Habarlar
Türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerini pugtalandyryp

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar.

Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berdi. Şol döwürde türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni durmuşynda uly özgerişlikler bolup, täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygy milletimiziň nesilden-nesle geçirip gelýän maddy-ruhy gymmatlyklaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini gaýtadan dikeltdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe tutuş dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrülendigi bellenilýär. Geçen döwürde raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Milli Liderimiz halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn özgertmeleri ilerletmek üçin Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy wezipelerini kesgitledi.

Okyjylara hödürlenen “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň umumy häsiýetnamasy we aýratynlyklary” atly makalada kodeksi döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň islegine kybap getirmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berilýär. Žurnalda çap edilen “Ýaşlar: bilim almaga bolan hukugyň amala aşyrylyşy” hem-de “Türkmenistanda çaganyň hukuklarynyň amala aşyrylmagy” atly makalalarda bolsa ýaş nesillere bilim bermek, hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky meseleler gozgalýar, çaganyň hukuklaryny goramaga we ilerletmäge gönükdirilen milli maksatnamalara garalýar.

“Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy” atly makalada bu ugurda oňyn dünýä tejribesiniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny we şertnamalaryny berjaý etmäge mäkäm eýerýändigi nygtalýar, munuň özi döwletimiziň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň agzasy bolmagy bilen şertlendirilendir.

“Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde alternatiw energiýa çeşmeleriniň ähmiýetli orny” atly makalada ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselelerini çözmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtalýar. Alternatiw energetikany ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi degişli maksatnamalarda we strategiýalarda, şol sanda ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen özara gatnaşyklarda beýanyny tapdy. Şunda ýurdumyzda kabul edilen “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Kanunyň ähmiýeti bellenilýär.

Energiýanyň alternatiw çeşmelerini netijeli ulanmak ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny we energiýa tygşytlylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri ýurdumyzyň Gün we ýel energiýasyny giňden ulanmak üçin amatly mümkinçilik döredýär. Makalada şol maksatlary amala aşyrmak babatda ýurdumyzyň demirgazyk-günbatar böleginde, şol sanda Hazarýaka sebitde bar bolan şertleriň barlaglary muňa mysal hökmünde görkezilýär. Şol ýerlerde ýel energiýasyny öndüriji desgalary gurnamak merkezi elektrik üpjünçilik ulgamyndan uzakda ýerleşýän oba ilatynyň hojalyklaryny hem-de oba hojalyk önümçiligini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik döreder.

“Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri” atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda Türkmenistanyň raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary açylyp görkezilýär. Diýarymyzda hereket edýän we täze kabul edilýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de amala aşyrylýan giň gerimli durmuş ugurly maksatnamalar şolary üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toplumlaýyn syýasat yzygiderli durmuşa geçirilip, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge onuň özenini düzýär.

Neşiriň nobatdaky sanyny “Senenama” bölümi jemläp, onda duşuşyklar, maslahatlar, mejlisler, şol sanda onlaýn görnüşde halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar beýan edilýär.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48137

26.11.2021
Taryhy-medeni miras — milletiň ruhy baýlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde neşir edilýän “Miras” atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu žurnalda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň halkymyzyň ruhy mirasyny, şol sanda golýazmalary öwrenmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri, dil öwrenmegi, edebiýatşynaslygy we taryh ylmyny ösdürmek meseleleri baradaky makalalar çap edilýär.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde pederlerimiziň miras goýan umumadamzat taglymatlary we watansöýüjilik duýgulary uly orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli mirasymyzy aýawly saklamaga berýän aýratyn ünsi ylmyň, medeniýetiň ösmegine kuwwatly itergi berýär.

Neşiriň bu sanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de türkmen halkyna Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Gutlaglary açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu bölümde getirilen parasatly jümleleriniň 30-sy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ähmiýetini açyp görkezýär. Milli Liderimiz geçen 30 ýylda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işleriň bitirilendigini, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçilendigini nygtaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi, demokratik kadalar yzygiderli ornaşdyryldy. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy hem-de maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

“Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde ýerleşdirilen “Mukaddes Garaşsyzlyk — milletiň buýsanjy” atly makalada türkmen döwletiniň berkarar bolmagynyň taryhy hem-de halkara giňişlikde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem makalada eziz Diýarymyzyň ösüşiň innowasion ýoly bilen senagat taýdan ösen ýurda öwrülendigi barada aýdylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň geriminiň giňelýändigi, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň yzygiderli baýlaşýandygy bellenilýär.

Ýene-de şu bölümde Türkiýäniň Egeý uniwersitetiniň professory F.Türkmeniň hem-de Pamukkale uniwersitetiniň mugallymy, dosent S.Saglamyň “Ýusup Has Hajyp we Ýunus Emre sözüň ahlak güýji we ähmiýeti barada” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Makalada iki beýik şahsyýetiň dünýägaraýyşlary, diliniň aýratynlyklary, geçmişiň ruhy mirasy esasynda taglymatlar beýan edilýär. Olaryň edebi mirasy ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

“Hoja Ahmet Ýasawy: türkmen intellektual aňynyň röwşen sahypasy” atly makala uly gyzyklanma döreder. Orta asyrlarda milli filosofiýanyň hem-de şygryýetiň ösmegi, ilkinji nobatda, meşhur akyldar, pir, sopy-mistik alym Hoja Ahmet Ýasawynyň ady bilen baglydyr. Onuň taglymatlaryna düşünmek üçin taryh, Gündogar mistisizminiň däpleri, sopuçylyk filosofiýasynyň aýratynlyklary bilen bagly meselelere ýüzlenilýär.

Ýasawy şygryýetiň hikmetler görnüşini esaslandyryjydyr. Piriň hikmet-şygyrlary onuň edebiýatyna eýerýänler üçin parasatly jümleleri düzmekde, milli hem-de umumadamzat ähmiýetli taglymatlary öňe sürmekde nusga boldy. Hoja Ahmet Ýasawy türkmen halkynyň filosofiýa ylmyny Orta we Ýakyn Gündogara ýaýdy.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde ýerleşdirilen “Türkmenleriň arkalaşmak däbi” atly makalada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden ýaýbaňlandyrylan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwren bag ekmek çäreleriniň gelip çykyşyna seljerme berilýär. Türkmen halkynyň ahlak we ruhy gymmatlyklaryny açyp görkezýän milli däp-dessurlarymyz beýan edilýär.

