Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Munuň, hakykatdan-da, şeýledigini şu ýylyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde getirilen maglumatlar hem aýdyň görkezýär.
Ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 6,2 göterim ýokarlandy, öndürilen önümiň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 14,6 göterim artdy.
Şeýle netijeleriň gazanylmagy ýurtda haryt-pul aýlanyşygynyň kadaly hereketini ýola goýmaga, ýurda gelýän erkin puluň köpelmegine we Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine amatly şertleri döredýär.
Üstümizdäki ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterime, çykdajy bölegi 96,1 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,5 göterim artdy. Şeýlelikde, ilatyň tölege ukyplylygy ýokarlandy, harytlara we hyzmatlara bolan ösen islegleri kanagatlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, maşgala girdejisini artdyrmak maksady bilen işjeň maýa goýum syýasaty ýöredilýär. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy. Ykdysadyýete goýulýan we daşyndan çekilýän maýa goýumlaryň yzygiderli artmagy ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýeti ýaramaz täsirlerden goramaga we býujetiň girdejilerini artdyrmaga zerur şertleri döredýär.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynyň netijelerine garalan mejlisiniň dowamynda ýolbaşçylara ýüzlenip, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň çalt depginde sanly ulgama geçirilmelidigini nygtady. Sanly ulgama geçmek wagty we serişdäni tygşytlamak bilen bir hatarda gözegçiligi güýçlendirmäge, maglumatlary tiz alyşmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, serişdeleriň tygşytly ulanylyşy üpjün ediler, zähmet öndürijiligi ýokarlanar, önümiň özüne düşýän gymmaty peseler, ykdysadyýetiň pudaklary has-da düşewüntli dolandyrylar.
Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň ähli senagat düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmagyň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň artdyrylmagy ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri ýeterlik möçberde öndürip, pudagy has-da düşewüntli dolandyrmaga giň mümkinçilik berer.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi yzygiderli artýar. Bu diňe bir içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge şert döretmän, elektrik energiýasynyň belli bir bölegini eksporta ugratmaga-da esas berýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda energetika halkasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklaryny dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Gurluşyk, energetika hem-de senagat pudaklaryny ýokary depginde ösdürmek üçin bolsa bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak zerurdyr.
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda uly üstünlikler gazanylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eýýäm geçen on aýda önümçiligiň ösüş depgini 108,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagy ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge, ilaty oba hojalyk önümleri bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge, ondan artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigi barada hem degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda amala aşyrylýan işler barada birin-birin durlup geçildi. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilendigi, Döwlet hünär bilim edaralary hakyndaky düzgünnamalaryň tassyklanandygy, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda, yokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleriniň ýerine ýetirilýändigi aýdyldy. Bu ulgamlarda alnyp barylýan köpugurly işler özüniň oňyn netijelerini berýär we olary ähli babatda halkara derejelere çykarmaga esas bolup hyzmat edýär.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty barha dabaralanýar, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy yzygiderli artýar. Munuň aýdyň mysallaryny şu ýylyň on aýynda hyzmatdaş döwletler, abraýly halkara guramalar bilen alnyp barlan işlerden we gazanylan ylalaşyklardan hem görmek bolýar. Daşary ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi diňe bir milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ösüşine-de saldamly goşandyny goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, eksport mümkinçilikleriniň artmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy ugrunda netijeli işleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46224