Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda täze kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary taýýarlanylýar, döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän hukuk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara düzümler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Mejlisiň deputatlary Halkara Migrasiýa Guramasynyň ýurdumyzda ýerleşýän wekilhanasy bilen bilelikde guralan adam hukuklaryny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyna gatnaşdylar.
Deputatlar milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, 2024-nji ýylyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talap edýän täze kanunlaryny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Döwletimiziň alyp barýan netijeli içeri we daşary syýasaty bu kanunlarda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanyldy.
Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklaryň we sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň ugurlaryny artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyza ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Maksatnamanyň taslamasynda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijilere, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalaryna, ýerine ýetirilmeli işlere, welaýatlar we şäherler boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijilerine ýene-de bir gezek seretmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlary gözlemek işlerini üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde gidrogeologik barlag işlerini geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işleri ylmy esasda alyp barmagyň ähmiýetine üns çekildi. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu meselede netijeli işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we zerur bolan halatynda, korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Şeýle hem bol hasyly ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, suw howdanlarynda suw toplamak, suwdan rejeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem Diýarymyzda arassa daşky gurşawy, ekologik abadançylygy üpjün etmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerine möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýurdumyzyň suw howdanlarynda suw toplamak işlerine-de aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda gyş möwsüminiň dowam edýändigini aýdyp, wise-premýere maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary we ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzda gurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesini, şol sanda halkara, sebit ähmiýetine eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2024-nji ýyl üçin ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, täze kärhanalaryň ýola goýulmagyna, azyk üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýändigini belledi. Maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere onuň taslamasyna ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň bazarlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny we olaryň bahalarynyň durnukly derejesini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaga, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmaga, halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berler. Taýýarlanylan iş meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öňünde elektron söwdalary geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň öňünde bolsa häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly sergileri we maslahatlary guramak işini kämilleşdirmek wezipeleri goýuldy. Şunuň bilen bir hatarda, hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň milli ykdysadyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, haryt dolanyşygynyň we eksportyň möçberini artdyrmak, Döwlet býujetini üstünlikli ýerine ýetirmek bilen bagly çäreler durmuşa geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde wajyp orny eýeleýändigini belledi we wise-premýere söwda toplumyna degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi. Şol meýilnamalara laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek göz öňünde tutulýar.
Halkara medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmek hem meýilleşdirilýär. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, Türkmenistanda bolsa daşary ýurtlaryň Medeniýet günlerini guramak boýunça diplomatik ýollar arkaly degişli gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, kompýuter sowatlylygyny ösdürmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler dowam etdiriler.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabrynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda görkezmek üçin ýurdumyzda geçiriljek, amala aşyrylýan syýasaty we Türkmenistanda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän möhüm wakalara bagyşlanan dürli telegepleşikler taýýarlanylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, Arkadag şäherinde guraljak Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini hem-de türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda “Pyragydan ruhlanan ussat” atly forumy guramak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýubileýi mynasybetli bellenen çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalar döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna we döwrüň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Meýilnamalara laýyklykda, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler. Dürli ugurlar boýunça talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmek, hususan-da, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasyny guramak göz öňünde tutulýar.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işi dowam etdiriler. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata taýýarlyk görmek işine uly üns berler. Bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, ussat türgenleri taýýarlamaga, ýaşlarymyzyň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berler. Şu ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler.
Ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamlaryna çekmek boýunça çäreler durmuşa geçiriler. Bularyň ählisi dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň hem-de alymlaryň neslini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Iş meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty, 3-nji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, geljekki işleriň meýilnamalary işlenip düzülende, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini wagyz etmek, şeýle hem birnäçe medeni-durmuş maksatly çäreleri, maslahatlary geçirmek wezipeleri göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ornunyň örän uludygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agzalyp geçilen ulgamlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Wise-premýere şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek mekdep okuwçylarynyň arasyndaky matematika dersi boýunça halkara olimpiada gowy taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, hususan-da, ÝHHG bilen gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy syýasy, ykdysady, daşky gurşaw we ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli alnyp barylýar. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hem-de garaýyşlaryny öňe sürmek, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin ÝHHG bilen bilelikdäki maslahatlary, geňeşmeleri, beýleki çäreleri guramak babatda degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplygyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny» atly halkara maslahaty şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi. Bu çärä gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini çagyrmak göz öňünde tutulýar. Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde bitaraplygyň wajyp gurallaryny ulanmak, syýasy dialogyň medeniýetini dikeltmek ýaly meselelere çekmäge mümkinçilik dörediler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde terrorçylyga garşy alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak, bu düzümiň çäklerinde hereket edýän Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň aprelinde assambleýanyň wise-prezidenti we komitetiň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak teklibi öňe sürüldi.
Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny parlamentarileriň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şu ýylyň maý aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek, maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurda milli önümçiligi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň döwrüň talabydygyny belledi hem-de «Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň milli elektron kommunikasiýa ulgamlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.
Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundyny görkezmek bolar. Mundan başga-da, milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň önümçilik binýadynda täze “Belet Video” hyzmaty işe girizildi we onda ylmy-okuw, aýdym-saz, okuw materiallary, habarlar, dokumental filmler ýaly dürli wideolaryň yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Ýurdumyzda milli “Elektron hökümet” ulgamyny emele getirmekde hem täze çemeleşmelerden ugur alynýandygy barada aýdyldy. Onda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan X-Road arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär we häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzda internet akymlarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygyny belledi we raýatlaryň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.