Aşgabat, 30-njy sentýabr (TDH). Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” köpugurly toplumyň açylyş dabarasy boldy. Şu gün toplumyň düzümine girýän Söwda we dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Hökümet agzalary çagalary, agtyklary bilen bolup, merkezde çagalaryň we uly adamlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar.
Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň ösen häzirki zaman şähergurluşyk tejribelerini özünde jemleýän bu desgalar toplumy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda ulanylmaga berildi.
Täze taryhy eýýamda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli görnüşli, şol sanda durmuş maksatly iri desgalar, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem açylyp ulanylmaga berilýär. Munuň özi ilatyň durmuş üpjünçiligine, halkymyzyň amatly ýaşamagy, zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Bu gün Aşgabat dünýäniň we sebitiň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda innowasiýalary, iň gowy inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, täze Söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumynyň halkara derejedäki güwänamalara eýe bolandygyny bellemeli. Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşi tarapyndan bu topluma “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänama, Dokland,s (London) ylmy-barlag akademiýasynyň “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy. Şeýle hem bu merkeze Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärçilik instituty tarapyndan “Özboluşly dizaýn” güwänamasynyň berlendigini we onuň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigini bellemeli.
Eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňeldilmegini hem-de ilatynyň artmagyny nazara almak bilen, işlenip taýýarlanylan bu taslamada söwdanyň we dynç alşyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini bellemeli. Şeýlelikde, täze merkezde dynç alyş üçin ähli zerur şertler döredildi. Şunda körpe nesiller üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm üns berilýär. Ýaş nesilleriň abadançylygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Söwda we dynç alyş merkeziniň täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly gurnalan aýdym-sazly, yşykly içki suw çüwdürimleriniň sazlaşygy bu ýere gelýänleriň ruhuny göterýär. Merkeziň häzirki zamanyň ösen tejribesine esaslanýan bezeg aýratynlyklary adamlara ýakymly täsir edýär. Onda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalarda häzirki zamanyň ösen tejribesine möhüm üns berilýändigini aňladýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilatyň köpugurly isleglerini kanagatlandyrmak, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmeklerine ýardam bermek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelýän söwda kärhanalarynyň işiniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.
Şeýle hem Söwda we dynç alyş merkezinde islän harydyňy satyn almak, maşgala bolup dynç almak, dürli söwdalary guramak, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin şertler döredildi. Bu ýerde özboluşly usulda taýýarlanan milli tagamlar hödürlenilýär. Süýji tagamlary halaýanlar çaý başynyň bezegi bolan dürli süýji önümlerini satyn alyp bilerler.
Merkeziň çäginde körpeler üçin niýetlenen güýmenje mekanlary has-da özüne çekýär. Onuň düzümine körpeler hem-de uly ýaşly çagalar, maşgala bolup dynç alýanlar üçin ýörite bölümler hereket edýär. Attraksionlaryň, oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi çagalaryň we ýetginjekleriň ösen islegini kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Merkeze gelen çagalar olary uly höwes, şatlyk bilen oýnaýarlar. Toplumda oýunlar ulgamyndaky örän gyzykly hem-de özüne çekiji täze enjamlar goýlupdyr. Olar hatda uly ýaşly adamlaryň hem ünsüni özüne çekýär.
Bu ýere gelýän çagalar we ene-atalar döredilýän mümkinçilikler, şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar. Olar häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde ýaş nesilleriň gowy okamaklary, sazlaşykly ösmekleri hem-de şadyýan dynç almaklary babatda ähli şertleriň döredilýändigini uly guwanç bilen belleýärler.
Mundan başga-da, dynç alyş we güýmenje toplumynda kinoteatr, bilýard we bouling oýnamak üçin meýdançalar ýerleşýär. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlup, ulanylmaga berlen köpugurly Söwda we dynç alyş toplumy Aşgabadyň esasy binagärlik aýratynlyklarynyň birine öwrüldi. Ol milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42047