Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga we hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlara esaslanýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuş-ykdysady syýasat sanly tehnologiýalary, innowasiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň gurluş düzümini kämilleşdirmegiň, täze pudaklarydyr önümçilikleri döretmegiň, ykdysadyýetiň däp bolan pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, hususyýetçiligi ösdürmegiň hasabyna depginli ösüşlere eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» bu ösüşleriň anyk çelgilerini özünde jemleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlaryndan ugur alnyp amala aşyrylýan durmuş syýasaty durmuş-ykdysady ösüşiň öňdebaryjy görkezijilerine ýetmäge hem-de halkyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Bu ugurdaky işler ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmagyň, zähmeti guramagy kämilleşdirmegiň, ilatyň durmuş üpjünçiligini durnukly ösdürmegiň binýadyny has-da berkidýär. Şeýlelikde, köpugurly durmuş syýasaty netijesinde halkyň hal-ýagdaýy barha gowulanýar, ilatyň girdejileri yzygiderli ýokarlanýar. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy döwletimizde durmuş ugurly ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.
Goý, halkymyz üçin, Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülbahar DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.