Myhmanyna gujak gerýär «Garagum»

Ýakynda, 19-njy noýabrda paýtagtymyzda «Garagum» oteliniň, şeýle-de oňa ýanaşyk ýerde «Erkin» seýilgähiniň açylmagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan, toýlara beslenen şanly ýylyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirdi. Açylyş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Erkin KÖSÄÝEW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan myhmansöýerlik, hoşniýetlilik ýaly asylly däplerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kaşaň myhmanhanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi hem «Myhman ataňdan uly» diýýän halkymyzda daşdan-ýakyndan gonak bolup gelenleriň ornunyň törden, hezzet-hormatynyň uludandygyna şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzyň gözel keşbine görk goşýan «Garagum» oteliniň açylmagy halkymyzyň baş şäherimize bolan söýgüsini has-da artdyrdy. Bu ajaýyp bina türkmeniň göwni ýaly giň Garagum sährasyny ýada salýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ýurdumyzyň çäginde uzak geçmişde uly kerwensaraýlar, düşlegler bolupdyr. Ümmülmez Garagum sährasynyň aňňat-aňňat depe-gollaryny aşyp gelen kerwenler olarda düşläp, dem-dynç alypdyrlar. Bu günki gün Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly çözgütleriniň netijesinde Hydyr gezen mukaddes sähramyzyň keşbi döwrebap otelde nur saçyp, görenleri haýrana goýýar. Oňa ýanaşyk ýerde täze «Erkin» atly seýilgähiň döredilmegi bolsa erkana durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň «seýilgähler şäherine» öwrülen paýtagtymyza buýsanjyny artdyrdy. Şeýle ajaýyp binalary, seýilgähleri gurduryp, merjen şäherimiz Aşgabady has-da gözelleşdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy:

— Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwrümiziň Beýik Binagäri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Gurulýan ajaýyp binalar «Aziýanyň merjen şäheri» adyny alan, şu şanly ýylda 140 ýyllygy giňden dabaralandyrylan paýtagtymyzyň görküne görk goşup, onuň Ýer ýüzündäki meşhurlygyny has-da artdyrýar. Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen «Garagum» oteli hem şeýle ajaýyp binalaryň biridir.

Täze oteliň Aşgabat Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşmeginde-de uly many bar. Ýakyn-alys ýurtlardan Diýarymyza gelen myhmanlar, ilki bilen, myhmansöýer halkymyzyň mukaddeslige deňeýän ümmülmez Garagum sährasynyň keşbini ýatladyp duran döwrebap oteli synlarlar. Bu ajaýyp binada olar ata-babalarymyzyň kämilleşdirip, nesillere miras goýan myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, güler ýüz bilen, mähirli garşylanar. Olara ýokary derejede hyzmat ediler. Munuň üçin otelde ähli şertler, mümkinçilikler döredilipdir. Myhmany güler ýüz bilen garşylamak merdana halkymyzyň asylly häsiýetleriniň biri. Muny hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp oteliň açylyş dabarasyndaky çykyşynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen parasatly setirlerini mysal getirmek arkaly nygtap belledi.

Döwrebap otelde halkara çäreleri geçirmek üçin hem uly mümkinçilikleriň bolmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Binanyň gurluşygynda, döwlet Baştutanymyzyň talap edişi ýaly, häzirki zaman arhitekturasynyň gazananlary milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Ekologik talaplar hem berk berjaý edilipdir. Paýtagtymyzyň binagärlik aýratynlyklaryna, olaryň adamlaryň oňaýly ýaşaýşyna, abadan durmuşyna gönükdirilmegine uly üns berýän milli Liderimize hemişe alkyş aýdýarys.

Oguloraz HALLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner:

— Biziň çagalyk döwrümizde çaňap ýatan meýdanlarda bu gün gupba ýaly owadan binalar gurulýar, ajaýyp seýilgähler döredilýär. Şonuň üçin häzirki hem-de geljekki nesiller bagtyýarlyk döwrüniň bagtly perzentleridir. Olaryň bagtyýar çagalygy, nurana geljegi üçin Gahryman Arkadagymyz uly alada edip, döwrebap şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýär. Açylyp ulanylmaga berlen «Garagum» oteli, «Erkin» seýilgähi hem munuň ýene-de bir mysalydyr. Sebäbi bu döwrebap otelde häzirki zaman derejesinde bilim alan, öz kärini söýýän ýaş hünärmenler, ogul-gyzlarymyz, agtyk-çowluklarymyz hem zähmet çekerler. Olar ýurdumyzda myhmanhana işewürliginiň, syýahatçylygyň ösdürilmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Hormatly Prezidentimiz millilige, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, asylly ýol-ýörelgelerimize uly sarpa goýýar. Gurulýan döwrebap binalarda-da milli aýratynlyklarymyzyň şöhlelendirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze oteliň ata-babalarymyzyň penakäri, ýaşaýyş sallançagy bolan bereketli Garagum sährasynyň keşbinde gurulmagy hem munuň aýdyň nyşanydyr.

Oteliň daşky hem içki bezegi, binagärlik aýratynlyklary bilen tanyş boljak daşary ýurtly myhmanlar halkymyzda millilige örän uly sarpa goýulýandygyna göz ýetirerler. Döwrebap otaglarda, dälizlerde goýlan dürli hili heýkelleri, diwarlardan asylgy nakgaşçylyk eserlerini synlap, türkmen tebigatynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsine, üstünden Beýik Ýüpek ýoly, kerwenler geçen Garagum sährasyna gaýybana syýahat ederler. Halkymyzyň durmuşynda, ruhy dünýäsinde, çeper döredijiliginde tebigatyň, esasan-da, Garagum sährasynyň, milli gymmatlyklarymyzyň näderejede uly orun tutýandygy barada düşünje alarlar. Binanyň hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrylan daş-töweregi, golaýynda döredilen «Erkin» seýilgähi bolsa bu ýerde arassa howa gurşawyny döredip, medeniýetli dynç almaga ýardam eder.

Goý, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä içre belende galdyrýan, şeýle ajaýyp binalary gurdurýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47514