Saglyk — abatlyk

Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Irden görşülende hem «Sag-aman ördüňizmi?» diýlip sowal berilýär. Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyzyň toý dessurlarynda diş toýy, galpak toýy, sünnet toýy, leçek toýy, akgoýun toýy diýlen düşünjeler hem saglyk baradaky aladalaryň jemgyýetçilik esaslylygyndan gözbaş alýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Halkymyzyň edep-terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar.

Gürrüň bermeklerine görä, bir adam hemişe gününden närazy bolup ýörmüşin. Şol zerarly hem ol gününiň süýjüsini bilmändir. Bir gün hem ol çöle çykypdyr-da: «Heý, mundan hem ýaşaýyş bolarmy?! Indi näme etsemkäm?!» diýip otyrka, oňa ýagşyzada duşupdyr. Ol: «Be-e, çölde gudrat bar diýleni boldy» diýip begenipdir. Ýagşyzada oňa:

— Näme dilegiň bolsa aýt! — diýipdir. Ýaňky adam:

— Maňa köp altyn berseň, galan ömrüme hiç zadyň gaýgysyny etmän ýaşasadym — diýipdir. Ýagşyzada ilki başyny atan ýaly edipdir-de, soňundanam:

— Ýeri, bolýar, men seniň dilegiňi hasyl edeýin. Aslynda-ha, altyn-pul gadyryny biljek, mätäç kişilere berilýär. Ýagşy adam, sen muny bilýänsiň, hemişe adamlar bilen gadyrly bolup ýaşajakdygyň alamaty hökmünde sen maňa näme berersiň? — diýip, onuň ömür aňyna gelmejek sowalyny beripdir. Ýolagçy adam ilkibada näme diýjegini bilmän aljyrapdyr, soňundanam özüni ele alyp:

— Wah, men seni ömür unudarynmy? Isleýşim ýaly altynym bolsady, diýeniňi bereýin, aýt, näme isleýärsiň? — diýipdir.

— Men baýlyk islemeýärin, maňa sagat syna gerek. Sen maňa öz sagat synaň birini berseň, baýlyk diýýäniňi dag ýaly edibem berip bilerdim — diýip, ýagşyzada oňa seredipdir.

Ýolagçy adamyň bar keýpi gaçypdyr. Öz-özüne käýinipdir: «Wah, ýönekeýräk bir zatlar dilän bolsamam bolardy. Şu çölden tizräk gider ýaly, özüme güýç-gurbat, gaýrat diläýmeli ekenim» diýip, gussa batypdyr. Ýagşyzada oňa:

— Men seniň özüňdäki zady diledim, sen şony hem bitirip bilmediň — diýip, ýaňadan habar gatypdyr.

Şonda ýaňky adam:

— Synam abat bolmasa, altyny näme edeýin? — diýip, gussaly dem alypdyr.

— Sen özüňde bar zadyň gadyryny bilmediň — diýip, ýagşyzada şolbada onuň gözünden gaýyp bolupdyr.

Bu rowaýatda beýan edilişi ýaly, saglyk ynsanyň on iki synasynyň abatlygyndadyr. Türkmençilikde on iki synanyň abatlygy diýlen düşünje durmuş baradaky umumy derejäni kesgitlemekde ilkinji şertdir. Başyň amanlygy, on iki süňňüň abatlygy ýaşaýşyň hözirliligini duýmagyň üçin gerekdir. Türkmençilikde käteler gepiň äheňinden many alybam «Saglykmy?» diýilýär. Şeýle diýilmegi saglygyň ilkinji hem-de esasy gymmatlykdygynyň jemgyýetçilik ykrar edilmesini aňladýar.

Saglyk diýmegiň manysynda dogry ýaşamak hakyndaky düşünje bardyr. Soňky ýyllarda sagdyn ýaşaýyş diýen düşünjä has uly ähmiýet berilýär. Saglyk diýlende, adamyň synasynyň sagdynlygy barasyndaky aladalar göz öňüne gelse-de, ol pikirleriň sagdyn bolmagyny hem aňladýar. Pikirler sagdyn bolanda, syna hem sagdyn bolýar...

Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalyndaky täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň we ýaşaýşa ynamynyň subut edilen durmuş sahypasydyr. Durmuşyň bize galdyran sagdyn ýaşamak babatdaky tymsalynyň mazmuny sportda jemlenýär. Sport — saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr.

Goý, özgerişli durmuşda size üstünlik ýaran bolsun! Şähdiňiz açyk, göwnüňiz hoş, durmuşyňyz hözirli bolsun! Adamyň durmuşdaky işjeň ornuna we döredijilikli tagallalaryna saglyk ýaly güýç berýän baýlyk ýok. Size tut ýaly jan saglygyny, maşgala agzybirligini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42836