“Türkmenleriň keçe sungatynyň taryhyndan” atly makala okyjylary asyrlaryň jümmüşine syýahata alyp gidýär. Bu makala häzirki döwrüň hem-de geçen ýyllaryň alymlarynyň ylmy barlaglarynyň esasynda ýazyldy.

Ýazuw çeşmelerine, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan taryhy tapyndylara esaslanyp, makalada keçe basmagyň taryhy, usullary we bezegleri barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Keçe türkmen halkynyň durmuşynda uly orun eýeläpdir: keçeden ak öýler, torbalar, egin-eşik, aýakgaplar we başgaplar ýaly zerur önümler, şeýle-de öý hojalygyna degişli zatlar döredilipdir. Bu özboluşly sungat asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, biziň günlerimize çenli saklanyp galmak bilen, dünýäde türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna uly gyzyklanma döredýär.

Žurnal «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýegindäki ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn bilen jemlenýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty hem-de ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrmaga we halkymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş ugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy öz beýanyny tapýar.

Žurnalyň sahypalary häzirki döwrüň sungat ussatlarynyň işleri we fotosuratlary, seýrek arhiw materiallarydyr kartografiýa şekilleri bilen bezelipdir.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47982

25.11.2021
Myhmanyna gujak gerýär «Garagum»

Ýakynda, 19-njy noýabrda paýtagtymyzda «Garagum» oteliniň, şeýle-de oňa ýanaşyk ýerde «Erkin» seýilgähiniň açylmagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan, toýlara beslenen şanly ýylyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirdi. Açylyş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Erkin KÖSÄÝEW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan myhmansöýerlik, hoşniýetlilik ýaly asylly däplerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kaşaň myhmanhanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi hem «Myhman ataňdan uly» diýýän halkymyzda daşdan-ýakyndan gonak bolup gelenleriň ornunyň törden, hezzet-hormatynyň uludandygyna şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzyň gözel keşbine görk goşýan «Garagum» oteliniň açylmagy halkymyzyň baş şäherimize bolan söýgüsini has-da artdyrdy. Bu ajaýyp bina türkmeniň göwni ýaly giň Garagum sährasyny ýada salýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ýurdumyzyň çäginde uzak geçmişde uly kerwensaraýlar, düşlegler bolupdyr. Ümmülmez Garagum sährasynyň aňňat-aňňat depe-gollaryny aşyp gelen kerwenler olarda düşläp, dem-dynç alypdyrlar. Bu günki gün Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly çözgütleriniň netijesinde Hydyr gezen mukaddes sähramyzyň keşbi döwrebap otelde nur saçyp, görenleri haýrana goýýar. Oňa ýanaşyk ýerde täze «Erkin» atly seýilgähiň döredilmegi bolsa erkana durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň «seýilgähler şäherine» öwrülen paýtagtymyza buýsanjyny artdyrdy. Şeýle ajaýyp binalary, seýilgähleri gurduryp, merjen şäherimiz Aşgabady has-da gözelleşdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy:

— Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwrümiziň Beýik Binagäri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Gurulýan ajaýyp binalar «Aziýanyň merjen şäheri» adyny alan, şu şanly ýylda 140 ýyllygy giňden dabaralandyrylan paýtagtymyzyň görküne görk goşup, onuň Ýer ýüzündäki meşhurlygyny has-da artdyrýar. Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen «Garagum» oteli hem şeýle ajaýyp binalaryň biridir.

Täze oteliň Aşgabat Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşmeginde-de uly many bar. Ýakyn-alys ýurtlardan Diýarymyza gelen myhmanlar, ilki bilen, myhmansöýer halkymyzyň mukaddeslige deňeýän ümmülmez Garagum sährasynyň keşbini ýatladyp duran döwrebap oteli synlarlar. Bu ajaýyp binada olar ata-babalarymyzyň kämilleşdirip, nesillere miras goýan myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, güler ýüz bilen, mähirli garşylanar. Olara ýokary derejede hyzmat ediler. Munuň üçin otelde ähli şertler, mümkinçilikler döredilipdir. Myhmany güler ýüz bilen garşylamak merdana halkymyzyň asylly häsiýetleriniň biri. Muny hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp oteliň açylyş dabarasyndaky çykyşynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen parasatly setirlerini mysal getirmek arkaly nygtap belledi.

Döwrebap otelde halkara çäreleri geçirmek üçin hem uly mümkinçilikleriň bolmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Binanyň gurluşygynda, döwlet Baştutanymyzyň talap edişi ýaly, häzirki zaman arhitekturasynyň gazananlary milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Ekologik talaplar hem berk berjaý edilipdir. Paýtagtymyzyň binagärlik aýratynlyklaryna, olaryň adamlaryň oňaýly ýaşaýşyna, abadan durmuşyna gönükdirilmegine uly üns berýän milli Liderimize hemişe alkyş aýdýarys.

Oguloraz HALLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner:

— Biziň çagalyk döwrümizde çaňap ýatan meýdanlarda bu gün gupba ýaly owadan binalar gurulýar, ajaýyp seýilgähler döredilýär. Şonuň üçin häzirki hem-de geljekki nesiller bagtyýarlyk döwrüniň bagtly perzentleridir. Olaryň bagtyýar çagalygy, nurana geljegi üçin Gahryman Arkadagymyz uly alada edip, döwrebap şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýär. Açylyp ulanylmaga berlen «Garagum» oteli, «Erkin» seýilgähi hem munuň ýene-de bir mysalydyr. Sebäbi bu döwrebap otelde häzirki zaman derejesinde bilim alan, öz kärini söýýän ýaş hünärmenler, ogul-gyzlarymyz, agtyk-çowluklarymyz hem zähmet çekerler. Olar ýurdumyzda myhmanhana işewürliginiň, syýahatçylygyň ösdürilmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Hormatly Prezidentimiz millilige, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, asylly ýol-ýörelgelerimize uly sarpa goýýar. Gurulýan döwrebap binalarda-da milli aýratynlyklarymyzyň şöhlelendirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze oteliň ata-babalarymyzyň penakäri, ýaşaýyş sallançagy bolan bereketli Garagum sährasynyň keşbinde gurulmagy hem munuň aýdyň nyşanydyr.

