Telekeçilik işine döwlet goldawy

Ýurdumyzda telekeçilere maliýe goldawlarynyň berilmegi hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, täze iş ýerlerini döretmek, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslaryň — hususy telekeçileriň başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda gol çeken Karary möhüm ähmiýete eýe bolup, ol dünýäde dowam edýän çylşyrymly şertlerde ykdysady ösüşlerimiziň durnuklylygyny saklamaga, ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet karz edaralaryna öz we çekilen serişdeleriniň hasabyna ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek üçin, Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde ýyllyk 5 göterim bilen, esasy bergini üzmek boýunça 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 7 ýyl möhlete karzlary bermegi üpjün etmek bellenildi.

Telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslar üçin ýeňillikli şertlerde berilýän karzlaryň elýeterli bolmagy olaryň başlangyçlarynyň rowaçlanmagyna, söwda, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek, azyk önümlerini öndürmek, kiçi we orta derejede maldarçylygy, guşçulygy alyp barmak, senagat, sarp ediş harytlaryny öndürmek babatynda alyp barýan işlerini goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda giň mümkinçilikleri açar. Şeýle-de importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilýän görnüşini we mukdaryny artdyrmaga ýardam eder.

Telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurdaky kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Döwrebap kanunçylyk binýady ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, kiçi, orta we iri telekeçiligiň netijeli ösdürilmegine gönükdirilendir.

Golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny, onuň amala aşyrylyş usullaryny kesgitleýän, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň taslamasyny taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onuň işlenilip taýýarlanylmagynyň esasy maksady döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we gaýry serişdeleriň jemlenmegi üçin hukuk şertlerini döretmek, bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, infrastrukturanyň obýektleriniň ösdürilmegi boýunça taslamalary, meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin býujetden daşary çeşmelerden serişdeleri çekmek bolup durýar.

Kanunda döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň taslamalaryň taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi üçin özleriniň serişdelerini birleşdirmäge esaslanýan anyk möhlete hukuk taýdan resmileşdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy bolup durýandygy görkezildi. Şeýle hem döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň arasyndaky bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi, hyzmatdaşlaryň deňhukuklylygy, daşky gurşawy goramak, hyzmatdaşlyk amala aşyrylanda, kadalaryň we düzgünleriň aýdyňlygy hem-de taslamalaryň netijeliligi döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleriniň sanawynda beýan edildi.

Kanunda ykdysady ösüşi höweslendirmek we Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady infrastrukturanyň emele getirilmegine, dikeldilmegine, ulanylmagyna, saklanylmagyna ýardam etmek, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, şeýle hem olaryň elýeterliligini giňeltmek, hususy bölegiň maliýe serişdeleriniň çekilmegini üpjün edýän şertleri döretmek, häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Şulardan görnüşi ýaly, bu Kanun hem-de berilýän maliýe goldawlary ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam eder.

Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36207