Halkymyzyň milli mirasy dünýäde dabaralanýar

Arkadag şäheri, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewi bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň gözel keşbe girýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherinde degişli ekologik ýagdaýy saklamak taslama düzüjilere we gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplardyr.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň athana toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti garşyladylar.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň athana toplumynyň binalary, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary we toplumyň iş otaglarynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow 600 orunlyk athana toplumynda atşynaslaryň öndürijilikli işlemekleri, bu ýerde atçylyga degişli ylmy işleri alyp barmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalaryň edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz täze toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, dünýäde wagyz etmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, atşynaslygyň milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy babatda maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Hanbeg atly behişdi bedew bilen didarlaşdy. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan yzygiderli tagalla edilmegi netijesinde, ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyz Hanbeg atly bedewiň jylawyndan tutup, birsellem gezim etdi.

Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedewleriň säher çagynda gezdirilmeginiň olaryň beden gurluşynda, sagdynlygynda bolşy ýaly, ýyndamlygyna-da oňyn täsiri bar. Gyş paslynyň säheri dag etekleriniň gözelligini artdyrýar. Bu ýerde amatly howa gurşawy emele geldi. Şunuň ýaly gözel görnüşi we ýakymly howasy bolan künjekde gezim etmek ruhubelentlik döredýär. Bu ýagdaý bedewler üçin hem amatly şertleriň biri hasaplanýar.

Gahryman Arkadagymyz bedewe atlanyp, gezim etdi. Dünýäde iň naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şanyna taryhyň dowamynda dürli eserler döredildi. Nusgawy edebiýatymyzda bedewiň üsti Süleýman tagtyna deňelýär. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine aýratyn hormat bilen garandygynyň güwäsidir. “At — myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglapdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň bedewler bilen baglanyşykly döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär.

Milli Liderimiz atly gezelenjiň dowamynda bedewi gorgunyna goýberdi. Ussat seýisleriň elinden çykan, idegi ýetirilen bedew buýsançly başyny belent tutup, gorgunlady. Bu görnüşler ýurdumyzda milli atçylyk däpleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilýändigini şöhlelendirýär. Arkadag şäherinde täze athana toplumynyň gurulmagy, bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi, dünýä derejesinde bina edilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň bolmagy milli atşynaslyk ýörelgeleriniň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda ösdürilýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň atlanan ynsan gylykly bedewi bagtyýar zamanamyza buýsanýan mysaly ruhy göterilip, badyny artdyrdy. Bu görnüşler ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem belent maksatlaryň hasyl boljakdygynyň, täze ýylyň uly rowaçlyklara beslenjekdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Häzirki wagtda Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi bilen bir hatarda, olaryň zähmete bolan söýgüsiniň artdyrylmagyna-da uly üns berilýär. Şunda ýaşlaryň halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, aýratyn-da, ahalteke bedewlerine söýgüsini artdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostlukdan nyşandyr.

Gahryman Arkadagymyz atly gezelenji tamamlap, bedewi idip athana eltdi we onuň bilen hoşlaşdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly desgalaryň, muzeýiň, saglyk öýüniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasynyň, “Saglyk” seýilgähiniň teklip edilýän şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň baş metjidiniň içki bezeg aýratynlyklarynyň, lukmançylyk edaralaryna degişli nyşanlaryň görnüşleriniň taslamalary bar.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamasyna degişli düzedişleri girizdi. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynda alnyp barylýan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Gurluşyk senagatynyň häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýän täze şäheriň gurulmagynyň ähmiýeti barada durup geçip, Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýetiniň bardygyny, hut şonuň üçin hem ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny belledi. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Gurluşyk işlerinde täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň peýdalanylmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň, binalaryň şekil taslamalarynyň taýýarlanylyşyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna, önümçiligiň nyşanlaryna we hil derejesine möhüm üns berilmelidigini belledi.

Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryň zamanasydygyny nazara alyp, ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda täzeçil tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly ulgamyň netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň önümçilik kuwwatlyklaryna niýetlenen güwänamalaryň, önümçiligiň söwda nyşanlarynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna häzirki zamanyň talaby esasynda çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda täzeçil ýörelgeleriň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerindäki işleriň bellenilen möhletinden yza galýandygyny aýdyp, D.Orazowyň bu ugurda alyp barýan işleriniň guralyşyna nägilelik bildirdi. Gurluşyk işlerinde, Arkadag şäheriniň ekologik ýagdaýyna bolşy ýaly, desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegine-de möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze şähere ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýluşy barada hasabat berdi. Şunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurdaky işleriň alnyp barlyşyna nägilelik bildirdi. Ýaşaýyş jaýlaryna ilatyň göçürilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Ilatymyzyň täze şäherde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Şunda söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, hyzmatlar ulgamyndaky bökdençlikleri aradan aýyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy D.Orazowa we Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek hem-de Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi, häzirki döwrüň şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişinde bolşy ýaly, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselelerinde hem bildirilýän möhüm talaplaryň biri bolup durýar.

Soňra iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy Gahryman Arkadagymyza toplumyň çäginde ýerine ýetiriljek işleriň görnüşleri, aýratyn-da, binalaryň içki bezegi boýunça taýýarlanylan taslamalary, toplumyň binalarynyň enjamlarynyň görnüşlerini görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Toplumyň binalarynyň içki bezegi bu ýerde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine kybap gelmelidir. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda gymmatly maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Milli Liderimiziň garamagyna toplumyň binalarynyň daşky görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, onuň çäginde bar bolan gök zolaklaryň, ulag ýollarynyň we ýanýodalaryň durkuny täzelemek boýunça taslamalar, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly çyzgylar görkezildi. Şolaryň hatarynda 60-a golaý bedewe niýetlenen 7 sany athananyň, ot-iým ammarlarynyň taslamalary bar.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak işlerinde binagärligiň milli ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Şunda ulanylýan serişdeler berkligi we uzak möhletleýinligi babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Munuň özi, gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, binalaryň bezeg işlerinde hem aýratyn ähmiýetlidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Russiýanyň Kinologiýa federasiýasy 1991-nji ýylda döredilip, Halkara kinologiýa federasiýasynda Russiýanyň ýeke-täk resmi wekili bolup durýar. Ol Russiýanyň iri itşynaslyk birleşigidir.

Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň düzümine Russiýanyň Gulluk itşynaslygy federasiýasy, Awçylyk itşynaslygy federasiýasy, Höwesjeňleriň itşynaslygy federasiýasy, Garaşsyz itşynaslaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň Bütinrussiýa assosiasiýasy girýär. Häzirki wagtda federasiýanyň tohum kitabynda, takmynan, 5,5 million it, 1427 kinologiýa kluby, ýurduň ähli sebitinde 22358 sany it saklanýan desgalar hasaba alnandyr.

2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji bolan itleriň sylaglanyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýeňijileriň arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanandygyny aýtdy.

2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.

Ol birinji sylaga şu ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp boldy. Bu ugurda gatnaşyjylaryň boýuna, agramyna, beden gurluşyna, gözelligine we Merkezi Aziýa owçarkalarynyň umumy ykrar edilen talaplaryna laýyk gelýändigine üns berilýär. Ikinji sylaga bolsa ol 17-nji ýanwarda düşbüligi, ünslüligi üçin mynasyp boldy. «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.

Akdost Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady. Bu ýaryşlarda ol eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa türkmen alabaýynyň 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwary aralygynda geçirilen bäsleşiklerde mynasyp bolan güwänamalaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy we hemmeleri bu ýokary derejeli sylaglar bilen gutlap, üstünlik arzuw etdi.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny alamatlandyrýan güwänamalary uly buýsanç bilen kabul etdi.

