

Duşuşyga ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlary gatnaşdylar. Sammite synçy döwletleriň Liderleri hökmünde Eýranyň, Belarusuň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şeýle hem mejlise bu guramanyň hemişelik hereket edýän iki edarasynyň, birnäçe halkara we sebit düzümleriniň ýolbaşçylary goşuldylar. Hindistanyň Hökümetiniň Başlygy ýygnananlary mähirli mübärekläp, sammite gatnaşyjylara söz berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşýan döwletleriň Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna we agzalaryna ýüzlenip, Premýer-ministr Narendra Modä şu möhüm mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystan Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklygy kabul etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, dostlukly ýurduň ŞHG-de başlyklyk etjek döwründe ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisini Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-ä agzalyga kabul edilmegi, Prezident Aleksandr Lukaşenkony bolsa Belarus Respublikasynyň gurama doly hukukly agza döwletiň derejesini almagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlap, olara täze görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistana, onuň alyp barýan netijeli daşary syýasatyna bildirilýän uly hormatyň nyşanydyr. Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine düşünişmegiň hem-de olary durmuşa geçirmäge taýýarlygyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, bu gurama bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, dünýä we sebit işlerine ýurdumyzyň gatnaşmagynyň umumy ugry bilen utgaşýandygy nygtaldy. Şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanma bilen garaýandygy, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýändigi aýdyldy. 

                                                                   

Şeýle işiň uly geljeginiň bardygyny bellemelidiris. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişde, önümçilik binýady, aýratyn-da, soňky ýyllarda ulag-logistika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Ol özara ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy we başga-da birnäçe mümkinçilikler bilen şertlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Nygtalyşy ýaly, diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi. 

                                                                   

Birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak; ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek; üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmekdir. Gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan taraplara teklip etdi. Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutanymyz beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky çärelerini kesgitledi. 

                                                                   

Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hem ulanylyp bilner we hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini berer diýip hasap edýärin. Şeýle-de ol medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilner diýip pikir edýärin. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýäris. Şeýle çemeleşme asyrlara uzap gidýän ruhy we medeni gatnaşyklarymyza esaslanýar. Bu gatnaşyklar biziň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär diýip belledi. Munuň özi ýurdumyz bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dürli düzümleriň we esasy halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça şertleri we mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berdi. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini, onuň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mundan beýläk-de bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Hindistanyň Premýer-ministri çuň many-mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, ŞHG-niň çäklerinde giň ugurlar boýunça Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar guramanyň ýurtlarynyň arasynda döwlet özygtyýarlylygyna, milli gymmatlyklara hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak esasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti baradaky pikiri biragyzdan beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

                                                                   

 Sammitiň jemleri boýunça Nýu-Deli Jarnamasy we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

Umuman, ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary sebit we sebitara derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhy taýdan emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilendir.

05.07.2023
Hyzmatlaryň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak ugrunda

Bank ulgamynyň depginli ösüşi islendik ýurtda-da ykdysady ösüşiň esasy şerti bolup durýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bank işjeňligi yzygiderli ýokarlanýar. Ulgama sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekýär we bu babatda ýerine ýetirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrýar.

Pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan iri söwda merkezlerinde hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalarynda bankomatlar, töleg terminallary oturdylýar. Zähmet haklaryny bank kartlary arkaly bermek tejribesi netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Durnukly sanly bank ulgamynyň emele gelmeginiň we dolandyryşyň kem-kemden elektron görnüşe geçmeginiň möhüm şerti hasaplanýan bank kartlary esasy töleg guraly hökmünde köpçülikleýin ulanylýar. 2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, ýurdumyzda bank kartlarynyň umumy sanynda «Daýhanbank» DTB-niň we «Türkmenistan» DTB-niň bank kartlarynyň paýy 54,9 göterime barabardyr. Şu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň işini-de aýratyn bellemek gerek. Onuň işläp taýýarlan QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg usuly ykjam telefonlaryň eýelerine optiki nyşanlary göçürip, nagt däl görnüşde hem-de bank kartlary arkaly islendik harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sanly ulgama geçmekde söwda toplumyna möhüm orun degişlidir. Häzir ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamyň hem netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. «Alyjylaryň hukuklary hakynda», «Söwda işi hakynda», «Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol elektron söwdanyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Sanlylaşdyrmak bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Çünki munuň özi hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de olaryň görnüşini giňeltmek arkaly ulgamy özgertmäge ýardam edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, işewürlik işjeňliginiň höweslendirilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň karz edaralarynda müşderiler bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde döwrebap sanly mümkinçiliklerden yzygiderli peýdalanylýar. Bu edaralar müşderilere toplumlaýyn hyzmat etmegiň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly bank işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda guraýar. Täze tehnologiýalary bank işewürligine girizmekde maglumatlary goramagyň usullaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dürli amallar geçirilende harajatlary azaltmaga, müşderilere hyzmat etmegiň usullaryny has-da kämilleşdirmäge we bank ulgamynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.

Maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, korporatiw dolandyryş ulgamyny kemala getirmek, telekeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, banklaryň girdejisini we düşewündini artdyrmak möhüm ugurlar hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu işler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlaryň ýönekeýleşdirilmeginde, telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin oňa maýa goýum serişdeleriniň barha giňden çekilmegi oňyn netije berýär.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny gazanmakda bank ulgamynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Ýurtda ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de yzygiderli ösüş depginleri ilatyň umumy iş bilen üpjünçiligini, girdejilerini ýokarlandyrmaga, nyrhlary emele getirmegiň durnuklylygyny makroykdysady taýdan deňleşdirmäge gönükdirilendir. «Elektron banking» düzüminiň ösmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artmagy, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelmegi, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanmagy hem-de bank serişdeleriniň täze görnüşleriniň hödürlenmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Soňky döwürde «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly kartlar dolanyşyga girizildi. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sany artdy. Häzirki wagtda karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hödürlenýän hyzmatlary onlaýn tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly tölegleri geçirmek işleriniň gerimi giňeldilýär. Hususan-da, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen müşderiler banka barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden tölegleri amala aşyryp bilýärler. Mundan başga-da, olara internet arkaly menzilara bank hyzmatlary, bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-kod arkaly hasaplaşyklar hödürlenýär. Ýörite terminallaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlar, ýerine ýetirilen hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik energiýasy), Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary we beýlekiler üçin tölegler geçirilýär. Ilatyň «Visa» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde nobatdaky möhüm tapgyr boldy.

