Täzelikler
Mukaddes aýyň sogaply çäresi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz agzaçar sadakasyny berdiler. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, dili senaly eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda amal edilýän sogap işleriň üstüni ýetirdi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyz mukaddes Oraza aýynyň keramatly Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, dili senaly eneleriň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýol-ýörelgelerine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz bilelikde agzaçar sadakasyny berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna agzaçar sadakasynyň berilýän ýerine geldiler. Bu agzaçar sadakasynyň berilmegi keramatly aýyň sogabyny artdyryp, keremli günleriň ýagşy dessurlara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halky Oraza aýyna aýratyn hormat-sarpa bilen garap, gadymy döwürlerden bäri ony mukaddes saýyp gelýär. Asylly işler hem-de ynsanperwer ýörelgeler amal edilýän mukaddes aýyň her bir güni sogap işlere beslenýär. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara laýyklykda, şäherlerde we obalarda agzaçar sadakalary berilýär. Onda milli tagamlar taýýarlanyp, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada doga-dileg edilýär.

Paýhasly pederlerimiz taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk baý medeni mirasy, milli gymmatlyklary, ajaýyp däp-dessurlary kemala getirdiler. Oraza aýyna we haýyr-sahawatyň mübärek gijesi hökmünde ykrar edilen Gadyr gijesine aýratyn hormat goýulýar. Ol gün kerem-keramatyň gijesi hasaplanypdyr. Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beren agzaçar sadakasy asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi.

Mukaddes Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde, aýratyn-da, mübärek Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda durmuşa geçirilýän asylly işler halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. Bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem sogap işler amal edilýär. Oraza aýynda agzaçar sadakalarynyň berilmegi asylly däpdir.

...Hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Diýarymyzda milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini, raýatlarymyzyň mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, doga-dilegleri edýändiklerini nygtady we şu gün hem halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerilip, Remezan aýynda agzaçar sadakasyna jemlenilendigini belledi. “Bilşiňiz ýaly, ertir — mukaddes Gadyr gijesi. Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk baglydyr. Mukaddes Oraza aýynda agzaçar sadakasyny bermek hem asylly, sogap işleriň biridir” diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy hem-de mübärek Oraza aýynda tutulýan orazalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Ol hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Munuň özi gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, döwürleri hem-de nesilleri baglanyşdyrýan milli däp-dessurlaryň häzirki döwürde dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny pugtalandyrmak, ahlak kämilligine ymtylmak, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däplerini häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Pederlerimiz Oraza aýyny aýlaryň ýagşysy, Gadyr gijesini bolsa gijeleriň serweri hasaplapdyrlar. Ony agzybirlikde, ýagşy niýetler, iň gowy umyt-arzuwlar bilen garşy alypdyrlar. Häzirki döwürde bu ýörelgeleriň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryň esasynda sazlaşykly ösdürilmeginde aýratyn orna eýedir.

Häzirki wagtda jemgyýetde agzybirligiň we jebisligiň berkidilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ynsanperwer däpleriniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

...Agzaçar sadakasynda dürli tagamlardan dadylandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

Hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýtdy we halkymyzyň hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegleriň, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasy pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine nesilleriň mizemez arabaglanyşygynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.

16.03.2026
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Aşgabat, 1-nji ýanwar (TDH). Şu gün Döwletliler köşgüniň baýramçylyk öwüşgininde bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biridir. Çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri hem-de gymmatlyklary, Watana söýgi, milli däp-dessurlara sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň wesýetlerine we beýik taglymlaryna eýermek duýgulary kemala gelýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Çagalar baglarynda terbiýelenýän, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda bilim alýan ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek, olaryň ýokary hilli bilim almagy üçin mümkinçilikleri döretmek meseleleri halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan milli strategiýanyň wajyp ugurlarynyň hataryndadyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň howandarlyga mätäç körpe ýaşaýjylary yzygiderli üns merkezinde saklanylýar. Bu ugurda halkymyz asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri kemala getiripdir. Bu işler häzirki wagtda çagalaryň jemgyýete goşulmagyna ýardam bermäge, özbaşdak ýaşaýşa gadam basmagyny goldamaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň durmuşa geçirilmegi, durmuş goraglylygynyň kepillendirilmegi arkaly mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň 2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Arkadag şäherinde geçirilen mejlisindäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, mätäje ýardam we goldaw bermek halkymyzyň häsiýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ata-enesinden jyda düşen çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Şeýle ynsanperwer işler geçmiş taryhymyzdan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden ugur alýar. Berkarar döwletimizde ynsanperwer milli däplerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler barada aýratyn alada edilýär.

“Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwlet durandyr. Biz mundan beýläk hem çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin ähli oňaýly şertleri döretmegi dowam etdireris. Geljek nesillerimize hemişe-de goldaw we hemaýat bereris. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir” diýip, Milli Liderimiz belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan bagtyýar çagalygyň ýurdy diýip atlandyrmaga doly esas bar.