Oteliň daşky hem içki bezegi, binagärlik aýratynlyklary bilen tanyş boljak daşary ýurtly myhmanlar halkymyzda millilige örän uly sarpa goýulýandygyna göz ýetirerler. Döwrebap otaglarda, dälizlerde goýlan dürli hili heýkelleri, diwarlardan asylgy nakgaşçylyk eserlerini synlap, türkmen tebigatynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsine, üstünden Beýik Ýüpek ýoly, kerwenler geçen Garagum sährasyna gaýybana syýahat ederler. Halkymyzyň durmuşynda, ruhy dünýäsinde, çeper döredijiliginde tebigatyň, esasan-da, Garagum sährasynyň, milli gymmatlyklarymyzyň näderejede uly orun tutýandygy barada düşünje alarlar. Binanyň hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrylan daş-töweregi, golaýynda döredilen «Erkin» seýilgähi bolsa bu ýerde arassa howa gurşawyny döredip, medeniýetli dynç almaga ýardam eder.

Goý, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä içre belende galdyrýan, şeýle ajaýyp binalary gurdurýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47514

22.11.2021
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

Aşgabat, 12-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olar kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar bilen tanyşdyrdylar.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler esasy maliýe resminamasynyň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň artmagyny göz öňünde tutýandygyny bellediler, bu bolsa ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligine oňyn täsirini ýetirer. Onuň serişdeleriniň agramly bölegi jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlary üçin gönükdirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda maliýe serişdeleriniň köp bölegi obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmäge gönükdirilýär.

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi, jemagat hojalygy ulgamlaryny özgertmäge gönükdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, nyrh syýasatyny oýlanyşykly amala aşyrmagyň, şahsy başlangyçlary goldamagyň, goşmaça durmuş ýeňilliklerini bermegiň hasabyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar.

Şeýle hem çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş depginlerini maliýe taýdan goldamak, senagatlaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak üçin Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdeleriň ähmiýetini bellediler.

Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda zähmet serişdelerini, ilatyň iş bilen üpjün edilmegini, onuň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy netijeli dolandyrmagyň mümkinçiliklerini döretmek boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. Önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurulmagyny dowam etmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýeterlik möçberi meýilleşdirildi.

“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny biragyzdan makullan Halk Maslahatynyň agzalarynyň gelen netijesine görä, ykdysady strategiýadan ugur almak hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen esasy wezipeleri nazara almak bilen taýýarlanylan bu maliýe-hukuk resminamasy, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Soňra “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna garaldy, onda döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň maksatlary, usullary we tertibi kesgitlenildi. Emläk eýesiniň hem-de bu işde ynançly dolandyryjynyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminamanyň möhümdigi bellenildi.

“Poçta aragatnaşygy hakynda” täze Kanuny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň çäginde bu ugurda işleriň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitlejek resminamanyň poçta hyzmatlaryny özgertmäge, täze düzgün-kadalary kesgitlemäge, hyzmatlaryň hiline hem-de olaryň berjaý edilmegine gözegçiligi ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigi beýan edildi.

Mejlisiň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan taýýarlanylan we kabul edilen “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi) Kanunyň ähmiýeti nygtaldy. Ol degişli ugurda işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär. Bu Kanunyň maksady döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemek, ykdysadyýeti ösdürmek üçin kadastr maglumatlaryny peýdalanmak, ýer böleklerine hukuk kepilliklerini üpjün etmek, ýerleri netijeli peýdalanmak, dikeltmek we aýawly saklamak bolup durýar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanuna seretdiler. Bu resminama döwlet daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Bu Kanun ýurdumyzdaky daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy (ýaşamagy) hem-de zähmet çekmegi, telekeçilik ýa-da başga işi amala aşyrmagy bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Mejlisiň dowamynda “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Kanun makullanyldy. Bu ylalaşyk 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde kabul edildi hem-de täze ykdysady nukdaýnazary goldamak we ýaýratmak arkaly ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösmegine ýardam hökmünde Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmegiň esasy maksadyny kesgitledi. Şu nukdaýnazardan, ýaşyl ösüşe ykdysady ösüşiň hem-de ekologik durnuklylygyň sazlaşykly depgini hökmünde garalýar.

Şunuň bilen bir hatarda Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Kanunlara, şeýle hem Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Kanunlara seredildi. Olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösdürilmegine, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanan ynsanperwer ugruň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisiniň garamagyna girizilen kanunlar biragyzdan makullanyldy, olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46705

13.11.2021
Ýokary makroykdysady görkezijiler — täze sepgitlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Munuň, hakykatdan-da, şeýledigini şu ýylyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde getirilen maglumatlar hem aýdyň görkezýär.

Ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 6,2 göterim ýokarlandy, öndürilen önümiň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 14,6 göterim artdy.

Şeýle netijeleriň gazanylmagy ýurtda haryt-pul aýlanyşygynyň kadaly hereketini ýola goýmaga, ýurda gelýän erkin puluň köpelmegine we Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine amatly şertleri döredýär.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterime, çykdajy bölegi 96,1 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,5 göterim artdy. Şeýlelikde, ilatyň tölege ukyplylygy ýokarlandy, harytlara we hyzmatlara bolan ösen islegleri kanagatlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, maşgala girdejisini artdyrmak maksady bilen işjeň maýa goýum syýasaty ýöredilýär. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy. Ykdysadyýete goýulýan we daşyndan çekilýän maýa goýumlaryň yzygiderli artmagy ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýeti ýaramaz täsirlerden goramaga we býujetiň girdejilerini artdyrmaga zerur şertleri döredýär.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynyň netijelerine garalan mejlisiniň dowamynda ýolbaşçylara ýüzlenip, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň çalt depginde sanly ulgama geçirilmelidigini nygtady. Sanly ulgama geçmek wagty we serişdäni tygşytlamak bilen bir hatarda gözegçiligi güýçlendirmäge, maglumatlary tiz alyşmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, serişdeleriň tygşytly ulanylyşy üpjün ediler, zähmet öndürijiligi ýokarlanar, önümiň özüne düşýän gymmaty peseler, ykdysadyýetiň pudaklary has-da düşewüntli dolandyrylar.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň ähli senagat düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmagyň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň artdyrylmagy ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri ýeterlik möçberde öndürip, pudagy has-da düşewüntli dolandyrmaga giň mümkinçilik berer.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi yzygiderli artýar. Bu diňe bir içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge şert döretmän, elektrik energiýasynyň belli bir bölegini eksporta ugratmaga-da esas berýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda energetika halkasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklaryny dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Gurluşyk, energetika hem-de senagat pudaklaryny ýokary depginde ösdürmek üçin bolsa bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak zerurdyr.