Şeýlelikde, hödürlenýän hyzmatlaryň tiz ýerine ýetirilmegi we elýeterli bolmagy bank bilen müşderiniň arasyndaky gatnaşygy hil taýdan täze derejä çykardy. Iň esasysy bolsa, makroykdysady görkezijilere laýyklykda, milli manadymyzyň daşary ýurt pullaryna gatnaşygynyň durnukly bolmagynda galýandygydyr.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

05.07.2023
Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

3-nji iýulda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bütin adamzat üçin möhüm bolan ekologik meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşip, bu işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda Arkadag şäherine BMG-niň we onuň düzümleriniň tehniki wekiliýeti sapar bilen gelip, “akylly” şäher konsepsiýasyna esaslanýan öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar esasynda şäher dolandyryşyny üpjün edýän bitewi ekoulgam bilen ýakyndan tanyşdy we bu ýerde durmuşa geçirilen işlere ýokary baha berdi. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagy mynasybetli geçirilýän halkara maslahatlaryň şunuň ýaly şäherleriň durnukly ösüşiniň üç ugruny — ykdysady, durmuş we ekologik talaplaryny hasaba almak bilen, hyzmat we üpjünçilik babatdaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.
Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigine üns çekildi. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç “akylly” we “ýaşyl” şäher ekoulgamyny ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge, täze tehnologiýalary, innowasion çözgütleri ornaşdyrmak arkaly bilelikdäki ekoulgamy döretmekde tejribeleri we bilimleri alyşmaga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Sanly ulgam arkaly çykyş eden Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow maslahata gatnaşyjylaryň ählisini we türkmen halkyny şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlap, munuň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň nyşanydygyny belledi. “Biz Türkmenistanyň goldawlaryna ýokary baha berýäris we Arkadag şäheri ýaly “akylly” şäherleriň ekologik gurluşy babatda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge umyt edýäris. Biziň bilelikdäki işlerimiziň Merkezi Aziýa sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde itergi boljakdygyna ynam bildirýärin” diýip, Zafar Mahmudow çykyşynda nygtady.
2022-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäheriniň golaýynda geçirilen “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň açyk asmanyň astyndaky giň gerimli ekologik çäre bolandygyny bellemelidiris. Bu ýerde nazary bilimleri tejribede ulanmak arkaly üzümiň “gara kişmiş” diýlip atlandyrylýan görnüşiniň 500-den gowrak nahaly ekildi. Watanymyzyň barha artýan halkara abraýynyň ählumumy ykrar edilmesiniň ýene-de bir aýdyň nyşany hökmünde 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny görkezmek bolar. Halkara maslahatda tokaý zolaklaryny goramagyň, oba hojalyk ýerleriniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmagyň we gurak howaly ýurtlarda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Çykyş edenler Türkmenistanda ekologiýa maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde howa şertlerini gowulandyrmaga, biodürlüligi gorap saklamaga we artdyrmaga ýardam edýän tokaý zolaklarynyň döredilýändigini bellediler. Geçen ýylyň noýabrynda agzybirlik we jebislik ýagdaýynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresinde täze şäheriň çäginde dürli bag nahallarynyň 5 müňden gowrak düýbi oturdyldy. Bu asylly çäräniň şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda we amatly daşky gurşaw şertlerini döretmekde aýratyn ähmiýeti bar. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy hem-de onuň açylyş dabarasynda dürli ugurlarda ýeten üstünliklerini tassyklaýan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.
“Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýygnananlar tebigaty goramak boýunça durmuşa geçirilýän işlere çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, tebigy serişdeleri aýawly ulanmaga we daşky gurşawy netijeli goramaga gönükdirilen ekologik taslamalary üstünlikli amala aşyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň zalynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

04.07.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Gallaçy daýhanlar bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, ýygnalan galla hasylyny kabul ediş bölümlerinden elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur tagallalar edilýär.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini aýtdy hem-de onuň ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, gallaçy daýhanlar bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, galla kabul ediş bölümlerinden ýygnalan hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ýetişdirilen galla hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagy, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli alnyp barylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda welaýatda galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Galla öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Galla kabul ediş bölümlerinden hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek işleri bökdençsiz alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, şu günler galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, ony ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy guramaçylykly alnyp barlyp, ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär, möwsümde galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk ýola goýuldy, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur tagallalar edilýär, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri öz wagtynda geçirilýär.
Şeýle-de ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak üçin degişli işler geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we häkime bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatyň dowamynda sebitiň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Şeýle hem gallaçy kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, galla kabul ediş bölümlerinden hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitiň meýdanlarynda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly, bökdençsiz geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşleriň we olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatlarda ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler dowam edýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalygynda dowam edýän möhüm möwsümiň ähmiýetine ünsi çekdi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende, käbir säwliklere ýol berlendigini aýtdy. Agrotehniki kadalar doly we dogry berjaý edilen ýagdaýynda has ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, dogry ýerine ýetirilmegini wise-premýer A.Ýazmyradowdan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.07.2023
Arkadag şäheriniň ajaýyp waspnamasy