...Ine, bu gün hem çagalaryň bilim we terbiýe alýan özboluşly şäherjiginde oturdylan uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri baýramçylyk bilen gutlamaga Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň lybasyndaky çagalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri geldiler.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde berkarar Watanymyzda beden we ruhy taýdan sagdyn, aň-paýhas taýdan sazlaşykly ösen nesli kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilimleri däl, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu ýerde olar şekillendiriş we saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolan “Joşgun” tans topary-da bar.

Ýaşajyk türkmenistanlylar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeriniň bezeginde ulanylan serişdeleriň aglabasyny çagalaryň öz elleri bilen taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar, joşgunly tanslary, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde owadan arçanyň daşyndan aýlanyp, aýdym aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dürli süýjüliklerden we ter miwelerden, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy çagalaryň şatlygyny has-da artdyrdy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýylyň hormatyna guralan dabarada Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara saz gurallary hem gowşuryldy. Munuň özi olarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda çagalar sowgatlary çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul edip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk we özleri baradaky yzygiderli aladalar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

02.01.2026
Çagalar — Watanymyzyň röwşen geljegi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Asylly däbe görä, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi.

Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde giň möçberli Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Meýdançanyň merkezinde depesi “2026” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça diňe bir dabaranyň geçirilýän esasy künjegi bolman, eýsem, türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň, abadançylygynyň hem nyşanydyr. Paýtagtymyzdan, Arkadag şäherinden, ähli welaýatlardan gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin bu gün Aşgabat täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Meýdança ýygnanan çagalary şatlyk duýgusy gurşap aldy. Arçany bezeýän oýnawaçlaryň öwüşginleri, dürli reňkli çyralardyr bezegler ýagty geljege ynam döredýän ägirt uly baýramçylygyň buşlukçysy boldy.

Erteki gahrymanlarynyň keşbini janlandyran çagalaryň şatlyk-şowhuny meýdançany açyk asmanyň astyndaky teatr sahnasyna öwürdi. Daş-töweregi gurşap alan, dürli yşyklar bilen bezelen baglar baýramçylyga mahsus jadyly görnüşleri döredýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu baýramçylyk çäresine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşany bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde çagalar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik we şatlyk duýgusy bilen garşylap, gül desselerini gowşurdylar hem-de hoşallyklaryny beýan etdiler. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň nyşanyna öwrüldi.

Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyran körpeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Aýazbaba çagalar barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra körpeleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylaryň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary hemmelere Täze ýyl şatlygyny paýlady. Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň geljegi bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada esasy orun eýeläp, munuň özi ýurdumyzyň uzak möhletli abadançylygynyň hem binýady bolup durýar. Her bir çagany söýgi we alada bilen gurşap almak, olaryň intellektual, döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döretmek bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň esasyny düzýär. Döwletimiz ýaşajyk raýatlara ýurdumyzyň esasy gymmatlygy hökmünde garamak bilen, çagalar üçin saglygy goraýyş, bilim we beýleki ulgamlarda döwrebap infrastrukturany döretmäge ägirt uly serişdeleri gönükdirýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bu strategiýanyň aýdyň güwäsidir. Şunda milli däp-dessurlaryň sanly tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylan bilim gurşawynyň emele getirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýaş zehinleri goldamak üçin ýöriteleşdirilen sungat mekdepleri, sport toplumlary we ylmy-tehnologik merkezleri döredilýär.

Çagalaryň saglygyny, durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu syýasatyň binýatlaýyn ugry bolup durýar. Eneligi we çagalygy goramak boýunça maksatnamalar, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary, çagalar sportunyň ösdürilmegi beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ýardam berýär. Döwletimiz her bir çaganyň jemgyýete üstünlikli goşulmagy üçin deň şertleri döredýär. Bu yzygiderli alada ýaş nesilllerde watansöýüjilik we ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny terbiýeleýär. Şeýlelikde, çagalar hem-de ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanda döwlet doktrinasynyň aýratyn ugruna öwrüldi.

...Uly şatlyk-şowhun bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Ýylanyň we ýylkynyň keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan bu baýramçylygyň şatlygyny paýlaşdy.

Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde Baş arçanyň ýanynda surata düşdi. Bu dabara Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmegiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we olara Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Aýazbaba we Garpamyk, 2026-njy ýylyň nyşany bolan ýylky, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri çagalary bilen gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor-tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalaryň baýramçylyk mynasybetli dürli dillerde ýerine ýetiren goşgulary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.

Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik işgärleri täsin galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinler hem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.

Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara sowgatlar gowşuryldy we süýjülik torty hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele getirýär. Baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň şu günki dabaralara gatnaşmagy ýaş nesilleriň abadançylygy we olaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny tassyklady. Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen baýramçylyk çäreleri ýurdumyzda bagtyýar çagalygyň aýdyň nyşany bolup, ýaşajyk raýatlarymyzy ýetip gelýän 2026-njy ýylda okuwda we döredijilikde täze üstünliklere ruhlandyrdy.

29.12.2025
Hakyda — halkyň ruhy bitewüligi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün — Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.

Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.

...Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyz haly düşelen ýodadan ýöräp, bellenen ýere barýar.

Hatyra çäresiniň başlanandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra tebigy betbagtçylykda pida bolanlar hem-de Watanyň azatlygy ugrunda şirin janyny orta goýan gahrymanlar baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk sähel pursatda gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezine, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

...Soňra döwlet Baştutanymyz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.

Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, Watanymyza çäksiz söýginiň nusgasyny görkezdi. Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary ýatlamak ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetiniň mukaddes ýörelgeleriniň biri hasaplanýar. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, il-halky söýmegiň beýik mekdebidir.

...Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Hakyda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky özboluşly arabaglanyşyk bolup, adamlaryň watansöýüjilik we agzybirlik duýgularyny ösdürýär, olary has-da jebisleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär, milli buýsanjymyzyň gözbaşynda bolsa halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmegi hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmagy, taryhy şahsyýetlerimiziň ömri, ýaşan döwri, galdyran mirasy barada halkara ylmy-amaly maslahatlary guramagy, türkmen halkynyň taryhy bilen bagly çeper, dokumental filmleri döretmegi, halkymyzyň taryhyna, baý edebi mirasyna bagyşlanan neşirleri taýýarlamagy teklip etdi. Munuň özi ata-babalarymyza we olaryň gahrymançylykly ýoluna goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz bu gün ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň ýatlanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öten-geçenleri hatyralap gül desseleriniň goýlandygyny belläp, berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi.

Hatyra çäresi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyra çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Şu gün Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem hatyra çäreleri geçirildi.

07.10.2025
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu nurana baýrama bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek dabaralaryň göwünleri galkyndyryp, eziz Watanymyza söýgini, eşretli durmuşymyza, bagtyýar döwrümize buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. “Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Täze taryhy döwürde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz milli ahlak gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklaýjylar hökmünde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olar dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen, ata Watanymyzyň belent sepgitlere, üstünliklere ýetmegine, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar.

Ýokary bilim we hünär derejesi, telekeçilik başlangyçlary häzirki zaman zenanlarynyň aýrylmaz häsiýetlerine öwrülýär. Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary — ordendir medallar bilen sylaglanylýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana we ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýänlerden başlap, pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere çenli ähli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ajaýyp dabaralar halkymyzyň milli ruhy gymmatlyklarynyň mizemezliginiň, gadymdan gelýän mukaddesliklere, şol sanda öý-ojagyň diregi hasaplanýan enelerimiziň we zenanlarymyzyň hormatyny hemişe belentde tutmaga ygrarlydygynyň nyşany boldy. Olaryň ruhy-ahlak däplerimizi gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde eýeleýän orny bimöçberdir.

Eneleri we çagalary, maşgala gymmatlyklaryny goramak, zenanlaryň döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ösdürmek baradaky aladalar çagalardyr zenanlaryň hukuklary babatda üstüne alan borçnamalaryna pugta ygrarly bolan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda anyk çäreler, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejede kemala gelmegine, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goldanylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we başga-da köp sanly işler bu syýasatda esasy orny eýeleýär. Döwletimiziň özleri baradaky aladasyny hemişe duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawlar, maşgala ojaklaryndaky abadançylyk, saýlap alan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, çagalaryny gülläp ösýän abadan ýurtda terbiýelemek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirýärler.

...Söwda-senagat edarasynda geçirilen dabara gatnaşyjylar tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglaryň we döredijilik çykyşlarynyň şaýatlary boldular. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Ony ýerine ýetirmäge meşhur aýdymçylar, Türkmenistanyň Döwlet hory we teatr artistleri gatnaşdylar. Bu çykyş arkaly türkmen zenanlarynyň gözelligi, olaryň hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk, wepalylyk, mähremlik ýaly asylly häsiýetleri wasp edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu häsiýetler gelin-gyzlarymyzyň keşbiniň aýrylmaz bölegidir.

