Новости
Ganatly arzuwlaryň aýdymy

Gahryman Arkadagymyzyň mermer paýtagtymyzyň waspyny ýetirip ýazan «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir edilmegi toý-baýramly günlerimiziň hoş habarlarynyň üstüni ýetirip, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Kitabyň, turuwbaşdan, milli Liderimiziň döreden adybir goşgusy we hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimiň bu goşga ýazan sazynyň notasy bilen açylmagy-da ýöne ýerden däl. Döwlet Baştutanymyzyň çyn söýgüsinden dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgy bu gün dillerimiziň senasyna öwrüldi. Ol aýdym bolup ýaňlananda, köňüllere ganat baglap, ýürekleri joşdurýar.

Kitapda ýerleşdirilen gyzykly maglumatlar — Aşgabadyň düýni, şu güni we geljegi bilen tanşanyňda, owadan suratlara syn edeniňde, owazasy dünýä dolan ak şäheriň goýnunda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artýar. Dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen, ýaşamak üçin amatly paýtagtymyzyň göreni haýran edýän gözel keşbine, ösüş-özgerişlerine, milli binagärligine guwanjyň artýar. Bu gözellikler halkymyzyň bagtyýar şu gününi, nurana geljegini üpjün edýär.

«Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni». Ynha, täze kitabyň bir bölümi şeýle atlandyrylýar. Biz onda Aşgabadyň milli binagärlik keşbini hem-de ajaýyp geljegini görýäris. Gurulýan döwrebap desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-durmuş, saglyk maksatly binalar, giň we ýagty ýollar, seýilbaglardyr söwda we dynç alyş merkezleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyňdyr myhmanlarynyň hyzmatynda. Elbetde, täze taslamalarda orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň binalarynyň göz öňünde tutulmagy ýaş nesliň geljegi ugrundaky çuňňur aladalardan, olaryň döwrebap terbiýesinden nyşan.

Mekdebimiz saz ugruna ýöriteleşdirilen soň, ýurdumyzda ýaş nesliň döredijilik başarnygynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi babatda alnyp barylýan işler bizi has-da begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzda açylan «Jahan» döredijilik merkeziniň zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda mynasyp orny bar. Bu merkezde sungata, aýdym-saza höwesli ýaşlar dünýäniň iň kämil, häzirki zaman saz gurallaryny ulanyp, ukyp-başarnyklaryny ösdürýärler. Aşgabadyň täze keşbinde orun aljak beýleki iri taslamalaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdepleriniň täze binalarynyň taslamalary bar. Munuň özi köňül buýsanjymyz bolan baş şäherimiziň geljekde sungat ussatlarynyň, parlak ýyldyzlaryň şäheri hökmünde hem dünýä tanaljakdygynyň beýanydyr.

Göwher HOJAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29286

21.05.2021
Kämil jemgyýetiň binýady

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tanyşdyrmak maksady bilen geçirilen maslahatyň gün tertibine bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly meseleler girizildi. Ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Adalatçynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda adam hukuklaryny üpjün etmek çygrynda degişli halkara düzümler bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli çärelere aýratyn ähmiýet berildi.

Biz maslahatda edilen çykyşlaryň käbiriniň mazmunyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Kristina WEÝGAND,
BMG-niň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili:

— Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümeti uzak wagtdan bäri adam hukuklary ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär we ol geçen ýyllaryň dowamynda anyk ugurlar bilen baýlaşdyryldy. Adam hukuklary boýunça BMG-niň edaralary bilen gepleşikleri taýýarlamagy goldamak, ýurtda adam hukuklary babatda merkezleriň 5-sini döretmek arkaly bu ugurda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de ozal hereket edýän milli kanunçylyga gaýtadan seretmek we täzelerini işläp taýýarlamaga gatnaşmak, adam hukuklary boýunça hukuk goraýjy düzümleriň maslahatlary esasynda işlenip düzülen milli meýilnamalary amala aşyrmak şolaryň esasylarydyr.

Biz Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýyldan bäri ýurtda amala aşyrylan Hereketleriň milli meýilnamalarynyň 5-siniň, hususan-da, 2016 — 2020-nji ýyllarda adam hukuklary, 2015 — 2020-nji ýyllarda gender deňligi, 2018 — 2021-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak, 2019 — 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygy azaltmak, 2019 — 2021-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy degişli meýilnamalaryň işlenip taýýarlanylmagy babatda-da goşant goşandygy üçin örän buýsanýarys. 2021 — 2025-nji ýyllara niýetlenen täze meýilnamalaryň hem guramanyň degişli düzümleriniň maslahatlary esasynda kabul edilendigini aýratyn bellemek gerek. Biz adam hukuklary ulgamynda şu we beýleki halkara borçnamalara ygrarlydygy üçin ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirýäris.