Şu günler «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Düýn hem şeýle dabaralar ýurdumyzyň käbir toplumlarynda hem-de täze şäheriň edara ediş merkezinde ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazlara beslenen tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň medeniýet ulgamy we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guraldy. Dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan köpöwüşginli sergini synladylar. Bu ýerde alym Arkadagymyzyň atalyk kitaplary, milli senetçilerimiziň önümleri, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän el işler, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 29-30-njy iýunynda Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolup, mukaddes Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etmegi hem-de gurbanlyk sadakasyny bermegi agzybir halkymyzyň şatlygyny, buýsanjyny goşalandyran waka boldy. Haj zyýaraty mynasybetli Milli Liderimiziň medeniýet we sungat ussatlaryna keramatly toprakdan getiren teperrik sowgatlaryny ibermegi olaryň zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu waka halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orny eýeleýän we özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazlary, çeper döredijiligi bilen milletimizi, aýratyn-da, ýaşlary beýik maksatlara, täze ýeňişlere ruhlandyrýan medeniýet, sungat ussatlarynyň köptaraply döredijiligine aýratyn sarpanyň nyşany bolup, olary täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy.
Dabarada degişli pudaklaryňdyr edaralaryň ýolbaşçylarynyň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň, artistleriň çykyşlaryna uly orun berildi. Olar Arkadag şäheriniň ajaýyp binalarynyň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada durup geçdiler. Çykyş edenler sebitde ilkinji «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginiň hem özboluşly mana eýedigine üns çekdiler. Nygtalyşy ýaly, garaşsyz ösüşimiziň täze tapgyrynyň bedew batly ösüşleriniň, ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen şäheriň açylyş dabarasynyň yzysüre bu şanly waka bagyşlanyp geçirilen mediaforum, «Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany», «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly maslahatlar, türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet hory we simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti, TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň duşuşygy, Russiýanyň sirk ussatlarynyň çykyşlary uly ähmiýete boldy. Bu çäreler döwlet ähmiýetli täze şäheriň medeniýetiň hem-de sungatyň, döredijiligiň gülläp ösýän merkezine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Dabaranyň dowamyndaky şeýle buýsançly gürrüňler sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. «Bu şäherde», «Arkadagyň şäheri», «Arkadag şäheri» ýaly täze aýdymlarda gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş gurşawynyň Gahryman Arkadagymyzyň gadymy türkmen topragynda döreden ajaýyp sungat eseridigi, Arkadagly Serdarymyzyň döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine ynamly öňe alyp barýandygynyň aýdyň güwäsidigi öz beýanyny tapýar.
***
«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, ýaşlar, sport toplumy, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Arkadag şäheriniň toplumlarynyň, edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda şäher häkimliginde hem geçirildi. Olara düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaralarda çykyş edenler täze kitapda bu ajaýyp şäheriň özboluşly aýratynlyklarynyň, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygynyň çeper beýan edilýändigi hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitabyň üç dilde taýýarlanylmagy onuň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini görkezýär. Ol okyjylar köpçüligi, tutuş halkymyz tarapyndan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul edilip, şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.
Mahlasy, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitaby tanyşdyrmak maksady bilen geçirilen dabaralaryň her birinde tutuş halkymyzyň göwnüni ganatlandyran Arkadag şäherine bolan egsilmez buýsanjy görmek bolýar. Tanyşdyrylyş çäreleriniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuwlap, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň adyna
Ýüzlenme kabul etdiler.

04.07.2023
Halal zähmetiň höziri

Sahawatly türkmen topragynyň üsti hem, asty hem durşuna baýlyk. Ene ýerimizde dürli oba hojalyk ekinleri, miweleriň köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Mallarymyz süri-süri. Et we süýt, olardan taýýarlanylýan dürli tagamlar bazarlarymyzda bol. Önümleriň haýsy görnüşini halasaň, saýlap-seçip alybermeli. 

                                                                   

Dürli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmeklige türkmen işewürleri-de işjeň gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk önümlerini öndürmekde, pudagy ýokary depginler bilen ösdürmekde göreldeli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawyň netijesinde, türkmen telekeçileri oba hojalyk pudagyna täzelikleri batyrgaý ornaşdyryp, täze belentliklere ýetýärler. Daýhan hojalyklarydyr hojalyk jemgyýetleri, aýry-aýry telekeçiler bu ugurda ýeterlik tejribe topladylar. Şeýle hojalyklaryň biri-de «Ajaýyp ussat — halal önümleri» jemgyýetidir. 

                                                                   

2012-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde uly maldarçylyk toplumyny işe girizdi. Onuň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 20 müň tonna süýt, 100 tonna et öndürmäge ukyplydyr. Toplum birnäçe fermalardan ybarat bolup, bu ýerde sygyrlar, göleler, öküzler aýratyn idedilýär. Häzirki wagtda toplumda iri şahly mallaryň 4411 sanysy bar. Olar süýdi we eti köp berýän golştin we simmental tohum mallarydyr. Toplumda eti köp berýän «aberdin-angus» tohum mallary-da saklanylýar we köpeldilýär. Häzirki wagtda bu mallaryň 631-si Germaniýadan getirildi. Olar etiň mermer görnüşini berýärler. 