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda uly üstünlikler gazanylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eýýäm geçen on aýda önümçiligiň ösüş depgini 108,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagy ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge, ilaty oba hojalyk önümleri bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge, ondan artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigi barada hem degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda amala aşyrylýan işler barada birin-birin durlup geçildi. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilendigi, Döwlet hünär bilim edaralary hakyndaky düzgünnamalaryň tassyklanandygy, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda, yokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleriniň ýerine ýetirilýändigi aýdyldy. Bu ulgamlarda alnyp barylýan köpugurly işler özüniň oňyn netijelerini berýär we olary ähli babatda halkara derejelere çykarmaga esas bolup hyzmat edýär.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty barha dabaralanýar, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy yzygiderli artýar. Munuň aýdyň mysallaryny şu ýylyň on aýynda hyzmatdaş döwletler, abraýly halkara guramalar bilen alnyp barlan işlerden we gazanylan ylalaşyklardan hem görmek bolýar. Daşary ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi diňe bir milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ösüşine-de saldamly goşandyny goşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, eksport mümkinçilikleriniň artmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy ugrunda netijeli işleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.





https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46224

09.11.2021
Balkan welaýatynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasy dabaraly açyldy

Balkanabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün Balkan welaýatynyň merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Wise-premýer S.Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünlikleri, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda sebitleri depginli ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda şu günki wakanyň ähmiýetini nygtady.

Häzir Watanymyzyň ähli künjeklerinde gerimi boýunça deňsiz-taýsyz durmuş düzümli desgalary gurmak dowam edýär. Şolar türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilendir. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň welaýat bölüminiň täze binasy hem şeýle desgalaryň hataryna degişlidir. Onuň işiniň esasy maksady şahsy we edara görnüşli taraplaryň bähbitlerini goramagyň netijeli guralyny döretmekden hem-de bu ulgamda döwlet düzgünleşdiriş usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Durmuş taýdan ätiýaçlandyrmagyň ýaşaýşyň ölçeglerini kesgitleýän esasy ugurlaryň biridigini bellemek gerek. Bu ulgamyň özgerdilmeginde ýurdumyz dünýäniň umumy ykdysady ösüşiniň ýagdaýyny göz öňünde tutýar. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de täze hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin mümkinçilikler açylýar.

Täze binanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — ýurdumyzyň gurluşyk bazarynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan “Altyn ganat” hususy kärhanasy tarapyndan gurlandygy bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyzyň telekeçilik ulgamyny höweslendirmek baradaky meselelere hemişe üns bermegi netijesinde, ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleri iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze dolandyryş binasy bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýere ýygnananlar işlemek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler. Birinji gatda hünärmenleriň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen iş otaglary, ikinji gatda bolsa giň maslahatlar zaly bar.

Täze binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, dürli bag nahallary ekilip, bagy-bossanlyk döredildi.

Dabara gatnaşyjylar welaýatlarda adamlaryň abadançylygynyň möhüm ugry hökmünde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriniň döredilmegine ýurdumyzda ägirt uly üns berilýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk ruhuny artdyrdy. Olar aýdym-sazly çykyşlarynda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we rowaçlygyň belentligine tarap ynamly barýan ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni joşgunly wasp etdiler.

Surata düşüren Andreý PAKULOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44455

25.10.2021
Milli Liderimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby türk dilinde neşir edildi

Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, dostlukly ýurduň diplomatlary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň redaktorlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn görnüşde goşuldylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu gezekki tanyşdyrylyş çäresiniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän hem-de şanly wakalara — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesine beslenen ýylda guralmagy çuňňur many-mazmuna eýedir.

Parahatçylyk döredijilik strategiýasyny işjeň amala aşyrýan Türkmenistan Türkiýe Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ähli ugurlar, şol sanda ynsanperwer, ylym, bilim we medeniýet ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly ähmiýet berýär.

Türk dilindäki täze neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doganlyk halkyň dilinde çap edilen köp sanly eserleriniň üstüni doldurdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatyň, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy berkarar etmekde we ösüşi gazanmakda bitiren uly hyzmatlarynyň nobatdaky gezek ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral dabarada çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilinde neşir edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny görkezýändigini hem-de hakyky dost-doganlyk we özara bähbitlilik häsiýetine eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly goşant boljakdygyny belledi.

Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseriniň ýurdumyzyň baş şäheriniň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga, onuň täsin keşbine, binagärlik aýratynlyklaryna baha bermäge mümkinçilik berjekdigi baradaky pikiri beýan etdiler. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar, bu eser türkmen paýtagtynyň röwşen geljegine nazar aýlamaga hem mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi bu neşiriň giň okyjylar köpçüligi üçin örän peýdaly we gyzykly bolmagyny şertlendirýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda, gadymy däp-dessurlary saklamakda we olary baýlaşdyrmakda iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi-de bellenildi. Çykyş edenler Türkmenistan bilen Türkiýäniň gadymy medeniýeti we örän baý milli ýörelgeleri bolan ýurtlardygyny aýratyn bellediler. Biziň döwletlerimizi baý mirasa daýanmak arkaly, taryhy tejribäni hem-de ozalky nesilleriň umumy ruhy baýlyklaryny gorap saklamak bilen, innowasion ösüş ýoly boýunça öňe okgunly hereket etmek hyjuwy birleşdirýär.

“Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň türk diline terjime edilmegi netijesinde, dostlukly ýurduň giň jemgyýetçiliginiň milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş ugurly şähergurluşyk strategiýasynyň gerimine baha bermäge mümkinçilik alandygy bellenildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda täze neşiriň çapdan çykmagynyň ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolmak bilen, iki doganlyk halkyň ylmy we medeni gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilmegine ýardam berjekdigini nygtadylar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43315

15.10.2021
Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIII jildiniň neşir edilmegi milli Liderimiziň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir.
Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ugurdaş edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi bar.
Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň öwrenilmegine durmuşynyň köp ýylyny bagyşlady.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, mazmuny boýunça özboluşly ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz okyjylary ekilýän we ýabany ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, beýany, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary yzygiderlilikde getirilýär.
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitap türkmen ösümlik dünýäsiniň özboluşly ensiklopediýasy bolmak bilen, şu geçen ýyllaryň içinde diňe ýurdumyzyň derman senagatynyň işgärleri we lukmanlary üçin däl-de, eýsem, kitabyň dürli dillere terjime edilmegi netijesinde, onuň bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolan daşary ýurtly hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanma öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işiniň nobatdaky kitaby köp nusgada çap edildi. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň dürli reňkli suratlary, ösümlikleriň rus-latyn-türkmen sözlügi hem-de dermanlyk çig malyny ýygnamagyň senenamasy kitabyň baý mazmunyna ajaýyp goşundy bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi hem-de gazanylan üstünlikler barada ýazylan syn milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň giň gerimliligine aýdyň şaýatlyk edýär.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga berilýän ägirt uly üns hem-de olaryň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.



 https://metbugat.gov.tm/blog?id=2974

12.10.2021
Saglyk — abatlyk

Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Irden görşülende hem «Sag-aman ördüňizmi?» diýlip sowal berilýär. Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyzyň toý dessurlarynda diş toýy, galpak toýy, sünnet toýy, leçek toýy, akgoýun toýy diýlen düşünjeler hem saglyk baradaky aladalaryň jemgyýetçilik esaslylygyndan gözbaş alýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Halkymyzyň edep-terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar.

Gürrüň bermeklerine görä, bir adam hemişe gününden närazy bolup ýörmüşin. Şol zerarly hem ol gününiň süýjüsini bilmändir. Bir gün hem ol çöle çykypdyr-da: «Heý, mundan hem ýaşaýyş bolarmy?! Indi näme etsemkäm?!» diýip otyrka, oňa ýagşyzada duşupdyr. Ol: «Be-e, çölde gudrat bar diýleni boldy» diýip begenipdir. Ýagşyzada oňa:

— Näme dilegiň bolsa aýt! — diýipdir. Ýaňky adam:

— Maňa köp altyn berseň, galan ömrüme hiç zadyň gaýgysyny etmän ýaşasadym — diýipdir. Ýagşyzada ilki başyny atan ýaly edipdir-de, soňundanam:

— Ýeri, bolýar, men seniň dilegiňi hasyl edeýin. Aslynda-ha, altyn-pul gadyryny biljek, mätäç kişilere berilýär. Ýagşy adam, sen muny bilýänsiň, hemişe adamlar bilen gadyrly bolup ýaşajakdygyň alamaty hökmünde sen maňa näme berersiň? — diýip, onuň ömür aňyna gelmejek sowalyny beripdir. Ýolagçy adam ilkibada näme diýjegini bilmän aljyrapdyr, soňundanam özüni ele alyp:

— Wah, men seni ömür unudarynmy? Isleýşim ýaly altynym bolsady, diýeniňi bereýin, aýt, näme isleýärsiň? — diýipdir.

— Men baýlyk islemeýärin, maňa sagat syna gerek. Sen maňa öz sagat synaň birini berseň, baýlyk diýýäniňi dag ýaly edibem berip bilerdim — diýip, ýagşyzada oňa seredipdir.

Ýolagçy adamyň bar keýpi gaçypdyr. Öz-özüne käýinipdir: «Wah, ýönekeýräk bir zatlar dilän bolsamam bolardy. Şu çölden tizräk gider ýaly, özüme güýç-gurbat, gaýrat diläýmeli ekenim» diýip, gussa batypdyr. Ýagşyzada oňa:

— Men seniň özüňdäki zady diledim, sen şony hem bitirip bilmediň — diýip, ýaňadan habar gatypdyr.

Şonda ýaňky adam:

— Synam abat bolmasa, altyny näme edeýin? — diýip, gussaly dem alypdyr.

— Sen özüňde bar zadyň gadyryny bilmediň — diýip, ýagşyzada şolbada onuň gözünden gaýyp bolupdyr.

Bu rowaýatda beýan edilişi ýaly, saglyk ynsanyň on iki synasynyň abatlygyndadyr. Türkmençilikde on iki synanyň abatlygy diýlen düşünje durmuş baradaky umumy derejäni kesgitlemekde ilkinji şertdir. Başyň amanlygy, on iki süňňüň abatlygy ýaşaýşyň hözirliligini duýmagyň üçin gerekdir. Türkmençilikde käteler gepiň äheňinden many alybam «Saglykmy?» diýilýär. Şeýle diýilmegi saglygyň ilkinji hem-de esasy gymmatlykdygynyň jemgyýetçilik ykrar edilmesini aňladýar.

Saglyk diýmegiň manysynda dogry ýaşamak hakyndaky düşünje bardyr. Soňky ýyllarda sagdyn ýaşaýyş diýen düşünjä has uly ähmiýet berilýär. Saglyk diýlende, adamyň synasynyň sagdynlygy barasyndaky aladalar göz öňüne gelse-de, ol pikirleriň sagdyn bolmagyny hem aňladýar. Pikirler sagdyn bolanda, syna hem sagdyn bolýar...

Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalyndaky täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň we ýaşaýşa ynamynyň subut edilen durmuş sahypasydyr. Durmuşyň bize galdyran sagdyn ýaşamak babatdaky tymsalynyň mazmuny sportda jemlenýär. Sport — saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr.