2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly aýdym tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Onuň üsti bilen dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

“Diýarymyň mähriban zenanlary” atly aýdym-sazly horeografik çykyş şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, rus dillerindäki aýdymlar ýaňlandy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji mart baýramyny giňden dabaralandyrýan dünýä bileleşigi bilen jebisleşmegiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Konsertde, hususan-da, ýigitler öz döredijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy saz eserleri, meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlanyp, olaryň hemmesi zenanlara bagyşlandy. Çykyşlarda zenan bagtynyň, wepalylygynyň, ene söýgüsiniň, mähriban topragyň ýaz aýlarynda aýratyn gözel görnüşe gelýän gözelliginiň waspy ýetirildi. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy. Ýürekleri tolgundyrýan aýdym-sazlar joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi. El çarpyşmalardyr baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde ýerine ýetirijiler belent ruha, hoşallyk duýgularyna, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlerimize bagyşladylar.

Dabara gatnaşyjylar milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyzyň dabara sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda gatnaşyp, mähriban zenanlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlamagy çäräniň esasy wakasyna öwrüldi. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, eziz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. Mähriban zenanlarymyz, türkmeniň maşgala ojaklarynyň siziň bilen, siziň edep-terbiýäňiz bilen dowamat-dowamdygyny unutmaly dälsiňiz!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we maşgalanyň binýadyny berk saklamakda, çagalara mynasyp terbiýe bermekde, olary dogry durmuş ýoluna ugrukdyrmakda zenanlara örän uly ornuň degişlidigini belledi.

Milli Liderimiz zenanlarymyzyň durmuşda göterýän ýüküniň, borjunyň asla ýeňil däldigine ünsi çekip, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň aňyrdan gelýän, inçeden sünnäläp bize ýetiren baý mirasyny, edep mekdebini, milli gymmatlyklaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zenanlara baglydygyny nygtady. “Şoňa görä-de, hemişe asylly däplerimizden ugur alyp, maşgala ojaklaryňyzyň bagtyýarlygyna guwanyp, gadyryny bilip ýaşamak size miýesser etsin! Pursatdan peýdalanyp, sizi ýene-de bir gezek ajaýyp bahar baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, nurana ýüzli mähriban ene-mamalarymyzyň, bagtyýar gelin-gyzlarymyzyň, eziz uýalarymyzyň güler ýüzi hiç haçan solmasyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz arzuwlaryny beýan etdi.

Dabara gatnaşyjylar Milli Liderimiziň Gutlagyny we hoşniýetli arzuwlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Baýramçylyk dabarasy asylly häsiýetleri bilen dünýämizi bezeýän, oňa sazlaşyk, döredijilik şatlygyny bagyşlaýan ähli enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza, zenanlarymyza bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryň nobatdaky beýanyna öwrülen “Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar” atly aýdym bilen jemlendi. Dabara gatnaşyjylar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler, abadan durmuşda ýaşamaga döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

* * *

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň konsert merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Kalby bahar pasly ýaly gözel zenanlarymyza bagyşlanan ajaýyp dabaraly çärelerde döredijiligiň we täze durmuşyň şatlygy aýdyň duýuldy.

10.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar!

2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylan ýyly.

Tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy.

Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldular. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy.

Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli birnäçe iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi.

Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň we beýleki desgalaryň açylmagy bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi has-da gözelleşdi.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. «Akylly» şäherimiz halkara sergilerde abraýly baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bularyň ählisi berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, belent ösüşlerimizi aýdyň görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Şu ýyl bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris.

Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda-telekeçilik pudaklarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu pudaklar berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Eziz watandaşlar!

Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, saglygy goraýyş maksatly beýleki desgalar ulanmaga berildi. Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimiz geljekde-de döwletimiziň üns merkezinde bolar.

Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Geljekde hem ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga uly üns bereris.

Ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň sporty, sport diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.

Eziz watandaşlar!

Şu ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyçlarymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigini, dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterdi. Beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlary hem-de daşary ýurtly raýatlar Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.

2024-nji ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen abraýly derejäni göterdi we halkara çäreleriň ençemesi geçirildi.

Milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Geçip barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Arkadag şäherinde guralan Medeniýet hepdeligi medeniýetimizi, sungatymyzy baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary derejede geçireris.

Umuman, geçip barýan 2024-nji ýyl uly zähmet üstünliklerine beslendi, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty has-da beýgeldi.

Hormatly adamlar!

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, geljek ýylda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde halkara çäreler giň gerim bilen geçiriler. Geljek ýylda örän möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny hem ýokary derejede belläp geçeris. Biz bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.

Eziz watandaşlar!

Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis.

Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Bu belent sepgitlere ýetmekde halkymyzyň gujur-gaýratyna, tutanýerli zähmetine bil baglaýarys. Merdana halkymyz bilen geljek ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.

Eziz watandaşlar!

Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşy alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Hemişe maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!

Täze — 2025-nji ýylyňyz gutly bolsun!

01.01.2025
Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Ahal welaýaty, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Awtoulagda Gökdepe metjidiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sadaka gatnaşyjylar tarapyndan mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde berilýän sadakanyň kabul bolmagyny dileg edip, hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde metjide bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okady. Onda hajy Arkadagymyzyň zyýaratynyň kabul bolmagy, öten-geçenlerimiziň jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.