 Maldarçylyk toplumlaryna Germaniýanyň, Türkiýäniň iň öňdebaryjy, döwrebap we kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan. Iş usullarynyň ählisi kompýuter arkaly dolandyrylýar. Mysal üçin, owkalaýjy çotkany alyp göreliň! Sygyrlar golaýlaşanda, çotkalar awtomatik usulda işläp ugraýar. Mallaryň saklanylýan jaýlarynyň poluna kauçuk düşelendir. Ol özüniň berkligi, maýyşgaklygy, suw geçirmeýänligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Başgaça aýdanymyzda, mallaryň toýnagyna hiç hili zeper-şikes ýetirilenok. Her bir malyň çipli boýunbagy bar. Bu enjamlar arkaly olar barada maglumat alyp bolýar. Meselem, sygryň irki sagymda näçe litr süýt berenligini, onuň ýaglylyk derejesini, mallaryň özüni duýşuny anyklap bolýar. Ot-iýmleriň düzüminiň üýtgedilmegi-de şol çipler arkaly kesgitlenilýär. 

                                                                   

Sygyrlaryň her biri günde 25 litrden gowrak süýt berýär. Her gün toplum boýunça 10 tonnadan gowrak süýt öndürilýär. Ony «Hasar» hojalyk jemgyýeti uly höwes bilen satyn alýar. Şeýle-de, Nazar Durdyýew, Guwançmyrat Orazow, Jennet Ulugberdiýewa, Ýazgeldi Hudaýberdiýew, Azat Abaýew ýaly telekeçiler «Ajaýyp ussat — halal önümleriň» süýdüne köp isleg bildirýärler. Bu telekeçiler degişlilikde, «Elin», «Täze aý», «Garpamyk», «Aýaz Baba», «Ak ýaprak» haryt nyşanly süýt önümlerini ilata hödürleýärler. Ekologiýa taýdan arassa, hil derejesi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän süýdüň hyrydarlary ýylsaýyn artýar. Maldarçylyk toplumynda öndürilýän ete, aýratyn hem mermer ete isleg uly. «Bereketli», «Ak toprak» ýaly hojalyk jemgyýetleri onuň hemişelik müşderileridir. 

                                                                   

Gürrüňi gidýän hojalyk jemgyýetiniň 7031 gektar meýdany bar. Maldarçylyk toplumyndan başga-da, müňlerçe gektar meýdana ýorunja, mekgejöwen, arpa, iýmlik şugundyr, kädi ekilip bol hasyl alynýar. Ýorunjanyň birinji oragyndan bede, mekgejöwenden silos taýýarlanylýar. Olar idedilýän mallary hiç hili müşgilsiz ot-iým bilen üpjün etmäge ýardam edýär. Ot-iýmler ýörite ammarlarda saklanýar. Silos üçin ýörite garymlar bar. Ýeri gelende aýtsak, mallar öri meýdanlarynda-da bakylýar. Bu bolsa mallaryň sagdyn bolmagynyň, süýtlüliginiň artmagynyň esasy şertleriniň biridir. 

                                                                   

Hojalyk jemgyýeti esasy baýlyklarymyzyň biri bolan «ak altyny» hem öndürýär. 690 gektar meýdanda ýaşyl öwüsýän gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Suwy, döküni, bejergisi kemsiz ýerine ýetirilýän gowaçalar gününi sanap boý alýar. Işewürler şu ýyl 1391 tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýärler. 1118 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň oragy ilkinjileriň hatarynda tamamlandy. 2334 tonna guşgursak hasyl ýygnalyp, elewatorlara tabşyryldy. Häzirki wagtda bugdaýdan boşan meýdanlarda mekgejöweniň ekişi ýokary depginde alnyp barylýar. Meýdan işlerini kemsiz ýerine ýetirmek üçin jemgyýetiň ýeterlik kuwwatly, öndürijilikli tehnikalarynyň bardygyny bellemek gerek. 

  Hojalyk jemgyýeti bagçylyk bilenem meşgullanýar. 130 gektar meýdanda döredilen şetdaly bagy özboluşly gözelligi emele getirýär. Baglaryň şahalary aşak, miweler düzüm-düzüm. Şetdalynyň ilkinji tonnalary eýýäm söwda nokatlaryna, bazarlara ugradylyp başlandy. Bagbanlar geçen ýyl şetdalynyň 47 tonnasyny ýygyp, alyjylara hödürlediler. Olar şu ýyl hasyllylygy 50 tonnadan geçirmegi meýilleşdirýärler. 

                                                                   

Asylly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezip iş bitirýän hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri bazar bolçulygynyň berkemegine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Zähmetiň joşýan ýerinde ähli maksatlar amala aşýandyr. Munuň şeýledigini «Ajaýyp ussat — halal önümleri» hojalyk jemgyýetiniň mysalynda aýdyň görmek bolýar. 

                                                                                                           

Akmyrat NURALYÝEW.

                       

«Türkmenistan».

26.06.2023
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň ulag düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegini we ýurdumyzyň sebitiň iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri ýokarlanýar. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda, taryhyň dowamynda ýurtlary we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň ýokarlanmagynda möhüm ugur hasaplanýar. 

                                                                   

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz bilelikde paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäklerinde ýerleşýän täze desgalar bilen tanyşdylar. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburow desgalaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady toplumlaýyn pugtalandyrylýar. Düzümiň tehniki parkynyň üsti täze, häzirki zaman uçarlary bilen ýetirilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyza 2 sany “Airbus A330-200P2F” kysymly ýük uçary gelip gowuşdy. Bu görnüşli uçarlar Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ulanylýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýene-de 7 sany uçaryň satyn alynmagy meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Howa menziliniň çäginde ýerleşýän angarlar dürli görnüşli uçarlary degişli derejede saklamak we olary tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük we ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz bu desgalaryň gurluş aýratynlyklary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen içgin gyzyklandylar. Bellenilişi ýaly, bu ýerde alnyp barylýan işleriň, tehniki hyzmatlaryň häzirki zamanyň talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, uçarlaryň uzak möhletleýin esasda ulanylmagynyň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman uçarlarynyň tehniki görkezijileriniň ýokary halkara talaplara laýyk gelýändigini, şunda degişli tehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, gullugyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklanylmalydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerde ýerleşendigini hem-de üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulagyň ähli görnüşini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzüminiň ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň düzümini täze uçarlar bilen ýetirmek üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleri, inženerçilik-tehniki maksatly desgalar gurulýar, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasaty esasynda Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli düzüminiň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün etmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça raýat awiasiýasynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda netijeli çäreler görülýär. Munuň özi ýükleriň daşalmagyny, ýolagçylaryň gatnadylmagyny has-da işjeňleşdirmäge hem-de olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi görnüşli uçarlaryň we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap dikuçarlaryň netijeli ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarlaryň ýagdaýy, olara edilýän tehniki hyzmatlar bilen gyzyklandylar. 