Täze kabul edilen resminama ozalky meýilnamanyň logiki dowamy bolup, ol adam hukuklarynyň esasy daýanç sütünleriniň — raýat, syýasy, durmuş-ykdysady we medeni hukuklaryň çäginde işlenip düzülendir. Meýilnamada ilatyň aýratyn kömege mätäç gatlagynyň hukuklaryny höweslendirmäge, ýagny olaryň bilim we iş bilen üpjünçiligini elýeterli etmäge uly üns berlendigini kanagatlanma bilen bellemek gerek. Munuň özi hiç kimi yzda galdyrmazlygy maksat edinýän «Gün tertibi — 2030-yň» esasy ýörelgesine gabat gelýär.

BMG-niň Türkmenistanda iş alyp barýan edaralarynyň guramanyň adam hukuklary boýunça düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, Adalatçynyň diwanyna goldaw bermek, hukuk özgertmelerini amala aşyrmak, halkara şertnamalara goşulmak, degişli ugurda işleýän halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, adam hukuklary ulgamynda bilimlilik, maglumat goruny toplamak, meýilnama seljerme we baha bermek ýaly anyk ugurlarda ýurduň Hökümetine ýakyndan ýardam etmäge taýýardygyny nygtamak isleýärin.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory:

— «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» şu ýylyň 16-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanmagy adam hukuklary çygryndaky kanunçylyk kadalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin ýolgörkezijidir. Täze meýilnama geljek bäş ýylda ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri özünde jemleýän milli gural bolup hyzmat edýär. Ol «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» logiki we ulgamlaýyn dowamydyr.

Täze meýilnamanyň mazmuny bilen tanşanyňda, döwlet syýasatynyň çäklerinde adam hukuklaryny goramaga, höweslendirmäge hem-de üpjün etmäge niýetlenen çäreleriň toplumynydyr usullaryny görmek bolýar. Onda bellenen wezipeler Türkmenistanyň häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde adam hukuklarynyň amala aşyrylmagy babatda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Meýilnamanyň birinji baby maksatdyr wezipeleriň 16-syny öz içine alýar. Ikinji bapda ony durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary kesgitlenip, olar şahsy we syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklary goramakdan ybaratdyr. Täze meýilnamanyň hukuk esaslary bolsa üçünji bapda beýan edilýär. Onda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» hukuk binýady konstitusion ýörelgelerden gözbaş alýar. Türkmenistan tarapyndan tassyklanan adam hukuklary ulgamyndaky halkara konwensiýalar, BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetleriniň jemleýji beýanlary hem onuň esasy düzüm bölekleridir.

Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň anyklygy, netijeliligi we beýleki döwlet maksatnamalary bilen sazlaşykly utgaşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Onda ýurdumyzyň hukuk ulgamynda, täze meýilnamada adam hukuklarynyň berjaý edilmegine, bu ugurda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklaryny goramagyň görnüşleridir usullary babatda raýatlaryň hukuk sowatlylygynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen döwrebap çäreler toplumy öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, olary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramaçylyk-hukuk, eýeçilik görnüşine garamazdan, ähli kärhanalardyr guramalaryň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bilelikdäki tagallalary uly ähmiýete eýedir.

Ýazdursun GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy:

— Adam hukuklary boýunça Hereketleriň täze milli meýilnamasynyň goşundysynda dört ugur, ýagny raýat we syýasy hukuklar; durmuş, ykdysady we medeni hukuklar; halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek; adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça işiň hem-de netijeliligiň anyk görkezijileri öz beýanyny tapýar. Raýatlyk we syýasy hukuklar babatdaky görkezijide Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeler göz öňünde tutulýar.

Meýilnama laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli Adalatçynyň diwanynyň Pariž ýörelgelerine laýyklykda, milli hukuk goraýjy edara hökmünde akkreditasiýa edilmegine ýardam bermek, gurluşyny pugtalandyrmak, sebitleýin gurluşlaryny döretmek, Adalatçynyň şikaýatlara seretmek we azatlykdan mahrum ediş ýerlerine gözegçilik etmek boýunça ygtyýarlyklaryny berkitmek, çagalardyr aýallaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we milli azlyklaryň ähli toparlarynyň wekilleriniň hukuklary ulgamynda Adalatçynyň alyp barýan işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ygtyýarlygyny giňeltmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ilatyň adam hukuklary ulgamynda habarlylygyny ýokarlandyrmak barada aýdylanda, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri-de adamyňdyr raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri hem-de usullary babatda raýatlaryň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmaga ýardam etmek bolup durýar.

