Aşgabat, 10-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi.
Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk desgalarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.
Ata Watanymyzyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolan şanly seneleriň hormatyna dabaraly çäreleriň, aýdym-sazly çykyşlaryň, bäsleşikleriň, paýtagtymyzyň gözel ýerleri boýunça gezelençleriň, sergileriň we maslahatlaryň, sport ýaryşlarynyň we beýleki çäreleriň guralýandygy aýdyldy.
Aşgabat şäheriniň häkimi häkimligi we paýtagtymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýurdumyzyň baş şäheriniň şanly 140 ýyllygynyň hormatyna ekologiýa çäresiniň yglan edilip, awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilendigini mälim etdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegi, welosiped sürmegi halaýanlaryň sanynyň artmagy, täze ekologik medeniýetiň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin ekologiýa we sport çäreleriniň geçirilmegi milli Liderimiziň başyny başlan maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy aralygynda hem şäher awtobuslaryndan, taksilerinden we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryndan başga awtoulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär. Adamlaryň sagdyn durmuşy üçin amatly gurşawy döretmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmäge hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilen bu çäreler ilatyň giň goldawyna eýe bolýar.
Paýtagtymyzy tomus möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň döwrüň döredijilik ruhuna kybap gelmegi üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Bu gün Aşgabat sazlaşykly ösýän döwrebap şäher diýlip ykrar edildi, bu ýerde adamyň bähbidine ähli işler amala aşyrylyp, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inženerçilik-tehniki pikir hem-de milli binagärligiň gadymy däpleri sazlaşykly utgaşýar. Şonuň üçin paýtagtymyzda binalaryň gurluşygy berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän tomusky dynç alyş möwsümi barada durup geçmek bilen, çagalar üçin niýetlenen dynç alyş zolaklaryny möwsüme taýýarlamak, olarda wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin şertleri döretmek meselelerine üns berilmelidigini belledi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, şeýle hem «Aşgabat-sitiniň» taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýubileý desgalarynyň we beýlekileriň döwrüň talabyna laýyk ýokary hiliniň we gurluşyklaryň möhletleriniň berjaý edilmelidigine ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz «Aşgabat-siti» taslamasynyň hödürlenen çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini we düzedişlerini girizdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, işlenip taýýarlanylýan täze şäheriň taslamalarynda hökmany ýagdaýda milli binagärligiň iň oňat däpleri hem-de dünýäniň öňdebaryjy şähergurluşyk usullary we şunuň bilen birlikde, taslamanyň maksatnamasynyň özeninde goýlan innowasion çemeleşme sazlaşykly utgaşmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri, baýramçylyk desgalarynyň gurluşygynyň barşy hem-de öňümizdäki şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, ekinlere ösüş suwy tutulyp, olara degişli ideg işleri geçirilýär. Kombaýnlary we awtoulaglary, galla kabul edýän ammarlary galla oragyna taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bereketli hasyl almak, olaryň ir ýetişýän görnüşleriniň hasylyny öz wagtynda ýygnamak boýunça işler amala aşyrylýar. Daýhan hojalyklarynda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda işler gyzgalaňly dowam edýär.
Welaýatyň ähli düzümleri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça işleri sazlaşykly amala aşyrýarlar.
Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşygyň depginlerini güýçlendirmek arkaly bellenilen möhletinde ulanmaga tabşyrmak üçin çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda geçirilýän işleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydygyny, ähli ulgamlaryň bökdençsiz işlemegine üns berilmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz agrotehniki kadalara laýyklykda, ak ekinlere degişli derejede ideg etmegiň, ösüş suwuny tutmagyň hem-de mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmegiň hasabyna ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günler geçirilýän meýdan işleri bilen bir hatarda, ýetip gelýän galla oragyna degişli derejede taýýarlyk görülmelidir, galla orýan kombaýnlaryň, hasyly daşaýan awtoulaglaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň möwsüme doly taýýarlanylmagyna üns berilmelidir, bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň guramaçylykly we öz wagtynda geçirilmegi üçin zerur çäreler görülmelidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ideg etmek boýunça işler barada durup geçmek bilen, olaryň agrotehniki kada laýyklykda geçirilmegini tabşyrdy. Bereketli hasyly almak üçin oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň mümkinçilikleri doly peýdalanylmalydyr.
Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, gök-bakja ekinleriniň we ýeralmanyň bereketli hasylyny almak möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz şol ekinlere agronomçylyk talaplaryna laýyk ideg etmek, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ekinleri suw bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de rejeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçuklaryna ideg etmek möwsümini öz wagtynda tamamlamak hem-de pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany doly ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşynyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, bugdaýa, gowaça, ýeralma hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler, ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleri ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatyň häkimi ýetip gelýän galla oragyny guramaçylykly geçirmek, oňa kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häkimiň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň dokma pudagy üçin gymmatly çig mal bolan pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalar edilýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, şu ýyl üçin kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda hem agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini belledi. Ýetip gelýän galla oragyna degişli derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek babatda yzygiderli tagallalar edilmelidir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň depginini çaltlandyrmak, kombaýnlary, awtoulaglary hem-de harmanhanalary orak möwsümine doly taýýarlamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de suwdan rejeli peýdalanmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, soganyň hem-de beýleki gök we bakja önümleriniň bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmek barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek bilen baglanyşykly meseleleriň, bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Bulardan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli işleriň üstünlikli hem-de doly ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurulmagynyň döwrüň talabydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de maý aýynda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramak babatda anyk görkezmeler berildi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde işleriň ýagdaýy, dowam edýän möwsümleýin meýdan işleri, şol sanda gögeriş alnan gowaça we bugdaýa agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Tehnikalary galla oragyna taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Gök ekinleriň, ýeralmanyň, soganyň we beýleki ekinleriň bereketli hasylyny almak üçin degişli çäreler görülýär.
Şeýle hem häkim ýüpek gurçuklaryna ideg etmegiň barşy, kabul edilen degişli borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerlerde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini nygtady. Gowaça ideg edilende, agrotehniki kadalar berjaý edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häkime ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmak, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýdyp, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.
Pile öndürmek hem-de kärendeçi-ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilmeli işler barada hem degişli tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz welaýatda ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berip, şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň ýokary hilli we möhletinde ýerine ýetirilmegi barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň şanyna açylmagy meýilleşdirilen desgalary öz wagtynda ulanmaga bermegiň möhümdigini belledi.
Soňra sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, gowaça ideg edilişi, bugdaýly meýdanlara ösüş suwunyň tutulyşy, kombaýnlaryň, awtoulaglaryň, däne kabul ediş bölümleriniň öňdäki galla oragy möwsümine taýýarlanylyşy, gök-miwe önümleriniň öndürilişi we ýüpek gurçuklaryna ideg edilişi barada habar berildi.
Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depgini, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyklary hem-de iýun aýynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bereketli bugdaý hasylyny, gowaça we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan bellenen ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijiligini üpjün etmek, we galla orujy tehnikalarydyr galla kabul edýän harmanhanalary möwsüme taýýarlamak babatda wezipeleri çözmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gök-bakja ekinlerine, ýeralma ýokary hilli ideg etmek meselelerine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz welaýatyň zähmetkeşleriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin olara zerur şertleriň döredilmegini talap etdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyny üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şol desgalarda işleri kesgitlenen möhletlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeleri ulanmak bilen alnyp barylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz däp boýunça Medeniýet işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi baradaky meselä degip geçip, onuň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çärelere düýpli taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmek barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy barada, gowaça we beýleki azyklyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek, ekerançylyk meýdanlaryny ösüş suwunyň zerur möçberleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häkim galla oragynda işlediljek kombaýnlary we awtoulaglary taýýarlamak işleriniň güýçli depgin bilen alnyp barylýandygyny, şeýle hem galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak üçin çäreleriň görülýändigini habar berdi.