Soňra Gahryman hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sadaka gatnaşmak üçin metjidiň sadaka jaýyna bardylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri Garaşsyz, Bitarap döwletimizde örän köp işleriň edilendigini, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlary esasynda Watanymyzyň uly ösüşlere eýe bolandygyny belledi.

Biz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna sapary amala aşyrdyk. Halkymyzda “Ýagşy işler asylly däp-dessurlardan başlanýar” diýlişi ýaly, doganlyk ýurda saparymyzyň ilkinji pursatlarynda bize Mekgä baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmek, iki rekagat namaz okamak miýesser etdi diýip, hajy Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Ol ýerde halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşynyň elmydama rowaçlanmagy, ýurdumyzyň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegi, geljek ýylyň rysgal-bereketli, döwletli döwranymyzyň dowamat-dowam bolmagy barada ýagşy doga-dilegler edendigini aýdyp, hajy Arkadagymyz şu gün hemmeler bilen bilelikde sadaka berilýändigini, halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerip, ýörite dessurlaryň berjaý edilýändigini nygtady.

Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk baglydyr. Bu doganlyk ýurtda ata-babalarymyzyň yslam dininiň ýaýramagyna goşan gymmatly goşandy ykrar edilýär, halkymyza örän uly hormat goýulýar diýip, hajy Arkadagymyz belledi we Watanymyzyň abadançylygynyň, parahatçylygynyň biziň ähli ösüşlerimiziň esasydygyny aýdyp, türkmeniň dost-doganlyk, parahatçylyk ýolunyň dowamat-dowam bolmagyny dileg etdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Edilen doga-dileglerde ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.

Soňra sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda täze belentliklere tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir gününiň ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamata atarylmagy, hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly hajy Serdarymyzyň asylly işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi.

Soňra Milli Liderimiz hemmelere, şol sanda sadaka gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara sagbolsun aýtdy. “Öten-geçenlerimizi ýatlap, halkymyzyň hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegler, okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz mundan beýläk hem gülläp össün!” diýip, hajy Arkadagymyz sözüni jemledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Arkadagly hajy Serdarymyz berlen sadakalaryň kabul bolmagyny dileg edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Şu gün hajy Arkadagymyzyň Käbä eden zyýaratynyň hormatyna berlen sadaka gatnaşyjylar Gökdepe metjidinde agzybirlikde öýle namazyny okadylar.

12.12.2024
«Köpüň dilegi köl bolar»

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi

Aşgabat, 25-nji sentýabr. Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi.

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde sadaka bermek baradaky teklip bilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi we bu teklip biragyzdan goldanyldy.

Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň ýanyndaky kümmetiň öňünde hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly hajy Serdarymyz mähirli garşylanyldy.

Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga okady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigini belledi. Munuň özi milli demokratiýanyň dabaralanýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda dünýä döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz doly ygtyýarly wekillere şeýle möhüm çärelere yzygiderli gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilçiler, öz gezeginde, şu günki berilýän sadakanyň Allanyň dergähinde kabul bolmagyny dilediler hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz kümmetiň aşaky gatyna düşdüler. Bu ýerde müfti Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hem-de onuň ýakynlaryny hatyralap aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardylar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýolugruna abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjidiň binagärlik aýratynlyklaryny we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synladylar.

Birbada 10 müň adamyň namaza durmagyna niýetlenen metjidiň abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri Arkadagly hajy Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyryldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň içki timarlaýyş işlerinde-de gymmat bahaly gurluşyk we bezeg serişdeleri peýdalanylypdyr.

Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjitde adamlaryň namaz okamagyna döredilen amatly şertler üçin ähli dindarlaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra Gahryman hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz ähli öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadaka gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, şu gün Gypjak metjit toplumynda sadaka berilýändigini aýtdy hem-de «Agzybire Taňry biýr...» diýlişi ýaly, düýn Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini belläp, onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri giňden beýan edendigini, öňümizde durýan möhüm wezipeleri kesgitländigini nygtady. Şeýle hem berkarar döwletimizi mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli Permanlara gol çekildi. Gol çekilen Permanlaryň biri-de 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede geçirmek bilen baglydyr. Bu bizi aýratyn begendirýär, guwandyrýar. Syýasy ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde badalga bolup durýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürmegi esasynda degişli Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bize uly jogapkärli wezipäni ýükleýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, bu gün öten-geçenlerimizi, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti merhum Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlap, sadaka berilýändigini belledi. Halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, «Ölüsini sylan beg bolar» diýlişi ýaly, biz şu gün türkmeniň gadymy däp-dessurlaryny berjaý edýäris. Bularyň hemmesi sogaply, parz işler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyna gönükdirilen taryhy işlerimiziň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýäris diýip, hajy Arkadagymyz nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-dogalary okap, tebärek çykdy. Şunda özygtyýarly döwletimiziň geljekde-de gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe agzybir bolmagy, öňde goýlan belent maksatlara ýetilmegi, Watanymyzyň erkinligi we Garaşsyzlygy ugrunda şehit bolanlar, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy hem käbesi, hormatly Prezidentimiziň atasy we enesi Mälikguly aga hem-de Ogulabat eje ýatlanylyp, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.

