Nebit guýularynyň önümliligi artdyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmek ugry boýunça «Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmek meseleleri we taslamalaşdyryş» hem-de «Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmekligi seljerme» laboratoriýalary bolup, olar nebit we gaz känlerini işläp geçmek bilen bagly ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirip, degişli taslama resminamalaryny taýýarlaýarlar. Bu laboratoriýalarda ähli känler we ulanyş guýulary boýunça çykarylan önümiň hasabaty ýöredilýär hem-de olaryň tehnologiki görkezijileriniň ösüşi, önümli ýataklaryň çykaryp boljak galyndy gorlary we pese gaçma koeffisenti kesgitlenýär. Şeýle hem, ulanyş ýa-da baha beriş guýularynyň gazylmaly ýerlerini saýlap almak, ulanyş guýularynda aşaky we ýokarky gatlaklara geçmek, hereketsiz duran guýulary ulanyşa girizmek, ulanyşyň başga usullaryna geçmek, guýularda gapdal sütünlerini gazmak, gatlak suwlaryny çäklendirmek ýa-da guýynyň düýpýaka zolagyny himiki serişdeler bilen işläp bejermek üçin guýulary saýlap almak boýunça seljerme işleri ýerine ýetirilip, degişli teklipler hödürlenýär.

2023-nji ýylda gözleg-barlag we ulanyş üçin burawlamaga bellenen guýulardan 39 sanysy, ýagny Goturdepe käninde 18, Barsagelmez we Altyguýy känleriniň her haýsynda 3, Nebitdag we Uzynada känleriniň her birinde 5, Guýjuk, Keýmir, Ekerem, Ýaşyldepe we Demirgazyk Kemer känleriniň hersinde 1 guýy gazyldy. Şeýle-de 6 sany, ýagny Goturdepe käninde 5, Barsagelmez käninde 1 guýy ulanyşa girizildi. Gazylyp ulanyşa girizilen guýularyň hasabyna goşmaça nebit çykaryldy.

Konsern boýunça guýularda 50 sany, şol sanda Goturdepe käninde 37, Barsagelmez käninde 10, Günorta Gamyşlyja, Körpeje we Guýjuk känleriniň hersinde 1 guýuda ikinji gapdal sütünini gazmak işleri ýerine ýetirildi. Bu guýular hem goşmaça nebit almaga mümkinçilik berdi. Ýokarda agzalan laboratoriýalar tarapyndan geçen ýylyň hasabat döwründe känleri işläp geçmek we nebitli, gazly we gazkondensatly guýulary ulanmak boýunça maglumatlary ýygnamak, seljermek we işläp taýýarlamak, burawlamadan çykan guýularyň netijelerini seljermek we ýataklaryň burawlanmasyna dessin üýtgeşmeleri girizmek, gatlak basyşyny saklamak boýunça işleriň gidişini seljermek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipler berildi. Işläp geçmek boýunça nebitgaz känlerinde ulanylýan usulyýetleri kämilleşdirmäge ugrukdyrylan barlaglary, nebit berijilik koeffisentleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny, tehnologiki çyzgylary we synag ulanyş taslamalaryny düzmek, nebitgaz känlerini işläp geçmekligiň ösüşiniň nusgalaryny gurmak boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş müdirlikleri boýunça 2023-nji ýylda çykarylan nebit, gaz we kondensat barada hasabatlar ýygnaldy, olaryň esasynda guýularyň işleýiş görkezijileri, gatlaklar boýunça gorlaryň işlenip çykarylyşy ylmy esasda seljerildi.

Nebitli guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmekde gerek bolan himiki serişdeleri we düzümleri almak boýunça «Nebitgazylmytaslama» institutynyň «Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek» laboratoriýasynda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi. Alym-hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan «Nebit we gaz guýularynda gatlak suwlaryny izolirlemegiň usuly» atly 883 belgili oýlap tapyşa Türkmenistanyň çäklendirilen patenti alyndy. Hödürlenilýän usul bolan alýumin gossipolýatynyň çökündisi bilen gatlak suwuny çäklendirmek işlerini geçirmek üçin zerur hasaplanylan tehnologik işleriň meýilnamasy düzüldi we Goturdepe nebitgaz käniniň önüminiň suwlulygy ýokary bolan 3 guýusynda önümçilikde synag işleri geçirildi. Geçirilen synag işlerinde netijelilik gazanylandygyny göz öňünde tutup, ony önümçilikde ulanmak teklip edildi. Agzalan laboratoriýanyň hünärmenleri «Asfalten-smola we parafin çökündilerinden arassalamagyň usuly» atly 923 belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patentiniň eýesi boldular. Bu oýlap tapyş nebit guýularynyň göteriji we nebit akdyryjy turbalarynda hem-de guýynyň düýpýaka zolagynda emele gelýän parafin gatlaklaryny arassalamakda diýseň ähmiýetlidir. Önümçilikde ulanmak üçin ýaramly, elýeter we arzan himiki serişdeleri işläp almak boýunça Gyýanlydaky polimer zawodynyň piroliz önümi bolan pirobenzini ulanyp görmeklige degişli ylmy-barlag tejribe işleri geçirildi. Seljermäniň netijelerine esaslanyp, parafini aýyrmakda pirobenzini gyş we tomus möwsüminde ulanmagyň gözükdirijisi laboratoriýanyň alym-hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi we «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş müdirliklerinde ulanmak üçin hödürlendi.

«Nebitgazylmytaslama» institutynyň «Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek» laboratoriýasynyň hünärmenleri häzirki döwürde nebitli guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek usullaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmagy dowam etdirýärler. Alym- -hünärmenleriň amatly şertlerde işlemegi üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Saparmyrat Artykow,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.