Mundan başga-da, häkim şu günler sebitde agrotehniki kada laýyklykda pile taýýarlamak baradaky meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, ýüpek gurçuklaryna ideg edilýändigi barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýy hem-de öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Gowaça we bugdaýa agrotehniki kada laýyklykda öz wagtynda ideg edilmegi bereketli hasyly almagyň özenidir diýip, milli Liderimiz häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ilaty dürli gök önümler bilen doly üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipesidigini aýdyp, gök-bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pile önümçiliginiň dokma senagatyny ösdürmekde ähmiýetini belläp, bu meseläni üns merkezinde saklamagy tabşyrdy hem-de häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Şeýle hem alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak, desgalary, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagy hem-de öňümizdäki baýramçylyklara ýokary derejede taýýarlyk görülmegine degişli tabşyryklar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzdaky ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, gowaça we beýleki ekinlere ideg etmek, galla oragyny öz wagtynda hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny gowulandyrmak hem-de obasenagat toplumynda suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çärelere aýratyn üns çekildi. Bar bolan suw desgalarynyň işi we täze suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny gowulandyrmak we suwdan oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu işler önümçilige bu ugurda dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň esasynda alnyp barylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek üçin akabalary öz wagtynda arassalamagyň, suw desgalarynyň we suw sorujylaryň saz işledilmegine gözegçilik etmegiň, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki wagtda gurulýan suw howdanlarynyň hem-de beýleki suw hojalyk desgalarynyň bellenen tertibe laýyklykda ulanylmaga tabşyrylmaly möhletlerini berjaý etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, oba hojalyk ekinleriniň bol, bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen baglanyşykly ähli möwsümleýin meýdan işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna pugta laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady. Agrotehniki möhletleri berjaý edip, gowaça degişli derejede ideg edilmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr, galla oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlanylyp, galla orujy kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we bugdaý kabul edýän bölümleriň oraga taýýarlygy üpjün edilmelidir.
Soňra milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni ýurdumyzda ekologik medeniýeti kemala getirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulagyň saglyk üçin peýdaly bolan welosiped görnüşini ulanmak bilen bagly guralýan ekologik çäräniň ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28354?type=feed
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlar toýlara ulaşýar. Häzirki wagtda barha ösýän we özgerýän paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görmek we ony dabaraly belläp geçmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda baş şäherimizde ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy günlerinde paýtagtymyzda hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.
Geçirilmegi däbe öwrülen bu çäre adam üçin zerur bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini, arassaçylyk kadalaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bu ekologik çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Paýtagtymyzyň abadançylygyna goşant goşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28197
Milli Liderimiz Ýeňiş gününiň 76 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda umumyhalk baýramçylygy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaralandyrylýan ýylda Ýeňiş güni Oraza aýynda bellenilýän seneler bilen gabat geldi. Olar türkmen halkynyň öz ruhy köklerine, hoşniýetliligiň maksatlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna mizemez ygrarlydygynyň beýanydyr.
Bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, milli däplerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz olary berjaý edýär hem-de olara uly sarpa goýýar. Ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagy jemgyýetimiziň hemme taraplaýyn sazlaşykly ösmegine hyzmat edýär.
Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular.
Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň — Watan goragçylarynyň görkezen söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup, müdimilik ýaşar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlary, mukaddes borjuny mynasyp berjaý edip, ojaklaryna dolanyp gelenleri, tylda zähmet çekenleri, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryny sarpalamak çäreleri geçirildi. Beýik Ýeňşiň hormatyna her ýyl uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan naçarlara — mähriban enelerimize gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Watanymyzyň azatlygyny, garaşsyzlygyny gorap saklan edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkymyzyň taryhyna girip, ol milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi.
Halkymyzyň edermen ogullary we gyzlary beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçirip, dünýäde parahatçylyk, asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşlerde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgalaryny görkezdiler. Olaryň hatarynda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu günki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasydyr.
Watandaşlarymyzyň müňlerçesi adamzadyň taryhynda örän ýowuz we rehimsiz uruşlaryň biriniň jeň meýdanlarynda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy üçin söweşjeň ordenlerdir medallar bilen sylaglanyp, «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldular.
Bu gün ähli zatlar — ýaz ýagşyna ýuwlan baglar, ýadygärlige goýlan gül desseleri, ak saçly weteranlaryň döşündäki ordenler we medallar çäräniň öwüşginini artdyrdy.
Türkmen halkynyň harby däplerini, edermen ata-babalarymyzyň watançylyk wesýetlerini miras alan ýaş esgerler hormat garawulynda durlar.
