Milli Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny berkidýär
Şu ýylyň 6-njy awgustynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biriniň taryha girjekdigini öňünden aýdyp bolar. Şol gün Türkmenistan özüniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli çäreleriň birbada altysyny geçirmegi meýilleşdirýär.
Ynha, şol çäreleriň sanawy:
1. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy;
2. Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy;
3. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi;
4. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy;
5. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly;
6. Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti.
Atlaryndan hem belli bolşy ýaly, bu çäreler Merkezi Aziýa sebitini göz öňünde tutýar, ýöne ähmiýeti babatda olar sebitiň çäginden çykyp, bütin dünýäni nazarlaýar. Bu adaty bir ýagdaýdyr, sebäbi bir maşgalada ýaşap, ondan üzňe bolup bolmaýar. Bu sebit babatda-da şeýle: Merkezi Aziýa sebiti, aýdylyşy ýaly, dünýäniň aýrylmaz bir bölegidir. Dünýä wakalarynyň sebite täsir edişi ýaly, bu sebitde bolup geçýän wakalar hem bütin dünýä täsirini ýetirýär. Ylaýta-da, milli ykdysadyýetleriň goşulyşýan häzirki döwründe bu täsir has duýarlykly derejede ýüze çykýar. Daşarky maýa goýumlar, ylmyň-bilimiň gazananlary, täze tehnologiýalar, oňyn tejribeler... — olaryň öňünde hemişe ýaşyl yşyk ýanýar. Munuň şeýledigine biz öz ýaşaýan Merkezi Aziýa sebitimiziň ýurtlarynyň tejribesinde, şol sanda öz ýurdumyzyň durmuşynda-da göz ýetirip bilýäris. Tebigy gazdan awtomobil we dizel ýangyjyny, himiki dökünleri, polimerleri, elektrik energiýasyny öndürmegiň tehnologiýalary we beýlekiler, galapyn, daşary ýurt tehnologiýalary bolsalar-da, türkmen ykdysadyýetinde ornaşyp, örňäp giden tehnologiýalardyr. Durmuş bu — dünýäniň aýagujunda öndürilen haýsy-da bolsa bir täze önüm, köp wagt geçmänkä, bazarlarymyzda satylyp dur. Ýa-da tersine, bizde öndürilen önümler dessine satyn alnyp, ýedi derýanyň, ýedi deňziň aňyrsyna alnyp gidilýär.
Merkezi Aziýa sebitinde ägirt uly öndüriji güýçler (adam kapitaly we önümçilik kuwwatlyklary), sarp ediş bazary, ylym-bilim, täze tehnologiýalar, halkara ulag-logistika infrastrukturalary, gazylyp alynýan baýlyklaryň uly gorlary, energiýa çeşmeleri we ýene-de köp zatlar, ýagny adamyň doly bahaly durmuşda ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin gerek bolan ähli şertler hem-de mümkinçilikler jemlenendir. Iň esasy-da, bu sebitiň zähmete ukyply we höwesli, bilimli-sowatly, gujurly ýaşlary tapgyr-tapgyr ýetişip gelýär. Ol ýaşlar bolsa dünýäniň çar künjünde okaýarlar hem işleýärler. Şeýtmek bilenem, olar islendik şertlere uýgunlaşmaga, zähmet çekmäge ukyplydyklaryny görkezýärler. Ýaşlaryň bu ukybyny sebitiň geljekki artykmaç taraplarynyň biri hökmünde görkezip bolar. Täze iş ýerleri döredilip, guramaçylyk meseleleri çözülen badyna, sebitde hernäçe çylşyrymly önümçilik bolsa-da, onuň hünärmensiz galar gümany ýok. Aziýaly ýigitler iş başarýandyklaryny geçen gysga döwürde görkezmegi başardylar. Aýdylanlary göz öňünde tutup: «Merkezi Aziýa sebiti goja Zeminiň juwan geljegidir» diýip bolar.
Şular hakynda oýlananyňda, sebitiň ähli meselelerini gurşap aljak Awaza çäreleriniň ähmiýetine has gowy düşünýärsiň. Şol wagt hem hormatly Prezidentimiziň meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmek usuly ähli ajaýyplygy bilen aňyňa dolýar.
Şeýle seredeniňde, Awaza çäreleriniň hersi bir meseläni gozgaýan, birbada olar biri-biri bilen onçakly bagly däl ýaly-da bolup görünýär. Ýöne, oýlanyberseň, olarda ownuk hasaplar ýaly meseläniň ýokdugyny, hemmesiniň bir maksada — Merkezi Aziýa ýurtlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, sebitiň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga we, elbetde, halkara dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, milliligi saklamaga, umumy medeniýeti ösdürmäge gönükdirilendigini görýärsiň. Şu nukdaýnazardan alanyňda, çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň: “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen sözleri Merkezi Aziýanyň mawy asmanynda Akmaýanyň ýoly kimin ugur görkezýär.