Soňra sadaka gatnaşýanlara nahar çekilip, türkmen milli naharlaryndan datly tagamlar hödürlenildi. Duz-tagam dadylandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsiniň aýat-töwir edip bermegini sorady.

Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir edip, ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyny, beýik Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň geljekde has-da pugtalanmagyny, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip: “Bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işini etdik. Öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik. Berlen sadakalar, edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz asuda, mukaddes ojaklar abadan, saçaklar rysgal-bereketli bolsun!” diýip dileg etdi.

Sadaka bermek ýaly asylly we mukaddes dessuryň berjaý edilmegi tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

26.09.2024
Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyna dabaralar

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi. Häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris.

Adamzadyň taryhyndaky iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Halkymyzyň merdana ogullarynyň müňlerçesi elhenç söweşlerde janyny orta goýdular. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy.

Ýeňşiň gazanylmagynda tylda jan aýaman zähmet çekenleriň gaýratly zähmetiniň ähmiýeti diýseň uludyr. Olar önümçilikde gahrymanlarça işläp, uruşdaky esgerler üçin ýyly eşikleri taýýarladylar, Goranmak gaznasyna şaý-sepleri tabşyrdylar, bugdaý hasylyny soňky dänesine, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnadylar, raýdaşlygyň we ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler.

Beýik Ýeňşiň gazanylmagy taryhy nukdaýnazardan, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli gahrymançylyk, mertlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çünki uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çekenleriň merdanalygy Watana, halka gulluk etmegiň hakyky nusgasydyr. Olaryň edermenligi ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir. Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde pederlerimiziň görkezen gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi synmaz erkiň, harby borja ygrarlylygyň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.

Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bellenilýän şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi, mowzuklaýyn sergiler, edebiýat agşamlary, dabaraly nyzamlar, bäsleşikler guraldy.

Uruş weteranlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şu ýyl hem gazaply ýyllaryň uruş weteranlaryna, şeýle-de tyl zähmetkeşlerine, esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Halkymyzyň wepat bolan gahryman ogullary öwezini dolup bolmajak ýitgidir. Uruşda wepat bolan we öýlerine Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary watandaşlarymyzyň söweşlerde görkezen edermenlikleri baradaky maglumatlary özünde jemleýän “Hatyra” hem-de “Şöhrat” atly köp jiltli neşirlerde ebedileşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkyna we weteranlara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgalyk durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesillerimiziň — külli adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesini belent tutýarys.

...Irden asylly däbe görä, häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar.

Her ýylyň 9-njy maýynda dürli ýaşdaky watandaşlarymyz adamzat taryhyndaky iň zalym uruşdan gaýdyp gelmedikleri hatyralamak üçin bu ýadygärlikler toplumyna gelýärler. Beýik Watançylyk urşunda geljek nesilleriň bagtyýarlygy, abadançylygy ugrunda batyrlarça söweşen hem-de 1945-nji ýylda Beýik Ýeňşi dünýä buşlan gahrymanlaryň sany barha azalýar...

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormat garawulynda türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler.

“Baky şöhrat” ýadygärligine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy.

Soňra çärä gatnaşyjylar çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň etegine gül desselerini goýýarlar.

Türkmenistanyň sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilmegi halkymyzyň asylly däpleriniň nesilden-nesle geçirilýändiginiň we pederlerimiziň edermenligine goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, Garaşsyz ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly tagallalary edýär. Daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmek üçin zerur işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdança bolup hyzmat edýän bu başlangyçlar halkara jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler Watanymyzyň parahatçylygynyň, gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilendir. Şol özgertmeler paýtagtymyzyň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň barha gözelleşýän keşbinde, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap bilim, lukmançylyk edaralarynyň, sport toplumlarynyň, senagat kärhanalarynyň we beýlekileriň gurluşygynda aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki günde ýetilen sepgitler we gazanylýan üstünlikler üçin biz uruş ýyllarynda söweş meýdanlarynda Watany goran, Ýeňşiň hatyrasyna jan aýaman zähmet çeken watandaşlarymyzyň görkezen edermenlikleriniň öňünde borçludyrys. Weteranlar öz Watanyna, hormatly Prezidentimize, parahat durmuşda ýaşaýan hem-de geljekde täze ösüşlere ýetmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesillere buýsanýarlar. Sebäbi olar häzirki nesliň bagtyýar durmuşy üçin söweşdiler.