Harby şöhratyň we umumyhalk hatyrasynyň mukaddes ýerine öwrülen belent ýadygärlikleriň etegine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp gül çemenleri goýulýar.
Soňra şu günki çärä gatnaşyjylar ýadygärlige gül desselerini goýýarlar. Milli Gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmek üçin bu ýere talyp ýaşlarymyz, şöhratly ata-babalarymyzyň — frontçy gahrymanlaryň agtyklary we çowluklary hem geldiler. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli olara buýsanýar.
Biziň ýurdumyz okgunly ösüşiniň häzirki döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugry türkmen halkynyň doly goldawyna hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden ykrar etmegine eýe bolýar. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi türkmenistanlylaryň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň kepilidir.
Türkmenistanyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilmeginiň milli däplerimiziň dowamlylygynyň hem-de ata-babalarymyzyň edermenligine goýulýan hormatyň mynasyp beýanyna öwrülendigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlary parahatçylygy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de bu ýere ýygnananlar agzaçar sadakasy beriljek ýörite jaýa bardylar.
Milli Liderimiz özi üçin ýörite bellenilen ýere geçip, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda her ýyl mukaddes, parz işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Geçmiş taryhymyza sarpa goýup, “Milletiň ogullary” ýadygärliginde Watan üçin wepat bolanlary, “Baky şöhrat” ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, “Ruhy tagzym” ýadygärliginde Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz şu gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanyň ogul-gyzlaryny, urşa gidenleriň yzynda galan naçar maşgalalary, şeýle hem eziz Watanymyzyň azatlygy ugrunda janyny pida edenleri ýatladyk.
Halkymyzyň başyna düşen örän agyr günlerde, Aşgabatda 1948-nji ýylda bolup geçen tebigy betbagtçylykda şehit bolanlary ýatladyk. Olara tagzym etdik diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu pajygaly senelerde ýitgi hem boldy, ejir hem çekildi. Şol döwürlerde wepat bolanlaryň, tebigy betbagtçylyklarda şehit bolanlaryň ählisini hatyraladyk. Olara tagzym etdik. Mukaddes Oraza aýynda olaryň ýatan ýerleriniň ýagty bolmagyny, jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edýäris.
Ine, şu gün biz Oraza aýynda agzaçar sadakasyna gatnaşýarys. “Ölüsini sylan beg bolar” diýipdirler. Biz hem mukaddes däp-dessurlarymyza eýerip, ata-babalarymyzyň ýoluny dowam edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu gün Watanymyzyň merdana ogul-gyzlarynyň, şehit bolanlaryň hatyrasyna ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsinden tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dilegler edenden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi.
Nahardan soň, aýat-töwir edilip, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň dowamat-dowam bolmagy, halkymyzyň agzybirligi, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, köpugurly işlerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze üstünlikleriň hemra bolmagy dileg edildi.
* * *
Şu gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda bu senäniň — Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň hormatyna gül goýmak çäreleri geçirildi, däbe öwrülen agzaçar sadakalary berildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda Beýik Ýeňşiň şanyna geçirilen medeni çäreler Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28221?type=feed
Öňňin paýtagtymyzda ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat bolan bu eser her bir türkmenistanlyda buýsanç duýgusyny döretdi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek sözlerini ýazga geçirdik.
Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy:
— Ilki bilen, ähli türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy, şeýle hem milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärin.
Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýgytly gadamlar bilen, täze bir röwüşde öňe barýarys. Şu ýyl paýtagtymyzyň esaslandyrylmagyna hem 140 ýyl dolýar. Golaýlap gelýän bu şanly baýramçylyga watandaşlarymyz, şol sanda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Medeniýet hem-de sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar bolsa kinodyr sahna eserlerini, aýdymdyr sazlaryny, goşgulardyr hekaýalaryny bu toýa sowgat edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgady boldy. Täze kitap paýtagtymyz baradaky taryhy maglumatlara baýlygy, buýsançlylygy, çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Täze eserde Aşgabat parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşmeýilliligiň, ýürekdeşligiň şäheri bolup dabaralanýar. Bu gymmatly kitap paýtagtymyz baradaky bagtyýarlyk we buýsanç senasydyr.