                                                                   

Döwletimiziň häzirki zaman uçarlarynyň, şol sanda dikuçarlaryň satyn alynmagyna, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, halkara howa ýük we ýolagçy gatnawlarynyň artdyrylmagyna, şol sanda durmuş hem-de hojalyk maksatly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini bellemeli. Munuň özi Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasyny” durmuşa geçirmek bilen baglylykda hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegi we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynyň depginli ösdürilmegi Watanymyzyň yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde derejesini pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädimdir. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz dikuçarlaryň türgenleşik nokadyna gelip, geljekki uçarmanlary taýýarlamak üçin niýetlenen döwrebap, sanlylaşdyrylan ýörite türgenleşik tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny synagdan geçirdiler. 

                                                                   

Bu türgenleşik nokadynda ornaşdyrylan, kämil kompýuterleşdirilen dikuçar tehnologiýasy degişli hünärmenleri taýýarlamakda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Dikuçary dolandyrmak üçin ähli enjamlary özünde jemleýän uçar kabinasy uçary herekete girizmekden başlap, asman giňişliginde nähili dolandyrylmalydygy we ony ýere gondurmagyň ugurlary babatda giň maglumatlar toplumyny berýär. Şundan ugur alyp, bu ýerde uçarmanlar hünär derejesini ýokarlandyrmaga amatly şertlere eýedirler. Olar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä döwletlerine halkara howa gatnawlaryny amala aşyrmakda ussat hünärmenler bolup ýetişýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşik nokadynyň mümkinçilikleri bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Hökümet awiasiýa toparynyň binasyna bardylar. Bu ýerde zähmet çekjek agentligiň hünärmenleri üçin ýaşamak, dynç almak, hünär derejelerini kämilleşdirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz binanyň içinde ýaşamak, dynç almak üçin niýetlenen otaglar bilen tanyşdylar. 

                                                                   

Täze taryhy eýýamda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns-aladasy netijesinde ulag ulgamyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýolagçy gatnatmakda-da, ýükleri üstaşyr geçirmekde-de döwrebap taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle taslamalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýar. Bu dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga itergi berýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döredilen döwrebap ýaşaýyş binasynyň işgärleriň eşretli durmuşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň öz işlerine bolan yhlasyna güýç-kuwwat berjekdigini, ruhubelentligini artdyrjakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan ähli işleriň düýp özeniniň halkymyzyň şu güni we nurana geljegi babatda möhüm ädimlerdigini bellemek bilen, mundan beýläk-de “Türkmenhowaýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokarlandyryljakdygyny nygtady.  

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugradylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň işewürlik, medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk böleginde gurulýan söwda we dynç alyş merkeziniň ýanyna geldiler. Bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän toplumlaryň taslamalarydyr çyzgylary görkezildi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy baradaky hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän binalaryň we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bu ýerde köpugurly söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Täze toplumyň çäklerinde bassyrmaly çaýhana, awtoduralga, işewürlik merkezi, buz-oýun meýdançasy, toý mekany ýerleşdiriler. Şeýle hem dükanly ýerasty geçelgeler gurlar. Munuň özi durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygynyň toplumlaýyn görnüşde ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ozal gurlan we häzirki döwürde durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalar, ýol ýakalaryna oturdyljak haşamly germewler, köp gatnawly ýol çatryklarynda bina edilmegi göz öňünde tutulýan köp zolakly, aýlawly awtomobil köprüleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. 

                                                                   

Paýtagtymyzda ýokary amatlyklaryň döredilmegi halkymyzyň eşretli durmuşynyň we Aşgabady senagatlaşdyrmak ulgamynyň ýokary derejä eýe bolýandygynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylýandygynyň subutnamasyna öwrülýär. Görkezilýän taslamalar we çyzgylar bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri olara birnäçe bellikleri aýtdylar hem-de degişli düzedişleri girizdiler. Bellenilişi ýaly, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine we ähmiýetine aýratyn üns berilmegi möhüm wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz söwda we dynç alyş merkeziniň bina edilýän ýeriniň gurluş aýratynlygyny, ýerasty suwlaryň derejesini we zeý suwlaryny akdyrmagyň aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu tabşyrygy makullap, bu babatda degişli düzümleriň wekilleriniň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýerasty suwlaryň binalaryň gurluşygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almakda aýratyn ähmiýetlidir. Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynyň başlanýan ýeriniň topragynyň, onuň ýerasty gatlagynyň ylmy esasda içgin öwrenilmegi häzirki zamanyň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda-da ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, desgalaryň durkunyň täzelenilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Munuň özi degişli binalaryň uzak möhletleýinligini, olaryň şäheriň beýleki desgalary bilen bir bitewi sazlaşygyny üpjün eder. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary taýýarlananda, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Munuň özi diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurluşyk işleri meýilleşdirilende-de esasy talap bolmalydyr. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek, bu ugra degişli desgalaryň ýerleşýän ýerlerine laýyklykda bezeg aýratynlyklaryna, yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet bermek Watanymyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam edýär. Bu babatda şäherdäki desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagyna zerur üns berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz bina edilýän desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdiler. Halkymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde şäher ilatynyň oňaýly durmuşyny üpjün edýän, sanly ulgama daýanýan enjamlar ornaşdyrylan merkezleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugradylar.