Uruş ýyllarynda öz janyny pida edip, köp garaşylan Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran gahrymanlarymyza tagzym edýäris. Biziň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşymyz üçin olara baky şöhrat bolsun!

...Şu gün Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gül goýmak dabaralary geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ýeňiş gününiň şanyna guralan medeni çäreler ildeşlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza buýsanjyny has-da artdyrdy.

10.05.2024
Weteranlar — halkyň guwanjy

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Daşoguz welaýat, Boldumsaz etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri uruş weteranlarynyň öýlerine baryp, asyrlyk ýaşa gadam goýan ýaşulularyň toý şatlygyny goşalandyrdylar. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary hem-de gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Häzir welaýat boýunça bar bolan uruş weteranlarynyň ikisi hem Boldumsaz etrabynda ýaşaýar. Şatlykly pursatlara beslenen toý çäresi, ilki bilen, gubadagly uruş weterany Köşek Soltanmyradowyň döwletli ojagyndan başlandy. Onuň bag-bakja bürenen belent başly öýüniň iç-daşy toý görnüşleri bilen bezenip-beslendi. Bu ojakda dutar-gyjak çalyndy, halypa bagşylaryň hoş owazy belentden ýaňlandy. Köşek Soltanmyradow üçin şu günleriň üýtgeşik gadyr-gymmaty, göwnüni ýagtyldýan şatlygy bar. Ol gutlagly gelenleri mähir bilen garşy alyp, toý saçagynyň başynda oturtdy, hoşallyk sözlerini aýtdy. Ömürboýy sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylyk bilen eýerip gelýän weteran bu baýram gününde gujurlanyp, has daýanan ýaly boldy. Köşek aganyň uruşdan soňky ykbaly hukuk goraýjy edaralar bilen baglanyşykly. Ol bu gulluklaryň düzüminde 40 ýyla golaý wagt abraý bilen işledi. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başynda ol hormatly dynç alşa çykdy. Weteranyň 5 ogly, 3 gyzy, 16 agtygy, 24 çowlugy bar.

Ajaýyp sylag-sowgatly, mähirli gutlaglardan doly şeýle duşuşygyň ýene biri Boldumsaz etrabynyň Çowdur geňeşliginde ýaşaýan Ýezek Orazowyň öýünde bolup geçdi. Weteranyň iki gyzy baýramçylyk mynasybetli ýörite gelen myhmanlary uly hormat bilen garşy aldy. Döwletli ojakda toý saçagy giňden ýazyldy. Ýezek aga 1942-nji ýylda urşa gidýär. Görkezen edermenligi üçin söweşjeň ordenleriň üçüsi bilen sylaglanýar. Ol 1947-nji ýylda dogduk obasyna dolanyp gelip, pagta arassalaýjy kärhanada zähmet çekýär. Ýezek aganyň gyzlary Maral bilen Gyzylgül kärende ýerlerinde gowaça ekip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. Weteranyň 8 agtygy, 13 çowlugy bar. Edermenligiň görelde mekdebine öwrülen, uly hormat-sarpanyň eýesi bolan 100 ýaşly uruş weterany bu baýram güni şeýle mähirli gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uruş weteranlary aýratyn alada bilen gurşalyp alnyp, abadan durmuşda ýaşaýarlar. Olar üçin ähli durmuş ýeňillikleri üpjün edilýär. Uruş weteranlarynyň agzybir maşgala ojagynda taýýarlanan tagamlar toý saçaklaryna bezeg berdi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Ýeňiş baýramy, Watan gahrymanlarynyň merdi-merdanalygy, mähriban ýurdumyzyň asudalygy, abadançylygy uly buýsanç bilen wasp edildi. Döwletli ojaklary toý şatlygyna beslän aýdym-sazly dabaralar uruş weteranlarynyň goja göwnüni ganatlandyrdy.

Amanmyrat SAPAROW.

10.05.2024
Sagdyn ýaşaýyş şertleriniň goragynda

Ýurdumyzda täze ekologik dünýägaraýşy emele getirmek, ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň standartlaryny ornaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli başlangyçlar durmuşa geçirilýär, halkara borçnamalary we milli hukuk namalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurtda sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda edilýän işler ekologiýa syýasatynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramaga gönükdirilen işleri kanun taýdan berkitmek üçin degişli hukuk namalaryny kabul etmek zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Häzirki wagtda Konstitusiýamyzdan gözbaş alýan Howa kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», Milli tokaý maksatnamasy hereket edýär. Olaryň täze döwrebap kanunlar bilen üstüniň ýetirilip durulmagy ähmiýeti örän uly möhüm çärelerdir.

