Sanly ulgam — ösüşleriň kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, täze tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede ornaşdyrylmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, dünýäniň bazar giňişliginde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem uly ýardam berýär.

Dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti döretmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanýar. Ýaşlar jemgyýetiň mundan beýläk-de ösmegini, ýurduň döwrebaplaşmagyny dowam edýän hakyky jemgyýetçilik güýjüne öwrülýär. Bularyň hemmesi, ýaşlaryň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň üpjün edilmegine, ýurduň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagynyň wezipelerine döwlet derejesinde juda jogapkärçilikli we çuňňur oýlanyşykly çemeleşilmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk derejesine möhüm üns berýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulandyr. Bu Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlara bölünip kesgitlenendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almagyny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinini, ugurtapyjylygyny ýüze çykaryp bilýän ýaşlarymyz has-da köpelýär. Çünki şeýle ýaşlaryň kemala gelmegi üçin olar barada alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň ýol-ýörelgeleri nusgalykdyr.

Isa BABAÝEW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.