Goý, özgerişli durmuşda size üstünlik ýaran bolsun! Şähdiňiz açyk, göwnüňiz hoş, durmuşyňyz hözirli bolsun! Adamyň durmuşdaky işjeň ornuna we döredijilikli tagallalaryna saglyk ýaly güýç berýän baýlyk ýok. Size tut ýaly jan saglygyny, maşgala agzybirligini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42836

11.10.2021
Halkymyzyň ýokary ruhubelentligi nesilleriň baky hakydasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşy aýratyn çuň many-mazmuna eýe edýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de oňa hormat goýýan jemgyýetde belent ruhubelentlik höküm sürýär, ol milletiň watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Mundan 70 ýyldan gowrak ozal halkymyzyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň biri bolup geçdi. Şol tebigy betbagtçylyk henizem her bir türkmenistanlynyň kalbynda hasrat bilen ýatlanylýar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylyk — ýertitreme bir pursatda milliardlarça tonna topragy süýşürip, paýtagtymyzy weýran etdi. Elhenç hasrat adamlaryň ykbalyna rehimsizlik bilen darap, aşgabatlylaryň müňlerçesiniň pida bolmagyna getirdi. Diri galanlaryň köpüsi öz ýakynlaryny ýitirdiler.

Diri galanlar edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Olar gijäniň tümlüginde, gözüňi açyp bolmaýan tozanyň içinde, dowam edýän hem-de täze weýrançylyklara getirip biljek ýer yranmalarynyň howpy astynda ýykylan jaýlardan özleriniň ýakynlaryny, goňşularyny halas etmek üçin ähli gujur-gaýratyny jemläp göreşdiler. Bu betbagtçylyk adamlaryň güýjüni hem-de agzybirligini pugtalandyrdy, olary jebisleşdirdi. Hasratly günlerde olar özleriniň iň gowy häsiýetlerini, çäksiz ruhy jomartlygyny, gaýduwsyzlygyny hem-de edermenligini görkezdiler.

...Ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän we edermen gahrymanlarymyza çuňňur buýsanjyň, halkymyzyň özüniň beýik geçmişine hormatynyň belent nyşanyna öwrülen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldi.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar.

Milli Liderimiz gyrasynda milli goşunymyzyň merdana pederlerimiziň asylly däplerini dowam etdirijiler bolan edermen Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen ýodadan ýöräp geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy. Şu pursat pajygaly gijede 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan atasy Berdimuhamet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk gurşap aldy.

Tebigy betbagtçylykda ömür tanaplary kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar.

Halkymyz ruhubelentlik hem-de özüniň belent ynsanlyk borçlaryna wepalylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri bilen ykbalyň agyr kynçylyklarynda ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başardy. Taryhyň agyr synaglaryndan geçen halkymyz mähriban şäherimiz Aşgabady täzeden dikeltdi hem-de ony dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň paýtagtyna öwürdi. Baş şäherimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde aýratyn gözel görke eýe boldy, geljekde bolsa onuň has-da ösdürilmegi we gözelleşdirilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunuň ýaly gysga möhletde, gözümiziň alnynda amala aşyrylan işlere, ýetilen sepgitlere, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe görlüp-eşidilmedik belentliklere ýeten halkymyzyň döredijilik kuwwatyna guwanmazlyk mümkin däl!

Soňra milli Liderimiz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärlikleriniň etegine güýz gülleriniň çemenini goýdy. Bu pursatlar halkymyzyň türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky öçmez-ýitmez hakydasynyň nyşanyna öwrüldi.

Bu gün halkymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygy ugrundaky göreşde duşmanyň agdyklyk edýän güýjüne mertlerçe gaýtawul beren merdana esgerlerimiziň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Gahrymançylykly taryhymyzy ýatlamak bilen, biziň her birimiz gaýduwsyz pederlerimiziň ruhlaryny hatyralaýarys. Atlary rowaýata öwrülen gahrymanlaryň edermenligi baradaky ýatlamalar dowamat-dowamdyr.

Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda gaýtalanmajak mertlik, harby borja ygrarlylyk, mähriban topragymyza çäksiz söýgi görkezdiler. Şolaryň hatarynda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýýarlar.

Syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşulýarlar. Sanlyja wagtyň içinde köp sanly gül desseleri ýadygärligiň öňüni örtýär.

Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumynda halkymyzyň hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren gahrymançylygy bilen taryhda öçmejek yz goýan, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy we eziz Diýarymyzyň asudalygy üçin şirin janyndan geçen meşhur şahsyýetleriň keşbini suratlandyrýan diwar şekillerini synlady. Şeýlelikde, halk gahrymanlaryny hormatlamak ýörelgeleri täze döwre laýyklykda ösdürilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz ýadygärlikler toplumynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ornuna ünsi çekip, mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň topluma ýygy-ýygydan gelmegini guramagyň zerurdygyny, ýaşlarda merdana halkymyzyň beýik taryhyna buýsanjy hem-de hormaty, milletimiziň gahrymançylykly taryhyny yzygiderli öwrenmäge höwesi döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Munuň üçin ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki ugurdaş düzümleriň bilelikdäki tagallalary zerurdyr. Özleriniň gahrymançylygy, watansöýüjiligi bilen taryhda öçmejek yz goýan pederlerimiziň nusgalyk ömürleriniň geljek nesillere ýetirilmeginde bu gymmatlyklara möhüm orun degişlidir. Olaryň ýaşlaryň aňynda we kalbynda mäkäm ornaşmagy ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu barada tabşyryklary berdi.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen hatyra çäresi gadymy türkmen topragynda beýik pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň ýene bir aýdyň nyşany boldy. Bu gün halkymyzyň ýokary ruhubelentligi, erkin, rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda asuda ýaşamak we zähmet çekmek üçin nesilleriň hakydasynyň arabaglanyşygynyň ähmiýetine has-da gowy göz ýetirýärsiň.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42505

07.10.2021
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin mümkinçilikler giňelýär

Aşgabat, 30-njy sentýabr (TDH). Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” köpugurly toplumyň açylyş dabarasy boldy. Şu gün toplumyň düzümine girýän Söwda we dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Hökümet agzalary çagalary, agtyklary bilen bolup, merkezde çagalaryň we uly adamlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar.

Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň ösen häzirki zaman şähergurluşyk tejribelerini özünde jemleýän bu desgalar toplumy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda ulanylmaga berildi.