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly» diýip nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda öňde durýan belent maksatlary nazarlaýan işleriň kanunçylyk esaslaryny kesgitlemegiň, jemgyýetçilik ösüşini gazanmagyň aýdyň ýoluny salgy berdi.

Ajaýyp üstünliklere beslenýän täze taryhy döwürde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek maksady bilen, täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak ugrunda Mejlisde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy we olar kabul edildi. Maslahatda birnäçe kanunlar bilen birlikde, «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Bu Kanun V bapdan we 27 maddadan ybarat bolup, onda ulanylýan düşünjelere anyk kesgitlemeler berildi. Olara gidrologiýa, meteorologiýa, gidrometeorologiýa işi, gidrometeorologiýa gözegçilikleri, gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň ulgamy, gidrometeorologiýa maglumatlary, umumy maksatly gidrometeorologiýa maglumatlary, ýöriteleşdirilen gidrometeorologiýa maglumatlary, gyssagly gidrometeorologiýa maglumatlary, göçme gidrometeorologiýa gözegçilik nokady ýaly düşünjeler degişlidir.

Bu Kanun ýurdumyzyň çäginde gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň globallygyny, toplumlaýynlygyny, ulgamlylygyny we üznüksizligini berjaý etmäge, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilikleri geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalarynyň gidrometeorologik maglumatyny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmäge, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Kanunda gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanmagyň düzgünleri beýan edilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem Kanunda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulmagydyr. Olaryň kabul edilmegi bu ulgamdaky işleriň döwrebap alnyp barylmagynda we täzeçil guralmagynda, gözegçilikler esasynda alynýan maglumatlaryň anyk we dogry bolmagynda hem-de degişli peýdalanyjylara wagtynda ýetirilmeginde oňyn netijesini berer. Kanuna gidrometeorologiýa işi babatda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini ygtyýarlandyrmak, maliýeleşdirmek, gidrometeorologiýa işi babatda jedelleri çözmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak barada kadalar hem girizildi. Kanun ýurdumyzda gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen, döwlet häkimiýet edaralaryny, ýuridik we fiziki şahslary gidrometeorologiýa işi we tebigy gurşawyň ýagdaýy baradaky anyk maglumatlar bilen üpjün etmekde ýüze çykjak gatnaşyklary düzgünleşdirmekde döwrebap hukuk binýady bolup hyzmat eder.

Umuman, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynyň dowamynda kabul edilen kanunlaryň ählisi ýurdumyzyň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň okgunly ösmegini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder.

Serdar GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.

30.04.2024
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabara ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan täze eseriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda halkymyza ýetirilmeginiň döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny şöhlelendirýändigi bellärliklidir.

Islendik arheologik ýadygärligiň, gadymy binagärligiň her bir nusgasynyň aňyrsynda irki adamzat medeniýetini esaslandyran halkymyzyň geçmiş taryhy ýatyr. Bu ýadygärlikler döwletleriň döreýşi, olaryň ýaşaýjylary we edermen, batyr goragçylary barada köp zatlary habar berýär. Bu milli gymmatlyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy we medeni galkynyşy başdan geçirýän halkymyzyň synmaz erkiniň, jebisliginiň, watansöýüjiliginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Tanyşdyrylyş dabarasy halkymyzyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini beýan edýän sergi bilen badalga aldy. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri — taryhymyzyň gadymylygynyň we baý medeni mirasynyň görkezijisi bolan el işleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby serginiň merkezinde orun aldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyga eýe bolan ylmy kitaplary, milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri baradaky dürli neşirler hem bar.

Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda ýygnananlar milli däplerimize, gymmatlyklarymyza, halkymyzyň gadymy taryhyna we köptaraply medeniýetine goýýan çäksiz sarpasy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çykyşlarda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmegiň, aýawly saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny nygtaýan kitabyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli öwrenmek, wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň görkezijisidigini biragyzdan bellediler.

Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi.

Awtoryň pikir-garaýyşlary «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapda beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyz täsin rowaýatlary häzirki günlere çenli saklap galan, dürli döwürleriň hem-de halk hakydasynyň şaýady bolan Änew medeniýetiniň ähmiýetini kitabyň sahypalarynda giňişleýin beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplan maglumatlaryny seljermek bilen, gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun medeniýeti, belli alymlar tarapyndan häzirki Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan gözlegleriň netijeleri, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli “Ak bugdaý” muzeýi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy barada gürrüň berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan halkymyzyň maddy we ruhy medeni mirasynyň dowamatlylygyny gorap saklamaga ýardam etjekdigini bellediler.

Ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen eseriň ýaşlar üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň boljakdygy gürrüňsizdir.

Dabaranyň ahyrynda ýygnananlar halkymyzyň medeni mirasyny, taryhyny ylmy esasda öwrenmek, gadymy gymmatlyklary ýüze çykarmak we dikeltmek, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

02.04.2024