Watanyň wepaly Ogly

Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar hakydalarda ebedilik galar

Ömrüni we ykbalyny Watana bagyşlan ynsanlary taryham, halkam hakydasyndan çykarmaýar. Olaryň durmuş ýoly nesilleri watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ähli döwürler üçin nusgadyr. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşy hem tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebidir.

Şu ýylyň 18-nji aprelinde, mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda 89 ýaşynyň içinde aradan çykan Mälikguly aga özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi.

Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly dürdäne kitaplarynda mähriban kyblasynyň zähmet ýolunyň durmuşa, Watana, il-ulsumyza çäksiz söýgi, mertlik, tutanýerlilik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, ynsanperwerlik mekdebi bolup, üstünliklerden-üstünliklere atarandygyny, bagta eltýän çelgi bolup, her hili çykgynsyz pursatlarda, her bir ädimde hemaýat-goldaw berendigini ýazýar.

Jemgyýetçilik tertibini goramak, howpsuzlygy üpjün etmek, jenaýatlaryň öňüni almak we olaryň üstüni açmak içeri işler edaralarynyň esasy wezipeleridir. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýerine ýetiriji döwlet häkimiýetiniň möhüm bölegi bolan milli hukuk goraýyş ulgamynyň kemala gelmeginde Mälikguly aga aýratyn orun degişlidir. Özüniň ömrüni we ykbalyny halkymyza gulluk etmäge, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň bähbitleriniň goragyna bagyşlan bu beýik ynsanyň bitiren hyzmatlary nazarda tutulyp, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medal döredildi, Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölümine, şeýle-de ministrligiň 2020-nji ýylda paýtagtymyzda açylan täze ýaşaýyş jaý toplumyna içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Bagtyýar halkymyzyň isleg-arzuwlarydyr tekliplerinden gözbaş alan bu çözgütler ýurdumyzyň asudalygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin jan aýaman zähmet çeken, gujur-gaýraty bilen il-halkymyza hyzmat eden ilhalar ynsana jemgyýetçilik söýgüsiniň örän uludygyny görkezýär. Halk gahrymanlarymyzyň atlaryny ebedileşdirmek bilen, biz halallyga, asudalyga, parahatçylyga, agzybirlige, ynsaply ýaşaýşa dowamat berýäris. Sebäbi biz jemgyýetimize halallyk, ynsaplylyk ýörelgelerini öz şahsy göreldesi bilen ündeýän raýatlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýarys.

Watanyň wepaly Ogly Mälikguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz, tutanýerli zähmet çekip, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly hyzmatlary bitirdi. Belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe boldy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary üçin il-halka wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Mähriban ynsanyň ýarym asyrdan-da gowrak wagt mundan ozal döreden hem-de häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýän goşgulary, olara döredilen aýdymlar Watana, ene topraga, bagtyýar durmuşa bolan söýginiň senasyna öwrülip, halkyň kalbynda müdimilik orun aldy.

Mälikguly aga — Watana bolan söýgini ömrüniň manysyna deňän beýik ynsan. Onuň ömür terjimehaly, ýazan goşgulary bilen tanşanyňda, bu hakykatyň magadyna ýetmek bolýar. Mälikguly aganyň «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly çuňňur watançylyga ýugrulan goşgusyndaky şu bent hem aýdylanlara mysaldyr:


Aslymy yzlasam, mertdir pederim,
Şu toprak hakdadyr beýik eserim,
Şu Watany söýüp-söýüp öterin,
Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar.


Manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden, ömür salyny tutuş yslam dünýäsi üçin mukaddes saýylýan mübärek Oraza aýynda tamamlan beýik ynsan Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky röwşen ýatlamalar türkmenistanlylaryň kalbynda ebedi ýaşar. Mälikguly aganyň bitiren hyzmatlary, nusgalyk ömür ýoly ýaşlary watanperwerlik ruhunda terbiýelemekde mizemez binýada öwrüler.

«TÜRKMENISTAN»


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29964