26.06.2023
Hyzmatlaryň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak ugrunda

Bank ulgamynyň depginli ösüşi islendik ýurtda-da ykdysady ösüşiň esasy şerti bolup durýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bank işjeňligi yzygiderli ýokarlanýar. Ulgama sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekýär we bu babatda ýerine ýetirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrýar. 

                                                                   

Pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan iri söwda merkezlerinde hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalarynda bankomatlar, töleg terminallary oturdylýar. Zähmet haklaryny bank kartlary arkaly bermek tejribesi netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Durnukly sanly bank ulgamynyň emele gelmeginiň we dolandyryşyň kem-kemden elektron görnüşe geçmeginiň möhüm şerti hasaplanýan bank kartlary esasy töleg guraly hökmünde köpçülikleýin ulanylýar. 2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, ýurdumyzda bank kartlarynyň umumy sanynda «Daýhanbank» DTB-niň we «Türkmenistan» DTB-niň bank kartlarynyň paýy 54,9 göterime barabardyr. Şu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň işini-de aýratyn bellemek gerek. Onuň işläp taýýarlan QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg usuly ykjam telefonlaryň eýelerine optiki nyşanlary göçürip, nagt däl görnüşde hem-de bank kartlary arkaly islendik harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Sanly ulgama geçmekde söwda toplumyna möhüm orun degişlidir. Häzir ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamyň hem netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. «Alyjylaryň hukuklary hakynda», «Söwda işi hakynda», «Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol elektron söwdanyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Sanlylaşdyrmak bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Çünki munuň özi hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de olaryň görnüşini giňeltmek arkaly ulgamy özgertmäge ýardam edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, işewürlik işjeňliginiň höweslendirilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň karz edaralarynda müşderiler bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde döwrebap sanly mümkinçiliklerden yzygiderli peýdalanylýar. Bu edaralar müşderilere toplumlaýyn hyzmat etmegiň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly bank işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda guraýar. Täze tehnologiýalary bank işewürligine girizmekde maglumatlary goramagyň usullaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dürli amallar geçirilende harajatlary azaltmaga, müşderilere hyzmat etmegiň usullaryny has-da kämilleşdirmäge we bank ulgamynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, korporatiw dolandyryş ulgamyny kemala getirmek, telekeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, banklaryň girdejisini we düşewündini artdyrmak möhüm ugurlar hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu işler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlaryň ýönekeýleşdirilmeginde, telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin oňa maýa goýum serişdeleriniň barha giňden çekilmegi oňyn netije berýär.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny gazanmakda bank ulgamynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Ýurtda ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de yzygiderli ösüş depginleri ilatyň umumy iş bilen üpjünçiligini, girdejilerini ýokarlandyrmaga, nyrhlary emele getirmegiň durnuklylygyny makroykdysady taýdan deňleşdirmäge gönükdirilendir. «Elektron banking» düzüminiň ösmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artmagy, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelmegi, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanmagy hem-de bank serişdeleriniň täze görnüşleriniň hödürlenmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Soňky döwürde «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly kartlar dolanyşyga girizildi. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sany artdy. Häzirki wagtda karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hödürlenýän hyzmatlary onlaýn tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly tölegleri geçirmek işleriniň gerimi giňeldilýär. Hususan-da, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen müşderiler banka barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden tölegleri amala aşyryp bilýärler. Mundan başga-da, olara internet arkaly menzilara bank hyzmatlary, bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-kod arkaly hasaplaşyklar hödürlenýär. Ýörite terminallaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlar, ýerine ýetirilen hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik energiýasy), Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary we beýlekiler üçin tölegler geçirilýär. Ilatyň «Visa» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde nobatdaky möhüm tapgyr boldy.  

                                                                   

Şeýlelikde, hödürlenýän hyzmatlaryň tiz ýerine ýetirilmegi we elýeterli bolmagy bank bilen müşderiniň arasyndaky gatnaşygy hil taýdan täze derejä çykardy. Iň esasysy bolsa, makroykdysady görkezijilere laýyklykda, milli manadymyzyň daşary ýurt pullaryna gatnaşygynyň durnukly bolmagynda galýandygydyr.  

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

26.06.2023
Ýüpekçilik — milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dokma senagatynyň okgunly ösdürilmegi hem-de pudagyň işgärleriniň, şol sanda pile öndürijileriň yhlasly we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu ýyl Türkmenistanyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa 2-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň pileçileri Watan harmanyna dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu ajaýyp zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri baradaky edýän hemmetaraplaýyn aladasynyň, obasenagat toplumyny depginli ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň aýdyň netijesidir. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ýüpekçiligiň milli däpleri, ajaýyp ýüpek matalary we halylary dokamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden geçipdir. Bu söwda ýolunyň ady şol wagtlar onda daşalan örän gymmat bahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadymy Merw dünýäniň ýüpekçilikde ykrar edilen merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde eýýäm XII asyrda pile taýýarlamak boýunça kärhanalar hereket edipdir. 

                                                                   

Ata-babalarymyz pile öndürmekde ýokary ussatlyga ýetipdirler. Bu iş sungat derejesine ýetirilip, ýüpekden haly we mata dokamagyň ygtybarly usullary döredilipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Merwiň ýüpekçilik kärhanalarynda hytaýly senetçilerden bu sungatyň tilsimlerini kemsiz ele alan ussatlar işläpdirler. Şäheri suw bilen üpjün edýän Majan we Razik ýaplarynyň boýunda tut agaçlary ösdürilipdir. 