Soňra B.Rejebow ahalteke bedewleriniň we türkmeniň nepis halylarynyň, şeýle hem türkmen alabaýlarynyň şöhratynyň dünýäde giňden wagyz edilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Wise-prezident “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günleriniň şatlykly wakalara beslenýändigini belläp, Russiýadan gelip gowşan hoş habaryň halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň itşynaslaryny begendirendigini nygtady. Bu barada aýtmak bilen, B.Rejebow häzirki döwrüň şatlykly wakalaryna hoşallygyň nyşany hökmünde Şatlyk atly alabaý güjüjegi hormatly Prezidentimize gowşuryp bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Milli Liderimiz alabaý güjüjegi bilen bilelikde athana toplumynyň manežine bardy. Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Arkadagymyz ir säher bilen gezelenç eden Hanbeg atly atyna atlanyp, manežiň ugry boýunça öwrüm etdi. Şu pursatda Şatlyk hem at üstünde öwrüm edýän Gahryman Arkadagymyzyň yzyndan galmady. Bu görnüşler ynsan bilen eýesine wepalylygy, üşükliligi bilen tapawutlanýan ahalteke bedewiniň hem-de alabaýyň özara gatnaşygynda aýratyn hoşniýetliligiň bardygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi taryhy müňýyllyklara uzap gidýän ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşy bilen ysnyşandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan yzygiderli tagallalaryň edilmegi netijesinde, ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň, türkmen alabaýlarynyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyz atly gezelenji tamamlap, bedew bilen hoşlaşdy we Şatlyk atly alabaý bilen ulaga mündi. Şol pursatda Hanbeg atly bedew Gahryman Arkadagymyzyň ulagynyň ýanyna geldi. Düşbi bedew aýaklary bilen peşäp, Milli Liderimizi ak ýola ugradýan mysaly başyny silkeledi. Alym Arkadagymyz bedewiň başyny sypalap durşuna hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

***

Türkmen alabaýynyň halkara bäsleşiklere gatnaşyp, dünýä itşynaslygynyň taryhynda möhüm ýeňşi gazanandygy mälim boldy. Bu waka ýurdumyzyň itşynaslarynyň begenjini artdyryp, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Täze ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň bagtyýar halky “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öndürijilikli zähmetiň nusgasyny görkezip işleýär. Şu günlerde Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Onda Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda iki ugur boýunça ýeňiji bolandygy barada aýdylýar.

Soňky ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýär. Şunda goňşy ýurtlar, aýratyn-da, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykdy. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini görkezýär.

Alty müňýyllyk taryhy bolan alabaýlar eýesine wepaly bolmak bilen bir hatarda, emlägi we goýun sürülerini ygtybarly goramaga hem ukyplydyrlar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarynyň derejesi belende göterilýär. Şunda wepaly alabaýlara möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

Ýurdumyzda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramyny dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Onuň çäklerinde milli itşynaslygyň iň oňat däpleriniň ösdürilmegini maksat edinýän bäsleşikler guralýar. Munuň özi alabaýlaryň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna mynasyp bolmak ugrunda geçirilýän bäsleşige hususy itşynaslaryň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň itşynaslarynyň ösdürip ýetişdirýän alabaýlary gatnaşdyryldy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde guralan bu bäsleşikde ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy ýeňiji diýlip ykrar edildi we ol “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna mynasyp boldy.

Şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy tarapyndan guralýan bäsleşigiň ýeňijisine gowşurmak üçin “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalyň esaslandyrylandygyny bellemek ýakymlydyr. Munuň özi alabaýlaryň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň pugtalanmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumy guruldy. Toplumyň muzeýi we kitaphanasy, iş otaglary bolup, olar innowasion tehnologiýalar, döwrebap kompýuter tehnikalary, sanly we internet ulgamy bilen üpjün edildi. Ahal welaýatynyň çäginde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen we döwrebap talaplara doly laýyk gelýän weterinar merkezi gurlup ulanmaga berildi. Bu merkez hem, Karantin merkezi ýaly, alabaýlaryň saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklamakda we olara zerur bolan weterinar hyzmatlaryny bermekde ähmiýetlidigi bilen tapawutlanýar.

Ozal habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionaty geçirildi. Onda ýeňijiler arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanyldy. 2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.

Ol birinji sylaga 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy, ikinji sylaga bolsa 17-nji ýanwarda düşbüligi, ünslüligi we buýrugy ýerine ýetirmek ukyby üçin mynasyp boldy. «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.

Ýeri gelende bellesek, Akdost Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady. Bu çärelerde ol eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu sylaglary Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçylaryna dabaraly ýagdaýda gowşuryp, assosiasiýanyň agzalaryny sylag bilen gutlady hem-de mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Dürli tohumdaky itleriň arasynda geçirilen bäsleşikde Akdostuň ýeňiji bolmagy türkmen alabaýlarynyň köptaraply häsiýete eýediginiň nobatdaky beýanydyr. Alabaýlar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýär. Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biri hökmünde ykrar edildi.

Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Şeýlelikde, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde alabaýlaryň ösdürilip ýetişdirilmegini, olaryň ylmy taýdan öwrenilmegini öz içine alýan desgalar toplumy bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da ösdürilmegine giň ýol açdy.

Gahryman Arkadagymyz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip belleýär. Alabaýlar türkmen halkynyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde Wepaly atly alabaýyň şekiliniň seçilip alynmagy tötänden däldir. Munuň özi wepalylyk, edermenlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýän kuwwatly, özboluşly beden gurluşy bolan alabaýlaryň jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda möhüm orny eýeleýändiginiň nobatdaky nyşanydyr.

Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berlen dürli maksatly binalaryň esasy ýollarynyň çatrygynda alabaýyň heýkeliniň oturdylmagy halkymyzyň wepaly syrdaşyna öwrülen ajaýyp alabaýlara ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Dünýäde meşhur alabaýyň heýkeliniň özboluşlylygy, bu künjegiň binalar toplumy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi ýurdumyzda alabaýlara goýulýan hormatyň belentdigini görkezýär.

Halkymyzyň taryhyň dowamynda kemala getiren asylly dessurlaryna laýyklykda, adamlara bildirilýän çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde sowgatlar berilýär. Şunda ýurdumyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine, dostlukly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine yzygiderli goşant goşýan daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna türkmen halkynyň milli gymmatlygynyň ajaýyp wekilleri hasaplanýan ahalteke bedewlerini ýa-da saýlama tohum alabaý itlerini sowgat bermek asylly däbe öwrüldi.

2017-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyz GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşyp, Russiýanyň Lideri Wladimir Putini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de rus kärdeşine Wepaly atly alabaýy sowgat berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dostudyr. Bu sowgat köpasyrlyk türkmen-rus dostluk ýörelgelerine ygrarlylygy hem-de iki döwletiň ýolbaşçylarynyň özara ynama esaslanýan şahsy gatnaşyklaryny alamatlandyrýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, aýratyn-da, serhet gullugynda alabaýlaryň ulanylmagy, olaryň emlägi goraýşy ýaly, serhedi goramakda, yz çalmakda aýratyn ukyplydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Köpýyllyk tejribe muny subut etdi. Soňky ýyllarda harby we hukuk goraýjy edaralarda türkmen alabaýlary bilen ýörite tälimler geçirilýär, olaryň netijesinde alabaýlar jenaýatçylary ele salmak, şeýle hem partlaýjy maddalary ýüze çykarmak ýaly ukyplaryny görkezýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň serhetçileri bilen duşuşyp, olaryň gulluk we durmuş şertleri bilen yzygiderli gyzyklanyp durýar. Munuň özi döwletimiziň dost-doganlyk serhedi hökmünde ykrar edilen mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün edýän harby gullukçylary ruhlandyrýar.

2019-njy ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyz serhetçiler bilen duşuşyp, olara mukaddes çäkleri goramakda ýakyn syrdaşa öwrüljek alabaý güjükleriniň ýedisini sowgat berdi. Şonda türkmen halkynda ýedilik sanyň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlyklaryň artýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz halkymyzyň bu ýagşy dessurlarynyň mynasyp dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz alabaýlary serhet gullugyna taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Ähli düzümlerde bolşy ýaly, ýurdumyzyň serhet galalarynda we birikmelerinde serhetçi alabaýlary saklamaga, olar bilen degişli türgenleşik işlerini geçirmäge niýetlenen döwrebap binalaryň gurlandygyny bellemeli. Halkara görkezijilere laýyklykda enjamlaşdyrylan binalarda alabaýlary serhet goragynda ulanmak üçin taýýarlamak babatda ýörite mümkinçilikleriň bardygyny bellemeli.

2020-nji ýylyň tomsunda Gahryman Arkadagymyz ir säherde Pälwan atly alabaý bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Alabaýlaryň dag-derelerde gezelenç etdirilmegi olaryň tohumlyk häsiýetleriniň has-da berkemegine ýardam berýändigini türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän durmuş tejribesi subut etdi. Edermen türkmen alabaýlary ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Halkymyza mahsus köpasyrlyk milli ýörelgelere laýyklykda, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde olaryň gezim etdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa alabaýlaryň öz eýesine wepalylygyny artdyrýar. Toplumlaýyn esasda geçirilýän işleriň netijesinde, dünýäde gaýduwsyz, edermen, şol bir wagtyň özünde, wepaly, goýun sürülerini we emlägi goramaga ukyply itler hökmünde dünýäde ykrar edilen alabaýlar kemala getirilýär.