Täze taryhy eýýamda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli görnüşli, şol sanda durmuş maksatly iri desgalar, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem açylyp ulanylmaga berilýär. Munuň özi ilatyň durmuş üpjünçiligine, halkymyzyň amatly ýaşamagy, zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Bu gün Aşgabat dünýäniň we sebitiň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda innowasiýalary, iň gowy inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, täze Söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumynyň halkara derejedäki güwänamalara eýe bolandygyny bellemeli. Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşi tarapyndan bu topluma “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänama, Dokland,s (London) ylmy-barlag akademiýasynyň “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy. Şeýle hem bu merkeze Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärçilik instituty tarapyndan “Özboluşly dizaýn” güwänamasynyň berlendigini we onuň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigini bellemeli.

Eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňeldilmegini hem-de ilatynyň artmagyny nazara almak bilen, işlenip taýýarlanylan bu taslamada söwdanyň we dynç alşyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini bellemeli. Şeýlelikde, täze merkezde dynç alyş üçin ähli zerur şertler döredildi. Şunda körpe nesiller üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm üns berilýär. Ýaş nesilleriň abadançylygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Söwda we dynç alyş merkeziniň täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly gurnalan aýdym-sazly, yşykly içki suw çüwdürimleriniň sazlaşygy bu ýere gelýänleriň ruhuny göterýär. Merkeziň häzirki zamanyň ösen tejribesine esaslanýan bezeg aýratynlyklary adamlara ýakymly täsir edýär. Onda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalarda häzirki zamanyň ösen tejribesine möhüm üns berilýändigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilatyň köpugurly isleglerini kanagatlandyrmak, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmeklerine ýardam bermek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelýän söwda kärhanalarynyň işiniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Şeýle hem Söwda we dynç alyş merkezinde islän harydyňy satyn almak, maşgala bolup dynç almak, dürli söwdalary guramak, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin şertler döredildi. Bu ýerde özboluşly usulda taýýarlanan milli tagamlar hödürlenilýär. Süýji tagamlary halaýanlar çaý başynyň bezegi bolan dürli süýji önümlerini satyn alyp bilerler.

Merkeziň çäginde körpeler üçin niýetlenen güýmenje mekanlary has-da özüne çekýär. Onuň düzümine körpeler hem-de uly ýaşly çagalar, maşgala bolup dynç alýanlar üçin ýörite bölümler hereket edýär. Attraksionlaryň, oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi çagalaryň we ýetginjekleriň ösen islegini kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Merkeze gelen çagalar olary uly höwes, şatlyk bilen oýnaýarlar. Toplumda oýunlar ulgamyndaky örän gyzykly hem-de özüne çekiji täze enjamlar goýlupdyr. Olar hatda uly ýaşly adamlaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Bu ýere gelýän çagalar we ene-atalar döredilýän mümkinçilikler, şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar. Olar häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde ýaş nesilleriň gowy okamaklary, sazlaşykly ösmekleri hem-de şadyýan dynç almaklary babatda ähli şertleriň döredilýändigini uly guwanç bilen belleýärler.

Mundan başga-da, dynç alyş we güýmenje toplumynda kinoteatr, bilýard we bouling oýnamak üçin meýdançalar ýerleşýär. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlup, ulanylmaga berlen köpugurly Söwda we dynç alyş toplumy Aşgabadyň esasy binagärlik aýratynlyklarynyň birine öwrüldi. Ol milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42047

01.10.2021
Halkara mediaforum: ýetilen sepgitler we geljekki wezipeler

Düýn «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Döwlet habarlar agentliginiň bilelikde guramagynda halkara mediaforum geçirildi. Onda türkmen žurnalistleri bilen birlikde, daşary ýurtly hyzmatdaşlar — dünýäniň birnäçe iri habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem wideoýazgy görnüşinde çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýy barha belende galýar. Täze taryhy eýýamda Diýarymyzyň gazanýan uly ösüşlerini, ýetýän belent sepgitlerini gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmekde, ony dünýä ýaýmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde uly wezipeler durýar. «Ýer ýüzünde türkmen halkyna, onuň nähili milletdigine biziň gazet-žurnallarymyzy okap, telewideniýämize seredip, radiomyzy diňläp baha bererler. Hut şonuň üçin hem biz ähli habar beriş ulgamynyň hünärmenlerinden öz işlerine örän çynlakaý çemeleşmeklerini talap ederis» diýýän milli Liderimiz türkmen žurnalistleriniň öz jogapkärçilikli wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekleri babatda ähli mümkinçilikleri yzygiderli döredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, milli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek babatda hem uly ösüşler gazanyldy. Aýratyn-da, soňky ýyllarda bu ugurda döwrebap tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlup, özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý senesiniň giňden dabaralandyrylýan ýylynda geçirilen bu halkara mediaforum hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Ol Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň halkara habarlar giňişliginde yzygiderli beýan edilýändigini hem-de giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezdi. Mediaforumda çykyş edenler, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny gyzgyn gutlap, özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara hyzmatdaşlyk babatynda uly işleri alyp barýar. Mediaforumda guramanyň Baş sekretary Jawad Mottagi hem çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi bilen 2021-nji ýylda işleri alyp barmak boýunça Ýol kartasy taýýarlanyldy. Şol boýunça guramanyň geçirýän çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň gazananlaryny wasp edýän çykyşlar gurnalýar, onlaýn görnüşdäki maslahatlar geçirilýär.

Mediaforumda Ýaponiýanyň Tokio şäherinden «Sony Middle East and Africa FZE» kompaniýasynyň Baş dolandyryjysy Kouçi Murakami hem wideoýazgy görnüşinde çykyş etdi. Ol Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geriminiň ýylsaýyn giňelýändigini aýratyn belledi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki «Sony Middle East and Africa FZE» kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen baglaşylan şertnama laýyklykda deslapky işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Bu kompaniýanyň wekilleri bilen 2021-nji ýylyň 19-njy awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi. Onuň barşynda hyzmatdaşlygyň çäklerindäki taslama işleri barada pikir alşyldy. Täze tehnikalaryň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa teleýaýlymlaryň işini has-da kämilleşdirmäge ýardam eder.

Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleri diňe bir teleradioýaýlymlaryň üsti bilen däl-de, eýsem, metbugat neşirleriniň sahypalarynda hem yzygiderli we giňişleýin beýan edilýär. Bu barada ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň, hususan-da, «Türkmenistan» hem-de «Türkmen dünýäsi» gazetleriniň wekilleri hem mediaforumda eden çykyşlarynda belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaş teleradiokompaniýalarynyň biri hem Bütinrussiýa Döwlet teleradiokompaniýasy bolup durýar. Hususan-da, bu teleradiokompaniýanyň «Rossiýa 24» teleýaýlymynyň üsti bilen ýurdumyzda bolup geçýän wakalar yzygiderli beýan edilýär. Bu teleýaýlymyň bölüm başlygy Robert Fransew öz çykyşynda Aşgabatda saparda bolan döwrüni ýatlamak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň wakalaryny «Rossiýa 24» teleýaýlymynyň tomaşaçylaryna gyzgyny bilen ýetirmäge şatdygyny belledi.

Bahreýn Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostluga we özara ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk media ulgamy babatynda hem barha pugtalanýar. Bahreýn Patyşalygynyň «Infosport» halkara sport žurnalynyň esaslandyryjysy Muhammet Kasym öz çykyşynda bu barada aýratyn belledi. Ol özüniň Aşgabada bolan sapary döwrüniň gyzykly ýatlamalaryny mediaforuma gatnaşyjylar bilen paýlaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew öz çykyşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan işleriň giň gerimde ýaýbaňlandyrylýandygyny, ýetilýän belent sepgitleri dünýä ýaýmakda kämil halkara žurnalistleriň taýýarlanylýandygyny, bu ýokary okuw mekdebinde şu okuw ýylynda syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň täze açylandygyny belledi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlarynyň ýene-de biri bolan Azerbaýjanyň telewideniýesi we radiosy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Rafik Gaşimow iki ýurduň arasynda gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklarynyň barha berkidilýändigini, onuň halkara media giňişliginde hem yzygiderli pugtalandyrylýandygyny belledi. Türkmen medeniýetine bagyşlanan dürli dokumental filmleriň dostlukly ýurduň «Aztw» teleýaýlymy arkaly her hepdede yzygiderli ýaýlyma berilýändigi hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Özbegistan Respublikasynyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Nusratulla Hikmetullaýew öz çykyşynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň altyn sahypalaryndan mysallary getirip, şeýle ajaýyp wakalaryň Özbegistanyň teleýaýlymlary arkaly gyzgyny bilen ýaýlyma berilýändigini belledi. Iki ýurduň Liderleriniň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň teleýaýlymlary hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürip, dürli gepleşikleri geçirmek arkaly özara tejribe alyşýarlar.

Mediaforumda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgandyň çykyşy hem çuňňur many-mazmunlylygy bilen foruma gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, tele we radioýaýlymlarda çagalaryň durmuşyna bagyşlanan gepleşikleriň yzygiderli taýýarlanylyp, ýaýlyma berilýändigini belledi. Hususan-da, ol radioýaýlymlarda berilýän «Çaganyň ilkinji 1000 güni» atly gepleşikler toplumyny mysal getirdi.

Türkmenistanyň baý taryhy ýadygärlikleri Ýewropa ýurtlarynyň teleýaýlymlary arkaly giňden beýan edilýär. Italiýanyň «Rai» teleýaýlymy hem Türkmenistana bagyşlanan gepleşikleri yzygiderli taýýarlaýar. Bu ýurduň «Elantra production» kompaniýasynyň wekili Çaiara Katerolli şu ýyl Türkmenistana bagyşlanyp taýýarlanan gepleşigiň italýan teletomaşaçylarynda uly gyzyklanma döredendigini, olardan türkmen medeniýeti bilen bagly sowallaryň yzygiderli gelendigini hem-de bu gepleşigiň uly ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi.

KBS teleradiokompaniýasynyň wekili Wansu Kim öz çykyşynda Türkmenistan baradaky gepleşikleriň Koreýanyň teleýaýlymlarynda giňden görkezilendigini bellemek bilen, Aşgabada bolan saparlarynyň ýakymly pursatlaryny ýatlady.

Türkiýäniň «TRT Awaz» teleýaýlymynyň başlygy Sedat Sarykaýa Türkmenistan baradaky habarlaryň türki dilli döwletleriň dillerinde yzygiderli taýýarlanyp, ýaýlyma berilýändigini belledi. «Setanta» sport kompaniýasynyň täjirçilik boýunça direktory Dawid Jafaridzeda Irlandiýanyň Dublin şäherinden bu mediaforuma goşulýandygyna buýsanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň sportda ýeten uly üstünlikleri barada durup geçdi. Hytaý Halk Respublikasynyň «NAKADA» kompaniýasynyň wekilleri Guo Long we Ren Li mediaforuma gatnaşmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine hytaýlylaryň uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdi.

Azerbaýjanyň «Azer forum» portalynyň baş direktory Tura Ryzaýew hem Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurduň ýeten belent sepgitleriniň bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini aýratyn belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynda bilelikdäki işlere badalga berilmegi iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu waka bagyşlanan habarlar, çykyşlar, gepleşikler, filmler Azerbaýjanyň teleradioýaýlymlarynda, gazet-žurnallarynda we internet sahypalarynda gyzgyny bilen berildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy has-da ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunda milli habar beriş serişdeleriniň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda barha kämilleşdirilýändigi aýratyn nygtaldy. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly işler hem üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwlet komiteti Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň doly hukukly agzasy, sport toparynyň hem-de habarlar toparynyň agzasy bolup durýar. Sport metbugatynyň Halkara assosiasiýasy, Aziýa Sport žurnalistleri birleşigi bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Şeýle-de iri teleradiokompaniýalaryň 20-ä golaýy bilen şertnamalaryň we ähtnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilýär. «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bolsa gündelik habarlar paýlaşylýar. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miweleri bolup, halkymyzyň iň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Mahlasy, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara mediaforum köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy. Oňa gatnaşanlar bu ugurda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alyp barýan işlerini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Aýmyrat PIRJIKOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40577

16.09.2021