                                                                   

“Pileden çöşlenip alynýan ýüpek sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz eserinde belleýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýar. Onuň önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar bu senediň galkynmagyna itergi berdi. Bu özgertmeler obalarda hil taýdan täze durmuş-ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pudagyň ygtybarly iým binýadynyň döredilmegi ýylsaýyn özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlary giňeldilýär. 

                                                                   

Dokma senagatynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy daşary ýurtlardan gelýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça strategik wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 70-e golaý kärhanany özünde jemleýän dokma senagatynyň ýokary tehnologik kuwwaty we ygtybarly çig mal binýady bar. Pudagyň önümçilik düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi ýokary hilli ýüpek sapagyny öndürýär. Bu kärhanalarda ýüpek halylary, keteni we ýüpekden beýleki matalary öndürýän täze önümhanalar açyldy. Diýarymyzda öndürilýän ýüpek süýüminiň hasabyna Ruhabadyň panbarhat fabriginiň bökdençsiz işi üpjün edilýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý eden ýurdumyzyň ýüpekçileriniň bu üstünligi olaryň zähmetsöýerliginiň we ussatlygynyň, bu pudagy täzeden dikeltmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreleriň aýdyň netijesidir. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy we bu döwürde pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň edermen pileçilerine we ussat ýüpekçilerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň oba ýerlerinde telekeçilige goldaw bermek we ony höweslendirmek maksady bilen, ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

«Ýörite nahalhanalarda, birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut agaçlarynyň ekin meýdanlarynyň töwereginde oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn ýellerden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologik abadançylygyny gowulandyrmaga hem ýardam berýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga, şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýüpek çig maly ýurdumyzyň eksportynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtly kompaniýalar ýokary hilli ýüpek süýümine, lukmançylykda, awiasiýa senagatynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ulanylýan tehniki ýüpek önümlerine uly isleg bildirýärler. Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleri diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynda däl, eýsem, beýleki pudaklarda-da uly islegden peýdalanýar. Soňky ýyllarda hususy kärhanalarda ýüpek el halylarynyň, amaly-haşam sungatynyň, şol sanda milli keşdeçilik sungatynyň önümleriniň önümçiligi barha ýokarlanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ýüpek ýüplüginiň we sapagynyň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Pudagyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi, kärhanalaryň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän ýüpek önümleriniň hili ýokarlanýar, görnüşleri artdyrylýar. Bu önümleriň daşary ýurt bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygy artýar. 

                                                                   

Ýüpege haly önümçiliginde hem uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary ajaýyp ýüň we ýüpek halylary öndürip, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň gaýtalanmajak nusgalaryny täzeden dikeldýärler. Bu kärhanalar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar we el halylarynyň dokalýan möçberini artdyrmak bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň olara bolan isleglerini kanagatlandyrýarlar. 

                                                                   

Ýurdumyzda guralýan ýöriteleşdirilen halkara sergiler dokma senagatynyň, şol sanda ýüpekçilik pudagynyň ýeten belent sepgitlerini görkezýär. Bu pudagyň önümleri ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Bu forumlar hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän, dokma senagatynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň ünsüni çekýär. Mundan başga-da, dünýä bazarynda ýurdumyzyň dokma we haly önümleriniň söwdasyny giňden ilerletmek maksady bilen, olar dürli halkara sergilerde görkezilýär. Bu ugurda işleýän kärhanalarda täze önümçilikler döredilip, öndürilýän önümleriň hiline hem uly üns berilýär. Bu önümler ýurdumyzda bildirilýän ekologik talaplara doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýüpekçileriniň gazanan zähmet üstünligi pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. 

                                                                                                           

(TDH)

22.06.2023
Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar netijesinde eziz Diýarymyz tanalmaz derejede özgerýär. Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan iri möçberli döwlet maksatnamalary häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilip, taryhy ösüşlerimiz bagtyýar watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy biziň üçin has-da buýsançlydyr. Medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlemeginde türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu ajaýyp waka berkarar döwletimiziň ähli raýatlaryny buýsandyryp, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan söýgüsini artdyrdy. 

                                                                   

 Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri! 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň barha kämilleşýän döwrüdir. Şu ýyl ýurdumyzyň teatr artistleriniň, suratkeşleriniň, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň dünýä derejesinde rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeliginde guralýan joşgunly çykyşlary bagtyýar durmuşymyzyň belent waspyna öwrülýär. 

                                                                   

Paýtagtymyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligine medeniýet ulgamynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmagy bagtyýar ildeşlerimiziň öz medeni gymmatlyklaryna, baý mirasyna söýgüsini has-da artdyrar. Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçiriljek konsertler, sergiler, döredijilik maslahatlary, şygryýet çeper okaýyşlary, sahna oýunlarynyň we kinofilmleriň görkezilişleri häzirki döwürde milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda ýetilen sepgitleri giňden wagyz etmekde, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşyklylykda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bolsa bu iri medeni çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar. 

                                                                   

 Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! 

                                                                   

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreler akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge uly ýardam berýär. Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamyndaky medeni çäreleriň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da şöhratlandyrmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyna berk ynanýaryn. 

                                                                   

 Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! 