Häzirki wagtda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri bilen bilelikde adam hukuklaryna, gender deňligine, adam hukuklarydyr azatlyklary babatda şertnamalaryna bagyşlanan çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýärler. Şeýle-de ähli ulanyjylara onuň işiniň aýanlyk, elýeterlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny açyp görkezmek maksady bilen, Adalatçynyň web-saýtynyň döredilendigini aýtmak isleýärin.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29168

20.05.2021
Arkadagyň binagärlik paýhasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim, Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir edilip, halkymyza gowuşmagy bagtyýar ilimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy, gözel paýtagtymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.

Täze kitabyň «Giriş», «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar», «Göwni açygyň — ýoly açyk», «Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni», «Toýlar toýa ulaşýar», «Sözsoňy» atly bölümlere bölünmegi hem-de paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň dürli görnüşli suratlary bilen bezelmegi, çaphana işleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi, Aşgabadyň şöhratly taryhyna degişli gymmatly maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň ähmiýetini, many-mazmunyny has-da artdyrýar, baýlaşdyrýar. Kitapdaky owadan suratlar paýtagtymyzyň gözel ýerlerine özboluşly syýahata äkidýär.

Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, durmuş we ýaşaýşyň şertleri özara sazlaşýar. Soňky ýyllarda Aşgabadyň binagärlik keşbi dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary derejede özgerdi. Şularyň ählisi ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesidir. Mermer paýtagtymyzyň ösdürilmegi tapgyrma-tapgyr, toplumlaýyn görnüşde amala aşyrylýar.

Kitabyň girişinde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragydan getirilen:

Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz —

diýen setirler aýratyn ýakymly ýaňlanýar.

Kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu şäheriň taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýär. Muňa mysal edip, Aşgabadyň eteginde ýerleşýän, Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý galalaryny görkezmek bolar.

Kitabyň üsti bilen okyjy özboluşly binagärlik desgalarynyň täsinligini, giň şaýollary, iň täze awtobanlary synlamaga mümkinçilik tapýar. Bu ajaýyplyklaryň ählisi soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen guruldy. Aşgabat ýaşaýjylar üçin döredilen oňaýly şertler babatda hem, binalarynyň hili babatda hem nusgalyk şäherdir. Ol medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly merkezidir.

Aşgabadyň giň we gözel köçeleri, ajaýyp binalary şähere has-da görk berýär. Bu binalaryň her biriniň çeper we many taýdan milli bezegler bilen tapawutlanmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy dünýä derejesinde ösdürmek babatdaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Biz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň, gadymy binagärlik sungatynyň häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýändigine buýsanýarys.

Kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza çuňňur söýgüsinden döräpdir. Okyjy bu kitap arkaly häzirki zaman gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatda täze düşünjeler bilen hem tanyş bolýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bize şeýle ajaýyp kitaby peşgeş beren milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Ismail ORAZOW,

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28412

12.05.2021
Sarpasy belent gerçekler

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli, düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa uruş weteranlary, tylda zähmet çeken eneler, harby gullukçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzda Watan gerçeklerine çuňňur sarpa goýlup, uruş weteranlaryna, esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylyň zähmetkeşlerine aýratyn üns we hormat bilen garalýar. Weteranlaryň saglyk ýagdaýyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna hemişe uly üns gönükdirilýär.

Weteranlar hormatly Prezidentimize urşa gatnaşyjylar we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hakynda yzygiderli aladasy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Olar uruş ýyllarynyň agyr günlerinde ene topraga bolan çäksiz söýginiň agyr synaglara döz gelmäge we adamzadyň taryhyndaky gandöküşikli uruşda ýeňiş gazanmaga ýardam edendigini ýatladylar.

Dabaranyň dowamynda weteranlara we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şanly sene mynasybetli gowşurylan baýramçylyk sowgatlary weteranlaryň, tylda zähmet çeken eneleriň şatlygyny artdyrdy. Biz hem Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uruş weterany Dmitriý Aleksandrow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

— Ýaşlygymyň geçen döwrüni, uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny, agyr ýitgilerini ýatlanymda, häzirki bagtyýar döwre buýsanyp, gözüme ýaş dolýar. Bu eşretli döwrüň gadyr-gymmaty başga. Şeýle döwürde ýaşaýandygymyza, hormatly Prezidentimiziň sylag-serpaýyna, ýaş nesliň hormatyna buýsanýarys.