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binasynda ýokary derejede enjamlaşdyrylan muzeý hereket edýär. Onda alabaýlaryň taryhyna, özboluşly aýratynlyklaryna degişli gymmatlyklar saklanylýar. Şeýle hem taryhda alymlaryň ýerine ýetiren ylmy-barlag we gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylara, taryhy maglumatlara muzeýde möhüm orun berilýär. Munuň özi türkmen alabaýlarynyň gelip çykyşynyň, häsiýetli aýratynlyklarynyň ylmy esasda öwrenilmeginde aýratyn ähmiýetli gollanmadyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Bu bolsa degişli ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň aprel aýynda assosiasiýanyň düzümleýin desgalary gurlup ulanmaga berildi. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň açylyşy mynasybetli guralan dabaralar bilen utgaşdy.

2023-nji ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary ähmiýetli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Saparyň dowamynda iki ýurt üçin ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Saparyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda edýän tagallasyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eýesine wepaly, batyr alabaýlar asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dosty hem-de hemrasy, ygtybarly goragçysy, kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde alabaýlar halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan köpasyrlyk türkmen-türk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň özboluşly nyşany bolup duran bu ajaýyp sowgat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem hormatly Prezidentimize iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyz sowgat üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sowgada mizemez türkmen-türk dostlugynyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Zehinli pederlerimiziň yhlasy bilen ýetişdirilen alabaýlara soňky ýyllarda uly gyzyklanma bildirilýändigini nazara alyp, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamak we ösdürmek, olary köpeltmek we dürli ugurlar boýunça taýýarlamak meselelerine wajyp ähmiýet berilýär.

Türkmen halky tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň, halk seçgiçiliginiň hakyky nusgasyny dünýä äşgär edipdir. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň döredijilik zehininiň örän aýdyň ýüze çykmasydyr.

Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan gelip gowşan hoş habar mynasybetli taýýarlanan teswiri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen alabaýlara bagyşlap ýazan goşgusy bilen jemlemegi makul bildik:

Asyrlaryň sungatyna
Dowam türkmen alabaýy.
Halkyň milli gymmatyna
Kemal türkmen alabaýy.

Ýurdum — joşgunyň mekany,
Toýuň, buşlugyň mekany!
Gujurly, syzgyr, wepaly,
Merdan türkmen alabaýy.

Durky peleň, şir mysaly,
Mizemez şöhratly ýoly.
Gerek bolsa, gerçek ýaly
Edermen türkmen alabaýy.

Penasynda hatar nerler
Ýol geçendir kerwen-kerwen.
Agramyna altyn berlen,
Halal, türkmen alabaýy!

Goja taryhda ady bar,
Geçmişden janly ýadygär!
Waspy dünýäni jadylan,
Ykrar türkmen alabaýy.

Nepis halym, bedewim deý,
Mirasdyr bu pederimden.
Ýeňişleriň hataryndan
Nyşan türkmen alabaýy!

Görnüşi ýaly, wepalylyk, edermenlik, düşbülik deý asylly häsiýetleri özünde jemleýän alabaýlar dürli döwürleri we nesilleri baglanyşdyryp, biziň günlerimize gelip ýetdi.

Şeýlelikde, dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň döreden milli gymmatlygyny ösdürmek we ony dowamata atarmak babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede baýlaşdyrylmagyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

***

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidentine türkmen alabaýynyň gazanan halkara derejedäki ýeňşini we ýurdumyzda atçylyk, itşynaslyk ýörelgelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerini alamatlandyrýan güwänamalary gowşurmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde hem halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak, olary dünýäde giňden wagyz etmek, degişli taryhy maglumatlary toplamak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Munuň özi türkmen halkynyň täsin mirasynyň şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin möhüm şert bolup durýar.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli gymmatlyklarymyzyň dünýäde wagyz edilmegi ugrundaky aladalary üçin hoşallyklaryny beýan edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.