                                                                   

Sizi Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

22.06.2023
Sanly ykdysadyýet — kämil ösüşiň binýady

Ýurdumyzda sanly ulgamyň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini barha ýokarlandyrýar. Bu ugurda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi eziz Watanymyzyň pajarlap ösýän döwründe innowasion tehnologiýalaryň önümçiligiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagyna, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine, ýokary tizlikli internet-aragatnaşyk hyzmatlarynyň artmagyna getirýär. Sanly ulgamyň ösüşi internet bilen berk baglanyşykly bolup, ýurdumyzda bu ulgam dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda islendik raýatyň howa we demir ýol peteklerini onlaýn görnüşde almaga, degişli tölegleri we ýygymlary bank plastik kartyndan, öýjükli el telefonlaryndan geçirmäge, dürli hyzmatlary öýden çykmazdan amala aşyrmaga mümkinçilikleri bar. Teleradioýaýlymlaryň, metbugat ulgamynyň mümkinçilikleriniň ählisinden internet arkaly peýdalanmak bolýar. Sanly ulgamyň ösdürilmegi önümçiligiň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet önümçiligiň ähli ugurlaryna özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen, işewürlere, raýatlara döwlet hyzmatlaryndan ýeňil hem-de elýeterli peýdalanmaga ähli şertleri döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döwrebap ösdürilmegine-de öz täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet innowasion tehnologiýalaryň esasynda guralan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagynyň, girdejileriň täze çeşmeleriniň ýüze çykmagynyň, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Ol harytlaryň we pul serişdeleriniň dolanyşygynyň täze tizligi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ýokary hili, sarp edijiler üçin döredilýän amatlylygyň derejesi bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäniň aglaba ýurtlarynda internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ony ulanyjylaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi üçin amatly ýagdaýy emele getirýär. Bu bolsa ykdysady ösüşe itergi berýän güýç hasaplanyp, onuň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan orny barha pugtalanýar.  

                                                                   

Sanly ulgama geçilmegi milli ykdysadyýetde täze mümkinçilikleriň açylmagyna getirdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini tizleşdirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýan sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda birnäçe kanunlar kabul edilýär. Ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl-de, eýsem geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Önümçilige ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, täze mümkinçilikleriň peýda bolmagyna getirýär. Ýurdumyzda raýatlaryň her biriniň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagyna ähli şertleri döredýär. 

                                                                                                           

Saparmyrat HALBAÝEW,

                       

Görogly etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi

22.06.2023
Howandarlyk jebisligi döredýär

 Şu günler ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň häkimliklerinde golaýda neşir edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Şeýle dabaralar düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Oba hojalyk toplumynda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimliklerinde ýokary guramaçylykly geçirilip, olara degişli düzümleriň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýaşuly nesliň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. 

                                                                   

Tanyşdyrylyş dabaralarynda edilen çykyşlarda 2021-nji ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu gaznanyň döredilmeginiň ýurduň her bir raýatynyň haýyr-sahawat etmegine hem mümkinçilik döredýändigi, şeýle işleriň türkmen jemgyýetinde adalatyň ýazylmadyk kada-kanunlarynyň biridigi aýratyn bellenildi. Çykyş edenler bu asylly başlangyjyň ähli ildeşlerimiz üçin ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere çagyryş bolandygyny nygtadylar. Netijede, häzirki wagta çenli gaznanyň hasabyna haýyr-sahawat serişdelerini geçirýänleriň sanynyň barha köpelýändigi has-da buýsançlydyr. Çykyşlarda bu haýyr-sahawat düzüminiň serişdelerine sanlyja ýylyň içinde onlarça çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmeginiň maliýeleşdirilmeginiň, ene-atasyndan ir jyda düşen ýa-da goldawa mätäç ýaş türkmenistanlylara durmuş, saglygy goraýyş, ruhy kömekleriň berilmeginiň, daşary ýurtlarda dürli sebäplere görä ejir çeken ýaş nesliň wekillerine kömek golunyň uzadylmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň bu ynsanperwer başlangyjynyň ajaýyp miwesi bolup, kalplary nurlandyrýandygy hakyndaky gürrüňler öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Täze kitabyň tanyşdyrylyş çärelerinde çykyş edenler, şeýle-de onuň içinde ýerleşdirilen suratlara üns çekip, olarda geçen ýyllaryň dowamynda Milli Liderimiziň başda durmagy bilen gaznanyň işleriniň ýola goýluşynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda, hususan-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertleriň ýokary derejede açylyp görkezilýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen, rus, iňlis dillerinde giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolan neşiriň diliniň çeperçiliginiň, bezelişiniň özboluşlylyklara eýe bolmagy, onda pikirler, maglumatlar bilen birlikde halk aýtgylarynyň, nakyldyr atalar sözleriniň, taryhy şahsyýetleriň durmuşyndan mysallaryň getirilmegi jüpüne düşüpdir. 

                                                                   

Kitapda «Hemaýat etmek özüňden özgelere mähribanlygy eçilmekdir, olaryň depesini göge ýetirjek sowgatlaryny bermek bilen, arzuwlaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmakdyr» diýen ýaly ganatly jümleleriň getirilmegi raýatlaryň ýagşylyk etmäge bolan ymtylyşlaryny artdyrmakda, ejize howandarlyk etmegiň nähili belent ynsanperwerlik, ruhy beýiklik bolup durýandygyny düşündirmekde örän ähmiýetlidir. Ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda iş alyp barýan gaznanyň ýagşy amallarynyň netijesinde derdine şypa tapan çagalaryň hossarlarynyň ýürek sözleriniň kitapda ýerleşdirilmegi bada-bat okyjylaryň ünsüni özüne çekip, olarda şeýle uly möçberli düzümiň işine bolan buýsanjy artdyrýar. Şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi barada bu neşirde töwerekleýin maglumat berilmegi, onuň köptaraplaýyn mümkinçilikleriniň tanyşdyrylmagy ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda uly aladalaryň edilýändigini aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Tanyşdyrylyş dabaralarynda şeýle ynsanperwer, haýyr-sahawatly işleriň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn berk binýat döreden we bu ýagşy amallaryň dowam bolmagy üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi. 

20.06.2023