Men 1927-nji ýylda doguldym. 1942-nji ýylyň sentýabrynda urşa gidip, 1947-nji ýylyň martynda dolanyp geldim. Iki gezek agyr ýaralandym. Eziz Watanymyza dolanyp, daýhançylyk bilen meşgullandym. Döwletli maşgalam, bir oglum, iki gyzym bar. Olar häzirki wagtda dürli ulgamlarda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Agtyklarymyň, çowluklarymyň şatlygyna goşulyp, olaryň bagtyýarlygyna buýsanýaryn.


Ynsan kalbynda buýsanç we watansöýüjilik duýgusyny döredýän Ýeňiş güni mynasybetli, Watanymyzyň ähli künjeginde guralýan baýramçylyk dabaralaryna urşa gidenleriň yzynda galan eneler hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Biz dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň berkarar bolmagy ugrunda gurban bolan merdana esgerleri, söweşdeş ýoldaşlarymyzy hatyralaýarys. Gyşyň sowugy, tomsuň yssysy, açlyk diýmän, uruş ýyllarynda ädimme-ädim öňe gidip, Ýeňşe bolan uly ynam bilen söweşdik. Türkmenistanlylaryň görkezen gahrymançylygy, olaryň gözsüz batyrlygy ýaş nesiller üçin nusga hem-de uly buýsançdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen uruş weteranlaryna, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelere, gaýduwsyz zähmet çeken raýatlara ýurdumyzda uly sylag-hormat goýulýar. Asuda, abadan ýurdumyz barha ösýär, ýaş nesilleriň watançylygyň, gahrymançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli şeýle tutumlarynyň geljekde-de rowaçlanmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris — diýip, buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Beýik Ýeňşiň gazanylan gününden bäri 76 ýyl geçdi, emma gahrymanlarymyzyň atlary we edermenligi baradaky hakyda ölmez-ýitmezdir. Olar ene topragymyzy goraýjylaryň, şeýle hem Beýik Ýeňşiň hatyrasyna gije-gündiz zähmet çeken tylyň janypkeş zähmetkeşleriniň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýän türkmen halkynyň hakydasynda baky ýaşar.

— Adamzat taryhynda iň bir aýylganç wakalaryň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlananyna 76 ýyl boldy. Ýurtlary, obadyr şäherleri weýran eden bu uruş adamlaryň kalbyny ýaralady. Bu ýaranyň yzasy häli-häzirler hem ýitenok.

Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy her birimiz üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Berdimuhamet aganyň özi aramyzda bolmasa-da, onuň gahrymançylykly ömür ýoly baradaky ýatlamalar ýüreklerimizde ebedilik ýaşaýar. Faşizmiň garşysyna göreşmek bilen, demokratiýa we adam hukuklary barada röwşen ideýa gulluk eden türkmeniň — görnükli mugallymyň ruhy ata arzuwyny amala aşyrýan agtygynyň — öz halkynyň bagtyýar durmuşy üçin «Döwlet adam üçindir!», «Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» diýen şygarlary ýörelge edinen Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işlerinde goldaw berýär.

Hormatly Prezidentimiz uruş weteranlary, adamsy frontdan gaýdyp gelmedik mähriban eneler barada aýratyn alada edip, Ýeňiş güni mynasybetli olary gymmat bahaly sowgatlar bilen hormatlaýar. Halkymyzyň bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagalla edýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! — diýip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew gürrüň berdi.

«Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ady bilen geçirilen dabarada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplarynyň, Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň Garaşsyz Watanymyzy, merdana halkymyzy wasp edýän aýdymlary Watan gahrymanlaryna bagyşlandy. Biziň ählimiz üçin parahatçylygy gorap saklan we Beýik Ýeňiş üçin söweşen weteranlaryň hormatyna ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28143

08.05.2021
Müň bir sogaply gije

Şu gije — mukaddes Gadyr gijesi. Gadyr gijesine «Gijeleriň soltany» diýläýmesi-de bar. Ýylyň iň arzyly, iň mukaddes gijesinde etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler!