Üns beren bolsaňyz, soňky wagtlarda metbugatda “MA+...” ýa-da “5+1” görnüşli aňlatmalara duş gelinýär. (Bu ýerde MA ýa-da 5-lik san — Merkezi Aziýa ýurtlary, köp nokat ýa-da 1-lik san — belli bir ýurt). Her gezek şu aňlatmany görenimde, daşary ýurduň (ýurtlaryň) biziň sebitimiziň ýurtlaryna ykdysady mümkinçiliklerimiz aýry-aýry bolsa-da, bir umumy giňişlik hökmünde garaýandyklary hakynda oýlanýaryn hem-de munuň özi biziň sebitimiziň ýurtlaryna hem-de halklaryna ösüşiň iň gowy ýoluny — agzybirligi salgy berýär diýip pikir edýärin.
Umuman-a, biziň halklarymyz agzybirligiň nämedigini birinden sorap ýa-da salgy alyp öwrenmeli däl. Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen halkynyň hemişe ygrarly bolup gelen agzybirlik taglymaty gudrat görkezip bildi. Ýöne dünýäniň beýleki ýurtlary biziň ýaşaýan sebitimizi hut şeýle ýagdaýda — agzybirlikde we bitewülikde görýän bolsalar, onda näme üçin biz şeýle bolmaly däl, ony öz peýdamyza ulanmaly däl?!
Bu ýagdaý sebitde özümiziň agzybirdigimizi, ýaşaýyşda-durmuşda birek-biregi goldap hem hormat goýup ýaşaýandygymyzy, ula hormat, kiçä sylag ýörelgesiniň halklarymyzda ileri tutulýandygyny we, umuman, ata-baba dowam edip gelýän başga-da öwrenäýmeli, nusga alaýmaly häsiýetlerimiziň bardygyny görkezmäge ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Gadymy Aziýa parasadyny ýene bir gezek dünýä ýaýmaga şertleri döredýän bu mümkinçilikden doly peýdalanmagymyz gerek diýip oýlanýarsyň. 6-njy awgustda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Awaza çärelerine gatnaşýan her bir aziýaly şular hakynda-da oýlanar diýip tama edýärsiň.
Agzybirlik — ähli gowulyklaryň açary. Agzybirligiň bar ýerinde ösüş bar, hyzmatdaşlyk bar, parahatçylyk bar. Agzyň bir bolup, bir maksada gulluk etseň, ýetilmejek sepgit, gazanylmajak üstünlik bolmaýar. Agzyň bir bolanda, biri-biriňi goldap, ýetmeziňi dolduryp, batly gadamlar bilen öňe gidip bolýar. Şeýdilende, durmuşdaky ownuk-uşak ýetmezçilikler aradan aýrylyp, hemmeleriň ruhy belent, başy dik bolýar. Hormatly Prezidentimiz Awazada sebit ähmiýetli çäreleri geçirmek arkaly juda sogaply iş edýär. Öňde boljak halkara çäreler, milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, sebitiň döwletara gatnaşyklaryny hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berer.
Türkmenistan bilen baglanyşdyryp, Awaza çäreleri hakynda nämeler aýdyp bolar?!
Ilki bilen bellemeli zat, ol hem Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde mahabatyny ýetirer.
Ikinjiden, Awaza çäreleri halkymyzyň myhmansöýer halkdygyny nobatdaky gezek dünýä äşgär eder.
Üçünjiden, hut şu iki ýagdaý hem biziň ýurdumyzda döwrebap öňegidişlikleriň, ösüşleriň nazarlanylýandygyny, şol bir wagtda hem olaryň ata-baba ýol-ýörelgelere daýanýandygyny, ýagny türkmen döwletiniň halky döwletdigini aýan eder.
Dördünjiden, Türkmenistanyň baş ýörelgesi — “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge. Awaza çäreleri Türkmenistanda adam hakyndaky alada döwlet möçberinde ýokary ähmiýet berilýändigini görkezmek bilen, Türkmenistanyň sebitiň beýleki döwletlerine-de bu babatda nusga bolup biljekdigini görkezer hem-de şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň sebitiň beýleki halklaryndan nusga almaly zatlaryny höwes bilen öwrenjekdigini görkezer. Ykdysady, syýasy çelgileri agzamanyňda-da, Awaza çäreleriniň hataryndaky milli önümleriň, milli tagamlaryň sergileri hem-de baýramçylyk konserti biziň halklarymyzyň dostluga-doganlyga gol ýapyp gelendigine we geljekde-de şeýle boljakdygyna güwä geçýär. Munuň hut şeýle boljakdygynyň ýene-de bir güwäsi, özem iň zerur we ähmiýetli güwäsi bar. Ol hem sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň berk syýasy erk-ygtyýarydyr.
Üstünlik ýaran bolsun, Awaza çäreleri!
Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36209