Alabaýlar hem-de ahalteke bedewleri — adamzadyň baýlygy

20-nji ýanwarda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda iki ugur boýunça çempion bolandygy baradaky hoş habary ildeşlerimize ýetirmegi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidentine degişli şahadatnamalary gowşurmagy watandaşlarymyzda buýsanç döretdi. Şonuň ýaly-da, Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň dowamynda Hanbeg atly ahalteke bedewinde döwlet Baştutanymyza assosiasiýanyň agzalarynyň adyndan sowgat berlen ajaýyp alabaý güjüjegi bilen gezim etmegi bu goşa gymmatlyk bilen adamyň arasyndaky ruhy ýakynlygyň, dostlugyň, ysnyşygyň nusgalyk mysalyna öwrüldi. Öňňin Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen hoşallyk maslahatynda hem bu wakalar baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. Habarçylarymyz hoşallyk maslahatyna gatnaşan hem-de ömrüni türkmen alabaýlaryny, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan ildeşlerimiziň käbiriniň ýürek sözlerini ýazga geçirdiler.