Gadyr gijesi bilen bagly düşünjeler çagalykdan aňymyzda galypdyr. Ýöne çagalygyň dünýäsinde Gadyr gijesinde uklaman oturyp bilseň, Hydyr atany göräýmegiň mümkindigi, gijäniň belli bir pursadynda tutan zadyň tokga altyna öwrüljekdigi baradaky özümiziň hem doly düşünmeýän pikirlerimiz aňymyza ornaşan hem bolsa, bu gijänyň asyl ýakymynyň başga-başga zatlardadygyna aňymyz goýalyşansoň göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, Gadyr gijesi baradaky çagalyk we ululyk düşünjelerimizi baglanyşdyrýan bir umumylyk bar. Ol hem şu gijä mahsus ýagşy niýetler. Aslynda, «gadyr» hem-de «ýagşy niýet» düşünjeleriniň arasynda bir baglanyşyk bar ýaly görünýär. Gadyr goýýan adamyňa hemişe ýagşy niýetli bolýarsyň, ýagşy niýetli adamyň gadyry gözüňde hemişe başgaça.

Dini çeşmelerde Jebraýyl perişdäniň Gurhanyň ilkinji bäş aýadyny hut Gadyr gijesinde Muhammet pygambere ýetirendigi aýdylýar. Diýmek, Gadyr gijesi asmandan ýere nuruň inmegi bilen başlapdyr. Şol nur soň sözleriň çygryna sygman, adamlaryň ýüregine çenli ornan bolmaly. Bu gijede adamlaryň biri-birine sylag-hormaty, sarpasy has üýtgeşik.

Gadyr gijesine ählimizem garaşýarys welin, durmuşyň ýollarynda ýalňyşan-ýaňylan bendileriň maşgalalarynyň garaşyşy has başgaça. Her ýyl Gadyr gijesinde Gahryman Arkadagymyz sahawatdan püre-pür ýüregi bilen olaryň ýüzlerçesiniň günäsini geçýär. Şu ýyl hem şeýle boldy. Milli Liderimiziň gol çeken sahawatly resminamasy bilen, iş kesilen bendileriň köp sanlysynyň maşgalalaryna täze bagtyň nury çaýyldy. Hormatly Prezidentimiz azatlyga goýberilenleriň ykbalyna-da nur çaýdy. Bu nur olary mundan beýläk Watanymyz, halkymyz, milli Liderimiz üçin halal, ak ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrar.

Eýýäm ençe ýyldan bäri baharyň goýnunda düşleýän Gadyr gijesi baradaky pikirlere soňlanma ýok. Gadyr gijesinde Arkadag Prezidentimiziň sahawaty bilen nur çaýylan ojaklardaky ýakymy göz öňüne getirip görüň! Bu sahawat adamlara täze bir ömri bagyşlaýar ahyryn!

Şu gezekki Gadyr gijesiniň ýene bir aýratynlygyna üns berip görüň! Ol yzyna tirkäp, Ýeňiş gününi alyp gelýär. Diýmek, sahawat gadyry, gadyr bolsa ýeňşi döredýär. Bu zynjyr ynsan ömrüne-de mahsus dälmi, eýsem?! Goý, her birimiziň ömrümizi şu ajaýyp sazlaşyk bezesin!

Agageldi ITALMAZOW.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28144

08.05.2021
Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby özbek dilinde neşir edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.

Dostlugy pugtalandyrmagyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, umumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin has oňaýly şertleri kemala getirmekde ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

Türkmenleriň milli däp-dessurlaryndaky belent ynsanperwer umumadamzat ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply edebi döredijiliginde beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri halkara jemgyýetçilikde örän uly gyzyklanma döredýär.

Bu gün birnäçe ýüzýyllyklar ozal bolşy ýaly, türkmen we özbek halklary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hem-de özara doganlyk goldawyny bermek däpleriniň umumylygyna, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlydygyny görkezýärler.

Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy aprelde, mukaddes Oraza aýynda Gypjakdaky Türkmenistanyň Baş metjidinde beren agzaçar sadakasyna Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagy şaýatlyk etdi. Bu sadaka milli Liderimiziň çuňňur hormatlanylýan kakasynyň aradan çykmagynyň ýedisinden soň birinji anna agşamy sadakasy boldy.

Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, häzir onuň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklarynda, dürli çäreleriň, özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginde ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Şonuň bilen birlikde, däp bolan bilim we ylym gatnaşyklary ösdürilýär, beýik türkmen we özbek alymlarynyň, akyldarlarynyň, şahyrlarynyň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.

Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-özbek hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka, Türkmenistanyň Baştutanyna goýulýan çuňňur hormat, täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine milli Liderimiziň goşýan uly goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27488

01.05.2021