Paýtagtymyzy ösdürmek babatda beýik işleri alyp barýan milli Liderimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Şowhunly aýdym-sazlaryň owazy mydama belentden ýaňlanyp dursun! Toýlarymyz toýa ulaşsyn!
Her gymmatly eseriňiz zamanaň bagty, Arkadag!
Her jümläňiz, her sözüňiz kalplara ýagty, Arkadag!
Çary ATAÝEW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:
— Dana Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgat boldy. Ine, şu günki tanyşdyrylyş dabarasynda şol kitap biziň elimize gowuşdy. Ilki bilen bellemeli zat: kitapda paýtagtymyzyň şöhratly düýni, buýsançly şu güni, bagtyýar ertiri giňişleýin şöhlelendirilýär. Kitap owadan suratlar bilen bezelipdir. Şol suratlaryň üsti bilenem şäheriň gözelligini synlap oturmaly.
Aşgabat — köp wakalara şaýat bolan şäher. Biz ömrümiziň ençeme ýylyny paýtagt şäherimiz bilen bile geçirdik. Köp wakalara janly şaýat bolduk. Bilşimiz ýaly, paýtagtymyzyň häzirki keşbi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda paýtagtymyz sanlyja ýylyň içinde düýpgöter özgerdi, ösdi, gözelleşdi. Bu gün ony görmäge göz, taryp etmäge söz gerek.
Şäher gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanylýar. Sen bina guran wagtyň şu günüň däl, geljegiňem aladasyny edýäň. Diýmek, şu güni bilen birlikde ertesini gurýan adam alkyşa mynasyp iş bitirýär. Bu gün bütin türkmen halky jem bolup, Gahryman Arkadagymyzy alkyşlaýar. Nesip bolsa, paýtagtymyzyň taryhyny özünde jemleýän täze kitap ýaşuly-ýaşkiçiniň ýankitabyna öwrüler.
Ýaşuly nesliň adyndan hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň höwrüniň köp, döwet galamynyň mundan beýläk-de ýiti bolmagyny arzuw edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy:
— Adyndan belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze kitaby paýtagtymyza bagyşlanan özboluşly, ajaýyp eserdir. Kitaby boýdan-başa sahaplap oturyşyňa, paýtagtymyzyň bu günki ýeten derejesine haýran galýarsyň.
Kitapda şäheriň dürli künjeklerinden düşürilen owadan suratlara-da giň orun berlipdir. Bilşimiz ýaly, uzak geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň öňe süren täzeçil şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda täze binalaryň ulanylmaga berilmegi ähli türkmenistanlylar üçin uly toý sowgadyna öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary paýtagtymyzy has-da ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işlere yzygiderli gatnaşýarlar. Binagärlik sungatynyň soňky gazananlaryny millilik bilen sazlaşdyryp gurulýan döwrebap binalaryň taslamalaryny ýerine ýetirýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby biziň okuw gollanmamyza öwrüler diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Täze eser paýtagtymyzyň taryhyny, binagärlik aýratynlygyny, geçmişini, geljegini özünde jemleýär.
Bizi her bir baýramçylykdyr şanly seneleriň öňüsyrasynda täze eserleri bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyza köp alkyşklar aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28205
Halkymyzyň ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, COVID-19 pandemiýasy zerarly, agyr synaglary başdan geçirýän Hindistan Respublikasynyň halkyna doganlyk kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ynsanperwerlik ýüküniň sanawyny kesgitlemegi, şu mukaddes Oraza aýynda bu dostlukly ýurda ýüküň guramaçylykly iberilmegini we gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri sebitiň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary saklap gelipdir. Bu asylly däp nesilden-nesle geçip gelýän parasatly milli ýörelgeleriň biridir. Biziň ýurdumyz bu ýörelgelere eýerip, häzir bütin dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy zerarly çynlakaý synag bilen ýüzbe-ýüz bolan hindi halkyna hem doganlyk goluny uzadýar.
Türkmenistan bilen gadymy taryhy, ruhy we medeni kökleri baglanyşykly bolan Hindistan ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Ýurdumyzda bu ýurt bilen gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan bu ynsanperwerlik çäresi dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň mizemezdiginiň nobatdaky subutnamasydyr we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28209
AŞGABAT, 8-nji maý (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.
