Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi halk hojalygynyň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan jemi içerki önüminiň möçberi yzygiderli artýan döwlet hökmünde halkara guramalar tarapyndan belent ykrarnama eýe bolýar.
Garaşsyz Watanymyzda milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, täze iş ýerlerini döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Uglewodorod çig malynyň uly gorlarynyň özleşdirilmegi bilen utgaşykly alnyp barylýan bu işler milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary depginli ösüşi saklamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýeti diňe uglewodorod serişdelerine bagly bolman, eýsem, gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän himiýa, nebitgaz himiýasy, maşyn gurluşygy we metal işlemek, ýeňil we azyk senagaty hem-de beýleki pudaklar çalt depginlerde ösdürilýär. Senagat önümleriniň möçberi ýylsaýyn artýar, ýerli önümçiligiň hasabyna içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze kärhanalar gurulýar. Soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Garabogaz şäherinde azot dökünlerini öndürýän karbamid zawody, Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde aýna kombinaty we tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi goşmaça iş orunlaryny döretmäge hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge täze itergi berdi.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen baglylykda, hususyýetçiligiň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Soňky ýyllarda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda onuň işini giňeltmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Hususy telekeçilik düzümleri tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleriň täze görnüşleri özleşdirildi.
Işlenip taýýarlanan strategik meýilnamalara laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Býujetiň çykdajylaryny maksadalaýyk peýdalanmak, şol sanda sebitleriň derejesinde deňeçerlemek arkaly olaryň netijeliligini üpjün etmek, peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça işler alnyp barylýar. Döwlet býujetiniň 75 göterime golaýy durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýär. Ykdysady ösüşi höweslendirmek, salgyt ulgamyny ýönekeýleşdirmek, ýerli býujetleriň özbaşdaklygyny ýokarlandyrmak boýunça işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berýär. Kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak maýa goýum syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Maýa goýumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alyp barýan işleriniň netijesinde, maýa goýumlaryň uly bölegi önümçilik däl pudaklara gönükdirildi. Durmuş üpjünçilik desgalarynyň we inženerçilik ulgamlarynyň müňlerçesi gurlup, ulanmaga berildi.
Karz edaralarynyň sazlaşykly işlemegi ykdysady durnuklylygyň esasy şertleriniň biridir. Türkmenistanyň bank ulgamy ilkinjileriň biri bolup karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda bankara elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak, şol sanda raýatlara howpsuz, tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň banklarynyň halkara ykdysady gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmak üçin bank ulgamynda ösen halkara tejribäni çekmek we milli tejribeleri peýdalanmak arkaly halkara hasaplaşyk amallaryny yzygiderli kämilleşdirmek ýaly çäreler amala aşyrylýar.
Ykdysadyýetimiziň köpugurlylygyny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek maksady bilen, döwlet we döwlete dahylsyz edara-kärhanalara, hususy telekeçilere önümçilik, dolanyşyk serişdelerini edinmäge, oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen we raýatlara sarp ediş maksatlary üçin karzlary bermek çäreleri amala aşyrylýar.
Türkmenistan daşary ykdysady işiň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berýär. Dünýä eksportynda, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň eksportynda ýurduň paýyny artdyrmak bilen, harytlaryň we hyzmatlaryň täze görnüşlerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça çäreleriň giň toplumy durmuşa geçirilýär. Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak bilen bagly geçirilýän işleriň netijesinde, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bu guramada synçy hukuk derejesi berildi. 2022-nji ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň agza ýurtlary tarapyndan Türkmenistana «goşulýan ýurt» derejesi berildi.
«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda amala aşyrylýan durmuş syýasaty ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerine ýetmäge gönükdirilendir. Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler raýatlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmagyň, zähmeti guramagy kämilleşdirmegiň, ilatyň durmuş üpjünçiligini durnukly ösdürmegiň, onuň ygtybarly maliýe esasyny emele getirmegiň maksatlary üçin binýatlyk şertleri emele getirýär.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti yzygiderli ösdürilýär. Bu ösüş halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga, şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär.
«Watan».