Sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň özara baglaşylan halkara-hukuk derejesindäki ikitaraplaýyn resminamalary hemişelik bitaraplyk syýasatynyň hukuk esasy hökmünde çykyş edýär. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap amala aşyrylýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň BMG derejesinde ykrar edilmegi halkara gatnaşyklar ulgamynda synagdan geçen institutlaryň biri bolan bitaraplygyň taryhynda ilkinji tejribeleriň birine öwrüldi. Geçen döwürde ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm işlere amal edildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika howpsuzlygyny milli, sebit we halkara derejede üpjün etmek üçin zerur bolan mehanizmleri döretmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi.
Häzirki döwrüň global howpsuzlyk şertlerinde energetika howpsuzlygy esasy meseleleriň biri bolup çykyş edýär. Bu ýöne ýerden däldir. Sebäbi energiýa çeşmeleriniň elýeterliligi, bu ugurda ösen infrastrukturanyň bolmagy, häzirki zaman ykdysadyýetiň ösmegi, halklaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy bütin adamzadyň medeni we ruhy taýdan ösmegi üçin maddy binýady döretmegiň esasy faktory bolup durýar. Aslyýetinde, energetika howpsuzlygy global howpsuzlygyň institusional esaslarynyň biri bolup hyzmat edýär.
Global energetika howpsuzlygyny üpjün etmek giň halkara tagallalar bilen birlikde, döwletler tarapyndan degişli çäreleriň berjaý edilmegine hem baglydyr. Şol sebäpli, bir ýurduň çägindäki energetika howpsuzlygy islendik döwletiň strategik maksady bolup durýar. Energetika howpsuzlygynyň ölçeglerini düzmek we kesgitlemek, şeýle hem howpsuzlygyň wehimlerini hem-de töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak birmeňzeş daşary we içeri syýasaty işläp düzmäge ýardam berýär.
Türkmenistan ähli gyzyklanýan taraplaryň energetika howpsuzlygynyň ygtybarly halkara-hukuk kepilliklerini we berk esaslaryny döretmek boýunça, ilki bilen, BMG-niň çäklerinde oňyn we netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň tarapynda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň energetika howpsuzlygynyň mazmunyny okgunly global ösüşi üpjün etmegiň, dünýäniň energetika giňişliginde ýörelgeleýin täze nusganyň esasy binýady bolmaga gönükdirilen köptaraplaýyn çözgütleri işläp düzmegiň esasy faktory hökmünde kesgitlemegi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Şeýle nusganyň esasyna energiýa çeşmelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň utgaşyklylygyna hem-de ylalaşyklylygyna, olaryň geljekki iberiliş ýollary babatda dünýä bileleşiginiň umumy bir netijä gelmäge ukyplylygyna esaslanýan ýörelgeleriň goýulmagy aýratyn bellenmäge degişlidir. Çünki bu çemeleşmede taraplaryň deňhukuklylyk ýörelgesine berk eýerilýändigini görmek bolýar.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasyndaky çykyşynda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda halkara özara hereketleriň mundan beýläk hem ilerlemeginiň konseptual düzgünlerini esaslandyrdy. Şunda energiýa akymlarynyň diwersifikasiýasy, täze, köp görnüşli turbageçirijileri döretmek ilkinji nobatda durýan mesele hökmünde görkezildi. Bu babatda Türkmenistan öz çig mal binýadyna hakyky baha bermäge we ony geljekde ulanmak mümkinçiliklerine esaslanyp, döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz täze, Türkmenistan — Hytaý we Türkmenistan — Eýran gaz geçirijileriniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagyny we ulanmaga berilmegini ynamly deliller hökmünde mysal getirmek bilen, «Biz olara halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga hakyky goşant hökmünde, umumy ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, Aziýa yklymynda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň bütin ulgamyna goşmaça durnuklylygy bermäge ukyply hakyky faktor hökmünde garaýarys» diýip belledi. Energetik triada gatnaşyjylaryň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň durmuşa geçmegi syýasy erkiň we köptaraplaýyn oňyn çemeleşmäniň netijesinde mümkindir.
Türkmenistan tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan energiýa strategiýasynda diwersifikasiýa syýasaty möhüm orun eýeleýär. Bitarap Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişi hem-de uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna uzak möhletleýin esasda ibermegi guramakda täze mümkinçilikleriň döremegine hem ýardam edýär.
Ýurduň energiýa syýasaty diňe söwda-ykdysady häsiýetli däl-de, eýsem, has giň ölçeglerdäki wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şuňa baglylykda ýene-de bir taslamanyň, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagy derwaýysdyr. Bu iri taslamanyň ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi ähli gatnaşyjy taraplar üçin diýseň bähbitlidir. Sebitiň ykdysadyýetini ýokary galdyrmakda, köp sanly goşmaça iş orunlaryny döretmekde, durmuş infrastrukturasyny döretmekde we gowulandyrmakda, yklymda durnukly syýasy ýagdaýy saklamakda hem-de berkitmede TOPH-nyň köptaraplaýyn ähmiýeti äşgärdir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda belleýşi ýaly, häzir dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň dünýä energetikasynyň durnuklylygyna daýanýandygy jedelsiz hakykatdyr. Şonuň üçin hem bu ulgamda özara hyzmatdaşlygyň degerli usullaryny işläp düzmek hem-de ony halkara hukugy arkaly berkitmek möhümdir.
Gylyçmuhammet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36042