Şu gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleri, görnükli ýazyjy-şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Çykyşlarda täze eseriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal meşhur kitaplarynyň hataryny artdyrandygy buýsanç bilen bellenildi hem-de şu mynasybetli milli Liderimiziň adyna gutlag sözleri aýdyldy. Täze kitaby eliňe alan dessiňe, onuň sahypalaryny agdaryp, paýtagtymyzyň gözel görnüşlerini synlap, ony okamak, kitap bilen ýakyndan tanyşmak höwesi döreýär. Täze kitabyň ajaýyp mazmuny, bezelişi, çaphana işleriniň hem ýokary derejede ýerine ýetirilmegi onuň täsirliligini artdyrýar.
Dabarada çykyş edenler bu kitapda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza söýgüsiniň beýan edilendigini aýratyn nygtadylar.
Owadan Aşgabat şäherimiz barada her birimiziň ýüregimizden çykýan “Arkadagymyzyň ak şäheri” diýen jümläniň döremegi ýöne ýerden däldir. Arkadag Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, durmuş we hyzmatlar ulgamy soňky ýyllarda has özgerdi. Şularyň ählisi hem ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin bolýar. Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ösdürilmegi tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz kitabyň girişinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz —
diýen goşgy setirlerini getirýär.
Milli Liderimiziň kitabyň başynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine ýüzlenmegi nusgalyk edebiýatymyzyň nesilleri baglanyşdyrýan uly güýjüni aýan edýär.
Kitabyň “Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar” atly ikinji bölüminde milli Liderimiz «ak arzuwlar», «ak şäher» söz düzümleriniň manysyny düşündirmek arkaly halkymyzyň gowy niýet tutunmak hakyndaky ynamyny beýan edýär.
Kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär. Okyja özboluşly binagärlik desgalarynyň täsinligini, giň şaýollary, iň täze awtobanlary synlamaga mümkinçilik berilýär. Bu ajaýyplyklaryň ählisi soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda guruldy. Çünki Aşgabat ýaşaýjylar üçin döredilen oňaýly şertleri babatda hem, hili babatda hem Ýewropanyň iň döwrebap paýtagtlaryndan pesde durmaly däldir we pesde durýan däldir, hemme babatda nusgalyk şäher bolmalydyr. Ol medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça ösüş merkezidir.
Kitap 6 bölümden ybarat bolup, ýeňil okalýar. “Göwni açygyň ýoly açyk” diýen bölümde “Ak şäherimiziň nurana ýollary”, “Şäheriň aşagyndaky şäher”, “Suw — ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi”, “Energiýa üpjünçiligi — ähli zadyň sakasy” atly bölümçeler bar.
“Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni” diýen bölüm bolsa “Oňat ýaşamagyň ilkinji şerti — oňaýly, döwrebap öýler”, “Röwşen geljegiň binýady”, “Medeni hazynanyň jemlenen şäheri”, “Saglyk: ýaşaýşyň amatlylygynyň esasy şerti”, “Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri”, “Aşgabat — halkara hyzmatdaşlyk merkezi”, “Binagärligiň täze nusgasy” atly bölümçeleri özünde jemleýär. Olarda getirilen maglumatlar döwrebap şäherimizi ösdürmegiň ugurlarynyň her biri hakyndaky bilimleri baýlaşdyrýar.
Täze kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň. Kitaby okan okyjy häzirki zamanyň gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler bilen tanyş bolýar.
“Elbetde, geljekde-de her maşgalany aýratyn jaý bilen üpjün etmek maksatlarymyzdan ugur alyp, ýaşaýyş jaý gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdireris” diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz oňaýly, amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň baş maksatdygyny mälim edýär.
Biz ata-babalarymyzyň gadymy ýörelgelerini, uly ähmiýet beren asylly işlerini häzirki wagtda mynasyp dowam etdirýändigimize buýsanýarys.
Umuman aýdylanda, owadan paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen medeni-durmuş maksatly binalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylyp, şol işlere uly maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Ýurdumyzyň baş şäheri onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň aýdyň mysalydyr. “Ak şäherim Aşgabat” kitaby bolsa paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiziň halkymyza ajaýyp peşgeşidir.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28207