Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.
Dostlugy pugtalandyrmagyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, umumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin has oňaýly şertleri kemala getirmekde ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.
Türkmenleriň milli däp-dessurlaryndaky belent ynsanperwer umumadamzat ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply edebi döredijiliginde beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri halkara jemgyýetçilikde örän uly gyzyklanma döredýär.
Bu gün birnäçe ýüzýyllyklar ozal bolşy ýaly, türkmen we özbek halklary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hem-de özara doganlyk goldawyny bermek däpleriniň umumylygyna, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlydygyny görkezýärler.
Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy aprelde, mukaddes Oraza aýynda Gypjakdaky Türkmenistanyň Baş metjidinde beren agzaçar sadakasyna Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagy şaýatlyk etdi. Bu sadaka milli Liderimiziň çuňňur hormatlanylýan kakasynyň aradan çykmagynyň ýedisinden soň birinji anna agşamy sadakasy boldy.
Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, häzir onuň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklarynda, dürli çäreleriň, özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginde ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Şonuň bilen birlikde, däp bolan bilim we ylym gatnaşyklary ösdürilýär, beýik türkmen we özbek alymlarynyň, akyldarlarynyň, şahyrlarynyň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.
Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-özbek hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka, Türkmenistanyň Baştutanyna goýulýan çuňňur hormat, täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine milli Liderimiziň goşýan uly goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27488